Поиск

Salyhyň gabrynynda Allaha ybadat etmek ýowuz bolsa, Allahdan gaýra ybadat etmek nähilidir.

Обновлено: 5 июн. 2020 г.

Bu bapda Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) öz ymmatyna ýagşylyk isleýänine göz ýetirýäris. Çünki, ol şirke eltip biljek her hereketden, sözden, amaldan bizi häzir edendir, şeýle hem, şirke köpri bolýan hemme zatlary bize duýdurandyr.

"Sahyhda" Aişa enemiz (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýýär:

“Umm Seleme Allahyň Resulynyň ýanynda Habaşe ýurdynda gören kilisäni (hristianlaryň ybadathanasy, çerkow) we ondaky suratlary agzady, şonda Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýdi: Olar içlerinden salyh adam ýa salyh gul ölse, onuň gabryna ybadathana gurardylar, şolar ýaly suratlary çekerdiler, olar kyýamat gününde ýaradylanlaryň içinde Allahyň gatynda iň şerlisidirler."

"أن أم سلمة ذكرت لرسول الله صلى الله عليه وسلم كنيسة رأتها بأرض الحبشة وما فيها من الصور، فقال: أولئك إذا مات فيهم الرجل الصالح أو العبد الصالح بنوا على قبره مسجدا، وصوروا فيه تلك الصور؛ أولئك شرار الخلق عند الله".

Ýagny, Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) aýaly Ummu Seleme Habaş ýurduna (häzirki Efiopiýa) hijret (göç) edenlerdendi. Şol ýerdäki gören zatlaryny gürrüň berýär: hristianlaryň öz dindarlary babatynda nädip öte geçenlerini aýdýar, olaryň suratlary çekilip, heýkelleri bina edilýän ekeni, gabryň daşyna bina salyp, ony ybadathana öwürer ekenler. Buny Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) eşidip, ýerinden turýar, ýagny, ol wagt Pygamberimiz hassa, ýarawsuz bolup ýatyrdy, muňa garamazdan, ýerinden turup şeýle diýýär: “Olar içlerinden salyh adam ýa salyh gul ölse, onuň gabryna ybadathana gurardylar, şolar ýaly suratlary çekerdiler, olar kyýamat gününde ýaradylanlaryň içinde Allahyň gatynda iň şerlisidirler.”

Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) hatda hassa wagty hem bize bu meseläni düşündirýär, bu hem ol meseläniň möhümligini aňladýandyr. Ýagny, ol hristianlar öz salyhlaryny söýer ekenler, tagzymlar ekenler, belli bolar ýaly olaryň gabyrlaryna bina diker ekenler. Gynansak-da, bu zatlar biziň halkymyzda-da tapylýandyr, emma bu zatlar düýbünden gadagandyr, olary edýän kişilerem kyýamatda iň şerli barlyklardyr.

Aişe enemiziň hadysynda şeýle diýýär: "Pygamberimiz:

“Ýahud we hristianlara lagnat bolsun, pygamberleriniň gabyrlaryny metjit tutundylar" diýdi.

Bularyň eden işlerinden ägehlendirdi, ýogsa onuň gabry aýdyň edilerdi we ony metjit tutunardylar."

(Buhary we Muslim)

عن عائشة رضي الله عنها: قَالَ رَسُولُ اللَّهِ صلى الله عليه وسلم:

لَعَنَ اللَّهُ الْيَهُودَ وَالنَّصَارَى اتَّخَذُوا قُبُورَ أَنْبِيَائِهِمْ مَسَاجِدَ

قَالَتْ: وَلَوْلا ذَلِكَ أُبْرِزَ قَبْرُهُ غَيْرَ أَنَّهُ خُشِيَ أَنْ يُتَّخَذَ مَسْجِدًا

(metjit tutundylar) ýagny, gabyrlary ybadat meýdanyna öwürdiler, ol ýeri aýratyn hasaplap, sogaplaryň köpelýän ýeri saýdylar.

Gabyrlary metjit edinmek üç bölümdir:

1. Gabryň üstünde sežde etmek, rukug etmek, namaz okamak. Mazarystanda namaz okamaklygy Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) gadagan edendir, şu hadysdaky ýaly: "Gabyrystan bilen hammamdan hemme galan ýer metjitdir (ýagny, şu 2 ýerden başga ýerlerde namaz okamak rugsatdyr)."

(Tirmizi Ebu Dawud Elbani sahyh diýdi.

الأرض كلها مسجد إلا المقبرة والحمام

2. Gabry sygynylýan, ýalbarylýan ýer edinip, ony öňüňde tutup namaz okamak, ýagny, ony kybla edinmek. Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:

"Gabyrlaryň üstünde oturmaň, olara bakyp namaz okamaň!"

(Muslim)

لا تجلسوا على القبور، ولا تصلوا إليها

Enes aýtdy:

“Bir gün namaza durdym, öňümde-de gabyr bar ekeni, men ony görmändirin. Şonda Omar: "Gabyr, gabyr!" diýip gygyrdy, men (dürs eşitmän) "kamar, kamar" (aý) diýip gygyrýandyr öýtdim, soňra ýanymdakylar Gabyr diýýänini aýdanlarynda şolbada ondan öwrüldim"

(Abdurrazzak, Beýhaky, Elbani sahyh diýdi).

