top of page
Поиск

Ymam Buharynyň ömür beýany.


Ady: Muhammet.

Kakasynyň ady: Ismail.

Kunýesi: Ebu Abdullah

Doglan ýyly: 194 hijri.

Wepaty: 256 hijri.

Lakamy: Hadysda möminleriň emiri.

Ebu Abdullah Muhammet ibn Ismail Buhary, Yslam taryhyndaky iň uly hafizleriň, fakyhlaryň, muhaddisleriň biri, Jerh (döwmet) we tagdil (öwmek) (hadys ylmyndaky habarçylaryň hökümi hakyndaky şahamça), Ylal (hadysyň inçe kemçiliklerini ýüze çykarýan şahamça) ylymlarynyň görnükli ussady, Kurandan soň iň dogry, iň dürs kitabyň, Sahyh Buharynyň eýesi, ol kitaby ýazmak üçin, hadyslary ýygnamak üçin ömrüniň 16 ýylyny sarp eden. Ýetim bolup ulalan, kiçiliginden özüni ylma bagyş eden, bütin Yslam älemine ylym üçin aýlanyp çykan, müňlerçe alymlaryň öňünde oturan, 600 müňe golaý hadys ýygnan, özüniň çuňňur ylmy, ýiti zehini bilen tanalan, onuň mugallymlary, döwürdeşleri onuň hadys ylmynda ymamdygyny ykrar eden, hatda oňa hadysda möminleriň emiri diýip lakam berenler, onuň elinden uly alymlar, beýik şahslar çykandyr, meselem: Muslim ibn Hajjaj, ibn Huzeýma, Tirmizi, ol Yslamda sahyh hadyslaryň we habarçylaryň kitabyny döreden ilkinji şahsdyr.

Doly ady, neberesi we önüp-ösüşi:

Ol Muhammet ibn Ismail ibn Ibrohim ibn El-Mugyýra ibn Berdizbeh El-Jagfi El-Buhary, taryhçylar onuň asly, milleti barada üç garaýşa bölündiler: käbirleri arap, käbirleri pars, käbirleri türki millet diýdiler.

Ol häzirki Özbegistanyň Buhara şäherinde dünýä inýär, ylymly maşgalada önüp-ösýär, çünki, onuň kakasy hadys alymydy. Ymam Buhary adamlaryň arasynda öz takwalygy, paýhaslylygy bilen tanalýardy, ol hadys eşitmek üçin uzyn saparlara çykýardy, ol Ymam Mälik ibn Enesden, Hammad ibn Zeýdden hadyslary habar berýärdi, şeýle hem, oňa Abdullah ibn Mubarek bilen görüşmegem miýesser edipdi.

Ymam Buhary ýetim bolup ulalýar, ol ejesi bilen ýaşaýar ekeni, taryhçylaryň habar bermegine görä ol ýaş çagaka kör ekeni, bir gün ejesi düýşünde Ybraýym aleýhisselämi görende ol şeýle diýipmiş: "Köp aglanyň üçin, köp doga edeniň üçin Allah ogluňa görejini gaýtaryp berendir." Şonda irden eýýäm ogly gözi görýän halynda turýar.

Ylymda ilkinji ädimleri:

Ymam Buhary kiçiliginden ylym öwrenmäge, hadyslary ýat tutmaga ýykgyn ekeni, ol medresä gidende, Kurany we şol döwrüň belli kitaplaryny ýat tutmaga başlaýar, haçanda 10 ýaşa ýetende bolsa hadys ýatlap ugraýar we alymlaryň sapaklaryna gatnaşyp başlaýar. Ony aýratyn gyzyklandyrýan bir zat bar ekeni: ol zat - hadyslaryň ýollaryny öwrenmek, dogry ýol bilen geldimi ýa gowşak ýol bilen, hadys habarçylaryň hallaryny kesgitlemek, olar dogruçylmy, ýa ýatkeşligi ejizmi, ýagny, hadys ylmyna güýçli gyzyklanmasy bar ekeni. Bir gün Ymam Buhary bir alymyň sapagynda wagty onuň şeýle diýenini eşidýär: "Hadysy Sufýan Ebu Zubeýrden olam Ibrohimden habar berýär." - şonda kiçijek Ymam Buhary aýdýar: "Takyk, Ebu Zubeýr Ibrohimden hiç habar bermedi." – buny eşiden alym oňa gygyrýar, şonda Ymam Buhary aýdýar: "Aslyna gaýt (bilersin)". - hälki alym (otaga) girdi soň çykyp aýtdy: "Bu nähili bolýar oglanjyk? (ýagny, sen nädip buny bildiň?)" - Ymam Buhary: "Ol Zubeýr ibn Adiý Ibrohimden (habar berýän)."- diýip jogap berdi. Hälki alym ondan galam alyp, ýaňky ýazgyny düzedýär. Şol wagt Ymam Buharynyň ýaşy 11-di.

Ymam Buhary 16 ýaşynda wagty Abdullah ibn Mubaragyň we Wekig ibn Jerrahyň (şol döwrüň beýik ymamlary) kitaplaryny ýat tutýar. Edil şol ýaşynda 210-njy hijri ýylynda ol ejesi we dogany Ahmet bilen Buharadan Haj etmäge sapara çykýarlar, emma gaýdyşda bolsa, Ymam Buhary hadys öwrenmek üçin, alymlaryň sapaklaryna gatnaşmak üçin Mekgede galýar we ejesi bilen dogany yzyna dolanýarlar. Mekgede az-owlak bolup, Ymam Buhary Medinä ýola çykýar, şol ýerde ol "Tärih Kebir" atly kitabyny 18 ýaşynda ýazýar.

