top of page
Поиск

Suwa düşülse täret bitermi?


Allaha hamd-senalar aýdyp öwýärin, we Onuň Resuly Muhammede, maşgalasyna we sahabalaryna salam we salawatlar aýdýaryn.


Täretsizlik iki görnüşde bolýar:

1- Uly täretsizlik

2- Kiçi täretsizlik.

1-Uly täretsizlik:

Ol gusul almagy parz edýän wasp, meselem: Haýz(1), nifäs(2), meni çykmagy(3) we iki owratyň bir-birine degmegi(4).


Açyklama:

-1- Haýz: ýagny aýbaşy.

-2- Nifäs: ýagny çaga dogrumda gelýän gan.

-3- Meni çykmagy: ýagny goýy damjanyň (dölüň) lezzetli pürküp çykmagy. Bu oýa bolana degişli, emma ýatan owratynda, ýa içgi eşiginde çyg görse, ýa eserini görse oňa gusul almak hökmandyr.

4- Iki owrat- ýagny erkegiň owraty bilen zenanyň owraty bir birine degse gusul hökmandyr, hatda işleri bitmesede.

2- Kiçi täretsizlik:

Aşakky wasplaryň biri tapylsa:

- Iki ýoluň birinden zat çykmagy, meselem: ýel, peşew, uly meýdan, gan we ş.m

- Aklyň gitmegi, örtülmegi, ýa uklamak.

- Düýe etini iýmek

- Uly täreti bozýanyň islendigi kiçi täretem bozýandyr.


Egerde uly täretsiz bolan kişi suwa düşüp gusul asla kiçi täretsizligem galar (biter), ýagny kiçi täretem biter. Egerde uly täretsizligi bitirmeýän gusul alsa täreti bitmez. Ýagny kim aýbaşdan soň, ýa çaga dogrumdaky gandan arassalanyndan soň, ýada jynsy aragatnaşykdan soň, ýa meni geleninden soň suwa düşüp diňe gusul alsa, onuň tereti biter. Emma has gowy, doly görnüşi, edil Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) edişi ýaly, ilki endamynda hapa ýer bolsa ýuwup, soňra doly täret alyp, soňra gusul almagydyr.

Emma uly täretsizligi galdyrmaýan (bitirmeýän) gusuly alsa täreti bitmez, ýagny Juma namazy, ýa baýram namazlary, ýa Haj, ýa umra we ş.m. sünnet gusullary alsa täreti bitmez, gusuldan daşary täretini almaly bolar egerde täretsiz halda bolsa.


Uly täretsizligi galdyranda (bitirende) kiçi täretsizligem bitip, täretli bolýanyna alymlaryň köplüginiň sözüdir, olaryň delilleri:



1- Täret aýaty, Allah Tagala Kuranda aýtdy:

“Egerde junup bolsanyň gowy arassalanyň"([1])

Bundan öňki aýatda Allah namaza durmazdan öň gerekli arasslanyşy agzaýar, ýagny, täreti, bu aýatda bolsa Allah Tagala täret alyň diýmedi, egerde gusul alynanda täret almak wajyp bolsa hökman aýdardy, diýmek namaza durmak üçin junup gusuly ýeterlik, diýmek junup gusuly öz içine täreti hem alýar.


2- Sahyh Buharyda gelen uzyn hadysda, junup (gusul almaly) haldaky kişä:

"Bar gitde bu suwy üstüňden akyt"([2]) diýen, egerde täret hem daşyndan almak wajyp bolsa hökman öwrederdi.


3- Ummu Seleme enemiz (Allah ondan razy bolsun) aýtdy:

"Eý, Allahyň Resuly! Başymyň saçyny berk örýärin, junup (gusul) haldan çykmak üçin ony çözeýinmi?" Aýtdy: "Ýok, diňe başyňa 3 gezek goşawujyňy dolduryp (düýplerine) suw eltseň, soňra üstüňe suw akytsaň arassalanarsyň"([3])

Diňe şu zatlary etse arassa boljagyny aýtdy, täreti agzamady.


4- Uly täretsizligi galdyrýan (bitirýän) arassalanyň ýagny gusul, kiçi täretsizligem (min bäbi ewlä) galdyrýar (bitirýär).


Ylymyň dogrusam Allahda, we sollallahu alä nebiýýinä Muhammed we sellem.


([1]) Maide 6 ([2]) Buhary 344 ([3]) Muslim 330

7 просмотров0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page