top of page
Поиск

TEWESSUL (wesile


Tewessul - gerekli wesileleriň (serişdeleriň) üsti bilen maksadyňa ýetmek, sebäp tutunmak, diýmekdir.


Wesile sözi Kuranda iki ýerde gelendir:

1-njisi:

"Eý, iman edenler! Allahdan gorkuň we Oňa (ýakynlaşmaga) wesile (sebäp) gözläň! Halas bolmagyňyz üçin Onuň (dinini beýgeltmegiň) ýolunda söweşiň!" (Maide 35)

يَٰٓأَيُّهَا ٱلَّذِينَ ءَامَنُواْ ٱتَّقُواْ ٱللَّهَ وَٱبۡتَغُوٓاْ إِلَيۡهِ ٱلۡوَسِيلَةَ وَجَٰهِدُواْ فِي سَبِيلِهِۦ لَعَلَّكُمۡ تُفۡلِحُونَ ٣٥

Şu aýatdaky (wesile (sebäp) gözläň!) diýdigi “Salyh amallar arkaly Allaha höwes bilen golaýlaşyň”diýdigidir. Şul many diýip tefsir edenler: Abdullah ibn Abbas, Mujahid , Katada, Tabari, Ebu Wail, Hasan El-Basry, Abdullah ibn Kesir, Siddiý, Ibn Zeýd we başgalar. (Tefsir Et-Tabari)

Ibn Kesir öz tefsirinde bu aýaty hemme tefsir alymlary biragyzdan şeýle tefsir edendiklerini habar berýär.

Indi salyh amallar näme? Salyh amallar: Tewhidi berjaý etmek, şirkden daş durmak, namaz okamak, agyz beklemek, zekat-sadaka bermek, Kuran okamak, ylym öwrenmek, zikir etmek, ýagşylygy buýrup, ýamanlykdan gaýtarmak we başgalar. Şular ýaly amallary Allahyň razylygy üçin wesile tutunmalydyr.


2-nji aýat:

"Olaryň ýalbarýan (we kömege çagyrýan perişde, jyn, Uzeýr, Merýem we Isa pygamber ýaly) kişileriniň özleriniň Perwerdigärine has golaý bolmak üçin wesile (ýol) gözlärler. Onuň rehmetini umyt ederler we Onuň azabyndan gorkarlar. Takyk, seniň Perwerdigäriň azaby gorkunçdyr." (Isra 57)

أُوْلَٰٓئِكَ ٱلَّذِينَ يَدۡعُونَ يَبۡتَغُونَ إِلَىٰ رَبِّهِمُ ٱلۡوَسِيلَةَ أَيُّهُمۡ أَقۡرَبُ وَيَرۡجُونَ رَحۡمَتَهُۥ وَيَخَافُونَ عَذَابَهُۥٓۚ إِنَّ عَذَابَ رَبِّكَ كَانَ مَحۡذُورٗا ٥٧

Bu aýatyň tefsirinde Ibn Mesud şeýle diýýär:

"Käbir araplar jynlardan bolan topara ybadat ederdiler, soňra ol jyn topary Yslamy kabul edýär, emma ol topara ybadat edýänler muny duýmadylar" (Buhary we Muslim)

نزلت في نفر من العرب كانوا يعبدون نفرا من الجن فأسلم الجنيون والإنس الذين كانوا يعبدونهم لا يشعرون بإسلامهم فنزلت هذه الآية

Ibn Hajar şeýle diýdi:

"Ýagny, ol jynlara ybadat edýän ynsanlar öz ybadatlaryny dowam etdiler, emma jynlar muňa razy däldiler, sebäbi olar iman etdiler we olaryň özleri Perwerdigärine wesile gözläp ugradylar (ýagny, Onuň razylygyny gazanjak bolup başladylar)" (Feth El-Bäri)

أَي: اسْتمرّ الْإِنْس الَّذين كَانُوا يعْبدُونَ الْجِنّ على عبَادَة الْجِنّ، وَالْجِنّ لَا يرضون بذلك لكَوْنهم أَسْلمُوا وهم الَّذين صَارُوا {يَبْتَغُونَ إِلَى رَبهم الْوَسِيلَة}

