Поиск

Rukýe (okamak, çüflemek) barada.

Rukýe - belli bir sözleri, dogalary, aýatlary aýdyp, kesellä ýa göz degene şypa üçin okamaklyk. Ýa okap bolnanyndan soň çüflemeklik. Buňa biziň halkymyzda okamaklyk, okatmaklyk, çüflemeklik diýilýär.

Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem)

a) Özüne çüflär ekeni:

Aişa enemiz (Allah ondan razy bolsun):

"Allahyň resuly hassalyk duýanda muawwizat dogalaryny (Felak we Näs süreleri) okap özüne çüflärdi" diýip habar berdi.

(Buhary we Muslim)

عن عائشة رضي الله عنها:

"أن رسول الله صلى الله عليه وسلم كان إذا اشتكى يقرأ على نفسه بالمعوذات وينفث"

b) Başgalara hem çüflär ekeni:

Aişe enemiz (Allah ondan razy bolsun):

"Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) maşgalasyndan biri kesellese muawwizat dogalaryny okap çüflärdi"

(Buhary we Muslim).

عن عائشة رضي الله عنها:

كَانَ رَسُولُ اللَّهِ إِذَا مَرِضَ أَحَدٌ مِنْ أَهْلِهِ نَفَثَ عَلَيْهِ بِالْمُعَوِّذَاتِ

ç) özüne hem çüfleder ekeni:

Aişe enemiz (Allah ondan razy bolsun):

"Allahyň Resuly ölüm hassalygynda ýatanda özüne muawwizat dogalary okap çüflärdi, haçanda keseli agyrlaşanda özüm oňa çüfläp, berekedi üçin eli üstüne sürterdim" diýdi.

(Buhary we Muslim)

عن عائشة رضي الله عنها:

"أن رسول الله صلى الله عليه وسلم كان إذا اشتكى يقرأ على نفسه بالمعوذات وينفث فلما اشتد وجعه كنت أقرأ عليه وأمسح بيده رجاء بركتها"

Rukýe rugsatdyr, kesellä ýa göz degene ýa dogalanana okamak jaizdyr. Ýöne onuň 3 sany şerti bardyr:

1. Okalýan sözler manysy düşnükli bolup, gowy, ýagşy, hoşamaý sözlerden ybarat bolmaly. Arap dilinde-de, başga dillerde-de aýdylsa, okal

sa bolar. Eger Kuranyň aýatlary ýa sünnetde gelen rukýe dogalary okalsa, ol has gowusy, has mynasybydyr. Meselem "Fatiha" süresi, ýa aýatul-kursi, çünki, Allah bize Kuranyň ynsanlara şypadygyny ençeme aýatlarda aýdandyr:

"Sen (olara): «Onuň ynsanlara dogry ýoly görkezýän (kitapdygyny) we şypadygyny» aýt."

(Fussylet 44)

قُلۡ هُوَ لِلَّذِينَ ءَامَنُواْ هُدٗى وَشِفَآءٞۚ

"Biz Kurandan möminler üçin şypa hem-de rahmet bolan zatlary (aýatlary) inderýäris."

(Isra 82)

وَنُنَزِّلُ مِنَ ٱلۡقُرۡءَانِ مَا هُوَ شِفَآءٞ وَرَحۡمَةٞ لِّلۡمُؤۡمِنِينَ

2. Rukýede şirkiň hiç hili görnüşi bolmaly däldir. Içinde Allahdan gaýrylara (pirlere, ewliýa-salyhlara, jynlara, perişdelere we başgalara) sygynmak, medet soramak ýaly mazmuny şirk bolan rukýeler rugsat däldir. Ýa-da manysy gizlin kodlar bilen örtülen ýazgylary okamak, her hili manysyz samyrdy zatlary aýdyp okamak haramdyr. Muslimyň habar beren hadysynda pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýýär:

"Rukýeleriňizi maňa görkeziň! Şirk bolmadyk rukýeleriň zyýany ýokdur"

اعْرِضُوا عَلَيَّ رُقَاكُمْ، لَا بَأْسَ بِالرُّقَى مَا لَمْ يَكُنْ فِيهِ شِرْكٌ

Ýagny, sahabalar jähiliýet (Yslamdan öňki) döwründe-de rukýe ulanýan ekenler. Haçanda ol barada pygamberimize (Sallallahu aleýhi we sellem) agzanlarynda ol rukýeleri oňa okap äşgär etmeklerini aýtdy, eger-de şirki sözler rukýeleriň mazmunynda bolmasa, onuň rugsatdygyny beýan etdi. Emma bu hadys:

"Takyk, rukýeler, doga-tumarlar, tiwele şirkdir"

(Ebu Dawud)

"إن الرقى والتمائم والتولة شرك"

Bärde gadagan edilen rukýeler - şirki rukýelerdir. Ýagny, mazmunynda şirk bolan rukýäni okamak şirk ekeni.

