Salamyň edepleri
Salamy ýaýratmak
1. Ebu Hureýra (Razyýallahu anhu): Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:
“Tä iman edýänçäňiz Jennete girmersiňiz, we tä bir-biriňizi söýýänçäňiz iman etmersiňiz, sizi bir-biriňizi söýdürjek zada ugrukdyraýynmy? Araňyzda salamy ýaýradyň.”([1])
2. Abdullah ibn Amr (Razyýallahu anhu): Bir adam Pygamberimizden (Sallallahu aleýhi we sellem) Yslamy nähili tutmak iň haýyrly diýip soranda, Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:
“Tagam iýdirmegiň, we tanaýanyňa-da tanamaýanyňa-da salam bermegiň.”([2])
Salamy nähili bermeli?
1. Ymran ibn Husoýn (Razyýallahu anhu): Bir adam Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) ýanyna gelip: Esselämu aleýke, eý Allahyň Resuly! – diýende, onuň Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) salamyny gaýtardy soňra ol adam oturdy, soň Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýdi: “On (sogap aldy).” – soňra ýene biri gelip: Esselämu aleýkum we rahmetullah, - diýende, onuň (salamyny) gaýtardy, we ol adam oturdy, soň Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýdi: “Ýigrimi (sogap aldy).” – soňra ýene biri gelip: Esselämu aleýkum we rahmetullahi we barakätuh, - diýende: “Otuz (sogap aldy).” – diýdi.([3])
"السَّلَامُ عَلَيْكُمْ وَرَحْمَةُ اللهِ وَبَرَكَاتُهُ وَمَغْفِرَتُهُ"
Salamy nähili gaýtarmaly?
1. Zeýd ibn Erkam (Razyýallahu anhu): Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) bize salam berende şeýle diýip (gaýtarardyk): We aleýke esselämu we rahmetullahi we barakätuhu we magfirotuh.([4])
"وَعَلَيْكَ السَّلَامُ وَرَحْمَةُ اللهِ وَبَرَكَاتُهُ وَمَغْفِرَتُهُ"
Salamy kim ilki bermeli?
1. Ebu Hureýra (Razyýallahu anhu): Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:
“Kiçi ula, ulagly ýöräp barýana, geçip barýan oturana, az köpçülige salam bermeli.”([5])
2. Zeýd ibn Eslem (Razyýallahu anhu): Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:
“Ulagda barýan ýöräp barýana salam bermeli, eger topardan biri beýleki (topara) salam berse, ýeterlik bolar (beýlekileriňem ornuna berdigi hasaplanar).”([6])
3. Alynyň (Razyýallahu anhu, Pygamberden (Sallallahu aleýhi we sellem) habar beren hadysy:
“Geçip barýan topardan biri (oturanlara) salam berse, ýeterlik bolar, we oturanlaryňam birisi gaýtarsa, ýeterlik bolar.”([7])
Her duşuşykda salam bermek
1. Ebu Hureýra (Razyýallahu anhu): Biriňiz doganyna duşanda oňa salam bersin, eger aralarynda bag, ýa diwar, ýa daş galyp, soňra ýene duşuşsalar ýene salam bersin.([8])
Oturşyga geleňde we gideňde salam bermek
1. Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:
“Biriňiz oturşyga (märekä, köpçülige) gelende salam bersin, islese otursyn, soňra turup (gitjek) bolanda salam bersin, çünki, birinji (salam) ikinjä degişli däldir.”([9])
Çagalara salam bermek
1. Enes (Razyýallahu anhu) bir gün çagalaryň ýanyndan geçip barýarka olara salam berýär, we şeýle diýýär: Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) beýle ederdi.([10])
Mährem bolmadyk zenanlar bilen elleşip salamlaşmagyň hökmi
1. Magkyl ibn Ýesar (Razyýallahu anhu): Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:
“Kişiniň özüne halal bolmadyk zenany ellemeginden kellesine demir iňňe gireni has haýyrlydyr.”([11])