Şeýlelik bilen iki aýatdaky wesile sözüniň manysy - salyh amallar arkaly Allaha golaýlaşmakdyr. Wesile sözi şu hadysda hem geldi:

"Azançyny eşitseňiz onuň aýdanlaryny gaýtalaň, soňra maňa salawat aýdyň, kim maňa bir salawat aýtsa, Allah oňa on gezek salawat aýdar, soňra Allahdan meniň üçin "wesile" soraň, ol Jennetdäki iň uly derejedir" (Muslim)

«إِذَا سَمِعْتُمُ الْمُؤَذِّنَ، فَقُولُوا مِثْلَ مَا يَقُولُ ثُمَّ صَلُّوا عَلَيَّ، فَإِنَّهُ مَنْ صَلَّى عَلَيَّ صَلَاةً صَلَّى الله عَلَيْهِ بِهَا عَشْرًا، ثُمَّ سَلُوا اللهَ لِيَ الْوَسِيلَةَ، فَإِنَّهَا مَنْزِلَةٌ فِي الْجَنَّةِ»

Bu hadysdaky wesile sözüniň manysy hadysyň öz içinde bardyr, ol hem Jennetdäki iň uly dereje. Şeýle hem, belläp geçmeli zat – pygamberimiz: (meniň üçin wesile soraň) diýdi, menden soraň diýmedi.

Gynansak-da, käbir dogry ýoldan aýrylanlar bu iki aýatdan şeýle netije çykardylar:

1) Pygamberlerden ýa-da salyh adamlardan (Allahdan sorap beriň) diýip, olardan doga-dileg etseň bolýar diýdiler. Ýa-da dünýäden öten salyh adamlaryň hut özlerinden dileg etseň bolýar diýdiler.

Emma bu netije batyldyr, hiç hili daýanýan delili ýokdur, tersine munuň şirk bolýanlygyny Allah Tagala öz Kitabynda beýan edendir.

2) Pygamberleriň ýa ewliýalaryň hormatyna, ýa abraýyna, ýa olaryň haky üçin diýip Allahdan dilese bolýar diýdiler.

Bu netijeleri hem batyldyr, ýöne bu şirk bolmaz, bu bidgat bolar, ýagny, Allahdan dileýänleri üçin bu şirk däldir, ýöne şerigatda gelmedik ýol bilen dileýänleri üçin bidgatdyr.

Allah bize Özüne nähili ybadat etmelidigini bildirendir, şol sanda hem doga-dileg etmegi. Kuranda-da, Sünnetde-de bularyň çykaran netijelerine gabat gelýän delil ýokdur, hiç bir sahaba, hiç bir alym bular ýaly doga-dileg eden däldirler.


WESILELERIŇ GÖRNÜŞI:

1) Kewniýýe (barlykdaky) wesileler.

2) Şergyýýe (şerigat-din) wesileler.

Kewniýýe wesiläniň mysallary: nahar - dok bolmaklygyň wesilesi, derman - şypa tapmagyň wesilesi, uklamaklyk - dynç almaklygyň wesilesi. Ýagny, diniň üsti bilen dälde, tejribede peýdasy ýa zyýany barlanan we ylym esasynda subut edilen wesileler. Wesiläniň bu görnüşi musulmana hem kapyra degişlidir. Üns bermeli zadymyz, wesiläniň bu görnüşinde şu üç zada bolmaly:

1- Ygtybarly tejribe ýa-da ygtybarly dünýewi ylym esasynda subutlanan bolmagy. Bular esasynda subutlanan bolmasa ýa yrym bolar ýa-da akmaklyk bolar. Meselem: Ogul çaga isleýän plan gün aragatnaşyk etse ogly bolýar diýen ynanç, bu wesile ygtybarly tejribe üsti bilenem, dünýewi ylmy, ýagny medisina ylmy esasynda-da subutlanmady, şonuň üçin bu yrymlardan bolýar.

2- Bu wesileden maksat ahyret, din bolmasyzlygy. Egerde wesileden ahyret, din bolsa bu wesiläniň şergyýýe görnüşine geçer, ol bolsa diňe Aýat ýada sahyh hadys bilen tassyklanar.

