Untitled
Şirk zawody.
Allah Tagala Fatyha süresinda aýtdy: “(Eý, Allah) Diňe Saňa Ybadat ederis we diňe Senden ýardam diläris”(Fatyha 5). Ýagny, Allahdan başga islendik zada, weli bolsun, but bolsun, pygamber bolsun, perişde bolsun ybadat etmejegimizi aýdýarys. Aýatda diňe buta ybadat etjek däl diýmeýär, aýatda, diňe Allaha ybadat etjek, bu mentugy (aýdylany), mefhumy (düşünilýäni) bolsa Allahdan başga ybadat etmerin.
Özüni galplyk bilen ylyma ýöňkeýänleriň biri, bu aýatda diňe buta ybadat edilmeýänini, weli adamlara ybadat edilse buňa degişli däldigini aýlap aýtjak bolýar.
Allahdan Kömek sorap, bunuň bu batyl gepine gaýtawul ýazýaryn:
1- Ýokarda geçişi ýaly, Aýatda diňe Allaha ybadat etjegimizi we diňe ondan kömek sorajagymyzy aýdýarys, Onuň düşündirjek bolşy ýaly, diňe buta ybadat etmeris diýen manysy aýatda asla ýokdur, aýatda diňe Allaha ybadat etmek aýdylýar, Allahdan başga ybadat etmejegimiz düşünilýär, sebäbi biri welä ýa Allahdan başga ybadat etse, aýatdaky ýaly diňe Allaha ybadat etdigi bolmaýar. Egerde biri welä ybadat etse, aýatdaky ýaly diňe Allaha ybadat etdigi bolarmy?!
2- Aýatda kyýasy batyl (ýagny ýalňyş deňeşdirme) bar diýjek bolar. Buňa jogap asla aýatda kyýas ýoga, nadan! Aýatyň göni özünden Allahdan başga islendik zada ybadat etmejegimiz düşünilýär, ondan diňe buta ybadat etmejegimiz dälde, Allahdan başga islendik zada, Allahdan başga islendik kişä ybadat etmejegimiz düşünilýär. Nireden sen bu aýatda buty asyl (kyýasyň deňeşdirme berilýän bölegi) edip, weline ferg (kyýasyň deňeşdirilen bölegi) etdiň, aýatyň niresinde weli bilen buty tapawutlandyrdy?! Ikisem Allahdan başga dälmi?! Aýatda diňe Allaha ybadat etjegimiz agzaldy dälmi, egerde şeýle bolsa, nireden weli buňa degişli däl edip görkezjek bolýaň?!
3- Bu kişi ylymsyz gürlemezden ozal butlaryň asly weli adamlar bolanyny bilmeýärdimi ýada adamlary azdyrjak bolup bukan zadymydy?! Seret Nuh Süresiniň 23-nji aýatda: "Aýtdylar: “Ilähleriňiz bolan Weddi, Suwagy, Ýagusy, Ýaguky we Nesri taşlamaň!”([1])butlaryň adyny Allahyň Resulynyň agasynyň ogly, Kuranyň Terjimeçisi (açyklaýçysy) diýip tanalan Ibn Abbas näme diýýär: “Bu atlar salyh adamlaryň atlarydyr. Ölenlerinden soň, Şeýtan yzyndakylara şeýle waswasa berdi: “Olaryň ýerlerinden heýkellerni guruň. Ol heýkellerne olaryň atlaryny dakyň.” Yzyndakylar hem etdiler. Bu nesil aýrylyp, yzyndaky nesil gelende we ylym ýitirim bolandan soň, ýaňky binalara (butlara) ybadat edip başladylar.”(Sahyh Buhary 4920)
Bu habara dykkat etsek, şeýtanyň adamlary azaşdyrmakda nähili derejede hytyrdygyna, mekirdigine, şol wagtyň özünde sabyrlydygyna göz ýetireris. Ýagny, şeýtan olaryň ýanyna gelip göni "ybadat ediň" diýmedi, megerem, adamlary dereje-dereje, ýuwaş-ýuwaşdan azaşdyrdy. Ilki bilen şeýle waswasa berdi: “Olar salyh adamlardyr, olary ýatlap durmaklyk üçin, olardan ýadygärlik bolmagy üçin olaryň suratlaryny (heýkellerini) çekiň, olaryň heýkellerini ýasaň.” Olar hem buny ýagşy niýet bilen, olara ybadat etmek maksady bilen däl-de, olara söýgi bildirmek bahanasy bilen bu zatlary edip, duzaga düşdiler. Emma bu nesiliň ýerine ondan soňkular gelende ýaňky surat-heýkellere ybadat edip başladylar, bahanalaram näme: “Ata-babalarymyz bulary keýpine guran däldir, olaryň sylag-hormata, uly abraýa eýe bolandyklary üçin gurandyrlar, şol sebäpli olary Allah bilen aralarymyzda ortaçy tutunmalydyrys.” -Şeýtanyň şu gepi bilen şo nadanyň gepiniň näme tapawudy bar- Şeýdip, dünýede ilkinji şirk edildi. Şeýtan olara göni şirki buýurmady, megerem, ilki bidgaty etdirtdi we bidgat hem şirkiň açarydyr. Soňra olar siziň şepagatçylaryňyz diýdi, şeýdip, ädim-ädim, garş-garş olary iň şerli zada, şirke eltdi.
