Wagta, zamana sögmek Allaha ezýet bermekdir.
Wagta, zamana sögmek Allaha ezýet bermekdir.
Ýagny, käbir adamlar şeýle diýýärler: Seniň bilen tanyşan günüme nälet bolsun, seni gören wagtyma nälet bolsun, plan aýa nälet bolsun, näçe belalar başyma geldi we ş.m. Bu zatlary diýmek gadagandyr. Eger ynsanyň başyna şol wagtdaky belalary zamanaň özi getirýär diýip ynanç etse, ol uly şirkdir. küfrdir. Emma haýyram şerem Allahdan diýip ynanç etse, ýöne diline eýe gelmän beýle zatlary diýse uly günä bolar.
Ebu Hureýradan "Sahyhda" hadys:
"Allah Tagala aýtdy: “Wagta sögüp adamogly Maňa ezýet berýär, Men Özüm wagtdyryn, hemme zat Meniň elimde, gije-gündizi aýlap durýaryn"
قال الله عز وجل: يؤذيني ابن آدم يسب الدهر، وأنا الدهر بيدي الأمر، أقلب الليل والنهار
Başga hadysda:
"Wagta sögmäň! Çünki, Allahyň özi wagtdyr".
لا تسبوا الدهر فإن الله هو الدهر
(Allah Tagala aýtdy: “Wagta sögüp adamogly Maňa ezýet berýär) ýagny, ýaňky ýaly sözleri aýtmak bilen.
(Men Özüm wagtdyryn, hemme zat Meniň elimde, gije-gündizi aýlap durýaryn) ýagny, wagt meniň elimdedir, wagtyň edýän işi ýokdur, Men özüm hemme zady dolandyryjy.
("Wagta sögmäň! Çünki, Allahyň özi wagtdyr”) ýagny, wagta buýruk berýän Allahdyr. Aslynda ynsanyň wagta dil ýetirmeginiň sebäbi, şol wagtda ýaramaz wakalaryň bolup geçmegidir. Meselem, başyna belanyň inen güni, aslynda günüň, wagtyň, zamanyň eden amaly ýokdur, hemme haýyr-şer Allahdandyr. Şonuň üçin musulman adam dilini ýaramaz sözlerden saklap, edepli bolmalydyr.
Şeýle hem, zamana degişli däl zady zamana ýöňkemek gadagandyr, meselem, bizi öldürýän zat - zamana diýmek, şu aýatda aýdylşy ýaly:
"(Ahyreti inkär edenler): «Biziň ýaşaýşymyz meger bu dünýädedir (başga ýaşaýyş ýokdur). Biz ölýäris we ýaşaýarys. Bizi diňe (geçýän) zamana heläk edýär» diýdiler. Olaryň (aýdýan) bu (zatlary) barada bilýän zady ýokdur. Olar diňe güman edýärler."
(Jasia 24)
وَقَالُواْ مَا هِيَ إِلَّا حَيَاتُنَا ٱلدُّنۡيَا نَمُوتُ وَنَحۡيَا وَمَا يُهۡلِكُنَآ إِلَّا ٱلدَّهۡرُۚ وَمَا لَهُم بِذَٰلِكَ مِنۡ عِلۡمٍۖ إِنۡ هُمۡ إِلَّا يَظُنُّونَ ٢٤
(Bizi diňe (geçýän) zamana heläk edýär) ýagny, ölümi-ýaşaýşy beriji Allah däl, belkem, wagtyň geçmegi, adamlaryň garramagy sebäpli ölýäris, diýýärler. Ýagny, buny diýenler zamana bir amaly ýöňkeýärler, ol amal öldürmek, bu bolsa küfrdir.
Şeýle hem, tebigy apatlar: ýer titremesi, sil almasy, wulkan joşmasy, tupan turmasy, ýagyş ýagmasy, howanyň güýçli yssy bolmasy, ýa güýçli sowuk bolmasy bularyň hemmesi Allahyň emri bilen bolýandyr, olara dil ýetirmek Allaha dil ýetirmekdir.