top of page
Поиск

SALYH GELNIŇ WASPLARY.


بسم الله الرحمن الرحيم


Takyk, hamdu-senalar Allahadyr, Ondan ýardam soraýarys, Ondan bagyşlanma dileýäris, Oňa toba edýäris, nebislerimiziň şerinden, amallarymyzyň ýaramazlyklaryndan Allaha sygynýarys, Allahyň dogry ýola salanyny azaşdyrjak ýokdur, Onuň azaşdyranyny dogry ýola saljak ýokdur.

Şäriksiz, ýeke-täk bolan Allahdan başga (hak) ilähiň ýokdugyna, Muhammediň Onuň bendesi (guly) we Resulydygyna (ilçisidigine) şaýatlyk edýärin, sallallahu we selleme aleýhi we alä älihi we ashabihi ejmägyýn, soňra:

"SALYH GELNIŇ WASPLARY" atly bu kitapça diňe gözel gylyk-häsiýetli gelin bolmak üçin durmuşa çykjak bolup ýören ýaş gyza degişli däldir.

Şeýle hem, öz haýatynda amala aşyryp, berjaý etmek üçin bu wasplary öwrenýän diňe aýal-maşgala degişli däldir.

(Bu kitapça) öz ýalňyşlaryny düzetmek isleýän, egsikliklerini doldurmak isleýän, öz maşgala durmuşyny gadyrly etmek isleýän diňe bu zatlary isleýän zenana degişli däldir.

Megerem, (bu kitapça) olardan başgalara hem degişlidir, (meselem) bu kitapça kakalara ýatlatmadyr, öz gyzlaryna ýa golastyndaky gyzlaryna ýagşy terbiýe, gadyrly ýaşaýyş, maşgala durmuşyny Allah we Resulynyň buýurşy ýaly alyp barmagy üçin (kakalar) ýardamçy bolmalydyrlar, olara şerigatyň kadalaryny, özlerinde berjaý edilmeli wasplary ýatladyp durmalydyrlar.

Ejeler üçinem (bu kitapça) ýatlatmadyr, çünki, ol öýüň gözegçisidir, öz gyzlary babatynda soraga çekiljekdir, olaryň ugrukdyryjysydyr, köp gyzlar öz ejelerinde gören gylyk-häsiýetleri edinýärler.

Şeýle hem, (bu kitapça) dagwatçylara-da (metjit ymamlary, din işgärleri, wagyz edijiler) degişlidir, bu mowzuga üns berip, aladalanmalydyr, bu ajap wasplary, öwgüli gylyklary, mübärek häsiýetleri ýaýyp, imanly jemgyýetiň, musulman diýaryň aýal-gyzlarynyň aýrylmasyz wasplary bolmagy üçin çalyşylmalydyr.

Ylaýta-da (aýratyn hem) şu zamanda, aýal-gyzlara garşy taryhda görlüp-eşidilmedik söweşiň alyp barylýan zamanynda, (ol söweş) birnäçe meýdanlarda köpsanly kanallar arkaly, dürli ýollar arkaly alyp barlyp, ondan (söweşden) maksat - aýal-maşgalanyň asyllylygyny, abraýyny, edep-ekramyny, imanyny, ahlagyny, salyhatlylygyny ýok etmekdir.

Öňki döwürde aýal-gyzlara ýaramaz pikirler, betnebis ynandyrmalar, zaýa garaýyşlar diňe az-sanly kanallar arkaly ýa ýaramaz jora arkaly ýetäýmese başga zatlar arkaly ýetmesi juda kyndy.

Emma häzirki wagtda, aýal-gyzlara öýleriniň töründe oturan ýerlerinde bütin älemiň hapalyklary, bütin älemiň süplükleri, bütin älemiň bozuklyklary ýetip dur.

Ekranyň öňünde oturyp, ýa internet tory arkaly, ýa bozuk žurnallar arkaly aýal-gyzlaryň akyllaryna, pikirlerine, kalplaryna şeriň we bozuklygyň hemmesi bildirmän aňşyrmadyk halynda siňýär.

Aýal-maşgala asylly, salyhatly, dindar, Beýik, hemme aýyp-nogsanlyklardan Päk Allaha mydama boýun egýän bolmagy üçin ýaramazlyklaryň penjiresini, şeriň ýollaryny, bozuklygyň girelgelerini ýapmagy hökmandyr.

Allahyň aýal-maşgalanyň üstüne gözegçi edip goýan kişiniň jogapkärçiligi uludyr, bu gaty möhüm zat bolup, azara galyp, aladasyny etmeli mowzugdyr.

Ýatlatmalaryň, aýal-gyzlaryň eýe bolmaly gözel wasplaryny, päk häsiýetlerini ýatladýanlaryň azlygy zerarly köp aýallarda gowşaklyk, ejizlik döredi, olarda dinsizlik we bihaýalyk köpeldi, kemçilikleriň birnäçe görnüşleri peýda boldy, ýoldan çykmalar ýaýrady. Soňra, bu sözler salyh gelniň wasplary barada, Beýik Arşyň Eýesi bolan Kerim Allahdan bu kitapçany haýyrly, peýdaly etmegini, ony haýryň açary, şeriň gulpy etmegini, ony kalplaryň hidaýaty, nebisleriň düzedijisi, älemleriň Robby bilen baglaýjy etmegini dileýärin, şeýdip Onuň (Allahyň) razylygy, söýgüsi gazanylar, şeýdip Ony gazaplandyrjak, gaharlandyrjak zatdan daşlaşylar, Allahyň ýardamy bilen aýdýaryn:

Bu mowzuga girmezden öň, düzetmeklik barada gürrüň etmekden öň, iki möhüm kadany bilmelidiris, çünki, olar salyhlygyň esasydyr, ýagny, salyhlyk iki zat bilen gazanylýar:

1. Allahyň üstünlik, rowaçlyk bermegi, Onuň hidaýat, ýardam, ýeňillik, dogrulyga gowuşdyrmagy, çünki, hidaýat beriji ýeke Allahdyr, üstünlik beriji hem diňe Oldur, hemme işler Onuň elindedir, aýatlarda şeýle diýýär:

"(Eý, Muhammet!) Allah kimi dogry ýola ugrukdyrsa, ine, ol dogry ýola ugrukdyrylan (kişi bolar). Kimi azaşdyrsa, sen hiç haçan (Allahdan başga) onuň üçin dogry ýoly görkeziji dost (hemaýatkär) tapmarsyň." (Kehf 17)