3- Diniň gadagan eden wesilesi bolmazlygy. Meselem: Arak käbir keselden bejerilmäge wesile bolup biler, ýöne diniň gadagan edeni üçin ulanylmaýar.


Şergyýýe wesiläniň mysallary: "Lä ilähe illallah" sözüni aýdyp, şoňa görä ýaşamak - Jennete girmegiň wesilesi, günä iş edeniňden soň yzyndan ýagşylyk etmek - ýaňky günäniň bagyşlanmagynyň wesilesi, azandan soňky okalýan doga, pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) şefagadyna eýe bolmaklygyň wesilesi, garyndaşlar bilen ara üzmesiz gatnaşmak - ömrüň uzak bolmagynyň we rysgalyň köpelmeginiň wesilesi. Ýagny, aýatlaryň we hadyslaryň üsti bilen bilnen wesileler, tejribäniňüsti bilen däl. Wesiläniň bu görnüşi diňe musulmana degişlidir, kapyra däl.

Şeýlelik bilen, bir zady dinimizde wesile tutjak bolsak hökman aýat-hadyslarda gelen bolmaly, öz oý-pikir, duýgularymyza görä "şu wesile diýmek" bolanok, hatda barlyk wesilede ygtybarly tejribe ýada ygtybarly ylym esasynda subutlanmasa buny tutunmak dürs bolmaz.

Köp adamlar wesiläniň iki görnüşini biri-birine garyp bulaşýarlar we gaty gödek ýalňyşlyga ýol berýärler, hatda käbirleri: “Allah Özüne Jebraýyl perişdäni pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) bilen aralykda wesile tutundy” diýip, gabyrlardaky ewliýa-salyhlary wesile tutunyp, olardan doga etseň bolýar diýýärler. Bu nadanlykdyr, ylymsyzlykdyr, azaşmaklykdyr, wesiläniň görnüşlerini bilmezlikdir. Nädip şerigat wesiläni etmeklige barlykdaky wesile delil bolsun?! Biz belläp geçdik, şerigat wesilä hökman aýat ýa hadys delil gerek.

Gynansak-da, ters akydadakylar, ylmy dürs çeşmeden almadyklar, halkymyzy giden nadanlyga sokdular, din hakynda biler-bilmesiz zatlaryny gürläp, olary azaşdyrdylar. Iň gynançly ýeri bu edýän zatlaryny we gürleýän zatlaryny Yslam ymmatynyň iň beýik alymlarynyň biri bolan, Allame (görnükli alym), Fakyh (fykh alymy), dört mezhebleriň biriniň düýbüni tutan, Ymam Agzam lakamyny alan Ebu Hanifa Nugman Ibn Säbit (Allah oňa rehmet edip, jaýyny Jennetden etsin) bu özleriniň batyl zatlaryny bu beýik alyma ýöňkeýärler, hem-de tewhide çagyrýanlara her-dürli atlar dakyp, olara mezhebsiz diýip, uly-il halkyň içinde olary ýamanlaýarlar. Bolýar, geliň bu alymyň wesile hakynda aýdan zatlaryny okalyň:

"Mahlugyň üsti bilen Allahdan dileg edilmez, pygamberleriň haky üçin Eý Allah, Senden soraýaryn diýilmez."

"Allahdan doga edilende, diňe Onuň bilen doga ediler, mahlugyň haky üçin diýip doga edilse men (haram görüp) halamaýaryn."

Onuň okuwçysy Ebu Ýusuf şeýle diýýär:

"Planyň haky üçin, pygamberleriň haky-hormaty üçin, Käbäniň haky üçin, bular ýaly edip doga-dileg edilmegi (haram görüp) halamaýaryn." (Ed-Dur El-Muhtar fi El-Fykh El-Hanafi 2/630, El-Fetäwä El-Bezzäziýýe 3/351, El-Jämig Es-Sagyýr Eş-Şeýbäni s. 395, Şerh El-Ihýä Ez-Zubeýdi 2/285)

Käbirleri öz batyl ýörelgesini gögertjek bolup, bu kitaplar üýtgedilen diýip, boş ýere töhmet atýarlar. Ýöne bu kitaplar iň mugtabar (daýanylýan) kitaplardyr.