Gynansak-da, käbir adamlar çenden aşa kalplaryny ölüler bilen baglaýarlar, gabyrlaryň ýanlaryna baryp oturup, wagtlaryny olary ýatlap geçirýärler. Olardan bereket umyt edip, Ýeke Allahyň başarýan zadyny olardan dileýärler.
Üns ber Allah saňa rehim etsin! Ýokarky Şeýtan bilen bu nadanyň sözüniň deň gelenine!
4- Soň şu aýaty: “Dogruçyllar bilen boluň!”([2]) diýip aýaty aýdyp, özüçe Allah (ölen) weliler bilen boluň diýdi, diýýär. Görle bunuň ylym bukuşyny, ylym ady bilen bozgaklygyny salyşyny, diňleýäne, hakykatdanam Allah ölen weliler bilen bolmagy buýrandyr öýtdürjek boluşyny.
Hany şu aýatda ölen weli bilen bolmalydygyny ündeýän ýeri? Kyýamat gününe deňejem tapmarsyň. Bu aýat bize dogruçyllar bilen bolmagy buýurýar. Bu tersine sopulara garşy delil, çünki aýat inip durka, dogruçyllar Sahabalardy, şol sebäpdenem, Sahabalaryň boluşy ýaly dogruçyl bolmak, olaryň ýoluna eýermek, soňky çykan sopulary we beýleki azan toparlaryny taşlamak düşünilýär.
5- Allah butlardan daşlaşmagy buýurdy, weliler bilen bolmagy buýurdy diýýär, ýöne ýokarda aýdyşymyz ýaly ol butlar, asly weliler bolandy, haçanda Allahdan gaýra olara-da ybadat edilende olara wesen, but diýildi.
Üns ber. Allah saňa rehim etsin! Ysa Allahyň Pygamberi, ýöne haçanda adamlar oňa Allahdan gaýra tutunyp ybadat edenlerinde, ony iläh tutunanlarynda Allah olara kapyr diýdi, indi pikir et, pygambere ybadat edeni üçin kapyr bolan bolsa, pygamberçe ýoga ybadat edeniň haly nämedir?! Seret Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) özüniň Ysa Aleýhisseläm ýaly ybadat edilmegini gadagan edip näme diýdi:
"Hristianlaryň Merýem ogly Isany hetden artyk taryplaýyşlary (ýaly meni taryplamaň! Men diňe gulduryn, şonuň üçin Allahyň guly we ilçisi diýiň!"(Buhary we Muslim).
“Allahyň guly we ilçisi diýiň!" – Ýagny, men Allahyň guly maňa ybadat etmäň we men Allahyň ilçisi ýalançy hasap etmäň. Inkär etmäň.