مَن يَهۡدِ ٱللَّهُ فَهُوَ ٱلۡمُهۡتَدِۖ وَمَن يُضۡلِلۡ فَلَن تَجِدَ لَهُۥ وَلِيّٗا مُّرۡشِدٗا ١٧

"Allah (ynsanlary) salamatlyk ýurduna (Jennete) çagyrýar we islän kişisini dogry ýola düşürýär." (Ýunus 25)

وَٱللَّهُ يَدۡعُوٓاْ إِلَىٰ دَارِ ٱلسَّلَٰمِ وَيَهۡدِي مَن يَشَآءُ إِلَىٰ صِرَٰطٖ مُّسۡتَقِيمٖ ٢٥

Şeýlelik bilen, hidaýat Onuň elindedir, düzetmek, üstünlik bermek Onuň elindedir, islän zady bolar, islemedik zady bolmaz, (bütinleýin) güýç-kuwwat diňe Beýik Allahyň elindedir.

2. Salyh bolmaklyk üçin, dogry ýolda bolmaklyk üçin ynsan elinden gelenini etmelidir, bar gujur-gaýratyny ol ýolda sarp etmelidir.

Sahyh hadysda pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) bu iki zady jemläp şeýle diýýär:

“Allahdan ýardam dilede saňa peýdaly zatlara ymtyl, yhlas et”

"احْرِصْ عَلَى مَا يَنْفَعُكَ، وَاسْتَعِنْ بِاللهِ"

(saňa peýdaly zatlara ymtyl, yhlas et) ýagny, hidaýatyň amala aşmasy üçin, salyh bolmaklyk üçin gerekli işleri, bähbitli hereketleri et.

(Allahdan ýardam dilede) ýagny, Oňa bil bagla, Oňa töwekgellik et, Ondan umyt edip, üstünlik, dogrulyk, berklik sora, dogry ýolda bolup, salyh bolmaklygyň üçin Ondan ýardam dile. Bu kada beýik bolup, hemme haýyrlary öz içine alýandyr.

Üns bermeli başga kada:

Salyhlygyň çeşmesi, onuň asly, esasy, ony tanamaklygyň, oňa gowuşmaklygyň ýeke ýoly - Allahyň kitaby (Kuran-Kerim) we pygamberiň (Sallallahu aleýhi we sellem) sünnetidir, bu kada her bir dagwatçynyň, ýatladyjynyň wajybydyr.

Dogry ýoluň Kuran bolmagynyň delili şu aýatdyr:

"Elbetde, bu Kuran (ynsanlary) iň dogry ýola gönükdirýär." (Isra 9)

Dogry ýoluň pygamberimiziň sünneti bolmagynyň delili:

"Size iki zady goýup gidýärin, (olara eýerseňiz) hiç azaşmarsyňyz - Allahyň Kitaby we sünnetim (ýolum)."

«تركت فيكم شيئين لن تضلوا بعدهما: كتاب الله وسنتي»

Bu zatlara esaslanyp mowzugymyzy şeýle atlandyrýarys:

"Allahyň Kitaby we Resulynyň sünneti saýasynda salyh gelniň wasplary".

Ýagny, her bir agzajak waspymyz delile daýanýandyr, ýa Kurandan ýa sünnetden bolan subutnama esaslanýandyr.

Üçünji kada: Her bir tagat-ybadatyň esasy, her bir fazyletiň, kämilligiň düýbi - Allahdan gorkmaklykdyr (takwalykdyr), çünki, ol fazyletiň aslydyr, haýyrlaryň çeşmesidir, iki dünýe bagtyýarlygynyň diregidir. Musulman aýal-maşgalanyň şuňa akyl ýetirmesi hökmandyr: Onuň şerigatyň edeplerini berjaý etmesi, asylly gylyk-häsiýetlere eýe bolmasy Allahyň razylygyna gowuşdyrýan, sogap-sylag gazandyrýan ybadatlaryň biridir, emma eger bu zatlarda kemçilik goýberse, egsiklik etse, kemçiligi möçberinde sogap-sylagy azalar, bu barada mynasyp ýerinde has giňişleýin geler in şä Allah.

Ilkinji başlajak zadym - "Nisa" süresindäki salyh gelniň wasplaryny aýtmak:

"Bes, ýagşy zenanlar kanitatdyrlar (Allahyň emrine) boýun egýänlerdir. Olar Allahyň (öz haklaryny) goraýandygy üçin (ärleri ýok wagty namyslaryny) goraýan aýallardyr." (Nisa 34)

فَٱلصَّٰلِحَٰتُ قَٰنِتَٰتٌ حَٰفِظَٰتٞ لِّلۡغَيۡبِ بِمَا حَفِظَ ٱللَّهُۚ

Aýatyň şu parçasy gözel, päk wasplary jemledi:

Birinji wasp: öz Robbuna güýçli baglanyşygy bolmagy.

Ikinji wasp: öz adamsyna güýçli baglanyşygy bolmagy.

Öz Robbuna güýçli baglanyşygy bolmasy şu sözde agzalýandyr: "ýagşy zenanlar kanitatdyrlar."

Kanitat diýmek - Allaha dowamatly ybadat edýän, doly derejede ybadaty berjaý edýän, Yslamyň parzlaryna sowuk-sala garaman, egsiklik etmän, olary ýerine ýetirýän zenan diýmekdir, şu zatlaryň hemmesi kanitat sözüniň manysydyr.

"Olar Allahyň (öz haklaryny) goraýandygy üçin (ärleri ýok wagty namyslaryny) goraýan aýallardyr." aýatyň bu parçasy şuny aňladýar: Ärleri ýok wagtam, bar wagtam olaryň haklaryny, ar-namyslaryny, mal-mülkini, hak-hukuklaryny goraýan zenanlardyr.

Zenanlaryň bu zatlary gorap başarmaklygy Allahyň emri, ýardamy, ýeňilligi sebäplidir, şonuň üçin şeýle diýdi: "Allahyň goraýandygy üçin". Ýagny, bu zatlar aýalyň başarjaňlygy, ukyplylygy, zehini, ökdeligi sebäpli däldir, megerem, Allahyň üstünligi, ýeňilligi sebäplidir.

Biraz mundan öň agzap geçişim ýaly, salyhlyk, dogrulyk Allahyň üstünligi, ýeňilligi, ýardamy bilen gazanylýandyr.

