top of page
Поиск

Täret

Täret.

Mundaky meseleler:


Birinji mesele: Täretiň kesgitlemesi, hökümi.

Täret dil taýdan - päklik, arassalyk diýmekdir.

Din taýdan - dört agzalara suw degirmek: ýüz, iki el, kelle, iki aýak, suw degirmegi Allaha ybadat hökmünde, belli waspa görä ýerine ýetirmek.

Täretiň hökümi: namaz, towaf, Kurany ellemek ýaly amallary etmek isleýän täretsiz kişä täret almak parzdyr.


Ikinji mesele: Täretiň wajyplygynyň delili, kime wajyp we haçan wajyp?

Wajyplygynyň delilleri: "Eý, iman edenler! Namaz (okamak) üçin turanyňyzda, ýüzleriňizi we tirsekleriňize çenli elleriňizi ýuwuň, başlaryňyza mesh ediň we iki topuklaryňyza çenli aýaklaryňyzy ýuwuň! Eger ini hapa bolsaňyz, (gowy edip) ýuwnuň! Eger hassa ýa-da ýolagçy bolsaňyz, ýa-da siziň biriňiz aýak ýolundan gelen bolsa, ýa-da siz aýallaryňyza ýanaşan bolsaňyz we (ýuwnar ýaly) suw tapmasaňyz, päk toprak bilen teýemmum (teýim) ediň! (Ýagny) ýüzleriňize we elleriňize mesh ediň! Allah size kynçylyk döretmek islemeýär, emma sizi (günälerden) päklemek we (diniň hökümlerini beýan edip) Öz nygmatyny size doly bermek isleýär. (Bular) siziň (Allaha) şükür etmegiňiz üçindir." (Mäide 6)

"Täretsiz okalan namaz kabul edilmez, gululdan (oljadan ogurluk) bolan sadaka hem kabul edilmez." (Muslim)

“Biriňiziňem namazyňyz kabul edilmez egerde täretini bozan bolsa tä täret alýança” (Muslim)

Bir musulman hem bu barada gapma-garşy bolmady (ýagny, hemme musulmanlar ylalaşdylar) şeýdip, täretiň dindenligini Kuran, Sünnet we ijmag berkidendirler.

Kime wajyp?

Namaz ýaly täreti şert edýän amallary etmekligi niýetlenýän, akly ýerinde bolan, ýaşy ýetişen musulmana wajypdyr.

Haçan wajyp?

Namazdan öň, ýa islendik täreti şert edýän amaldan öň wajypdyr, meselem towaf, Kuran ellemek.


Üçünji mesele: Onuň şertleri:

Täretiň dürs bolmagy üçin şertler gerekdir, olar:

1) Yslam, akyl, saýgarmak, emma kapyryň, mejnunyň (däliniň), saýgarma ýaşyna ýetmedigiň täreti dürs däldir.

2) Niýet, hadysda: "Amallar niýetlere görädir"(Buhary we Muslim) diýilýär, niýeti dilde aýtmaklyk dinde ýokdur, sebäbi Pygamberimiz beýle etmedi.

3) Arassa suw, ýokarda agzap geçişimiz ýaly, emma nejasat suw bilen alnan täret dürs däldir.

4) Suwuň derä degmekligine päsgel berýän zatlary aýyrmak, meselem: hamyr, mum, dyrnaklara çalynýan lak.

5) Istinja ýa istijmar, eger aýak ýoluna gidilse.

6) Yzyny üzmezlik.

7) Tertip, yzygiderlilik. Bu barada geler in şä Allah.

8) Ýuwmaklyk wajyp bolan agzalary ýuwmak.


Dördünji mesele: Täretiň parzlary, ýagny ýuwulmaly agzalar:

1) Ýüzi dolulygyna ýuwmak, aýatda aýdylşy ýaly: "Namaz (okamak) üçin turanyňyzda, ýüzleriňizi...ýuwuň."(Mäide 6)

Agyz-burny çaýkamak hem ýüzi ýuwmaklyga girýär.

