Поиск

Täze eşik geýeňde edilýän doga


1. Ebu Said El-Hudri (Razyýallahu anhu): Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) eşigini täzelände onuň adyny tutardy, ýa köýnek, ýa selle, soňra şeýle diýerdi:

“Allahumme lekel hamdu, ente kesewteniýhi, es’eluke min hoýrihi we hoýri mä suniga lehu, we auzu bike min şerrihi we şerri mä suniga leh.”([1])

"اللَّهُمَّ لَكَ الْحَمْدُ، أَنْتَ كَسَوْتَنِيهِ، أَسْأَلُكَ مِنْ خَيْرِهِ وَخَيْرِ مَا صُنِعَ لَهُ، وَأَعُوذُ بِكَ مِنْ شَرِّهِ وَشَرِّ مَا صُنِعَ لَهُ"

Manysy: Eý Allah! Hamdy-sena Saňadyr, Sen muny maňa geýdirdiň, onuň haýryny we (halal zatlarda) ulanmak haýryny Senden dileýärin, onuň şerinden we (haram zatlarda) ulanmak şerinden Saňa sygynýaryn.


2. Muaz ibn Enes (Razyýallahu anhu): Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:

“Kim (täze) eşik geýende: Elhamdu lillähil leziý kesäni häzes sewbe we rozokoniýhi min goýri hawlin minniý welä kuwwe, diýse geçen günäleri bagyşlanjakdyr.”([2])

"الْحَمْدُ لِلهِ الَّذِي كَسَانِي هَذَا الثَّوْبَ، وَرَزَقَنِيهِ مِنْ غَيْرِ حَوْلٍ مِنِّي وَلَا قُوَّةٍ"

Manysy: Bu köýnegi maňa geýdirip, men tarapdan güýç-gaýrat sarp etmezden ony (köýnegi) maňa rysgal beren Allaha hamdy-sena bolsun.


([1]) Sahyh Ebu Dawud 4020. ([2]) Sahyh Ebu Dawud 4023.

1 просмотр0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M