"Kanitat" sözi aýal-maşgalanyň Yslamyň parzlaryny ýerine ýetirip, diniň wajyplaryny berjaý etmekligini hem öz içine alýandyr.

Bu manyny aňladýan ençeme hadyslar bardyr:

Ibn Hybban öz "sahyhynda" Ebu Hureýradan habar beren hadysynda pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýýär:

"Eger aýal-maşgala bäş wagtyna (namaz) okasa, (Remezan) aýynda agyz beklese, owradyny (etegini haramdan) saklasa, adamsyna boýun bolsa, Jennete islän gapysyndan girer."

«إِذَا صَلَّتِ الْمَرْأَةُ خُمُسَهَا، وَصَامَتْ شَهْرَهَا، وَحَصَّنَتْ فَرْجَهَا، وَأَطَاعَتْ بَعْلَهَا دَخَلَتْ مِنْ أَيِّ أَبْوَابِ الْجَنَّةِ شَاءَتْ»

Ymam Ahmediň Abdurrahman ibn Awfdan habar beren hadysynda pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýýär:

"Eger aýal-maşgala bäş wagtyna (namaz) okasa, (Remezan) aýynda agyz beklese, owradyny (etegini haramdan) saklasa, adamsyna boýun bolsa, oňa: “Jennete islän gapyňdan gir” diýler."

"إِذَا صَلَّتِ الْمَرْأَةُ خَمْسَهَا، وَصَامَتْ شَهْرَهَا، وَحَفِظَتْ فَرْجَهَا، وَأَطَاعَتْ زَوْجَهَا قِيلَ لَهَا: ادْخُلِي الْجَنَّةَ مِنْ أَيِّ أَبْوَابِ الْجَنَّةِ شِئْتِ"

Bu nähili beýik sylag, nähili uly sarpa, Allahyň wada beren haýry bir eliň barmaklarynda sanaýmaly 4 amallardyr, eger bu amallary berjaý etse, oňa: “Jennete islän gapyňdan gir” diýler.

Özüne haýyr isleýän zenan üçin bu wasplary edinmek, bu häsiýetlere eýe bolmak, bu amallary dowamatly etmek mynasyp dälmi eýsem?! Namazy berjaý etmek, agyz beklemek, owradyny (etegini) haramdan saklamak, adamsynyň hukuklaryny ýerine ýetirmek mübärek wada gowuşmak üçin amallardyr, ýagny, kyýamat gününde oňa: “Jennete islän gapyňdan gir” diýler.

Aýal-maşgalanyň abadanlygy - onuň öz Robby bilen baglanyşygyna baglydyr, Oňa ytagat etmegi, Oňa golaýlaşjak bolmagy, ybadatda dowamatly bolmagy aýal-maşgalanyň bagtyýarlygynyň, rowaçlygynyň, üstünliginiň bütin durmuşyndaky, şol sanda maşgala durmuşyndaky syrydyr, şeýle hem, onuň perzentleriniň, zürýadynyň salyh bolmalarynyň we asuda, bagtyýar ýaşamagynyň aslydyr.

Şonuň üçin, özüne haýyr isleýän zenan üçin, şeýle hem, öz gyzlaryna haýyr isleýän kakalar üçin olara ýagşy terbiýe berip, salyhatlylyk, dogrulyk, ybadatda dowamatlylyk, Yslamyň parzlaryna üns bermek, aýratynam, bäş wagt namaza, Remezan orazasyna, her bir asyllylyga täsir etjek zatdan daşda bolmak, hadysda agzalşy ýaly: "owradyny (etegini haramdan) saklasa." Ynha şul gözel terbiýe bermekdir.

Owradyny (etegini) haramdan saklamak üçin aýal-maşgala ýa olaryň gözegçileri (kakasy, äri, dogany...) bozuklyga eltýän ýollary, şerlere iterýän sebäpleri, başyna abanyp duran belalary örtmegi we ýok etmegi zerurdyr.

Şeýdip, aýal-maşgala Allahdan gorkup, öz adamsyna wepaly bolup ýaşamalydyr, eger durmuşa çykmadyk bolsa, deň-duş, ýan-ýoldaş tapsa maşgala durmuşynyň başyndan soňuna çenli Allahdan gorkup ýaşaşsyn.

Üns çekmeli ýene bir mesele - ol hem toýda edilýän çenden aşa israfçylyk, zaýaçylyga eltýän artykmaç bolelinlik. Bu örän zyýanly işdir.

Köp gyzlar toýdan öň şu zatlara üns berýärler:

Daşky keşbi bezemek, öz boýdaş gyzlaryň toýlarynda eden bezeglerine üns bermek: “Plan gyz eýtdi, planyň toýunda beýle boldy” diýip, israfçylyga, zaýaçylyga baş urmak, üsti-üstesine käbir haramlyklara, günälere ýol berilýär, şeýdip, bu zatlar berekediň kemligine, haýryň azalmagyna sebäp bolýar.

Emma bu zatlardan ene-atalar we olaryň gyzlary daşda dursalar, israfçylyk etmeseler, haramlyklar-günä işleri etdirmeseler, sowulýan pullary ýerlikli sowup, zaýaçylyga ýol bermeseler, haýyr we bereket hasyl bolar.

Şonuň üçin hadyslarda şeýle gelýär:

"Iň haýyrly nika - iň ýeňilidir." (Ukbe ibn Amirden Ebu Dawudyň habar beren hadysy).

«خَيْرُ النِّكَاحِ أَيْسَرُهُ»

"Iň bereketli aýal - az çykdajyly aýaldyr (az zatlar bilen kanagat edýän aýal)."

"أَعْظَمُ النِّسَاءِ بَرَكَةً أَيْسَرُهُنَّ مَئُونَةً"

Şol sebäpli ene-atalar we gyzlar toý edenlerinde ýeňillik döredip, agram salmaly däldirler, israf-zaýaçylykdan näçe daş bolsalar şonça-da onuň maşgala durmuşyna täsiri bardyr, ýeňillik döretmek we ýerlikli sowmak ýaşlaryň haýyrly, bereketli bolmagyna sebäpdir.

Emma maşgala durmuşynyň ilkinji ädimini haramlyklar, günäler, zaýaçylyk bilen başlasalar berekediň aýrylmagynyň iň uly sebäpleriniň biridir.