2) Iki elleri tirsekleri bilen ýuwmak, aýatdaky ýaly: " we tirsekleriňize çenli elleriňizi ýuwuň.."( Mäide 6)

3) Kelläniň hemme ýerine gulaklary bilen mesh çekmek (öl eller bilen süpürmek), aýatdaky ýaly: "başlaryňyza mesh ediň."(Mäide 6)

Hadysda: "Iki gulak kelledendir." (Tirmizi, Ibn Mäje, Elbäni “Sahyh” diýdi)

Kelläniň käbir ýerlerine mesh edip käbirlerine mesh etmezlik dürs bolmaýar.

4) Topuklar bilen aýaklary ýuwmak, aýatdaky ýaly: "we iki topuklaryňyza çenli aýaklaryňyzy ýuwuň!"(Mäide 6)

5) Tertip, çünki Allah täret kylnyşyny belli yzygiderlilikde agzaýar, şeýle hem, Pygamberimiz şol yzygiderlilikde täret kylar ekeni, ýüz, soňra iki el, soňra baş, soňra iki aýak, bu täretiň kylnyş waspy barada Abdullah ibn Zeýdin habar beren hadysynda([1]) we başgalaryň habar beren hadyslarynda gelendir.

6) Yzyny üzmezlik, ýagny, bir agzany öňündäki agzadan soň gijä galman göni ýuwmak, çünki, Pygamberimiz täret alanda yzyny üzmän alardy, Halid ibn Magdanyň hadysynda habar berilşi ýaly: "Pygamberimiz namaz okap duran bir kişiniň aýagynyň ýeňsesinde teňňe möçberinde suw degmedik ýerini gördi, şol sebäpli oňa täredi we namazy täzeden gaýtalamagy buýurdy." (Ebu Dawud, Ahmet, Elbäni “Sahyh” diýdi)

Şeýlelik bilen, eger yzyny üzmezlik şert bolmadyk bolsa, Pygamberimiz oňa diňe suw degmedik ýerini ýuwmaklygy buýrardy.


Bäşinji mesele: Täretiň sünnetleri:

Täret kylnanda käbir amallar bardyr, olary edene sogap bar, taşlana bolsa günä ýokdur:

1) Başynda bismilläh diýmek, hadysda şeýle diýilýär: "Bismilläh diýmedigiň täreti ýokdur (dürs däldir)." (Ahmet, Ebu Dawud, Hakym we başgalar, Elbäni “Hasan” diýdi)

2) Miswak ulanmak, hadysdaky ýaly: "Ymmatyma muşakgat (kynçylyk) bolmasa-dy, olara her namazda miswagy (ulanmaklygy) buýrardym." (Muttefekun aleýhi)

3) Täretiň başynda iki goşary üç gezek ýuwmak, Pygamberimiz ilki başda iki goşaryny üç gezek ýuwar ekeni, onuň täret kylnyşynyň waspynda agzalşy ýaly.

4) Agyz-burny çaýkamagy gowy ýerine ýetirmek, eger agzy bekli bolmasa, hadyslarda gelşi ýaly: "(Pygamberimiz täret alanda) agzyny we burnuny çaýkady."

"Eger agzyň bekli bolmasa burnuňy gowy edip çaýka (ýagny, suwy törüne salyp)."(Ebu Dawud, Nesäi, Elbäni “Sahyh” diýdi)

5) Owkalamak we gür sakalyň düýplerine çenli suw degirip, eliň bilen daramak, hadyslarda agzalşy ýaly: "Pygamberimiz haçanda täret alanda tirseklerini owkalardy." (Ibn Hibbän, Beýhäki, Häkim, Ibn Huzeýme, Ahmet)

Pygamber täret alanda, suwdan bir goşawuç alyp, eňeginiň aşagyna eltip, onuň bilen sakalyny (barmaklaryny arasyndan geçirip) darardy” (Ebu Dawud, Elbäni “Sahyh” diýdi)

