top of page
Поиск

Taharadyň we suwuň hökümleri.

Taharadyň we suwuň hökümleri.

Bu bapda birnäçe meseleler bar:

Birinji mesele: Taharadyň kesgitlemesi, onuň ähmiýetiniň beýany we onuň görnüşleri:

1 - Taharadyň ähmiýetiniň beýany we onuň görnüşleri:

Taharat (tämizlik, arassalyk) namazyň açarydyr, onuň (namazyň) iň esasy şertidir, şert bolsa hökman meşrutdan (şol şerte mätäç bolan zatdan, bärde meşrut namaz bolýar) öň gelmelidir.

Taharatyň iki görnüşi bar:

Birinji görnüşi: Ruhy taýdan taharat (tämizlik), ýagny, kalbyň şirkden, günälerden, her bir hapalyklardan tämizlenmegi, bu tämizlik beden tämizliginden has möhümdir, şirk nejasaty bar bolsa, beden tämizligi amala aşmagy mümkin däldir, şu aýatda agzalşy ýaly: "Allaha şärik goşanlar (özleriniň batyl ynançlary sebäpli) murdardyrlar (nejisdirler)" (Toba 28)

Ikinji görnüş: Maddy taýdan taharat (tämizlik), bu barada giňişleýin indiki setirlerde geler.

2 - Taharatyň kesgitlemesi:

A- Dil taýdan manysy: tämizlik, hapalyklardan arassalanmak.

B- Din taýdan manysy – hadesden([1]) çykmak, kirlerden päklenmek.

“Hadesden çykmak” diýmek, eger uly hades bolsa, bedeniň hemme ýerine suw degrip, ýuwunmak bilen namaza päsgel bolýan waspy aýyrmak. (ýagny, gusul almak). Eger kiçi hades bolsa, (täreti) niýet edip, täret agzalara suw degirmek bilen aýrylar. (ýagny, täret almak). Eger suwa ýetip bilmese, suw tapmasa ýa-da suwy ulanyp bilmese (meselem: kesel sebäpli endamyna suw degirip bilmese) onuň (suwuň) ýerini tutýan zady şerigatda buýrulyşy ýaly ulanmalydyr, olam toprak, gumdyr, bu barada teýemmum babynda geler (in şä Allah).

“Kirlerden päklenmek” diýmek. bedenden, eşikden, (namaz okaljak) ýerden nejasaty (eger bar bolsa) aýyrmak, arassalamak.

-Maddy taharat iki görnüşdir: diňe bedene degişli bolan hades taharaty, hem bedene, hem eşige, hem (namaz okaljak) mekana degişli bolan taharaty.

-Hades hem iki görnüşdir: kiçi hades, täret almak bilen bitýär, uly hades, gusul almak bilen bitýär.

-Nejasat üç görnüşdir: Suw bilen ýuwulmasy wajyp bolan nejasatlar, (suw) sepmesi wajyp bolan nejasatlar, süpürmesi wajyp bolan nejasatlar.

Ikinji mesele: Taharadyň (dürs) bolmagy üçin (ulanmaly) suw.

Taharat arassalaýjy, nejasaty tämizleýji, hadesi aýyryjy zada mätäçdir, ol hem suwdyr. Taharat amala aşyrýan suw, arassa suwdyr, ýagny, asyl sypatyndaky suw, döredilendäki waspynda bolan suw, (meselem): Asmandan ýagan ýagyş, erän gar ýa buz, ýerden akýan suwlar, mysal üçin: deňiz, derýa, guýy. Şu aýatlarda aýdylşy ýaly: "(Allah) asmandan siziň üstüňizde onuň bilen sizi arassalamak üçin suw inderdi" (Enfäl 11)

"Asmandan hem tämiz suw inderdik." (Furkan 48)

Şeýle hem, şu hadyslarda habar berilşi ýaly: "Eý Allah! Meni günälerden suw, gar, buz bilen ýuw." (Buhary we Muslim)

"(Deňziň) suwy arassa, maslyklary bolsa halaldyr." (Ebu Dawud, Tirmizi, Nesäi, Ibn Mäje)

Bu suw özi arassa bolup, başga zatlary tämizleýjidir.