Ylym saparlary:

Şol zamananyň iň görnükli, iň belli, iň meşhur alymlaryndan ylym öwrenmek üçin, hadys eşitmek üçin Ymam Buhary bütin Yslam älemine aýlanyp çykandyr, ol öz şäherinden Buharadan başlaýar, soň goňşy ülkelere Balah, Merw, Nişapur ýaly şäherlere gidýär, soň Hijaza Mekgä, soňam Medinä barýar, ol ýerde biraz galyp ýene-de ylym saparlaryny dowam edýär, bu gezek Yraga çykýar, Bagdadda, Kufada, Basrada soňam Şamyň şäherlerinde Dimaşkda, Humusda, Askalanda ondan soňra Müsürde bir alym goýman hemmesiniň ýanyna baryp çykýar. Ymam şeýle gürrüň berýär:

"Bagdada sekiz gezek girdim, her saparam Ahmet ibn Hanbel bilen oturşardym, ol iň soňky gezek şeýle diýipdi: "Ylmy we adamlary taşlap, Horasana gitjekmi?!" - Ymam Buhary aýdýar: "Hijaz ilinde Mekgede, Medinede, Kufada, Basrada, Wasytda, Bagdadda, Şamda, Müsürde müňden gowrak alym adamlara duşdum, olara birnäçe gezek wagtal-wagtal, soňra ýene wagtal-wagtal duşup durýardym, olar (ýagny, alym kişiler) bu ýerlerde 46 ýyl bäri bardyrlar."

Ymam Buhary Ýemene Abdurrazzak Sanganyň ýanyna gitjek bolupdy, ýöne onuň bilen duşuşyp bilmedi.

Şeýhleri we hadys habarçylary:

Ymamyň köp ülkelere gidip, ol ýerleriň alymlaryndan ylym öwrenmekligi oňa bahasyz hazyna berendir, ol müňden gowrak hadys habarçylaryna duşýar, ynha onuň özi şeýle diýýär:

"1080 adam barada ýazdym, hemmesem hadys eýesidi."

"Balah şäherine giremde kimden (hadys) ýazan bolsam hemmesini ýazdyrmaklygy menden soradylar, menem olara 1000 şeýhden müň hadysy ýazdyrdym."

Ymam hadyslary bilen badyna, ýa eşiden badyna göni ýazýan däl ekeni, gowy barlaýan ekeni, inçeläp hemme ýagdaýlaryna üns berýän ekeni, bu barada özi şeýle diýýär:

"Göwnüm ýetmedik bir kişiniň 10 000 hadysyny terk etdim."

Ymam Buharynyň şeýhleri, mugallymlary barada aýtsak, olar sanardan köpdür, Ymam Newewi aýdýar: "Bu örän giň meseledir, buny çäklemek mümkin däldir."

Ymamyň iň uly şeýhleri, oňa iň köp täsir eden mugallymlaryň birisi Aly ibn El-Mediýnidir, ol ondan örän köp zat öwrenip, onuň usuly boýunça öz hadys ussatlygyny berkidendir, ol barada Ymamyň özi şeýle diýýär: "Aly ibn El-Mediýniň ýanyndan başga hiç kimiň ýanynda özümi pes duýmadym."

Ondan başga iň meşhur şeýhleri: Ahmet ibn Hanbel, Ishak ibn Rohaweýh, Ýahýa ibn Magyn, Muhammet ibn Yusuf Firýäbi, Muhammet ibn Rafyg, Muhammet ibn Ýahýa Zuheli, Ebul-Welid Taýalisi, Mekki ibn Ibrohim, Ebu Asym Nebil we başgalar.

Okuwçylary:

Ymam Buharynyň ylmyndan peýdalanan okuwçylary diýseň kändir, belläp geçmeli zat: onuň okuwçylary adaty talyplar däldir, olar hem Yslamyň beýik alymlarydyr, olar hem ymam kişilerdir, serediň olaryň atlaryna: Muslim ibn Hajjaj, Ibn Huzeýma, Ebu Abdurrahman Nesai, Ahmet Neýsäburi, Ebu Isa Tirmizi, Ebu Bekr ibn Ebi Dunýa, Ebul-Kasym Bagawy. Bularyň her birini alanymyzda olar özbaşyna uly alym hasaplanýar, bu Ymam Buharynyň nähili derejede ylym taýdan ýokardadygyny aňladýar.

Onuň mejlislerine, ylym ýygnaklaryna diýseň köp adam gatnaşardy, onuň okuwçylarynyň birisi aýdýar: "Onuň mejlisinde 20 müňden gowrak (adam) ýygnanýardy."

Ýene birisi aýdýar: "Sahyh (kitaby) Buharydan meniň bilen 70 müň töwerek adam diňledi."

Ymam Buharydan hadys almak isleýänleriň köpüsi özleri hadyslary başgalara öwredýän kişilerdi (alymlardy), özem entäk ýaş wagty şeýle ekeni. Ymam Buharydan diňe okuwçylary däl, eýsem, şeýhleri, mugallymlary hem ondan peýdalanýan ekeni, bir gün onuň Humeýdi atly şeýhi başga biri bilen bir hadys babatynda çekeleşip otyr ekeni, haçanda Ymam Buhary girip gelende: “Ynha çözýän kişi geldi.” - diýişdiler, şol wagt ol 18 ýaşynda ekeni, şeýdip Ymam Buhary çözýän söze entäk ýaşlygynda eýe ekeni. Käbir okuwçysy şeýle diýýär: "Buharydan (ylym) ýazypdyk.....şol wagt onuň ýüzünde bir gylam ýokdy, ýaşyň näçe diýip soramyzda 17 diýip jogap beripdi."

