Teýemmum, teýim almak.
Teýemmum, teýim almak.
Teýemmum dil taýdan - niýet diýmek, din taýdan - belli şekilde Allaha ybadat hökmünde ýüze we ellere arassa topragy syrmak, mesh etmek.
Bu bapdaky meseleler:
Birinji mesele: Teýemmumyň hökümi we dinde barlygynyň delili:
Teýemmum dindendir, ol Allahyň bendelerine beren rugsatydyr, ol bu diniň gözellikleriniň biridir, ol bu ymmata mahsus bolan zatlaryň biridir.
Delilleri: "Eý, iman edenler! Namaz (okamak) üçin turanyňyzda, ýüzleriňizi we tirsekleriňize çenli elleriňizi ýuwuň, başlaryňyza mesh ediň we iki topuklaryňyza çenli aýaklaryňyzy ýuwuň! Eger ini hapa bolsaňyz, (gowy edip) ýuwnuň! Eger hassa ýa-da ýolagçy bolsaňyz, ýa-da siziň biriňiz aýak ýolundan gelen bolsa, ýa-da siz aýallaryňyza ýanaşan bolsaňyz we (ýuwnar ýaly) suw tapmasaňyz, päk toprak bilen teýemmum (teýim) ediň! (Ýagny) ýüzleriňize we elleriňize mesh ediň! Allah size kynçylyk döretmek islemeýär, emma sizi (günälerden) päklemek we (diniň hökümlerini beýan edip) Öz nygmatyny size doly bermek isleýär. (Bular) siziň (Allaha) şükür etmegiňiz üçindir." (Mäide 6)
"Arassa toprak saňa ýeterlikdir, eger on ýyllabam suw tapmasaň, emma suw tapsaň ony bedeniňe degir." (Ebu Dawud we Tirmizi)
"Ýer (ýüzi, toprak) maňa päk we metjit (ýagny, namaz okamana rugsatly ýer) edildi." (Buhary)
Eger hemme şertleri tapylsa teýemmumyň rugsatdygyna, onuň suwuň ýerini taharat babatynda tutýanlygyna alymlar biragyzdan ylalaşdylar (ijmag), ol (teýemmum) hadesi (täretsizligi, gusulsyzlygy) aýyrýandyr, ýagny, suw bilen täret ýa gusul alan kişiniň namaz okap, towaf edip, Kuran okap bilşi ýaly, teýemmum eden kişi hem şol amallary edip biler.
Şeýlelik bilen, teýemmumyň dindenligi Kuran, Sünnet we ijmag bilen subutlanýar, anyklanýar.
Ikinji mesele: Teýemmumyň şertleri, rugsat edýän sebäpler:
Eger suwy ulanmaklyk mümkinçiligi bolmasa, meselem, tapylmasa, ýa hassalyk sebäpli bedene zeper geljek bolsa, ýa howa güýçli sowuk bolsa teýemmum etmek rugsatdyr, Ymran ibn Husoýnyň hadysynda aýdylşy ýaly: "(Sen) arassa toprak bilen (teýim etmeli), bu saňa ýeterlikdir." (Buhary we Muslim)
Bu barada giňişleýin geler in şä Allah.
Teýemmumyň şertleri:
1) Niýet, ýagny, namazy okamaga rugsat gazanmak üçin kalpdaky (niýet), niýet aslynda hemme ybadatlaryň şertidir, teýemmum hem ybadatdyr.
2) Yslam, ýagny musulman bolmak, teýemmumy kapyr etse dürs bolmaz, çünki bu ybadat.
3) Akyl, ýagny aňy bolmadyk kişiniň teýemmumy dürs däldir, meselem däliniň, ýa özünden giden kişiniň.
4) Belli bir ýaşa ýetmek, ýagny ýedi ýaşa, ýedi ýaşdan kiçiniň teýemmumy dürs däl.
