Soragsyz we azapsyz Jennete girjek 70 müň kişi.
Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) aýdanyny aýdýar: “Maňa (giden) ymmatlar görkezildi, Nebiý gördüm ýany bilen (ýagny yzyna düşen) 10 töwerek kişi, Nibeý gördüm ýany bilen bir- iki kişi bar, Nebiý gördüm hiç bir kişi ýok. Soňra (daşdan adamlardan bolan) uly, gara (topar) görkezildi, olar ymmatymdyr öýtdüm, ýöne maňa: “Bu Musa (aleýhisseläm) we onuň ymmaty, ýöne welin beýleki tarapa seret” diýildi, seretsem ine giden bir uly gara (adamlardan bolan topar) durdy, maňa: “Bular seniň ymmatyň 70 müň kişi soragsyz we azapsyz Jennete girerler” diýildi” diýip, soňra Nebiý (Sallallahu aleýhi we sellem) ýerinden turdyda öýüne girdi. Adamlar bolsa, Jennete soragsyz we azapsyz girjekler barada gürrüňe başladylar. Käbirleri: “Allahyň Resulyna ýoldaşlyk edenlerdir” diýdiler, käbirleri: “Olar Yslamda dogulan (we yslam bilen ýaşap, yslamda ölen) we Allaha hiç bir zady şärik etmediklerdir” diýdiler. Şeýdip ep-esli çaklamalarşy agzap durkalar, Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) çykyp: “Näme barada gürleşýärsiňiz?” diýip sorady. Oňa (Sallallahu aleýhi we sellem) habar berenlerinde, ol: “Olar (şirk ýada bidgat) rukýe etmezler([1]), illerde özlerne rukýa etmeklernem talap etmezler([2]), yrymam etmezler, (we tagmada ulanmazlar) dine Roblaryna bil baglarlar (daýanarlar)” diýdi welin, Ukaşe bin Muhson ýerinden turup: “Allahdan, meni olardan (70 müňden) etmegini diläp ber” diýdi, Nebiý: “Sen olardan” diýdi, soňra başga biri turup: “Allahdan, meni (hem) olardan etmegini diläp ber” diýende, ol: “Seni Ukaşe öňürtüledi” diýip jogap berdi” (Muttefekun aleýhi)
([1]) Rukýe – ýagny syrkawlyk üçin okalan zada aýdylýar,bizde molla okotmak diýilip bilinýär. ([2]) Illere okap ber diýip ýüz tutmazlar.