Salyh gelniň wasplarynyň ýene birisi - şeýtandan häzir bolmakdyr, çünki, şeýtanyň bu dünýädäki wezipesi - zaýalamakdyr, bozmakdyr, ýagny, (ynsanyň) dinini zaýalamak, ahlagyny zaýalamak, aragatnaşygy zaýalamak, (är-aýal) ýaşaýşyny zaýalamak, doganlygy zaýalamak, her bir haýyrly zady zaýalamak, şonuň üçin her gün bu zatlary etmekleri üçin nökerlerini iberýär.

Jäbir Ibn Abdullahdan Muslimyň habar beren hadysy barada pikirleneliň:

"Takyk, Iblis (iň uly şeýtan) öz arşyny suwuň üstünde goýýar, soňra öz nökerlerini iberýär."ýagny, golastyndaky goşunlary ynsanlaryň arasynda bozuklyk ekmekleri üçin ugradýar. "Oňa (Iblise) iň golaý (şeýtan) iň uly fitneçisidir (ýagny, iň erbet iş etdirýän, iň beter azdyrýan, has zyýanly işleri etdirýän şeýtan)" - ýagny, Iblise iň ýakyny - adamlaryň arasyna iň erbet fitne sokýanydyr. "Olaryň birisi gelip." ýagny, ýaňky goşundakylaryň birisi. "şeýle diýýär: “Eýtdim beýtdim (ýagny, etdiren günä işlerini agzaýar), (Iblis): “Hiç zat etmänsiň” diýer, soňra beýlekisi gelip: “Är-aýaly aýrylyşdyrýançam ýanlaryndan gitmedim” diýer, şonda (iblis) ony özüne golaýlaşdyryp: “Nähili gowy sen!" Agmaş aýtdy: "Ony ýanyndan aýyrmaz" ýagny: gujaklap, ýakynynda oturtdyrar, eger är-aýaly aýrylyşdyrsa.

Şu zat barada salyh gelin we adamsy pikirlenmesi zerurdyr, bu hakykata göz ýetirmesi hökmandyr, ýagny, damarlarda akýan, göze görünmeýän, gizlin, was-wasa berýän, hile gurnaýan, mekirlik edýän duşmanyň bardygyna göz ýetirmelidirler, ençeme ýollar bilen ikisiniň arasyna duşmançylyk atyp, ikisiniň kalplaryna was-wasa berip, müňkürlikleri ekýär.

Şonuň üçin dinimiz ondan goranmaklygy emir edendir, öýe girende, är-aýal gatnaşygyndan öň, naharyň başynda, gahar wagtynda (ýörüte dogalar bardyr). Şeýtan ynsana öýünde, maşgalasynda, çagasynda, şärik bolmaz ýaly, mübärek zikrleri, Kurany-Kerimi, sünnetdäki dogalary, aýdyp durmalydyr, şeýle hem, Allaha tagat-ybadadynda dowamatly bolmalydyr.

Şeýlelik bilen, salyh aýal şeýtanyň şerlerinden goranyp ýörmelidir.

Şol was-wasalara, şerlere uýup, näçe maşgala-ojaklar ýykyldy, eger olar Allaha daşlanyp kowlan şeýtanyň şerinden, was-wasalaryndan sygnan bolsalardylar maşgala-ojaklar ýykylmazdylar.

Şeýtana boýun bolup, näçe aýrylyşyklar boldy, emma şeýtan bolsa, hälki Iblisiň ýanyna gidip, ýakynynda oturýar, näme üçin? sebäbi maşgalany ýykdy.

Şu ýerde möhüm belläp geçmeli zat: Seni görüp duran, emma sen ony görmeýäň, gizlin duşman bolan şeýtan, gaty giň tejribeli, ençeme başdan geçirmeleri gören närsedir. Eger bir edaranyň iň tejribeli işgäri 50-60 ýaşly bolsa, şeýtanyň ýaşy müňlerçe ýyldyr, ýyllar boýy adamlary azdyrmakda, azaşdyrmakda, bozuklykda taýsyz bolup, näçe adamlary bozuklyk çukuryna salandyr, şol sebäpli, musulman maşgalanyň öýi bu duşmandan goragly bolmalydyr.

Salyh gelniň wasplarynyň ýene birisi - öz adamsy oňa bakan wagty ony begendirmek, şadyýanlyk salmak, üsti-başyny, daşky keşbini, eşiklerini arassa saklamak, onuň buýruklaryny ulumsylanman, kiçilik bilmän, ýerine ýetirmek, şu hadysda pygamberimizden (Sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýip soraýarlar:

"Iň haýyrly aýal kimdir?" - Ol:"(Adamsy) bakan wagty ony begendirýän, buýran wagty boýun egýän, özünde we malynda onuň (adamsynyň) halamaýan zadyny etmeýän." (Nesai)

عَنْ أَبِي هُرَيْرَةَ، قَالَ: قِيلَ لِرَسُولِ اللَّهِ صَلَّى اللهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ:

أَيُّ النِّسَاءِ خَيْرٌ؟ قَالَ: «الَّتِي تَسُرُّهُ إِذَا نَظَرَ، وَتُطِيعُهُ إِذَا أَمَرَ، وَلَا تُخَالِفُهُ فِي نَفْسِهَا وَمَالِهَا بِمَا يَكْرَهُ»

Ýagny, aýal-maşgala öz adamsynyň ýanynda üsti-başyny, daşky keşbine üns bermelidir, şeýle hem, onuň mätäç zatlaryna, isleglerine, buýruklaryna üns bermelidir.

Gynandyryjy zat: köp aýallar owadanlanmagy, bezenmegi diňe öýden çykjak wagty bilýärler, ýa üýşmeleňe, toýa çykanlarynda bilýärler, emma adamsy öýe gelende ony çalam-çaş eşik bilen, bulam-bujar saçy bilen, ýakymsyz ysy bilen garşy alýarlar, şonuň üçin, adamsynyň islegi kesilýär, sebäbi aýaly her sapar öýden çykanda bezenip çykýar, sypaty bular ýaly (şeýle wasply) bolan aýala adamsynyň nädip islegi oýansyn?! Nädip beýle aýala onuň kalbynda söýgi döresin?!

Aslynda bu ýagdaý aýalyň akmaklygynyň delilidir, öz durmuş bagtyýarlygyna, öz mertebesine, sarpasyna kemakyl garadygydyr.

