Поиск

Tewhidiň görnüşleri



Meniň musulman doganym! “Allah saňa rähmet etsin” TÖWHID" 3 bölege bölünýänini bilginiň


1-Töwhid Ar-Rububiýe➡Allah Tagalany edýän işlerinde birlemek.

Öldirýän, direldýän, älemi dolandyrýan, ryzk berýän we hemme zadyň asyl we hakyky eýesi Allahdygyna ynanmak.

Bu görnüşdäki töwhide mekge müşriklerem ynanýadylar, ykrar edýärdiler. Ýöne diňe şul görnişine ynananlary we ykrar edenleri bilen yslama girdikleri bolmady. Tersine, pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) olara garşy uruş etdi.

Allah Tagala aýdýar:

"Aýt (Eý Muhammet ol müşriklere) size kim ryzk berýär asmandan we ýerden, kim eýelik edýär eşitmekligi we görmekligi, kim dirini ölüden çykarýar we ölüni diriden çykarýar, kim dolandyrýar hemme zady (älemi)? Olar (Müşrikler) ALLAH diýerler. Aýt (Eý Muhammet olara müşriklere): onda gorkmaýaňyzmy?!"

Ýunus surasy 31


قُلْ مَنْ يَرْزُقُكُمْ مِنَ السَّمَاءِ وَالْأَرْضِ أَمَّنْ يَمْلِكُ السَّمْعَ وَالْأَبْصَارَ وَمَنْ يُخْرِجُ الْحَيَّ مِنَ الْمَيِّتِ وَيُخْرِجُ الْمَيِّتَ مِنَ الْحَيِّ وَمَنْ يُدَبِّرُ الْأَمْرَ ۚ فَسَيَقُولُونَ اللَّهُ ۚ فَقُلْ أَفَلَا تَتَّقُونَ


2- Töwhid Al-Uluhiýe ➡Allah Tagalany ybadatda birlemek.

Ine ähli pygamberler (aleýhim esselam) öz ummatlaryny töwhidiň şul görnüşine çagyrdylar.

Allah Tagala aýdýar :

"Kasam bolsun! Hakykatdanam hemme ummata "Diňe Allaha ybadat ediň we ondan başga ybadat edilýän tagutlary taşlaň" diýip" ilçi ugratdyk”

Nahl 36

وَلَقَدْ بَعَثْنَا فِي كُلِّ أُمَّةٍ رَسُولًا أَنِ اعْبُدُوا اللَّهَ وَاجْتَنِبُوا الطَّاغُوتَ

Her namazymyzda okaýan Fatyha surasynda:

"Diňe Saňa ybadat edýäris we diňe Senden kömek soraýarys" diýýäris.


Şonuň üçin eziz doganym, islendik ybadaty hemme zady ýokdan bar eden, her zadyň asyl eýesi we islän zadyny etmekligi başarýän Allaha edeliň. Eger ybadaty diňe Allaha etsek, iki dünýäde bagta ýeten gullardan bolarys. Pygamberleriň çakylygyny dogry görnüşde kabul etdigimiz bolar.


3-Töwhid El-Esma wel-syfat ➡ Allah Tagalanyň Kuranda ýada sahyh hadysda özüne beren atlaryny we sypatlaryny üýtgetmezden, inkär etmezden, meňzetmezden, mysal bermezden, nähili- nädipsiz ykrar etmek, kabul etmek.


56 просмотров0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M