2. Umeýýe bint Rokyýka (Razyýallahu anhä): Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:
“Takyk, men (nämährem) zenanlar bilen elleşip salamlaşmaýaryn…”([12])
Öýüň eýelerine öýe gireňde salam bermek
1. Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:
“Bir öýe gireňizde eýelerine salam beriň, çykaňyzda hem eýelerine salam berip hoşlaşyň.”([13])
Adam öz öýüne girende salam bermeli
1. Enes (Razyýallahu anhu): Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:
“Eý oguljygym! Maşgalaňa (ýagny, öýüňe) gireňde salam ber, saňa we öý eýelerine bereket getirer.”([14])
2. Ebu Umame (Razyýallahu anhu): Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:
“Üç kişi bardyr, hemmesine Allah kepildir, ýaşasa üpjün bolar, ölse Jennete girer: (birinjisi) kim öýüne salam berip girse Allah – azze we jelle – oňa kepildir...”([15])
Ýatana salam bermek
1. Mikdäm ibn Eswed (Razyýallahu anhu): Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) gije gelende ýatany turuzmajak, oýa eşider (derejede) salam bererdi.([16])
Hiç kim bolmadyk öýe gireňde bermeli salam
1. Mujahid (Abdullah ibn Abbasyň görnükli okuwçysy): Hiç kim bolmadyk öýe gireňde şeýle diý:
“Bismilläh welhamdu lilläh, esselämu aleýnä min robbinä, esselämu aleýnä we alä yýbädihis solihyýn.”([17])
"بِسْمِ اللهِ وَالْحَمْدُ لِلَّهِ، السَّلَامُ مِنْ رَبِّنَا، السَّلَامُ عَلَيْنَا وَعَلَى عِبَادِهِ الصَّالِحِيْنَ"
Manysy: Allahyň ady bile, Oňa hamdy-sena bolsun, Robbumyzdan bize salam bolsun, bize we Onuň salyh bendelerine salam bolsun.
2. Ibn Omar: Ýaşalmaýan jaýa biri girende şeýle diýsin:
“Esselämu aleýnä, we alä yýbädillähis solihyýn.”([18])
"السَّلَامُ عَلَيْنَا وَعَلَى عِبَادِ اللَّهِ الصَّالِحِيْنَ"
Manysy: Bize we Allahyň salyh bendelerine salam bolsun.
Namaz okap durana salam bermek, we onuňam yşarat bilen gaýtarmagy
1. Ibn Omar (Razyýallahu anhumä) Suheýbdan (Razyýallahu anhu):
Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) ýanyndan namaz okap durka geçip barýardym, salam berdim, ol hem yşarat bilen gaýtardy.([19])
2. Ebu Said El-Hudri (Razyýallahu anhu):
Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) namazdaka bir adam oňa salam berdi, Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) oňa yşarat bilen gaýtardy. (Namazyndaky) salamy berensoň, oňa Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýdi:
“Biz namazlarymyzda salamy (gürläp) gaýtarardyk, indi bolsa gadagan edildi.”([20])
3. Sahyh Ebu Dawud kitabynda 860 belgide yşaratyň nähili edilşi barada habar gelen: eliň ýazmaly, içki tarapyny aşaga, daşky tarapyny ýokaryk bakdyrmaly.
Kuran okap oturana salam bermek
1. Ukbe ibn Amir (Razyýallahu anhu):
Metjitde Kuran okap otyrdyk, Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) girip gelip, bize salam berdi, biz hem salamyny gaýtardyk.([21])
Ymam hutba aýdyp durka salam bermegiň, almagyň hökmi
1. Ymam hutba aýdyp durka gürlemek, gürleşmek haramdyr, hadyslardaky ýaly:
"Kim jumga gününde ymam hutba aýdyp durka gürlese, ol edil üstünde ýük bolan eşek ýalydyr."([22])
2. "Eger ýoldaşyňa ymam hutba aýdyp durka dym diýseň "lagw" etdigiňdir."([23])
Ýagny: lagw diýmek - boş batyl gürrüň etmek diýmek.