Ymam Buharynyň okuwçylary, ondan peýdalanan adamlar diýseň köpdür, Ymam Newewiniň aýdyşy ýaly sanardan kändir.

Kitaplary:

Ymam Buhara ýiti zehini, giň ylmy, güýçli ýatkeşligi diniň dürli ylymlarynda kitap ýazmaklyga ýardam edendir, ýöne gynansak-da, onuň hemme kitaby bize gelip gowuşmady. Bize gelip gowşan kitaplarynyň iň meşhury, şeksiz, "Jamig Sahyh", Sahyh Buhary ady bilen has belli kitabydyr, Sahyh Buhary hadys ýygyndy kitaplaryň iň bellisi, iň dogry ýollar bilen gelenleri hasaplanýar, ol kitaby taýynlamak üçin: hadyslary ýygnamak, sazlamak, tertiplemek, baplara bölmek bu zatlaryň hemmesini etmek üçin Ymam 16 ýyl sarp edýär. Bu kitaby ýazmaklyga iteren zady agzap Ymamyň özi aýdýar: "Ishak ibn Rahaweýhiň ýanyndakam aýtdy: "Eger Allahyň Resulynyň (Sallalllahu aleýhi we sellem) Sünnetiniň sahyhyny (iň dogry ýollar bilen gelen hadyslary) içine alýan gysga kitaby jemleseňiz (gowy bolardy)." Bu meniň ýüregime jüňk boldy, şeýdip, bu kitaby jemlemäge başladym."

"Sahyhda" 7593 töwerek hadys bar, olary Ymam Buhary 600 müň hadysyň içinden saýlap alandyr, bunça köp hadyslaryň içinden beýle az sanly hadysy saýlap almagynyň sebäbi şudur: Ymam Buhary hadysyň sahyh bolmagy üçin gaty agyr şertleri goýýar, habarçylardan gürrüň berýän hadyslaryny kabul etmek üçin olara kyn kadalary şert edýär, meselem: hadysy habar berýän kişi şol hadysy kimden eşiden bolsa şonuň bilen bir döwürde ýaşamaly we ondan gönümel eşidip ylym alan bolmaly, şeýdip, ol iki zady şert edýär: görüşmeklik we eşitmeklik, bu beýleki şertlerden daşarydyr, meselem: ynamdyrlyk, ýatkeşlilik we ş.m.

Haçanda Ymam Buhary Sahyh kitabyny jemlände, uly alymlaryň ýanyna barýar, Ymam Ahmediň, Aly ibn Mediýniň, Ýahýa ibn Magyniň ýanyna barýar, şonda olaryň hemmesem kitaby gözden geçirensoňlar ony barlaýarlar, ol hem barlagdan geçýär, iň soňunda kitapdaky 4 hadysdan galany sahyh diýip netije çykarýarlar, ýöne Ebu Jagfer Ukeýli aýdýar: "(Ol dört sahyh däl) diýen hadyslarda (kesgitleýji) söz Buharyňkydyr, şeýdip, olar hem sahyhdyr."

Şondan soň, bütin Yslam ymmaty ol kitaby kabul bilen garyş aldylar we ony Kurandan soň Yslamyň iň dogry çeşmesi hasapladylar. Şol wagtdan başlap biziň günümize çenli ol kitaba düşündiriş, teswir berilýär, onuň gysgaltma, tertipleme işlerini geçirilýär, habarçylarynyň hallary öwrenilýär, geň ýerleri beýan edilýär, peýdalary, inçe syrlary ýüze çykarylýar, ol dürli ylymlar: akyda, fykh, arap dili taýdan öwrenilýär.

Sahyhdan başga Ymam Buharynyň käbir kitaplary: El-Edep El-Mufrod, Kyraga holfel imam, Rofgul ýedeýn, Tarih Kebir, Tarih Ewset, Tarih Sagyr, Holk efgal ybad.

Gylyk-häsiýet aýratynlyklary:

Ymam Buharynyň gylyk-häsiýetlerini wasplaýan, onuň ahlagyny sypatlandyrýan rowaýat-habarlary taryhçylar belländirler. Ol örän takwa adam ekeni, ol dogruçyllyk, geçirimlilik, jomartlyk, pespällik ýaly gözel ahlaga eýe adam ekeni. Ymam Buhary ybadatlaryna gaty berk ekeni, ol namazlaryny köplenç uzyn okar ekeni, namazyň huşugyndan ony hiç zat alyp galanok ekeni, köp wagtlaryny Kuran okap geçirer ekeni, birnäçe gezek Haj eden ekeni, garyp-gasarlara sadaka berer ekeni, hyrsydünýä däl ekeni, jomart sahy kişi diýip tanalýan ekeni, hasam öz okuwçylaryna köp ýardam eder ekeni.