Köp adamlar öz isleg-myratlaryny gabrystana baryp, gabyrdakylaryň gönümel özlerinden soraýarlar, hiç-hili wesile tutunmasyz, munuň sebäbi - wesile-wesile diýip çenden aşyp, olaryň özlerinden sorap ugradylar: “Eý Ak Işanjan! Salyh perzent ber, Parawybibijan rysgal ber, Seýitjemaleddinjan keselime şypa ber.” Ýa gabryň daşlaryna togap edýärler, onuň gumuny üstlerine çalýarlar, öz isleglerini kagyza ýazyp ol gabyrlaryň ýanynda goýýarlar, iň soňunda bularyň hemmesi Allaha ýakynlaşmak üçin wesiledir diýýärler. Bular wesile däl, bular ömürlik dowzahy edýän amallardyr.


ŞERIGADYŇ YKRAR EDEN TEWESSULLARY:

Kuran we Sünnetde hakyky peýdasy degýän tewessullar üç görnüşdir:

1) Allahyň atlary ýa sypatlary bilen dileg-doga etmek.

2) Salyh (ýagşy) amallary agzap tewessul etmeklik.

3) Salyh-takwa adamyň dogasy arkaly tewessul etmeklik.


1) Allahyň atlary ýa sypatlary bilen dileg-doga etmek:

Mysal üçin: “Eý Allah! Rahman we Rahym adyň bilen senden bagyşlanma soraýaryn, ýa-da Eý Allah! Hemme zady gurşap, alan rehmetiň bilen maňa rehim eýle, bir sahaba şeýle doga edýär:

"Allahumme inni es'eluke bi enne lekel hamd lä ilähe illä ente wahdeke, lä şeriýke leke, El-Mennän, ýä Bediýgas semäwäti wel-erz, ýä Zel-Jeläli wel-Ikrom, ýä Haýýu ýä Kaýýum, inni es'eluke ".

Muny pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) eşidip şeýle diýýär:

"Nähili doga bilen dileg edenini bilýärsiňizmi?"- Allah we Resuly has gowy bilerler - diýdiler - "Janym elinde bolana ant içýärin, Allahdan iň beýik ady bilen doga etdi, eger bu ady bilen Allahdan doga dileg edilse Allah kabul eder, bir zat soralsa berer." diýdi.” (Ebu Dawud, Nesai, Ahmet we Albani “Sahyh” diýdi)

اللَّهُمَّ إِنِّي أَسْأَلُكَ، بِأَنَّ لَكَ الْحَمْدَ، لاَ إِلَهَ إِلاَّ أَنْتَ، الْمَنَّانُ، يَا بَدِيعَ السَّمَاوَاتِ وَالأَرْضِ، يَا ذَا الْجَلاَلِ وَالإِكْرَامِ، يَا حَيُّ يَا قَيُّومُ، إِنِّي أَسْأَلُكَ، فَقَالَ النَّبِيُّ صلى الله عليه وسلم: أَتَدْرُونَ بِمَ دَعَا اللَّهَ؟ فَقَالُوا: اللَّهُ وَرَسُولُهُ أَعْلَمُ قَالَ:وَالَّذِي نَفْسِي بِيَدِهِ، لَقَدْ دَعَا اللَّهَ بِاسْمِهِ الأَعْظَمِ، الَّذِي إِذَا دُعِيَ بِهِ أَجَابَ، وَإِذَا سُئِلَ بِهِ أَعْطَى

Ýagny, pygamberimiz: “Ewliýalary ortaçy tutunyň! Olaryň Allahyň öňünde hormaty bardyr, eger olaryň hormaty üçin sorasaňyz Allah kabul eder” diýmedi.

Başga hadysda Pygamberimiz şeýle doga edýär:

"Ýä Haýýu ýä Kaýýum! Rehmetiň bilen Saňa ýalbarýaryn."(Tirmizi)

يا حي يا قيوم برحمتك أستغيث

Bu hadysda pygamberimiz Allahyň wasplaryndan bolan birini, rehmetini, wesile tutup dileg edýär.