5) Suw ulanmaga mümkinçilik bolmazlyk, meselem:
a) Eger suw tapylmasa, şu delillerdäki ýaly: "...(ýuwnar ýaly) suw tapmasaňyz, päk toprak bilen teýemmum (teýim) ediň!" (Mäide 6)
"Arassa toprak musulmany tämizleýjidir, on ýyllabam suw tapmasa, eger suw tapsa, ony bedenine degirsin, çünki bu iň haýyrlysydyr." (Tirmizi)
b) Eger suw ulansa hassa kişiniň şypasy gijikjek bolsa, ýa hassalygy artjak bolsa, teýim edip biler, şu delillere görä: "Eger hassa bolsaňyz....päk toprak bilen teýemmum (teýim) ediň!" (Mäide 6)
Bir söweşde bir sahabanyň kellesi ýaralanýar, soňra onuň ini hapalanýar, gusuly bozulýar. Käbirleri oňa suw bilen gusul almaly diýýärler, haçanda ol kellesi ýara halyna suwa düşende ölýär, bu habar Pygamberimize ýetende şeýle diýýär: "Ony öldürdiler, Allah olary öldürsin, bilmeseler sorasalar bolmazdymy?! Ylymsyzlygyň şypasy (alajy) - soramakdyr, sorag bermekdir." (Ebu Dawud we Ibn Mäje)
ç) Eger suw tapylsa, ýöne howa güýçli sowuk bolup, suw ulanmaklyk zyýan berjek bolsa, ýa heläkçilige sebäp boljak bolsa, teýim etmek rugsatdyr, Amr ibn Aas haçanda Zätu Seläsil söweşine goýberilende şeýle diýýär: "Gaty güýçli sowuk gijede inip hapalyndy, gusulym bozuldy, suwa düşsem heläk bolaryn diýip gorkdum, şonuň üçin teýim etdim, soňra ertir namazyny ýoldaşlaryma (ymam) bolup okadym"(Ahmet we Ebu Dawud we Darakutnyý)
6) Teýim ediljek topraga nejasat degen bolmaly däldir, meselem peşew degip, tämizlenmedik guma teýim edip bolmaz, şeýle hem, eger tapylsa, toprak ellere ýelmeşip duran bolmalydyr, şu aýatdaky ýaly: "päk toprak bilen teýemmum (teýim) ediň! (Ýagny) ýüzleriňize we elleriňize ondan (toprakdan) mesh ediň!" (Mäide 6)
Ibn Abbas aýtdy: "Toprak - depilýän gumdyr, päk (diýdigi) - arassa (diýdigidir)." (Mugnyý-Ibn Kudäme)
Eger toprak tapyp bilmese, güýji ýeten zadyna teýim edip biler, meselem: çägä ýa daşa, şu aýata görä: "Allahdan güýjiňiz ýetdiginden gorkuň!" (TegaMun 16)
Ewzägi aýtdy: "Çäge - toprakdandyr." (Mugnyý-Ibn Kudäme)
Üçünji mesele: Teýemmumy bozujy zatlar:
1) Täreti näme bozýan bolsa, teýemmumy hem şolar bozýandyr. Gusul almaklyga näme zatlar sebäp bolýan bolsa, teýemmum almaklyga hem şolar sebäp bolýandyr, meselem, aýbaşy, nifas ýagdaýlar. Eger teýim edip, yzyndan täretini bozsa onuň teýimi bozulýandyr, çünki, teýemmum suw bilen alnan täretiň ýerini tutýandyr.
2) Suwuň tapylmasy, eger suw tapylmadygy üçin teýemmum edilen bolsa. Şu hadysda aýdylşy ýaly: "...eger suw tapsaň ony bedeniňe degir." (Tirmizi)
3) Teýemmumy rugsat edýän uzurlaryň (sebäpleriň) aýrylmasy, meselem, hassanyň şypa tapmagy.
Dördünji mesele: Teýim nähili edilýär?
Niýet edip, bismilläh diýmeli, soňra bir gezek ýere ellerini urmaly, soň üfläp, ýa silkip, ýüzüne we goşarlaryna mesh etmeli. Goşar - adamyň bilek boguny. Ammaryň habar beren hadysynda şeýle diýilýär: "Teýemmum ýüze we goşarlara bir gezek (toprak) urmadyr." (Ahmet we Ebu Dawud)
"Şeýle etmegiň saňa ýeterlik bolardy. - diýip, aýalary bilen ýere urdy, soňra ellerini silkip, çep eli bilen goşaryň üstüne mesh etdi, ýa aýasy bilen çep eliniň üstüne mesh etdi, soňra elleri bilen ýüzüne mesh etdi." (Buhary we Muslim)