Ybadaty:

Bir gün Ymam Buharyny okuwçylary bagbanlyga çagyrýarlar, öýle namazyň wagty bolanda ol ýerde öýläni okaýarlar, soňra Ymam Buhary aýratynlykda sünneti okaýar, okap bolansoň arkasyndan köýnegini galdyryp, okuwçylaryndan bir zat görýäňizmi diýip soraýar, subhanallah, namazdaka arkasyndan 16-17 ýerinden ary çakan ekeni, hatda bedeni çişip gidipdir, şonda-da namazyna dowam edipdir, näme üçin birinji gezek çakanda namazdan çykmadyň diýip soranlarynda: “Bir süräni okap durdum, şony gutarasym geldi.” – diýip jogap berýär.

Täjuddin Subki aýdýar: “Buhary her gündizde Kurany bir gezek hatym eder ekeni, gije, selärlik wagtynda bolsa üçden birini okar ekeni, şeýdip, onuň wirdi (gündelik mukdary) 1.3 hatym ekeni.”

Şeýle hem, Ymam Buhary gije namazlary sypdyrmaz ekeni, Muhammet ibn Ebi Hatim gürrüň berýär: “Ol selärlik wagtynda 13 rekagat okardy, biri witir (namazdy).”

Ymam Därimi aýdýar: “...Muhammet ibn Ismail Allahyň ýaradanlarynyň iň düşgüridir (ýiti akyllysydyr)....haçanda ol Kuran okanda ol kalbyny, gözini, gulagyny işledip, pikirlenerdi.”

Birnäçe alymlaryň şaýatlyk etmegine görä Ymam Buhary terjimehal kitabyny ýazanda Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) münberiniň ýanynda oturar ekeni, her kişiniň terjimehaly üçin iki rekagat namaz okar ekeni.

Adamkärçiligi, adamlar bilen gözel şekilde gatnaşmagy:

Ymam Buhary adamlar bilen gowy gatnaşmakda göreldedi, olaryň haklaryny iýmekden gorkardy, bir gün ol awa çykýar, ýöne atan oky awa däl-de köpriniň diregine degýär, ol diregem agaçdan bolansoň, çat açýar. Ol döwürde mälim bolşy ýaly, köprüler hususy mülk hasaplanýar ekeni, diregiň çat açanyny görüp Ymam Buhary derrew eýesiniň ýanyna adam ugradýar, zaýalan zadynyň öwezini tölemäge taýynlygyny bildirip, hakyny halal etmegini soraýar. Köpriniň eýesi gowy adam bolup çykýar: “Ebu Abdullaha (Ymam Buhara) salam aýt, meniň hemme mülküm oňa pidadyr, haky halaldyr.” diýip ilçiden habar iberýär. Haçanda bu habary Ymam Buhary eşidende begenjinden ýüzi açylýar, şol gün ol okuwçylara 500 töwerek hadys okap berýär we 300 dirhemi sadaka berýär.

Ol il-halkyň içinde gybatdan daşdaky adam diýip tanalýan ekeni, özi barada aýdýar: “Gybat edene gybatyň zyýan ýetirýänini bilenimden bäri hiç kimiň gybatyny etmedim.”

Bir gün Ymam birine şeýle diýýär: “Eý plany, hakymy halal et.” – ol: “Näme zatda?” – diýýär, Ymam: “Bir gün seniň elleriňi we kelläňi gymyldadyşyňy görüp ýylgyrdym.” – diýýär, ol: “Halaldyr, eý Ebu Abdullah, Allah saňa rehmet etsin.”

Gaty dogruçyl, sözünde berk durýan şahsyýet ekeni, bir gije onuň ýanyna söwdagärler gelip, harydyny satmaklygy teklip edýärler, olaryň teklibine görä ol 5000 dirhem peýda görýärdi, ýöne Ymam doly jogabyny bermän ertir geliň diýip goýberýär. Ertesi onuň ýanyna başga täjirler gelip, edil şol harytlar üçin oňa 10 000 dirhem peýdaly teklibi atýarlar, şonda Ymam olary gaýtaryp birinji teklip eden täjirlere satýar, sebäbinem şeýle düşündirýär: “Birinjilere satmagy gije niýetime düwüpdim, niýetimi bozmagy hem halamaýaryn.”

Sahylygy we geçirimliligi:

Ymam Buhary kakasyndan galan uly mirasa eýe ekeni, ol ylym bilen meşgullanmak üçin başga adamlary wekil tutup, olara söwdany tabşyrar ekeni, ol gaty eli açyk, jomart ekeni, köplenç garyplara, talyplara kömek eder ekeni, özem özüniň edýän işlerini hiç kime bildiresi gelýän däl ekeni, bir gün ol bir talybyň eline içinde 300 dirhem bolan bir haltajygy gysdyrýar, hälki talyp sag bolsun aýtjak bolup başlanda Ymam: “Ýuwaş, hiç kim buny aňmaz ýaly başga gürrüňe gir.” – diýýär.

Onuň kireýine alýan jaýy bar ekeni, ol jaýyň eýesi onuň ýanyna gowy görýänini bilip köplenç uzyn hyýar getirer ekeni, oňa minnetdarlyk hökmünde Ymam jaý kireýiň üstüne 100 dirhem berer ekeni.

Ymamyň özüniň aýtmagyna görä ol her aýda 500 dirhem gazanar ekeni, hemmesinem ylym ýolunda sowar ekeni.

Terkidünýäligi we edebi:

Ymam Buhary özüniň gurply, baý bolmagyna garamazdan ol hyrsydünýä däl ekeni, az iýip-içer ekeni, Muhammet ibn Ebi Hatim aýdýar: “Käwagtlar Ebu Abdullahyň üstünden gündiz geçerdi, ol bolsa hatda çöregem iýmezdi.”