Şeýle hem, aýal-maşgalada bolmaly däl wasplar: hemişe nägile bolmak, ärine elmydama şikaýat edip ýörmek, islegine jogap bermezlik, şeýle bolmak bilen aýal-maşgala durmuşyny dargadyp, ony betbagt, agyr edýär, şeýdip, ol öz-özüne zyýan ýetirýär.

Muslimyň Jabirden habar beren hadysynda pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýýär:

"Eger biriňiz gije öýüne gelse duýdansyz gelmesin." - ýagny, birden garaşylmadyk ýagdaýda gije gelmesin, näme üçin? - "(etek tüýlerinden) aýal saplanar ýaly we bulam-bujar saçyny darar ýaly."

Bu hadysdan çykýan netije - aýal-maşgala adamsyny gözel şeklinde, owadan halynda, arassa keşbinde garşy almalydyr, aýratynam, daş ýoldan gelende, şeýle hem, diňe öz üsti-başyny oňarman, eýsem, öýüň içini hem tertibe getirmelidir, Aişe enemiziň habar berşi ýaly:

"Pygamberimiz sapardan gelipdi, haçanda äpişgä suratly tutyny goýanymy görende, ony ýyrtyp şeýle diýdi: “Kyýamat gününde iň agyr azap çekjek adamlar - Allaha ýaratmakda meňzejek bolýanlardyr.” " Aişe enemiz: “Şonuň üçin ondan bir ýa iki ýassyk ýasadyk.” (Buhary Muslim)

«أَشَدُّ النَّاسِ عَذَابًا يَوْمَ القِيَامَةِ الَّذِينَ يُضَاهُونَ بِخَلْقِ اللَّهِ» قَالَتْ: فَجَعَلْنَاهُ وِسَادَةً أَوْ وِسَادَتَيْنِ

Ýagny, Aişe enemiz näme üçin äpişgä tuty goýupdy? Pygamberimiziň öýüň bezelenini görmegi üçindir.

Şeýlelik bilen bu hadysdan almaly sapagymyz - aýal-maşgala öý-içerini ýygnap, arassaçylyga, tertibe üns bermelidir we özünem doly tertibe getirmelidir, adamsyny gözel şeklinde garşy almalydyr, ynha şular pygamberimiziň sünnetinde gelen salyh gelniň wasplarydyr.

Enes Ibn Mäligiň habar beren hadysynda pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýýär:

"Size Jennetdäki aýallaryňyz barada habar bereýinmi?" ýagny, gözel gylykly, mübärek häsiýetli bolany üçin Jennete girjek aýallar, "(Adamsyny) söýýän, dogurmagy (söýýän) her bir aýal, eger ol (aýal) gaharlansa, ýa onuň bilen ýaramaz gatnaşylsa, ýa (adamsy) gaharlansa şeýle diýer: “Bu elim seniň eliňde, (gözümi) ýummak lezzetini almaryn tä menden razy bolynçaň.”" ýagny, tä menden razy bolynçaň gözümi ýummaryn, uka gözüm batmaz, kaýyl bolmaryn.

"ألا أخبركم بنسائكم في الجنة! كل ودود ولود، إذا غضبت أو أسيء إليها أو غضب زوجها؛ قالت: هذه يدي في يدك؛ لا أكتحل بغمض حتى ترضى"

Gynansak-da, öz ärlerini gaharly hallarynda ençeme günläp ýatyrmak käbir aýallaryň azaryna-da däl, bu ýagdaýa onuň dahyly ýok ýaly, hamala ol Allaha duşup, Onuň öňünde hasaba çekilmejek ýaly.

Salyh gelniň wasplaryndan ýene birnäçesi şu hadysda agzalýar:

"Iň haýyrly aýallaryňyz Allahdan gorkup (adamsyna) söýgüli, (dogurmagy) söýýän, mylaýym, göwünlik berýän, iň şerli aýallaryňyz bolsa - ýarym-ýalaňaç (geýinýän, ýagny, doly örtünmeýän), ulumsy, hondanbärsi bolan, olar munafyk (ikiýüzli) aýallardyr, olardan Jennete girjekler edil ak nokatly garga ýalydyr."

"خَيْرُ نِسَائِكُمُ الْوَدُودُ الْوَلُودُ الْمُوَاتِيَةُ الْمُوَاسِيَةُ، إِذَا اتَّقَيْنَ اللهَ، وَشَرُّ نِسَائِكُمُ الْمُتَبَرِّجَاتُ الْمُتَخَيِلَّاتُ وَهُنَّ الْمُنَافِقَاتُ لَا يَدْخُلُ الْجَنَّةَ مِنْهُنَّ، إِلَّا مِثْلُ الْغُرَابِ الْأَعْصَمِ"

Ýagny, "ak nokatly garga" ganatynda ýa aýagynda ak nokat bolan gargadyr, gap-gara gargalaryň arasynda ak nokatlysyna duş gelmek gaty seýrekdir, köplenç gargalar bütinleýin tüm-gara bolýarlar, şeýlelik bilen, hadysdaky:"olardan Jennete girjekler edil ak nokatly garga ýalydyr." diýmegiň manysy - edil ak nokatly garganyň gyt bolşy ýaly şeýle wasply aýallardan hem Jennete girjekler gytdyr.

Bu manydaky ýene bir hadys:

"Eý Aýallar magşary! Sadaka beriň, köp bagyşlanma diläň, çünki, ot eýeleriniň (dowzaha girjekleriň) köpüsi sizdigiňizi (aýallardygyny) gördüm."

«يَا مَعْشَرَ النِّسَاءِ، تَصَدَّقْنَ وَأَكْثِرْنَ الِاسْتِغْفَارَ، فَإِنِّي رَأَيْتُكُنَّ أَكْثَرَ أَهْلِ النَّارِ»

Näme üçin dowzahdakylaryň köpüsi aýallar? Haçanda sünnetde gelen şerli, dowzah eýeleriniň wasplaryna üns bersek, köp aýallar aladalanmaýarlar, şol wasplardan saplanjak bolup, azara galmaýarlar, boluşlary bir gün Allahyň öňünde durup hasap bermejek ýaly, bu hadyslary eşitse-de bar aladasy haý-höwes islegidir.

Aýal-maşgalada ýazgarylýan wasplary beýan edip ençeme hadyslar gelendir, şolaryň birisi Ibn Omaryň sözi:

"Ýasama saç dakýany, ýasama saç dakdyrýany, (endamyna) sanjym edýäni we sanjym etdirýäni pygamberimiz lagnatlandyr, näletländir."

