top of page
Поиск

YMAMYŇ ZALYM PATYŞA GARŞY ÇYKMAK BARADAKY AKYDASY:



Ymam Ebu Hanyfa zalym patyşa garşy çykmaklygy, gozgalaň turuzmaklygy rugsatly görýär, rugsat saýýar diýip käbir maglumatlar bardyr, ýöne has dogrusy - Ymam ömrüniň soňunda bu garaýşyny üýtgedip, Ähli-sünnetiň garaýşyna dolanyp gelýär.

Okuwçysy Ebu Mutyýg El-Belhy ondan şeýle diýip soraýar:

- “Ýagşylygy buýrup, ýamanlykdan gaýtarýan” diýip, yzyna adamlary düşürip jemagata (soltana) garşy çykýan kişi barada näme diýersiň? Rugsat saýýarsyňmy?

- Ýok.

- Näme üçin? Allah we Resuly ýagşylygy buýrup ýamanlykdan gaýtarmagy emir edendirler, bu wajyp, parz işdir.

- Onyň dogry, ýöne zaýalajak zatlary düzetjek zatlaryndan has köpdür: gan dökerler, haram zatlary halal ederler, mal-emläkleri ogurlarlar, aýatda Allah Tagala şeýle diýýär: “Eger möminlerden iki topar biri-birleri bilen söweşse, bes, siz olaryň arasyny düzediň! Eger olaryň biri beýlekisine hüjüm etse, ol hüjüm edenler bilen, tä Allahyň emrine dönýänçäler, siz hem söweşiň!” (Hujurat 9)

- (Zalym soltana) Hüjüm eden topara garşy gylyç bilen söweşelimi?

- (Ilki Ýagşylygy) buýrarsyň, (ýamanlykdan) gaýtararsyň, eger kabul etseler (bu gowusydyr), eger etmeseler, adyl topar bilen bilelikde (ýagny soltanyň baýdagynyň aşagynda) bolup olar bilen söweşersiň, hatda ymam (soltan, baştutan) zalym (adyl däl) bolsa-da. Şeýdip, adyl topar wezalym soltan bilen bol, hüjüm topar bilen bolma!” (El-Fykh El-Ebsat 44-48)

Ibn Hemmam aýtdy: “Eger (ynsan) adyl (soltana) boýun bolsa, soňam (soltan) zalym, fasyga öwrülse, (ol soltandan) aýrylmaly däldir, (ýogsa) fitne (eden-etdilik, zyýan) bolmasa, ol aýrylmana laýykdyr, (ýöne şonda-da) onuň (soltan) üçin ýagşy doga etmegi wajypdyr, (emma) oňa garşy çykmak wajyp däldir. (Şul garaýyş) Ebu Hanyfanyň (garaýşydyr).” (Musäýero 291 şerh ibn Ebi Şerif)

Bezdewi aýtdy: “Ymam (soltan) haçanda zulum edende ýa fasyklyk (aç-açan uly günä edende) ony aýyrmaly däldir, bu Ebu Hanyfanyň hemme okuwçylarynyň garaýşydyr, bu makul mezhepdir.” (Usul Ed-Din 190, Bezdewi)

Ymam Ebu Hanyfanyň we onuň iki okuwçysynyň akydasyny açyklaýan kitapda Tahawy şeýle diýýär:“Zulum etseler-de, ymamlarymyza (baştutanlarymyza), ýolbaşçylarymyza garşy çykmagy (dogry) görmeýäris, olara betdoga etmeýäris, olara boýun bolmakdan ýüz öwürmeýäris, olara boýun bolmagy Allaha - azze we jelle - boýun bolmak saýyp, parz hasaplaýarys, (boýun bolýarys) magsyýe (günä zatlary) buýurmasalar. Olar üçin salyhlyk (düzelmeklik), jan-saglyk dileýäris.” (Akyda Tahawy, Taglik Elbäni)

16 просмотров0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page