Suwdan başga suwuklyk bilen taharat bitmez, meselem: uksus, benzin, şireli suw, limon we ş.m. şu aýatdan çykýan netijä görä: "(ýuwnar ýaly) suw tapmasaňyz, päk toprak bilen teýemmum (teýim) ediň!" (Mäide 6)

Eger suwdan başga suwuklyk bilen taharat bitýän bolsa onda suwy tapmadyk kişi şony (ulanardy), toprak (ulanmazdy).

Ýöne nejasatdan hemme suwuklyk bilen tämizlense bolar, häzirki wagtdaky arassalaýjy serişdeler ýaly.

Üçünji mesele: Eger suwa nejasat garyşan bolsa:

Eger az suwa, ýa köp suwa nejasat garyşyp, onuň üç wasplarynyň birini (ýagny: ysyny ýa reňkini ýa tagamyny) üýtgetse, ol suw nejasatdyr, ony ulanmak rugsat däldir, bu hakynda (alymlar) biragyzdan ylalaşdylar (ijmag boldy), hadesi hem aýyrmaýar, nejasaty hem arassalamaýar. Ýöne köp suwa nejasat garyşyp, onuň hiç waspyny hem üýtgetmese, ol suw bilen taharat bitýär, emma az suwa nejasat garyşyp, onuň wasplarynyň birinem üýtgemese, ol suw bilen taharat bitmeýär. Eger suw "iki külle" (uly gabyň ady, bir külle 160 litr töwerek suw sygýar) ýetse ýa ondan aşsa, ol suw köp suw diýlip kesgitlener, ondan kem bolan suwa bolsa az suw diýilýär.

Ebu Said El-Hudriniň hadysy muňa delildir, ol aýtdy: Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy: "Suw arassa (zatdyr), ony hiç zat nejasata öwürip bilmez." (Ahmet, Ebu Dawud, Tirmizi, Nesäi)

Şeýle hem, Ibn Omaryň (Allahyň resulyndan) hadysy: "Eger suw iki küllä ýetse, ol nejasaty saklamaz." (Ahmet, Ebu Dawud, Tirmizi, Nesäi, Ibn Mäje)

Dördünji mesele: Eger suwa arassa zat garyşan bolsa:

Eger suwa arassa zat garyşsa, meselem: bagyň ýapraklary, sabyn, sidr agajy, we ol garylan zat suwuň köp bölegini tutmasa (ýagny, garylan zat agdyklyk etmese), ol suw tämizdir, ol suw bilen taharat biter, ol suw bilen nejasat arassalanyp bilner, çünki, Allah şeýle diýdi: "Eger hassa, ýolagçy ýa-da aýak ýolundan gelýän bolsaňyz ýa-da aýallaryňyza ýanaşyp, (gusul almaga) suw tapmasaňyz, onda tämiz topraga teýemmum (teýim) edip, arassalanmak niýeti bilen ýüzüňize we elleriňize mesh ediň!" (Nisa 43)

Bärdäki "suw" sözi umumydyr, hemme suwlary içine alýandyr, içine zat garylan suw hem, garylmadyk suw degişlidir.

Şeýle hem, şu hadys muny aňladýandyr: Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) öz gyzyny (jynaza) taýynlap duran aýallara şeýle diýýär: "Ony üç, bäş ýa isleseňiz ondan köp gezek suw hem sidr([2]) bilen ýuwuň, emma soňunda "käfuur" (kamfara) bilen, ýa ondan az-owlak bölek bilen ýuwuň!" (Muttefekun aleýhi)

Bäşinji mesele: Taharatda ulanylan suwuň hökümi:

Taharatda ulanylan suw, ýagny, täret ýa gusul alynan suwuň özi - has dogrusy - arassa bolup, başga (zatlary) tämizleýjidir, hadesi aýryp, nejasatdan päkleýändir, ýöne üç waspynyň biri hem üýtgemeli däldir: ysy, reňki, tagamy.

Ol suwuň tämizleýjidiginiň delilleri: "(Sahabalar) Egerde Pygamber täret alsa, täret suwunyň üstünde uruşma halyna gelerdiler”([3]) (Buhary)

"Jäbir hassa wagty Pygamberimiz täret alan suwuny onuň üstüne guýdy." (Buhary we Muslim)

Eger nejasat bolan bolsa beýle etmezdi.