Ol öz sahylygyndan käwagt özi zatsyz galar ekeni, bir habara görä ol bir gün iýmäne zat tapman ýerdäki ösümliklerden hiç kime bildirtmän iýipdir.

Ol beýlekilere ezýet bermekden saklanar ekeni, meselem: sarymsak, sogan iýip köpçülige çykmaz ekeni.

Deňi-taýy bolmazlygy, ýatkeşligi, döwürdeşlerinden üstünligi:

Ymam Buharynyň iň tapawutlanan tarapy - adatdan daşary ýatkeşlegi we ýiti zehinidir, ol 100 müň sahyh we 200 müň sahyh däl hadysy ýat alar ekeni, ol bir gezek kitaby gözden geçirende ony ýat tutýan ekeni, entäk ýaşlygynda hadyslaryň metnini, habarçylarynyň atlaryny, hallaryny ýatdan bilýän ekeni, Suleýman ibn Mujahid aýdýar: "Muhammet ibn Seläm Beýkendiniň ýanyndakam ol şeýle diýdi: "Biraz öňräk gelen bolsaň, 70 müň hadysy ýatdan bilýän çagany görerdiň." Soň ony gözlemäne çykdym, oňa duşup şeýle diýdim: "70 müň hadysy ýatdan bilýärin diýýän senmi?" - ol: "Hawa, ondanam köp, her habar berýän hadyslarymyň habarçylarynyň köpüsiniň doglan wagtyny, wepat bolan wagtyny we öýlerini bilýärin..."

Onuň bilen ylym alýanlar, ýoldaşlary ony oturdyp ondan öwrenýän ekenler, Muhammet ibn Ebi Hatim aýdýar: "Ibrohim Hawasyň şeýle diýenini eşitdim: "Muhammet ibn Ismailiň öňünde Ebu Zurganyň çaga ýaly oturup, ondan hadyslaryň inçe kemçiliklerini soraýanyny gördüm."

Bir gün Muhammet ibn Seläm aýdýar: "Kitaplaryma seret, nähili ýalňyş tapsaň sazlap çyk." Ymam Buhary hem diýşini ýaly edýär.

Ishak ibn Rahaweýh bir gün sapagynda Ymam Buhara şeýle diýýär: "Keýharan näme zat?" - ol: "Ol Ýemendäki bir oba, Muawiýe ibn Ebi Sufýan Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) sahabalaryndan bolan bu adamy (ýagny, Keýharany) Ýemene ugradýar, Ato ondan iki hadysy eşidýär." Şonda Ishak aýdýar: "Eý Ebu Abdullah! Sen edil ol kowumy gören ýaly-la."

Ymam Buharynyň ýatkeşligini, zehinini barlamak üçin talyplar, alymlar ony synag edýän ekenler. Bir gün onuň ýoldaşlary oňa şeýle diýýärler: “Sen biziň bilen alymlaryň ýanyna gidýärsiň ýöne ýazmaýarsyň, bunuň manysy näme?” – Ymam Buhary birnäçe günden soň olara jogap berýär: “Siz maňa köp sorag berdiňiz, gaty bilesiňiz gelipdir, hany ýazan zatlaryňyzy maňa görkeziň.” - ýoldaşlary gürrüň berýärler: “..biz özümizdäkileri çykardyk, ol bolsa olaryň üstüne 15 müň hadys goşdy, hemmesinem ýatdan aýdyp berdi, hatda biz onuň ýatdan aýdanlaryna görä ýazanlarymyza höküm ederdik.” – Ymam Buhary: “Men boş ýere gidip-gelip, günlerimi ýitirýän öýtdüňizmi?!” – diýýär, şonda onuň öňüne hiç kimiň geçmejegini bildik.”

Onuň iň belli şeýhleriniň birisi Muhammet Zuheli Ymam Buharydan habarçylaryň atlaryny, kunýelerini, hadyslaryň inçe kemçiliklerini sorar ekeni, ol bolsa edil (Kul huwe Allah)-y okaýşy ýaly aýdyp berer ekeni.

Ymam Buharynyň ylym derejesini täkitleýän bir waka Bagdadda bolup geçýär, ýöne ol waka gowy düşünmegimiz üçin biraz hadys ylmy barada öwrenmegimiz gerek. Geliň bir hadysy alyp, şonuň üsti bilen käbir zatlary öwreneliň:

Ymam Buhary öz Sahyhynda şeýle diýýär: “Bize El-Humeýdi Abdullah ibn Zubeýr gürrüň berdi, ol aýtdy: bize Sufýan (ibn Uýeýne) gürrüň berdi, ol aýtdy: bize Ýahýa ibn Said El-Ensary gürrüň berdi, ol aýtdy: Muhammet ibn Ibrohim Et-Teými Alkama ibn Wakkas El-Leýsiniň şeýle diýenini habar berdi: Omar ibn Hattabyň – razyýallahu anhu – münberde şeýle diýenini eşitdim: Allahyň Resulynyň (Sallalllahu aleýhi we sellem) şeýle diýenini eşitdim:

“Amallar niýetlere görä. Her bir kişi (amalynyň netijesini) öz eden niýetine görä alar. Kimiň hijreti Allah we Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) üçin bolsa, hijreti Allah we Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) üçin bolar we kimiň hijreti dünýä (malyny) gazanmak ýada bir zenana öýlenmek bolsa, şol zada hijret etdigi bolar.”