6) El-aýak ýuwlanda ilki sagdan başlamak, hadysdaky ýaly: "Pygamberimiz köwüş geýende, saçyny daranda, täret alanda hemme işlerinde sagdan başlardy."(Muttefekun aleýh)

7) Ýüzi, elleri, aýaklary üç gezek ýuwmak, aslynda bir gezek ýuwmak parz, üç gezek mustahab, hadysdaky ýaly: "Pygamberimiz täret kylanda bir-birden, iki-ikiden, üç-üçden (ýuwardy)."(Buhary we Muslim)

8) Täretden soň şu dogany aýtmak: "Eşhedu enlä ilähe illallah wahdehu lä şeriýke leh we eşhedu enne muhammeden abduhu we resuluh."

Hadysdaky ýaly: "Kim täretini gowy edip alyp şu dogany aýtsa (Eşhedu enlä ilähe illallah wahdehu lä şeriýke leh we eşhedu enne muhammeden abduhu we resuluh, Allahummej-alniý minet-tewwäbiýne wej-alniý minel-mutetohhuryýn) onuň üçin sekiz jennetiň gapylary açylar, oňa isläninden girip biler." (Muslim, Tirmizi)


Altynjy mesele: Täreti bozujy zatlar:

Bozujy diýmek - täreti dürs däl edýän zatlar, olar alty sanydyr:

1) Iki deşikden (öň we yz) käbir zatlaryň çykmaklygy, meselem: peşew, tezek, döl, mezi (gyjanaňda çykýan suwuklyk), kesel gany, ýel, bu zatlar az mukdarda çyksyn, köp mukdarda çyksyn tapawudy ýok, hemmesem täreti bozýandyr, şu delillere görä: "ýa-da aýak ýolundan gelýän bolsaňyz..." (Nisa 43)

"Hiç biriňiziň täretsiz (halynda) namazyny Allah kabul etmez tä täret alýança."

"...ýöne (täreti bozýan zatlar) tezek, peşew we ukydyr."

Ýel çykanyna şeklenýän kişi hakynda şeýle diýýär: "Tä ses eşidýänçä, ýa ys alýança (täret almaga) gitmesin."

2) Bedeniň beýleki ýerlerinden nejasadyň çykmagy:

Eger çykýan zat tezek ýa peşew bolsa ýokarky delillere görä täret bozulýar, emma gan ýa gusuk bolsa, eger köp mukdarda çyksa onda ätiýaçlykdan täret almak has gowusydyr, emma az mukdarda bolsa, täret almak hökman däldir.

3) Aklyň gitmegi ýa örtülmegi, meselem: çaşmak, uklamak. Hadyslardaky ýaly: "...ýöne (täreti bozýan zatlar) tezek, peşew we ukydyr."

"Göz syrtyň bagydyr, düwmesidir, şonuň üçin kim uklasa täret alsyn."

Dälilik (mejnunlyk), çaşmaklyk, serhoşlyk biragyzdan (ijmag bilen) täreti bozýandyr, ýöne täreti bozýan uky agyr ukydyr, ýagny, hiç zady duýman uklamak, haýsy halda uklan bolsa-da tapawudy ýok, ýagny gyşaryp uklasyn, dik durup uklasyn tapawudy ýok, meseläni çözýän zat hiç zady duýman uklamak. Emma oýaly-ukuly bolmak, ýa irkilmek täreti bozmaýar, çünki, sahabalar namaza garaşyp irkilýär ekenler, soňra täret alman, turup namaz okaýan ekenler. (Muslim)

4) Perdesiz ynsan owradyny ellemek, Busra bint Safwanyň habar beren hadysynda Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýýär: "Kim owradyny ellese täret alsyn." (Ebu Dawud, Tirmizi we Nesäi)