Eger biri hutbada gürlese başga biri hem oňa “dym” diýip gaýtarsa, şol “dym” diýmekligiň özi gadagandyr, ýogsa bu ýagşylygy buýurmaklyga girýär, sebäbi hutba wagty gürlemek haram, ýöne şonda-da “dym” diýmekligem gadagan edilýär. Indi, eger wäjip bolan zat, ýagny, “dym” diýip, ýagşylygy buýurmak, hutba wagtynda gadagan bolsa, salam berme, dilde salam alma has hem gadagandyr, sebäbi salam berme we alma ýagşylygy buýurmakdan has möhüm däldir. Ýöne namazdaky ýaly, hutba wagty berlen salamy yşarat bilen gaýtarmak rugsatdyr.([24])
Ýahudy we hristianlara ilki salam bermeli däl
1. Ebu Hureýra (Razyýallahu anhu): Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:
“Ýahudy we hristianlara ilki salam bermäň, olardan birine köçede gabat gelseňiz, ony dar (köçede) ýöremeklige mejbur ediň.”([25])
Hadysyň manysy: eger öňüňize çyksa, öz ýoluňyzy daraldyp, onuň ýoluny giňeltmäň, olary geçirjek bolup azara galmaň. Bunuň sebäbi – olaryň batyl ynançda bolup, musulmanlaryň beýle hormatyna mynasyp däldigini görkezmekdir. Emma köçeden her geçeniň ýoluny kesip, diwara direýänçä üstüne gidip gysmak hadysdan maksat däldir.
Kapyra nädip salamy gaýtarmaly?
1. Ebu Busoýra El-Gyffäri (Razyýallahu anhu): Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:
“Men ertir ýahudylara ýolagçy, olara ilki salam bermäň, eger size salam berseler, we aleýkum (size-de) diýiň!”([26])
2. Ibn Omar (Razyýallahu anhumä): Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:
“Ýahudylar size salam berende birileri Es-Sämu aleýke (Saňa ölüm bolsun) diýende we aleýke (saňa-da) diý.”([27])
3. Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:
“Kitap eýeleri size salam berende “we aleýkum” diýiň.”([28])
Emma eger olaryň Esselämu aleýkum diýen salamy düzüw eşidilse, onda olara we aleýkum esseläm diýmeli([29]).
([1]) Muhtasar Muslim 42. ([2]) Muhtasar Muslim 63, Muhtasar Buhary 9. ([3]) Sahyh Ebu Dawud 5195. ([4]) Sahyha 1449. ([5]) Muhtasar Buhary 2397. ([6]) Sahyha 1148. ([7]) Sahyh Ebu Dawud 5210. ([8]) Sahyh Ebu Dawud 5200, Sahyh mewkufen we sahha merfugan, Sahyha 186. ([9]) Sahyh Ebu Dawud 5208. ([10]) Muhtasar Buhary 2401. ([11]) Sahyha 226. ([12]) Sahyha 529. ([13]) Sahyh El-Jämig 526, Hidäýet Er-Ruwat 4574. ([14]) Hidäýet Er-Ruwat 4575). ([15]) Sahyh El-Edeb El-Mufrod 832. ([16]) Sahyh El-Edeb El-Mufrod 1028, Ädäb Ez-Zifäf 168. ([17]) Tefsir ibn Kesir 3/306). ([18]) Sahyh El-Edeb El-Mufrod 1055. ([19]) Sahyh Tirmizi 367. ([20]) Sahyha 2917. ([21]) Sahyha 3285. ([22]) Muslim. ([23]) Muttefekun aleýh. ([24]) El-Elbäni, Ibn Bäz we başgalaryň bu meseledäki garaýşy. ([25]) Muhtasar Muslim 1432. ([26]) Sahyh El-Edeb El-Mufrod 838. ([27]) Muhtasar Buhary 2405. ([28]) Irwä El-Goliýl 111/5, 118. ([29]) Sahyha 318/2.