«لَعَنَ النَّبِيُّ صَلَّى اللهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ الوَاصِلَةَ وَالمُسْتَوْصِلَةَ، وَالوَاشِمَةَ وَالمُسْتَوْشِمَةَ»

Başga-da Ibn Abbas şeýle diýýär:

"Erkeklerden aýallara meňzeýänleri we aýallardan erkeklere meňzeýänleri Allahyň Resuly lagnatlandyr, näletländir."

«لَعَنَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى اللهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ المُتَشَبِّهِينَ مِنَ الرِّجَالِ بِالنِّسَاءِ، وَالمُتَشَبِّهَاتِ مِنَ النِّسَاءِ بِالرِّجَالِ»

Ýene-de Ibn Abbas şeýle diýýär:

"Aýallardan özlerini erkekler ýaly alyp barýanlary pygamberimiz lagnatlandyr, näletländir."

«لَعَنَ النَّبِيُّ صَلَّى اللهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ المُتَرَجِّلاَتِ مِنَ النِّسَاءِ»

Bu hadyslardaky näleti, lagnaty, Allahyň rehmetinden kowulmagy eşidibem köp aýallar alada galmaýarlar, Allahyň öňünde hasaba çekilmejek ýaly, günlerde bir gün gör gazylyp, gum bilen gömülmejek ýaly, reňkler üýtgäp, bedenlerden boýunlar aýrylyp, gözler ýaňaklardan (ýaş kimin) akyp, elhençlikler gelmejek ýaly özlerini alyp barýarlar. Bu zatlaryň hemmesini unudyp, bar aladasy owadanlanmak, bezenmekdir, eger bu işler günä bolup, Allahyň haram eden amallary bolup, Onuň gahar-gazabyny getirýän bolsa-da (saklanmaýarlar).

Şeýlelik bilen, aýal-maşgalanyň häzir bolmaly, olardan daşlaşmaly häsiýetleri sünnetde beýan edilendir, bu ýaramaz wasplary bilmekden maksat aýalyň olardan daşda bolmagydyr, şu goşguda agzalşy ýaly:

Şeri şer üçin öwrenmedim,

emma ondan goranmak üçin,

adamlardan şeri bilmeýän oňa düşer.


Salyh gelniň wasplarynyň ýene biri - adamsynyň hak-hukuklaryny egsiksiz berjaý etmek, oňa hyzmat etmekde elinden gelenini etmek, haçanda bir aýal pygamberimiziň ýanyna gelende şeýle diýýär: "Ýoldaşyň barmy?" Ol: “Hawa” diýip jogap berýär. "Sen onuň bilen nähili (gatnaşýarsyň?)" Ol: “Elimden gelýän hiç bir zady onuň üçin gaýgyramok” diýýär. "Onuň bilen (gatnaşyşyňa) seret, çünki, ol seniň ýa Jennetiňdir, ýa-da Dowzahyňdyr" (Sünen kubro, Nesai)

"أَذَاتُ زَوْجٍ أَنْتِ؟" قَالَتْ: نَعَمْ قَالَ: " كَيْفَ أَنْتِ لَهُ؟ " قَالَتْ: مَا آلُوهُ إِلَّا مَا عَجَزْتُ عَنْهُ قَالَ: "فَانْظُرِي أَيْنَ أَنْتِ مِنْهُ، فَإِنَّمَا هُوَ جَنَّتُكِ وَنَارُكِ"

Haçan adamsy aýalynyň Jenneti, haçan Dowzahy bolýar?

"Sen onuň bilen nähili (gatnaşýarsyň?)"ýagny, seniň borçlaryň bardyr, sen Allahyň bendesi-siň, Jennet bar, ot bar, Allah seniň boýnuňa adamyň babatynda borç ýükländir, olary berjaý et, olary kämilligine, dolulygyna ýerine ýetirjek bol, Allahyň razylygy üçin, Oňa boýun bolup, boýnuňdaky borçlary ýerine ýetir, emma öz haklaryňy Allahdan dile, çünki "ol seniň ýa Jennetiňdir, ýa-da Dowzahyňdyr".

Salyh gelniň wasplaryndan ýene biri - adamsyna köp agram salyp, muşakgat döretmezlik, şeýle hem, öýde zaýaçylyga, israfçylyga ýol bermezlik, adamsynyň malyny boş ýere sowmazlyk, megerem, ortaça-aram bolmak, şu aýatda aýdylyşy ýaly:

"Olar (möminler) sarp edenlerinde isrip hem-de gysgançlyk etmezler. Ikisiniň arasynda orta ýoly tutarlar." (Furkan 67)

وَٱلَّذِينَ إِذَآ أَنفَقُواْ لَمۡ يُسۡرِفُواْ وَلَمۡ يَقۡتُرُواْ وَكَانَ بَيۡنَ ذَٰلِكَ قَوَامٗا ٦٧

Jabiriň gürrüň beren hadysy:

"Bir gün pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) hutba okady, dünýe we ahyreti agzap, hutbasyny uzaldyp şeýle diýdi:

"Ysraýylogullarynyň (jöhitleriň) ilkinji heläk bolmagy, garybyň aýaly öz adamsyndan gymmatbaha zatlary, (ýa-da zady, diýdi) geýimleri edil baýyň aýaly ýaly talap ederdi, şeýle hem, ysraýylogullaryndan bir aýal barada agzady, ol aýal gysga (boýly) ekeni, şonuň üçin, agaçdan özüne aýak ýasaýar we açylyp-ýapylýan ýüzügiň içine atyr salýar, şeýdip, iki sany uzyn boýly aýalyň arasyna girip (daşaryk) çykýar, olaryň yzyndan birini (tanamak üçin) ugradýarlar, ol hem iki uzyn boýlyny tanap, iki aýagy agaçdan bolany bolsa tanamaýar."

إن أول ما هلك بنو إسرائيل أن امرأة الفقير كانت تكلفه من الثياب أو الصيغ أو قال: من الصيغة ما تكلف امرأة الغني، فذكر امرأة من بني إسرائيل كانت قصيرة واتخذت رجلين من خشب وخاتما له غلق وطبق وحشته مسكا وخرجت بين امرأتين طويلتين أو جسيمتين، فبعثوا إنسانا يتبعهم، فعرف الطويلتين ولم يعرف صاحبة الرجلين من خشب


Ysraýylogullarynyň ilkinji heläkçiligi, dogry ýoldan azaşmaklary - garybyň aýaly adamsyna gymmat zatlary, bezegleri, zynatlary edil baýyň aýaly talap edişi ýaly talap eder ekeni, agram salar ekeni, soň bu gysga aýalyň eden zatlaryna bakyň! Israfçylyk, zaýaçylyk, boş ýere pul sowmak, aldawa salmak, Allahyň ýazgydyna (berenine) kanagatsyz bolmak.

