top of page
Поиск

Ymam Muslimiň ömür beýany.

Ady: Muslim.

Künýesi: Ebul-Huseýn.

Kakasynyň ady: Hajjaj.

Doglan ýeri: Neýsäbur (Nişapur).

Ýaşan ýyllary: 206-261 hijri ýyllary.

Ebul-Huseýn Muslim ibn Hajjaj ibn Muslim El-Kuşeýri En-Neýsäburi, iň meşhur hadys alymlaryň birisi, hadys kitaplaryň içinde “Sahyh Buharydan” soň ikinji iň sahyh kitabyň eýesi, iň uly hafizleriň (köp hadys ýat tutanlaryň) birisi, ol kiçiliginden hadys ylmy bilen meşgullanan. Ymam Muslim araplaryň meşhur Kuşeýr atly tiresinden bolup, Neýsäburda 206 hijri ýylynda eneden dogulýar, käbirleri 201 ýylda diýdiler, käbirleri 204 ýylda. Ol wagt Neýsäbur ylym merkezleriniň, hususanam, hadys merkezleriniň birisi hasaplanýardy, şonuň üçin, ol ylymly maşgalada önüp-ösýär, onuň kakasy ylym sapaklaryny berýän ekeni, Muhammet El-Ferro aýdýar: “Onuň kakasy Hajjaj - şeýhleriň birisidi.”

Käri:

Ymam Muslim öz eliniň kesbinden çörek iýýär ekeni, söwdägär ekeni, Han Mahmaş diýlen ýerde söwda nokady bar ekeni, mata, köýnek aňry-bäri satýan ekeni. Onuň belli derejede baýlygy, mal-mülki, harytlary bar ekeni, olary ylym ýolunda ulanýan ekeni, Yslam älemine alymlardan ylym almak üçin ol mallaryny sarp eder ekeni. Hatda söwda edende-de ol adamlara hadys gürrüň berer ekeni, Hakim şeýle diýýär: “Kakam aýtdy: Muslim ibn Hajjajyň Han Mahmaşda hadys gürrüň berýänini gördüm.”

Waspy:

Hakim gürrüň berýär: “Ol kämil boýly, ak sakal we ak başlydy, sellesiniň ujuny iki kiptiniň arasyna sallardy.” Ýene Hakim Ebu Abdurrahman Suleminiň şeýle diýenini habar berýär: “Ýakymly ýüz we geýimli, üstünde gözel ýapynja we selleli şeýhi (ýaşulyny) gördüm, (sellesini) iki kiptiniň arasyna sallardy, aýtdylar: bu Muslim, şonda baştutanyň adamlary öňe geçip: “Musulmanlaryň ymamy Muslim ibn Hajjaj bolsun diýip möminleriň emiri buýurdy.”soň ony metjitde öňe geçirdiler, ol hem tekbir alyp, adamlara ymam bolup namaz okady.” Ymam Muslim örän jomart, eli açyk adam ekeni, hatda Ymam Zehebi oňa “Neýsäburyň muhsini” diýerdi, Abdulaziz Ed-Dehlewi aýdýar: “Ol haýatynda biriniňem gybatyny etmedi, birinem urmady, birine-de sögmedi.”

Hadys ýolundaky saparlary:

Hadys öwrenmek üçin Ymam Muslim köp saparlara çykar ekeni, ol ilki bilen öz ülkesinde Neýsäburda we Horasanda ylym öwrenip, soňra beýleki ülkelere çykardy, onuň ilkinji daşky sapary 220-nji ýylda Mekge-Medinä bolýar, ol wagt ol 14 ýaşynda ekeni, şeýdip, ol Hajy ýerine ýetirýär, ol ýerde Ymam Muslim köp alymlaryň sapaklaryna gatnaşyp, olardan ylym öwrenýär, soňra Balaha we Yraga gidýär, Basra, Bagdad ýaly ýerlere barýar, Ymam Ahmet ýaly alymlardan sapak alýar, soňra Kufa gidýär, ol ýerde hem ençeme alymlara duşýar, ondan soň bolsa öýüne dolanýar, birnäçe ýyldan soň indiki saparyna çykýar.