Pygamberimiz, onuň aýallary, sahabalar içilýän jamlardan, stakanlardan täret alar ekenler, gazanlardan bolsa, suwa düşer ekenler. Beýle ýagdaýda suwa düşüp duranyň suwy syçramazlygy mümkin däldir.

Ebu Hureýra gusulsyzka Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) oňa şeýle diýýär: "Takyk, mömin (kişi) nejasat bolmaýar." (Muslim)

Eger ýagdaý şeýle bolsa, suw öz tämizligini ynsanyň ony ellemesi bilen ýitirmeýär.

(Täretden ýa gusuldan) artykmaç galan suw bilen hem taharat biter, aýal-maşgala erkekden galan suwy, erkek aýaldan galan suwy ulanyp biler, çünki Pygamberimiz Meýmuna (atly aýalynyň) galdyran suwundan ýuwunar ekeni. (Muslim)

Altynjy mesele: Adamlaryň we mallaryň agyz galyndylary:

Galyndy - suw içilip bolansoň jamda artyp galan bölek, adamogly tämizdir, kapyr bolsun, musulman bolsun, onuň galyndysy hem päkdir, gusulsyz we aýbaşy haldaky hem edil şeýledir (ýagny, galyndysy päkdir), çünki, hadysda şeýle diýilýär: "Takyk, mömin (kişi) nejasat bolmaýar." (Muslim)

Şeýle hem Aişe enemiz aýbaşy wagty gapdan suw içer ekeni, Pygamberimiz bolsa onuň agzyny goýup içen ýerinden öz agzyny goýup içer ekeni([4]).

Eti iýilýän mallaryň, haýwanlaryň galyndylary päkdir (ýagny, nejasat däldir), bu hakynda alymlaryň ijmagy bardyr.

Emma wahşy haýwanlar we eşekler ýaly eti iýilmeýän haýwanlaryň galyndysy arassadyr, suwa täsiri degmez, edil şolar ýaly pişigiň galyndysy, çünki, gapdan (suw) içen pişik barada Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýýär: "Takyk, ol nejasat däldir, ol siziň araňyzda gezmeläp, aýlanyp ýörenlerdendir." (Ahmet, Ebu Dawud, Tirmizi, Elbani “sahyh” diýdi”

Şeýle hem, ondan (pişikden) goranmak köplenç kyn gelýär, eger onuň galyndysy nejasat diýsek, onuň gabyny (jamyny) ýuwmak wajyp diýsek, bu ýagdaý kynçylyk, muşakgat döreder, (dinimiz) bolsa bu ymmatdan muşakgaty aýyrandyr.

Emma itiň we doňuzyň galyndysy nejasatdyr.

Itiň (galyndysynyň nejasatdygyny) aňladýan Ebu Hureýranyň habar beren hadysy: "Biriňiziň jamyny it ýalasa, ony arassalamagyň (usuly) - ýedi gezek ýuwup, birinjisini toprak bilen (arassalamak)." (Buhary we Muslim)

Doňuzyň (galyndysynyň nejasatdygyny) aňladýan aýat: "...nejisdigine hiç şübhe bolmadyk doňuz eti..." (Engam 145)

Ýagny, doňuz aslynda tutuşlygyna nejasat, kirli, hapadyr.

([1]) Hades - namaz ýaly tämizligi şert edýän amallary ýerine ýetirmeklige päsgel bolýan bedeniň waspyna hades diýilýär. (Ýönekeý dilde aýdamyzda: hades - täretsizlik, gusulsyzlyk). Hades iki görnüşdir: kiçi hades (täretsizlik), uly hades (gusulsyzlyk). Kiçi hades täret almak bilen aýrylar, uly hades bolsa gusul almak bilen aýrylar. ([2]) Sidr bagyň ady, şol wagtlar döwrümizdäki sabyna derek ulanynan. ([3]) Ýagny täret suwyny bereket üçin alarlar ekenler, bu bereketlilik diňe Pygambere degişlidir, çünki Pygamberden (Sallallahu aleýhi we sellem) soň Ebu Bekr Syddykyň, Omaryň we beýleki sahabalaryň hiç birisiniň täret alan suwyny hiç kim beýdip almady we berekedem gözlemedi. ([4]) Muslim 300-nji hadys

3 просмотра0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page