Ebu Eýýubyň we Umm Habiýbäniň hadysynda şeýle diýýär: "Kim etegini ellese täret alsyn." (Ibn Mäje)

5) Düýäniň etini iýmek, Jäbir ibn Semure şeýle diýýär: “Bir adam Pygamberimiziň ýanyna gelip şeýle sorady: “Kiçi malyň etini iýenimden soň täret alaýynmy?” Pygamber: "Isleseň al, islemeseň alma."diýdi. Ol: “Düýäniň etini iýenimden soň täret alaýynmy?”diýdi, Pygamber: "Hawa, düýäniň etini iýip bolaňsoň täret al." diýdi” (Muslim)

6) Yslamdan çykmak, şu aýatda aýdylşy ýaly: "Kim imandan dänse onuň (ähli) amallary puç bolar..." (Mäide 5)

Her bir gusuly bozýan zat täreti hem bozýandyr, ölümden başga.


Ýedinji mesele: Haýsy amallar täreti şert edýär?

Mukellefe şu amallar üçin täret almak parzdyr:

1) Namaz, Ibn Omaryň hadysynda aýdylşy ýaly: "Allah täretsiz okalan namazy kabul etmez, gululdan (oljadan ogurluk) bolan sadakany hem kabul etmez." (Muslim we Tirmizi)

2) Käbäniň daşyndan towaf etmek, ol towaf parz ýa nefil bolsun tapawudy ýok, şu hadyslara görä: "Ol (Pygamberimiz) täret aldy, soňra käbäniň daşyndan towaf etdi." (Buhary we Muslim)

"Käbäniň daşyndan towaf etmek namazdyr, (bir tapawutly ýeri) - Allah towafda gürlemeklige rugsat berdi." (Ibn Hybban, Häkim we Beýhaky)

"Pygamberimiz aýbaşy aýala tä päklenýänçä towaf etmekligi gadagan etdi." (Buhary we Muslim)

3) Perdesiz Kurany ellemek, şu delillere görä: "Oňa (Kurana) meger tämiz bolanlar (el) degrip bilerler." (Wakyga 79)

“Kurany tämizden başga ellemez” (Mälik, Darakutnyý, Beýhaky, Häkim we Albany: “Sahyh” diýdi”


Sekizinji mesele: Haýsy amallarda täretli bolmak gowy saýylýar (mustahab bolýar) ?

1) Kuran okamak, Allahy zikr etmek.

2) Her namazdan öň täret almak, (ýagny, täretli bolsaňam), Enes şeýle diýýär: "Pygamberimiz her namazdan öň täret alardy." (Buhary)

3) (Aýalyna) ikilenç ýanaşmak islän kişä, gusulsyz uklamak islän kişä, gusulsyz iýip-içmek islän kişä täret almak, Ebu Saidyň hadysyna görä: "Biriňiz aýalyna ýanaşyp bolansoň, ýene gaýtalamak islese, täret alsyn." (Muslim)

Aişe enemiz şeýle diýýär: "Pygamberimiz gusulsyz halynda ýatjak bolanda namaza täret alşy ýaly täret alyp ýatardy." (Muslim)

Başga habarda Enemiz şeýle diýýär: "(gusulsyz halynda) iýjek bolanda ýa ýatjak bolanda (täret alardy)." (Muslim)

4) Gusuldan öň täret almak, Aişe enemiz şeýle diýýär: "Gusul alanda Pygamberimiz ellerini ýuwardy, soňra sag tarapyndan başlap çep tarapyna suw akydardy, soňra etegini ýuwup, namaza täret alşy ýaly täret alardy..." (Muslim)

5) Ukydan öň, ýatmazdan öň täret almak, Bera ibn Azibyň hadysynda aýdylşy ýaly: "Düşegiňe gireňde namaza täret alyşyň ýaly täret al, soňra sag tarapyňa gyşaryp ýat..." (Buhary)

([1]) Muslim 235

14 просмотров0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page