Aýatda Allah şeýle diýýär:

"Iň gözel atlar Allahyňkydyr‚ şeýle bolsa, bu atlar bilen Oňa dileg-doga ediň (ýalbaryň)!" (Agraf 180)

وَلِلَّهِ ٱلۡأَسۡمَآءُ ٱلۡحُسۡنَىٰ فَٱدۡعُوهُ بِهَاۖ


2) Salyh (ýagşy) amallary agzap tewessul etmeklik:

Mysal üçin: “Eý Allah! Senden imanym bilen dileýärin, Saňa bolan söýgim bilen soraýaryn, Seniň pygamberiňe imanym bilen Senden dileýärin, ýagny, ynsan öz ýagşy amallaryny agzap doga etmeklik.

Üns bermeli zat: Pygamberiňe imanym bilen Senden dileýärin - diýmeklik bir zat, pygamberiň hormatyna Senden dileýärin diýmeklik başga zatdyr. Dogry, Allaha iň söýgüli, iň hormatly, iň haýyrly ynsan - bu biziň pygamberimizdir (Sallallahu aleýhi we sellem) onuň abraýy ýaly abraý ýok, onuň derejesi ýaly dereje ýok. Ýöne onuň abraýyny, hormatyny doga-dileg edende agzamaly diýilýän zat ýokdur. Aýatda iman edenler şeýle diýýärler:

"Eý, Perwerdigärimiz! Takyk, biz «Perwerdigäriňize iman getiriň!» diýip imana çagyrýan bir çakylykçyny (Muhammedi) diňledik we iman getirdik. Eý, Perwerdigärimiz! Sen biziň günälerimizi bagyşla, biziň erbetliklerimiziň üstüni ört we biziň janymyzy ýagşylar bilen bile al!" (Äli imran 193)

رَّبَّنَآ إِنَّنَا سَمِعۡنَا مُنَادِيٗا يُنَادِي لِلۡإِيمَٰنِ أَنۡ ءَامِنُواْ بِرَبِّكُمۡ فَ‍َٔامَنَّاۚ رَبَّنَا فَٱغۡفِرۡ لَنَا ذُنُوبَنَا وَكَفِّرۡ عَنَّا سَيِّ‍َٔاتِنَا وَتَوَفَّنَا مَعَ ٱلۡأَبۡرَارِ ١٩٣

Ýagny, pygambere iman edenlerini wesile tutup, dileg etdiler, pygamberiň hormat ýa abraýy üçin diýmediler.

Salyh amallary agzap, olary wesile tutunmaklygyň ýene bir mysaly hadysdaky "gowak eýeleriniň" eden dogalarydyr. Hadysda şeýle diýilýär:

"Üç sany oglan gijelerini geçirmek üçin gowaga girýärler, soňra ol gowagyň girelgesi uly daş bilen ýapylýar. Soňra biri-birlerine şeýle diýişýärler:

Ýalňyz Allah üçin eden amallarymyzy ýadymyza düşüreliň. Olary wesile tutup, Allaha ýalbaralyň! Umyt, Allah bize çykalga berer! Soňra üçüsi hem amallaryny agzap, şeýle doga edýärler: “Eý Allah! Eger şu amallary ýeke Seniň razylygyň üçin eden bolsak, bize çykalga tapyp ber!” Soňra hälki daş her birisiniň dogasyndan soň azajyk-azajykdan süýşüp aýrylýar, şeýdip, gowakdan çykyp gidýärler. " (Buhary we Muslim)

Şeýlelik bilen, bularyň birisi hem plan ewlüýä ýetiş, ýa plan işan dat-bidat, medet - diýmediler.


3) Salyh-takwa adamyň dogasy arkaly tewessul etmeklik:

Eger musulman kynçylyga düşse, ýa bela-beter başyna inse, özünden has ylymly-takwa adamyň ýanyna baryp, Allahdan doga edip ber diýmegi rugsatdyr, bu tewessulyň üçünji görnüşidir. Bu barada Enesiň gürrüň beren hadysy bardyr:

"Guraklyk döwründe bir sahaba pygamberimizden: “Allaha ýagmyr ýagdyr diýip dileg edip ber” diýip gelýär, ol hem ellerini asmana galdyryp dileg edýär, edil şobada entek münberinden düşmänkä ýagyş ýagyp ugraýar." (Buhary)