Uly ökjeli köwüşler barada Hemişelik Fetwa Komitetiniň şeýle beýany bardyr:

"Belent ökjeli (köwüşleri) geýmek rugsat däldir, çünki, aýalyň ýykylmagy mümkindir, ynsan aslynda zyýanly zatlardan daşlaşmalydyr, şu aýatlaryň umumy manysyna görä:

"Öz elleriňiz bilen özüňizi heläkçiligiň (öňüne) atmaň" (Bakara 195)

"Özüňize kast etmekden saklanyň!" (Nisa 29)

Şeýle hem, (belent ökjeli köwüş) aýal-maşgalanyň boýuny we guýrugyny boldugyndan artykmaç edip görkezýär, bu bolsa aldawa salmakdyr we görkezmeli däl zynat ýerleri görkezmekdir."

Salyh gelniň wasplarynyň ýene biri - ýagşylyk edýänlere şükür etmek, minnetdar bolmak, edilen ýagşylygy bilmek, gadyrbilmesiz bolmazlyk. Ýagny, Allah Tagala aýal-maşgala adamsynyň üsti bilen näme nygmatlar beren bolsa, şolara gadyrbilmezlik etmezlik, minnetdar bolmak, hadysda şeýle diýilýär:

"Adamlara şükür etmeýän, minnetdar bolmaýan Allaha-da şükür etmez, minnetdar bolmaz."

"لا يَشْكُرُ الله من لا يَشْكُرُ النَّاس"

Esma bint Ýeziýd Ensariýýe şeýle diýýär:

"Joralarym bilen durkak ýanymyzdan pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) geçip barýardy, bize salam berip şeýle diýdi:

"Sizi ýagşylyk edýänlere gadyr bilmezlik etmegiňizden (saklap) duýdurýaryn." Men soradym: “Eý Allahyň Resuly! Ýagşylyk edýänlere gadyr bilmezlik nähili bolar?” Ol: "Belki, käbiriňiziň ene-atasynyň ýanynda bolmasy uzaga çeker (durmuşa giç çykarsyňyz), soňra Allah size ýoldaş rysgalyny berer, soň ondan perzent rysgalyny berer, (emma) birje gezek gahary gelende bolsa gadyr bilmezlik edip, senden hiç haýyr görmändim diýer." (Edep Mufrad Buhary).

«إِيَّاكُنَّ وَكُفْرَ الْمُنْعِمِينَ» فَقُلْتُ: يَا رَسُولَ اللَّهِ، وَمَا كُفْرُ الْمُنْعِمِينَ؟ قَالَ: "لَعَلَّ إِحْدَاكُنَّ تَطُولُ أَيْمَتُهَا مِنْ أَبَوَيْهَا، ثُمَّ يَرْزُقُهَا اللَّهُ زَوْجًا، وَيَرْزُقُهَا مِنْهُ وَلَدًا، فَتَغْضَبُ الْغَضْبَةَ فَتَكْفُرُ فَتَقُولُ: مَا رَأَيْتُ مِنْكَ خَيْرًا قَطُّ "

"ene-atasynyň ýanynda bolmasy uzaga çeker" ýagny, käbiriňiz durmuşa giç çykarsyňyz.

Abdullah ibn Amryň habar beren hadysynda pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýýär:

"Adamsyndan oňup bilmese-de, oňa gadyr bilmezlik edýän aýala Allah bakmazam." (Sunen Kubro, Nesai)

"لَا يَنْظُرُ اللهُ إِلَى امْرَأَةٍ لَا تَشْكُرُ لِزَوْجِهَا وَهِيَ لَا تَسْتَغْنِي عَنْهُ"

Salyh gelniň wasplarynyň ýene biri - adamsyna hormat goýmak, onuň gadyryny, hakyny bilmek. Bu baradaky hadyslar:

"Bir kişä hem beýleki birine sežde etmekligi buýurmaýaryn, eger bir kişä beýlekisine sežde etmekligi buýran bolsadym, aýala öz adamsyna sežde etmekligi buýrardym." (Tabarani, Mugjem Kebir)

"لَوْ كُنْتُ آمِرًا أَحَدًا أَنْ يَسْجُدَ لِأَحَدٍ لَأَمَرْتُ الْمَرْأَةَ أَنْ تَسْجُدَ لِزَوْجِهَا"

"Muaz şeýle diýdi:

“Eý Allahyň Resuly! Kitap eýeleri (jöhit we hristianlar) öz ruhanylaryna, ýaşulularyna sežde edýärler, saňa sežde etmälimi?” Ol: "Eger bir kişä beýlekisine sežde etmekligi buýran bolsadym, aýala öz adamsyna sežde etmekligi buýrardym, eger adamsy ony islese razy bolmalydyr hatda eýerde barýan bolsa-da, tä (aýal şeýle) bolýança adamsynyň hakyny berjaý etmez." (Tabarani, Mugjem Kebir)

لو كنت آمراً أحداً أن يسجد لأحد؛ لأمرت المرأة أن تسجد لزوجها، ولا تؤدي المرأة حق زوجها؛ حتى لو سألها نفسها على قتب لأعطته

Eger adamsy salyh, dindar, takwa, Allaha dowamatly ybadat edýänlerden bolsa, onuň haky hasam artar, Muaz Ibn Jebeliň habar beren hadysynda pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýýär:

"Her gezek aýal öz adamsyna şu dünýede ezýet beren wagty Hur El-Yýnlardan (Jennetdäki gyzlardan) bolan aýaly şeýle diýer: “Allah seni öldürsin, oňa ezýet berme! Ol seniň ýanyňda kesekidir, onuň seni taşlap bize gelmesi golaýdyr." (Tirmizi)

"لَا تُؤْذِي امْرَأَةٌ زَوْجَهَا فِي الدُّنْيَا، إِلَّا قَالَتْ زَوْجَتُهُ مِنَ الحُورِ العِينِ: لَا تُؤْذِيهِ، قَاتَلَكِ اللَّهُ، فَإِنَّمَا هُوَ عِنْدَكَ دَخِيلٌ يُوشِكُ أَنْ يُفَارِقَكِ إِلَيْنَا"

Alymlar aýtdylar: “Bu hadysda adamsyna ezýet berýän aýallara güýçli duýduryş bardyr.”