Hadysyň başynda agzalan kişiler hadysyň habarçylarydyr, üns bersek, habarçylar hadysy aýdyp berenlerinde gaty kesgitli sözler ulanýarlar, plany bize gürrüň berdi, ýa planydan eşitdim. Bu habarçylaryň yzygiderligine hadys ylmynda sened ýa isnad diýilýär, manysy: zynjyr, halka, emma "Amallar niýetlere görä...." bu parça bolsa metin diýilýär, ýagny, tekst manyda. Indi, Ymam Buhary nädip beýlekilerden üstün saýylýar? Nähili wakada ol özüniň taýsyzdygyny subut edýär? Bir gün Bagdadyň ylym eýeleri, alymlary talyplary Ymam Buhara hakyky synag düzýärler, olar jemi 100 sany hadysyň senedi bilen metnini garyp, biri-birine bulaşdyryp, Ymam Buharydan soraýarlar. Birinji kişi ýerinden turup, 10 hadysy senedi we metni bilen aýdýar, Ymam Buhary bolsa bilemok diýip jogap berýär, ikinjisi turup ýene 10 hadysyň senedi we metnini garyp aýdýar, şeýdip üçünji, dördünji, bäşinji tä onunja çenli hadyslaryň senedlerini we metinlerini garyp aýdyp berýärler, hemmesinem Ymam bilemok diýip jogap berýär, bular ýaly hadysy eşidip göremok diýýär. Indi hadysyň senedi we metnini garyp aýtmak näme? Ýokardaky agzan hadysymyz bilen mysal bereliň: bu hadysyň senedinde şeýle gelýär: Bize El-Humeýdi Abdullah ibn Zubeýr gürrüň berdi, ol aýtdy: bize Sufýan (ibn Uýeýne) gürrüň berdi, ol aýtdy: bize Ýahýa ibn Said El-Ensary gürrüň berdi....

Eger biz: (Bize El-Humeýdi Abdullah ibn Zubeýr gürrüň berdi, ol aýtdy: bize Ýahýa ibn Said El-Ensary gürrüň berdi, ol aýtdy: bize Sufýan (ibn Uýeýne) gürrüň berdi) diýsek, ýagny, habarçylaryň ýerini çalyşsak, hadysyň senedini gardygymyz bolýar, ýa bir habarçynyň ýerine başga hadysyň habarçysyny goşsak, ýa düýbinden başga hadysyň senedini getirsek, bularyň hemmesine hadysyň sened we metnini garmak diýilýär.

Ynha, Bagdadyň alymlary Ymam Buharyny şeýdip synaýarlar, Ymam Buhary bolsa olara bilemok diýip jogap berýär, eger ol bilýärin diýse öz-özüni açdygy bolardy, hiç zat bilmeýän hasap ederdiler. Ymamyň bilemok jogabyndan ylym eýeleri onuň ýagdaýyna düşündiler, ýöne mejlisdäki oturan ýönekeý halk aňk-taňk boldular, bu nähili boldaý, şeýle ylymly, şeýle hafiz diýen kişiňiz 100 hadys aýdylsa birinem bilmedi diýişdiler. Soňra hemme hadyslary sorap bolansoňlar, Ymam Buhary bir-birden soralan hemme hadyslaryň senedinem, metninem düzedip aýdyp başlaýar, ilkinji on hadysy soran kişä garyp aýdan hadyslaryny düzedip, tertibe görä aýdyp berýär, soň ikinji soň üçünji soň dördünji şeýdip hemmesiniň beren hadyslaryny düzedip ýatdan aýdyp berýär.

Bu waka teswir berip Ymam Hafiz ibn Hajer aýdýar: "Onuň ýalňyşlary düzetmegi geň zat däldir, geň zat - onuň şol ýalňyşlary özüne okalanda bir gezekde ýat alyp, edil şol tertipde (şol ýalňyşlara) düzediş bermegidir."

Şondan soň, adamlar onuň ylmyna, ýatkeşligine göz ýetirip, aýratyn kişidigini ykrar etdiler.

Muhammet ibn Ebi Hatim gürrüň berýär: "Selim ibn Mujahidiň şeýle diýenini eşitdim: Ebul-Azhariň şeýle diýenini eşitdim: "Samarkantda 400 sany hadys talyplary bardy, olar ýedi günläp üýşüp, Muhammet ibn Ismaili ýalňyşdyrjak boldular, olar Şamyň senedini Yragyňka girizdiler, Ýemeniň senedini Harameýniň senedine, ýöne olar ondan (Ymam Buharydan) senedde-de, metinde-de bir ýalňyşam datmadylar."

Deňizdäki wakasy:

Bir gün Ymam Buhary ylym saparlarynyň birinde deňizde bolýar, şol wagt onuň ýanynda 1000 dinar (ýagny: 4,25 kg gyzyl) bar ekeni (şol döwür ol gaty uly pul hasaplanýan ekeni). Gämide onuň ýanyna bir adam gelip, onuň bilen ýakynlyşyp başlaýar, oturşup onuň bilen arasyny sazlap başlaýar. Buny görüp Ymam Buhary onuň bilen ýakyn gatnaşýar, hatda özünde 1000 dinaryň bardygyny oňa gürrüň berýär.

Şondan soň hälki adam bir gün irden turup, aglap başlaýar, eşiklerini ýyrtyp, ýüz-gözüni dyrnakçylap samsyklyga salýar. Adamlar ondan näme bolýanyny soranlarynda: “Mende bir haltajyk bardy, içinde 1000 dinar bardy.” diýip (ogurlananyny aýdyp) jogap berýär.