Şeýlelik bilen, Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) dirikä onuň dogasyny wesile tutmaklyk rugsatdyr, emma dogry ýoldan aýrylan käbir toparlar tapawudy ýok diýdiler, pygamberimiz haýatdaka-da dünýäden öten soňam ony wesile tutsa bolýar diýdiler. Emma ýalňyşdyr, pygamberimiz dünýäden öten soň sahabalar ony wesile tutan däldirler, hadysda gelşi ýaly:

"Omar guraklyk döwründe Abbasy (pygamberimiziň agasyny) çagyryp şeýle diýerdi: "Eý Allah! Pygamberimiz (dirikä) ony wesile tutunardyk, Senem ýagmyr ýagdyrardyň, indi bolsa pygamberimiziň agasyny wesile tutunyp ýagmyr ýagdyrmagyňy soraýarys." - Allah hem ýagmyr ýagdyrdy." (Buhary)

أن عمر بن الخطاب رضي الله عنه كان إذا قَحَطوا استسقى بالعباس بن عبد المطلب، فقال: اللهم إنا كنا نتوسل إليك بنبينا، فتسقينا، وإنا نتوسل إليك بعم نبينا فاسقنا. قال: فيسقون

Şu taýda sorag çykýar: Näme üçin Omar pygamberimizi wesile tutunmady, eger dünýäden ötenden soňam wesile tutmak rugsat bolsa?! Sebäbi ol bilýärdi onuň şirkdigini, ýa-da Omar pygamberimizi söýenokmydy? Hormat goýanokmydy?!

Ýene-de şuňa meňzeş eseri Hafiz ibn Asakir "Tarih"(18/151/1) kitabynda şu eseri getirýär:

"Guraklyk wagtydy, Muawiýe ibn Ebi Sufýan münbere çykyp, Ýezid ibn Eswedi atly salyh adamy çagyryp, şeýle diýýär: "Eý Allah! Bu gün biziň haýyrlymyzy wesile tutunyp, Saňa dileg edýäris, Eý Ýezid! Galdyr ellerini! Soňra Ýezid ellerini galdyryp doga edip başlaýar, şol wagtyň özünde bulutlar üýşüp ýagyş damjalap ugraýar"

عن سليم بن عامر الخبائري ، أن السماء قحطت مخرج معاوية بن أبي سفيان وأهل دمشق يستسقون ، فلما قعد معاوية على المنبر قال : أين يزيد بن الأسود الجرشي ؟ قال : فناداه الناس ، فأقبل يتخطى ، فأمره معاوية ، فصعد المنبر ، فقعد عند رجليه ، فقال معاوية : اللهم إنا نستشفع إليك اليوم بخيرنا وأفضلنا ، اللهم إنا نستشفع إليك بيزيد بن الأسود الجرشي ، يا يزيد ، ارفع يديك إلى الله ، فرفع يزيد يديه ، ورفع الناس أيديهم ، فما كان أوشك أن ثارت سحابة في المغرب ، وهبت لها ريح ، فسقينا حتى كاد الناس لا يصلون إلى منازلهم.

Şu iki eserde açyk-aýdyň belli bolýar: Nähili tewessul edilýäni, ol hem salyh, diri adamyň, öli adamyň däl, dogasy bilen, jesedi ýa abraýy ýa hormaty bilen däl. Kuranda we Sünnetde ençeme dogalar gelendir, bularyň birisinde-de ölüden soramaklyk, ýa “Abraýy üçin ber” diýip bir doga-da ýokdur. Hysan ibn Atyýýanyň (alymlaryň birisi) aýdan zady nähili dogry zat:

"Eger-de bir halk dinde bir bidgat oýlap tapsa, onda Allah olary ýaňky bidgatyň garşysynda bolan Sünnetleriň birisinden tä kyýamata çenli olary mahrum eder." (Darimi 1/145)

ما ابتدع قوم بدعة في دينهم إلا نزع الله من سنتهم مثلها ثم لا يعيدها إليهم إلى يوم القيامة

Ýagny, bir Sünneti taşlap ýerine bidgat etseň, şol Sünnet ýitmek bilen bolýar.

2 просмотра0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page