6- Soňam kim weli, kim weli däl, buny kim saňa aýtdy, ol beýle diýmek bilen özüni we öz pisintdäkileri illere weli görkezip, olara Allaha ybadat etmäge çagyrmakçy bolýar. Bu nadan, Allahyň Resulynyň haýatyny, sahabalaryň ömri beýanlaryny okamadymyka. Sahabalar käbir kişileri Uruşda edermenlik, batyrlyk görkezenleri üçin, özlerinden beýik saýardyrlar, ýöne Allahyň Resulyna (Sallallahu aleýhi we sellem) wahyý bilen bildirileninden soň, sahabalara ol kişiniň oda girjegini aýdan. Ýa Omar bin Hattab pygamberden soňra, kimiň jynazasyna Huzeýfa bin Ýemän gatnaşmasa gatnaşmadyk, sebäbi ol mynafyklaryň adyny Pygamberiň öwretmegi bilen bilýärdi. Näçe ýerde Sahabalar käbirini öwerdiler, takwalykda özlerinden ýokarda görerdiler, soňra şeýle kişileriň dinden çykanlary boldy. Diýmek sahabalar kim weli, kim weli däl bilmeýärdiler, diňe Allahyň Resulynyň aýan edeni bolaýmasa. Weli bu Allahyň söýgüli dosty, şu döwürde wahyýa kesildi, indi kim Allahyň adyndan gepläp biljek, bu Allahyň welisi we Allahyň welisi däl diýip! Biz hiç bir kişäde anyklap welidigini güwä geçip bilmeýäris, sebäbi bu gaýyp iş, edil mynafygyň kimdigini bilmeýşimiz ýaly, emma weliniň waspyny bilýäris Allahyň aýdyşy ýaly: “Allahyň welileri olara gorky ýokdur we olar gynanmazlar. Olar Iman edenler we takwalyk edenlerdir”(Ýunus 62-63) olaryň waspy, iman edenler we takwalyk edenler, kimiň imany we takwalygy nähili bolsa şonçada Allaha weli bolmakda paýy bardyr. Imanam, takwalygam gizlin bolany üçin, aýdyň bolmany üçin buny diňe Allah bilýändir. Emma Allahyň adyndan delilsiz plany weli diýip şaýatlyk geçmek Allah barada ylymsyz geplemekdir, Allah aýtdy: “(Şeýtan) Size diňe erbetligi, bozgaklygy we Allah barada bilmeýän zadyňyzy aýtmagyňyzy buýurýandyr”(Bakara 169).
7- Soň Ehlisünnet eýelerini töhmet we ýalan bilen, olar pula satylandygyny aýdýar, “Utanmasan isläniňi et”,türkmençilikde aýdylýan gepi laýyk geldi “Gorkan öňürtülär” bu wasp has dogrusy, bolýan wakanyň şaýat bolmagynda bu has size, sopulara laýyk wasp, Kuran okap, Tebärek çykyp pul, alýan we düwünçek alýan siz dälmisiňiz? Adamynyň ýasyna nyrhly gelýän, ýasy nyrhly sowuşýan siz dälmi? Allah Tagala aýtdy “Meniň aýatlarymy arzan (dünýä) bahasyna satmaň” (Bakara 41 )Bu aýdanyma başyna ölüm synagy geçen türkmen şaýatdyr, olaryň pulsyz hereket etmeýänini, egerde boş göýberseň gep baryny edip, gaýdyp gapyňda görünmeýänini bilýändir.
Indi Kim Allahyň aýatlaryndan, Resulallahyň (Sallallahu aleýhi we sellem) sahyh hadyslaryndan, aýdyň açyk subutnamalardan gözleri gapylan, gulagy dykylan we ýüregi möhürlenen?!
Gygaça aýtsam, bu kişi döwrümiziň şirk zawody, bu kişiden adamlary ägälendirmeli. Adamlary Ebu Lehebiň, Ebu Jehliň ýoluna çagyrýan, diňe Allaha ybadat etmege, diňe Pygambere eýermege, sahabalaryň düşünşi ýaly dine düşünmege çagyrýanlaryň ganym duşmany, Allahdan oňa hidaýet bermegini, şerinden musulmanlary goramagyny dileýärin, Allah ähli zada kadyr. Wesollallahu alä nediýýinä Muhammet, we alä älihi we sohbihi wesellem.
([1])(Nuh 23) ([2]) Toba 119