Adamlar bir birden gäminiň üstündäkileri barlap ugraýarlar, şonda Ymam Buhary gizlinje dinarly haltajygyny çykaryp deňize oklaýar, barlagçylar ony hem barlaýarlar, şeýdip, gämidäki hemme kişileri barlap gutaransoňlar hiç kimden hälki dinarlar çykmaýar, şonuň üçin adamlar hälki nadana käýeýärler, ony ýazgaryp gaharlanýarlar.

Haçanda adamlar gämiden düşenlerinde hälki adam Ymam Buharynyň ýanyna gelip: "Näme etdiň dinarly haltajygy?" - diýýär, ol: "Deňze okladym." - diýýär, hälki: "Nädip onça puly ýitirip bildiň?" - diýýär, Ymam: "Eý nadan! Sen bilýäňmi, men bütin ömrümi Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) hadyslaryny jemlemek üçin sarp etdim....şonuň üçin nädip men özümi ogurlyk töhmedine nyşana edeýin?! Heýem bir haýatymda meniň gazanan gymmatbaha düri (ynamdarlygy, adalatlylygy) sanaglyja dirhemler üçin ýitireýinmi?!” – diýýär.

Buhara şäheriniň emiri bilen aragatnaşygy:

Haçanda Ymam Buhary Neýsäburdan Buhara gaýdyp gelende adamlar ony görlüp-eşidilmedik ýagdaý bilen garşyladylar, onuň üçin alty kilometrlik çadyr dikdiler, dürli-dümen ir-iýmit öňüne goýup, çäksiz hormat-sylag bildirdiler.

Ondan soň biraz metjitde oturup, Ymam adamlara hadys gürrüň berýär. Soň Buharanyň emiri, häkimi Ymam Buharyny öýüne çagyrýar, çagalaryna kitaplaryny okap bermegi talap edýär, ýöne Ymam Buhary etmeýär, ylym öwretmekde adam saýlamagy islemeýär, häkimiň ilçisine şeýle jogap berýär: “Men ylmy kiçeldip, ony adamlaryň gapysyna eltmeýärin...islese gelip metjitdäki ýa öýdäki sapaklaryma gatnaşsyn.”

Buny bolsa häkim halamaýar, şeýdip ikisiniň arasyna sowuklyk düşýär, häkim Buharanyň beýleki alymlaryny oňa garşy küşgürýär, olar hem öz gezeginde Ymam Buharyny il-halkyň içinde ýamanlaýarlar, ýöne adamlar kimiň-kimdigine gowy düşünýän ekenler. Şondan soň, Buharanyň häkimi ondan Buharany terk etmegini talap edýär, Ymam Buhary hem ony terk edýär.

Wepaty:

Buharanyň häkimi bilen bolanlardan soň Ymam Buhary Samarkant şäheriniň töweregindäki Hyrtanyk diýen obasyna gelýär, ol ýerde Ymam öz garyndaşlarynyň ýanynda düşleýär, biraz wagt ol ýerde bolup, hassalaýar, hassalygy birazdan has güýçlenýär. Şol günler gijeleriň birinde namazdan soň onuň şeýle diýen sözleri habar berilýär: “Eý Allah! Dünýä nähili giň bolsa-da meniň üçin daraldy, meni özüňe al.”

Soň Samarkantdan ony çykarmak üçin ilçi gelýär, Ymam şonda mesilerini geýip, sellesini daňyp ýola düşjek bolýar, ýöne biraz ýöräp jan berýär. Ony özi wesýet edişi ýaly üç sany ak köýnekde depin edýärler, onuň gabrynyň töwereginden birnäçe günläp ýakymly ys gelip durýar, hatda ol ýeriň ýaşaýjylary buňa geň galýarlar.

Abdulwahyd ibn Ädem Et-Towäwiýsi gürrüň berýär: “Pygamberi (Sallallahu aleýhi we sellem) düýşümde gördüm, ýanynda birnäçe ýoldaşlary bardy, ol bir ýerde dik durdy, oňa salam berdim olam salamymy aldy, men: “Näme üçin dik dursuň, eý Allahyň Resuly?” – diýdim, ol: “Muhammet ibn Ismail Buhara garaşýan.” – diýdi. Birnäçe günden soň maňa onuň ölümi ýetdi, seredip görsek, ol edil düýşümde Pygamberi (Sallalllahu aleýhi we sellem) gören wagtym aradan çykypdyr.”

Ymam Buhary barada alymlaryň sözleri:

Ymam Newewi: "Bilgin, Buharynyň - Allah oňa rehmet etsin - belent mertebe, bu ylymda öz ýalylaryndan, deňduşlaryndan öňdelik waspy zamananyň öňki-soňkularynyň ylalaşan meselesidir. Ony öwenleriň, onuň ýagşy (aýratyn) işlerini ýaýradanlaryň aglabasy onuň ady belli, meşhur, görnükli we ökde şeýhleridir (mugallymlarydyr), onuň fazlyny beýan etmek üçin şu ýeterlikdir."

Ahmet ibn Hanbel: "Horasan Muhammet ibn Ismail Buhary ýalyny çykarmady."

Kuteýbe ibn Said: “Hadysa hem garaýşa hem bakdym (ýagny, hadys medresesini we garaýyş medresesini öwrendim) fakyhlar, ybadathon, terkidünýä ynsanlar bilen oturyşdym, özümi bilenim bäri Muhammet ibn Ismail ýaly hiç kimi görmedim.”