قمت يومًا أصلي وبين يدي قبر لم أشعر به، فناداني عمر: القبر، القبر، فظننت أنه يعني القمر، فقال لي بعض من يليني: إنما يعني القبر. فتنحيت عنه.

Diýmek, gabyrlara bakyp namaz okamak rugsat däl ekeni, aýratyn belläp geçmeli zat: Omar Enesiň ýanyna barýança garaşmady, daşdan bolsa-da gygyryp duýdurdy, bu hem bu meseläniň oýun-oýunjak dälligini aňladýandyr.

3. Gabryň daş-töweregine bina gurup, ol ýeri metjit edinmek. Hadysda şeýle diýýär:

"Üns beriň, sizden öňkiler pygamberleriniň gabyryny metjit tutunardylar, üns beriň, gabyrlary metjit tutunmaň! Men sizi bundan gaýtarýandyryn"

(Muslim)

"ألا وإن من كان قبلكم كانوا يتخذون قبور أنبيائهم مساجد؛ ألا فلا تتخذوا القبور مساجد، فإني أنهاكم ذلك"

Käbir adamlaryň pikiri: mazarystan bereketli ýer, ol ýerde eden ybadatyň has sogaply bolýar. Emma pygamberimiz bu pikiriň batyllygyny beýan edip, ol ýerlerde ybadat etmekligi gadagan edýär, hatda olar barada şeýle diýýär:

“Dirika üstlerine Kyýamat gopjak adamlar we gabyrlary metjit edinýänler iň şerli adamlardandyr."

(Ahmed)

إن من شرار الناس من تدركه الساعة وهم أحياء، ومن يتخذ القبور مساجد

Ýagny, olar barlyklaryň içinde iň şerlisidir diýýär. Kyýamat golaýlanda Ýemen ýurdy tarapyndan ýüpekden mylaýym ýel turar, ol ýel kalbynda zerre gadar imany bolan kişiniň janyny aljakdyr. Şeýdip, ýerde iň şerli barlyklar galjak ekeni, başga hadysda şeýle diýýär:

"Kyýamat iň şerli adamlaryň üstlerine gopjakdyr".

(Muslim)

"لا تقوم الساعة إلا على شرارِ النَّاس"

Başga hadysda:

Ýer ýüzünde tä “Allah...Allah” diýilmegi taşlanýança Kyýamat gopmaz”

(Muslim)

"لا تقوم الساعة حتى لا يُقال في الأرض: الله... الله".

Diýmek, gabyrlarda ybadat etmek ynsany iň şerli barlyklaryň hataryna saljak ekeni. Indi üns bermeli ýer: gabyrlarda ýeke Allaha ybadat edende şolar ýalydyr, ýagny, gabyrlardan hiç zat soraman ýeke Allahdan sorasa iň şerli ynsanlardan boljakdyr. Indi göz öňüne getiriň: gabyrlara baryp, ölülerden dileg-doga etse, olar üçin janly aýtsa, olardan rysgal-bereket dilese bu zatlary edýäniň haly niçik bolarka?! Eger şol ýerde Allaha ybadat edeňde şeýle bolýan bolsa, gabyr eýelerine ybadat edilse beriljek azap nähili ýowuz bolarka?

Häzirki zamandaky mazarystanlara girseň gabyrlaryň haly her hilidir: käbirleri gymmat baha daşlardan ýasalyp bina edilen gabyrdyr, käbirleri üstlerine gümmez goýlup, ybadathana öwrülen gabyrdyr. Ýöne Aişe enemiz şeýle diýýär: Pygamberimiz: "Ýahud we hristianlara lagnat bolsun, pygamberleriniň gabyrlaryny metjit tutundylar" diýdi. Bularyň eden işlerinden ägehlendirdi, ýogsa onuň gabry aýdyň edilerdi we ony metjit tutunardylar."

(ýogsa onuň gabry aýdyň edilerdi) ýagny, pygamberimiziň gabry belli edilerdi, her kim tanardy, belent edilerdi, ýöne bular ýaly edilmedi, çünki, metjit tutunarlar howpy bardy. Başga hadysda Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) gabyrlara bir zat ýazmaklygy gadagan etdi([1]). Şeýle hem, pygamberimiziň golaýlary ýogalypdy, ilkinji aýaly Hatyja enemiz, ogullary gyzlary, söýgüli agasy Hamza şehit bolupdy, bularyň hiç birisiniň gabryna ýazgy ýazmady, ýa bina galdyrmady, ýa ybadat edilýän ýere öwürmedi. Allah Tagala şeýle diýýär:

(Eý, möminler) elbetde, siz üçin, Allah we ahyret gününden umydygär bolanlar hem-de Allahy köp yat edenler üçin Allahyň pygamberinde gözel görelde bardyr."

(Ahzab 21)

لَّقَدۡ كَانَ لَكُمۡ فِي رَسُولِ ٱللَّهِ أُسۡوَةٌ حَسَنَةٞ لِّمَن كَانَ يَرۡجُواْ ٱللَّهَ وَٱلۡيَوۡمَ ٱلۡأٓخِرَ وَذَكَرَ ٱللَّهَ كَثِيرٗا ٢١


([1]) (Ibn Mäje Elbani sahyh diýdi).

40 просмотров0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M