Salyh gelniň wasplarynyň ýene biri - eger Allah oňa perzent nesip etdirip, çaga rysgalyny berse, olaryň arasynda adalatly bolmak, hadysda gelşi ýaly:

"Çagalaryňyzyň arasynda adalatly boluň, çagalaryňyzyň arasynda adalatly boluň." (Sunen Ebu Dawud)

«اعْدِلُوا بَيْنَ أَوْلَادِكُمُ اعْدِلُوا بَيْنَ أَبْنَائِكُمْ»

Bu manyda ençeme hadyslar bardyr.

Salyh gelniň wasplarynyň ýene birisi - öýde oturmak, (daşary) ýöne çykyp durmazlyk. Eger çykmaly bolsa, hajat üçin çykmaly, ýaram-ýalaňaç geýinmeli däldir, sapara mähremsiz gitmeli däldir, şeýle hem, gözlerini aşak bakdyrmalydyr, owradyny haramdan goramalydyr, bu barada öňem agzapdyk, olardan başga ýene bir hadys:

"Aýal-maşgala owratdyr (ýagny, adam edil öz uýat ýerlerini örtüşi ýaly aýalyny hem örtmelidir), eger ol (daşaryk çyksa) şeýtan ony (erkeklere) bezäp görkezer." - ýagny, ony maksat edinerler - "takyk, onuň Allaha iň golaý ýeri - öýüniň törüdir."

" الْمَرْأَةُ عَوْرَةٌ فَإِذَا خَرَجَتْ اسْتَشْرَفَهَا الشَّيْطَانُ وَإِنَّهَا لَا تَكُونُ أَقْرَبَ إِلَى اللهِ مِنْهَا فِي قَعْرِ بَيْتِهَا"

Salyh gelniň wasplarynyň ýene biri - adamsynyň syryny açmazlyk, ikisiniň arasyndaky ýaşyryn zatlary saklamak, hatda ikisi ylalaşman, aýrylyşsalaram Allahdan gorkmalydyrlar.

Bu barada Esma bint Ýeziýd şeýle diýýär:

"Allahyň Resulynyň ýanynda erkekler we aýallar oturdylar([1]) şonda şeýle diýdi:

"Belki, erkek öz aýaly bilen edýän işini gürrüň berýändir, belki, aýal öz adamsy bilen edýän işini habar berýändir." hemme kişi dymdy, men: “Hawa, Allahyň Resuly, Allaha kasam bolsun, olar (aýallar) aýdýarlar we olar (erkekler) edýärler” diýdim. Ol: "Beýle etmäň! Munuň mysaly edil şeýtanyň urkaçy şeýtana köçede duşup, gatnaşyk edýänini adamlaryň görüp durmasy ýalydyr." (Musned Ahmet)

"لَعَلَّ رَجُلًا يَقُولُ: مَا يَفْعَلُ بِأَهْلِهِ، وَلَعَلَّ امْرَأَةً تُخْبِرُ بِمَا فَعَلَتْ مَعَ زَوْجِهَا فَأَرَمَّ الْقَوْمُ" فَقُلْتُ: إِي وَاللهِ يَا رَسُولَ اللهِ، إِنَّهُنَّ لَيَقُلْنَ وَإِنَّهُمْ لَيَفْعَلُونَ قَالَ: "فَلَا تَفْعَلُوا فَإِنَّمَا مِثْلُ ذَلِكَ مِثْلُ الشَّيْطَانُ لَقِيَ شَيْطَانَةً فِي طَرِيقٍ فَغَشِيَهَا وَالنَّاسُ يَنْظُرُونَ"

"olar (aýallar) aýdýarlar, olar (erkekler) edýärler" diýip, ilki bilen aýallary agzady, çünki, bu etmişi aýallar köp edip, erkekler juda az aýdýandyrlar. Şeýdip, käbir aýallar öz joralary, deň-duşlary, ýarlary bilen gürleşende öz adamsynyň, ikisiniň arasyndaky syrlary paş edýändiklerine üns bermeýärler.

Bu salyh gelniň käbir wasplarydyr, olary Allahyň kitabyndan we Resulynyň sünnetinden jemläp aldym, Allahyň öz bendelerinden islänine peýdaly etmegini umyt edýärin, çünki, Allah üstünligiň ýeke-täk eýesidir.

Allahyň gözel atlary, päk wasplary bilen Ondan dileýärin: biziň hemmämizi dogry ýola salmagyny, öwrenýän zatlarymyzyň bize zyýan däl-de peýda bermegini, sözlerimizi, amallarymyzy, wagtlarymyzy, aýallarymyzy, zürýatlarymyzy, mal-mülklerimizi mübärek etmegini, haýatymyzyň hemmesini mübärek etmegini, hal-ýagdaýymyzyň goragy bolan dinimizi düzetmegini, ýaşaýşymyz bolan dünýämizi düzetmegini, dönüşimiz bolan ahyretimizi düzetmegini, haýatymyzy hemme haýryň artmagyna sebäp eýläp, ölümimizi hemme şerden amanlyga sebäp eýlemegini, bütin musulmanlaryň aýal-gyzlaryny düzetmegini, olary dogry ýola gönükdirmegini, olary gözel şeklinde Özüne gaýtarmagyny, olary görner-görünmez belalardan goramagyny diläp, hemmämizi Özüniň söýýän, razy bolýan işlerine gowuşdyrsyn, elbetde Ol Tebäroke we Tagalä dogalary eşidijidir, umydygärleriň umydydyr, Ol ýeterlik bolup, nähili gözel wekildir.


We ähiru dagwänä en elhamdulillähi robbil älemiýn, we sallallahu we selleme we baroke we engame alä abdihi, we rasulihi, we mustofähu, Muhammed ibn Abdillah salawatullahi we selämuhu aleýhi we alä älihi we sahbihi ejmägyýn.



Ýazyjy:

ABDURRAZZAK BIN ABDULMUHSIN EL-BEDR.




([1]) Elbetde aýallar bilen erkekler garylyp oturan däldirler, megerem, aralarynda örtgi bardyr.

20 просмотров0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page