Ikinji saparynda Muhammet ibn Halid atly alymdan ylym almak üçin Şama çykýar, soň 250-nji ýyldan öň Müsüre gidýär, şeýdip ol saparlarynyň arasynda öz “Sahyh” kitabyny ýazmaga dowam edýär, alymlar bilen ylym meselelerini gaýtalaşýar, öz gezeginde adamlara ylym öwredýär.

Muhammet ibn Ismail Buhary bilen aragatnaşygy:

Ymam Muslim Ymam Buharynyň okuwçysydy, Ymam Buharyny ol örän gowy görerdi, hormat goýardy, Muhammet ibn Ýakup Hafiz aýdýar: “Muslim ibn Hajjajyň Buharynyň öňünde edil çaga ýaly sorag berip oturanyny gördüm.”

Ymam Muslim onuň maňlaýyndan öpüp: “Gel, aýaklaryňdan öpeýin” diýerdi. Ýene şeýle diýerdi: “Seni göripden başgasy ýigrenmez, şaýatlyk edýärin, dünýäde seniň ýaly ýokdur.” Haçanda Ymam Buhary Neýsäbura 250-nji ýylda gelende Ymam Muslim onuň ýanyndan aýrylmadyk ekeni.

Şeýhleri we okuwçylary:

Onuň iň belli şeýhleri: Ymam Buhary, Ymam Ahmet, Ali ibn Jagd, Ali ibn Medini, Said ibn Mensur, Ishak ibn Rohaweýh, Abdullah Därimi, Ýahýa ibn Mägin, Ebu Zurga Er-Rozi we başgalar.

Okuwçylarynyň iň bellileri: Ebu Bekr ibn Huzeýma, Ibn Ebi Hatim, Ahmet ibn Seleme, Ali Juneýd, Salyh Jezra we başgalar.

Alymlaryň sözleri:

Ymam Muslim öz deňduşlarynyň we şeýhleriniň arasynda uly sylag-sarpa eýe ekeni, olaryň Ymam Muslim baradaky sözlerine ser salsak, onuň çäksiz sowatlylygy, beýik derejesi ýüze çykýar, Ishak ibn Rohaweýh ýaly alym ol barada şeýle diýýär:

“Bu nähili (gowy) adam bolar.”

Muhammet El-Ferro:

“Muslim adamlaryň alymlarynyň birisidi, ylym gaplarynyň birisidi, ol barada haýyrdan başga zat bilmeýärin.”

Ibn Es-Salah:

“Allah Tagalla ony “Sahyh” kitaby sebäpli ýyldyzlaryň ornuna galdyrdy, şeýdip, ol hadys we başga ylymlarda ymam, hüjjet (hadys ylmynda sözlerine daýanylýan) boldy, bu bolsa Allahyň fazlydyr, islänine berýändir.”

Ibn El-Ehram:

“Biziň bu şäherimiz üç hadys kişileri çykarandyr: Muhammet ibn Ýahýa, Ybraýym ibn Ebi Talyp we Muslim.”

Ahmet ibn Seleme:

“Ebu Zurga we Ebu Hatimiň sahyh (hadyslary) tanamakda Muslim ibn Hajjajy beýleki döwürdeş şeýhlerden öňe geçirenlerini gördüm.”

Ishak ibn Mensur:

“Allah seni musulmanlar üçin galdyrdygyça hiç haýyrdan boş galmarys.”

Allah Tagala Ymam Muslimi giň rähmedi bilen gurşap, onuň jaýyny Jennetden etmegini dileýäris.


#ömürbeýan #Muslim #haýat

23 просмотра0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page