Ebu Hatim Er-Rozi: “Muhammet ibn Ismail Yraga gadam basanlaryň iň ylymlysydyr.”

Muhammet ibn Ebi Hatim: “Mahmud ibn Nazr Ebu Sehl Şäfygynyň şeýle diýenini eşitdim: “Basra, Şam, Hyjaz, Kufa ýaly ýerlere bardym, alymlaryny gördüm, her haçan Muhammet ibn Ismail agzalanda özlerinden ony üstün görerdiler.”

Ýene aýdýar: “Ýahýa ibn Jagfer El-Beýkendiniň şeýle diýenini eşitdim: “Öz ömrümi Muhammet ibn Ismaila berip bilsedim oňa bererdim, sebäbi meniň ölümim bir adamyň ölümi, Muhammet ibn Ismailiň ölümi bolsa ylmyň gitmegidir.”

Muslim ibn Hajjaj: “Gel seniň aýaklaryny öpeýin eý ustadlaryň ustady, muhaddisleriň seýýidi, hadysyň inçe kemçilikleriniň tebibi!”

Tirmizi: “Yrakda-da, Horasanda-da inçe kemçilikleriň manysyny, taryhy we senedleri tanamak (ýaly zatlarda) Muhammet ibn Ismaildan ylymly hiç kimi görmedim.”

Ibn Huzeýma: “Asmanyň aşagynda Muhammet ibn Ismailden ökde Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) hadyslaryny has gowy bilen, has gowy ýat tutan kişini görmedim.”

Hakim Neýsaburi (Nişapurly): “Ol habarçylaryň arasynda gürrüňsiz hadys eýeleriniň ymamydyr.”

Zehebi: “Buhary Şeýhul-Isläm, hafizleriň ymamy, zehinlilikde ol başdy, ylymda başdy, takwalyk we ybadatda başdy.”

Ýene aýtdy: “Ol ylym gaplarynyň biridi, zehin yşgydy, özi ýaly yzyndan hiç kimi goýmady.”

Zeýnuddin El-Yroky: “El-Buhary Hafiz, baýdak (kimindir), hadysda möminleriň emiridir.”

Ibn Hajer Askalani: “Ebu Abdullah Buhary ýatkeşlik dagy, hadysa düşünmekde dünýäň ymamy.”

Ýene aýtdy: “Ol baýdak (kimin) deňi-taýsyz ymamdyr, fakyhlaryň täji, muhaddisleriň diregi, hafizleriň seýýidi.”

Şewkäni: “Buhary Yslamyň goragçysy we baýdak ymamlarynyň birisidir.”

Ymam Buhary barada alymlaryň sözleri diýseň kändir, bu hakynda Hafiz Ibn Hajer aýdýar: “Eger onuň (Buharynyň) zamanasyndan soň gelen ymamlaryň ol barada aýdan öwgüli sözleriň gapysyny açsak, kagyzlar tükenerdi, demler kesilerdi, bu kenary bolmadyk deňizdir.”

Ymamyň iň meşhur sözleri:

“Gusul alyp iki rekagat namaz okaman Sahyh kitabyma bir hadysam ýazmadym.”

“Kitap (Kuran) we Sünnetde bolmadyk mätäçlik çekilýän hiç zady bilmeýärin.” (Ýagny, mätäçlik çekilýän, gerek bolan hemme zat hökman Kuran we Sünnetde bardyr).

“Allaha hamd we sena bilen başlamazdan dünýä agzalýan gürrüňi etmegi halamazdym.”

“Biriniň gybatyny etdiň diýip Allah meni hasaba çekmän Oňa duşmaklygy umyt edýärin.”

Bir gije Ymam Buhary täsin düýş görýär: “Allahyň Resulyny (Sallallahu aleýhi we sellem) düýşümde gördüm, onuň öňünde durup elimdäki ýelpewaç bilen ony goraýardym. Soň käbir düýş ýorujylardan soradym, aýtdylar: “Sen ony (Pygamberimizi sallallahu aleýhi we sellem) ýalandan goraýarsyň, sen in şä Allah ýalan we töhmetleri Allahyň Resulyndan (Sallallahu aleýhi we sellem) aýrarsyň.”” (Ýagny, Pygamberimize sallallahu aleýhi wesellem ýöňkelýän ýalan, ýasama, düzülen, gowşak hadyslary açyga çykaryp, dürs, dogry, anyk hadyslary jemlärsiň).

Çeşmeler:

“El-Bidäýe we En-Nihäýe.”

“Tärih Isläm we wefiýýät El-Meşähir wel Agläm.”

“Tärih Bagdad.”

“Tärih Dimaşk”

“Taglik taalik ala Sahyh Buhary.”

“Tehzib El-Esmä wel-Lugot.”

“Tehzib Et-Tehzib.”

“Siýer El-Ägläm En-Nubelä.”

“Tabakat Eş-Şäfygyýýe El-Kubro.”

“Muhtasar Tärih Dimaşk.”

Goý, Allah Tagala Ymam Buhara rehmet etsin, bagyşlasyn. Biziň aramyzdanam bu ymam ýaly beýik alymlary çykarsyn we beýik alymlary ýetişdirjek eneleri köpeltsin, çünki Allah bu zadyň hak eýesidir we oňa Kadyrdyr, we sollallahu alä nebiýýinä Muhammet, we alä älihi we sohbihi we sellem

#Buhary #ömürbeýan #haýat #Muhammet

32 просмотра0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page