3. Rukýe öz başyna şypa berýär diýip ynanç etmezlik, ýagny, hakyky şypa beriji, şypa eýesi Allah diýip, rukýäni hem bir sebäp hökmünde görmeklik. Aslynda ol okalýan rukýeler Allahyň şypasynyň bir sebäbidir, şol sebäpli ynsanyň kalby diňe Allaha bagly bolmalydyr. Käbir hadyslarda pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýen sözleri bar:

"Senden gaýry şypa beriji ýokdur"

(Buhary we Muslim)

لاَ شَافِيَ إِلَّا أَنْتَ

"Seniň şypaňdan gaýry şypa ýokdur"

(Buhary we Muslim)

لا شِفَاءَ إِلاَّ شِفَاؤُكَ

Muslimyň hadysynda:

“Bir ýaş oglanyň ýanyna bir kişi sowgat-serpaý getirip: "Eger maňa şypa berseň şu zatlar seniňki." diýýär, oglan: "Takyk men hiç kime şypa berip başaramok, şypa beriji ýeke Allahdyr. Eger Allaha iman getirýän bolsaň, Oňa doga edeýin, belki şypa berer" diýdi.”

(Muslim 3005)

فأتَاهُ بهداياَ كثيرَةٍ فقال: ما هاهُنَا لَكَ أجْمَعُ إنْ أنْتَ شفَيْتني، فَقَالَ إنِّي لا أشفِي أحَداً، إِنَّمَا يشْفِي اللهُ تعَالى، فإنْ آمنْتَ بِاللَّهِ تعَالَى دعوْتُ اللهَ فشَفاكَ

Şeýlelik bilen, ynsan özünde islendik bir hassalyk görse, bedeninde agyrly ýeri duýsa, özüni okap-çüfläp biler ekeni, ýa başgalary hem okasa rugsatdyr. Rukýe üçin belli bir dini lakam edinmek hökman däldir, molla ýa ahun ýa işan bolmak şert däldir. Ýöne agzalyp geçen 3 şerte görä rukýe etmelidir, egerde haýsy hem bolsa bir şert ýerine ýetirilmese, onda ol rukýe dürs däldir, rugsat hem däldir.

Buharynyň, Muslimyň we Ibn Mäje atly hadys alymyň habar beren hadysynda Ebu Said El-Hudri (Allah ondan razy bolsun) şeýle gürrüň berýär:

"Allahyň resulynyň sahabalary (30 sany atly sahabany) ýörüşe çykypdylar. Bir kowumyň ýanynda düşläp, olardan myhman almaklaryny sorapdylar, olar hem ýüz öwürdiler. Soňra olaryň hojaýynlaryny (mör-möjekliriň biri) çakypdyr. Bejermek üçin her zat etseler-de, başa barmandyr. Käbirleri aýtdylar: “Hälki toparyň ýanyna baryp sorasak näme, belki olardan çüfläp bilýän biri bardyr” Şonda gelip şeýle diýdiler: “Eý adamlar, hojaýynymyz çakyldy, bejermek üçin her zat etsegem başa barmady, içiňizde bir zat edip biljegiňiz barmy?” Käbirleri aýtdy: “Hawa, Allaha ant bolsun, men okap bilýärin, (rukýe edip bilýärin), ýöne sizden myhman almagyňyzy sorapdyk, sizem almadyňyz, rukýe üçin hak berýänçäňiz okap berjek däldirin”

Soňra bir süri goýuna ylalaşdylar (ýagny, eger rukýäniň peýdasy degse, onuň hakyny berjek diýdiler).

Soňra ýanyna baryp "Elhamdu lillähi robbil älemiýn" ("fatiha" süresini) 7 gezek okady welin, edil zynjyrdan boşalan ýaly bolup, hiç zat bolmadyk ýaly turup ýöräp gidiberdi. Soň ylalaşan haklaryny berdiler, käbirleri şeýle diýdiler: “Bölüşdiriň” Emma rukýe okan şeýle diýdi: “Entäk etmäň, pygamberimiziň ýanyna baraly, bolanlary gürrüň bereli, göreli näme buýrarka” Soňra pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) ýanyna baryp, bolanlary gürrüň berdiler, şonda şeýle diýdi:

"(Fatihanyň) rukýedigini nädip bildiň?! Oňarypsyňyz, dogry edipsiňiz, (gülüp goýunlary) bölüşdiriň, maňa-da paý goýuň."

(Buhary Muslim)

عن أبي سعيدٍ قال:

انطلق نفرٌ من أصحاب النَّبي صلى الله عليه وسلم في سفرةٍ سافروها، حتى نزلوا على حيٍّ من أحياء العرب، فاستضافوهم، فأبَوا أن يُضيفوهم، فلُدغ سيِّدُ ذلك الحي، فسعَوا له بكل شيءٍ لا ينفعُه شيءٌ، فقال بعضُهم: لو أتيتُم هؤلاء الرَّهط الذين نزلوا؛ لعلَّه أن يكون عند بعضهم شيءٌ، فأتوهم، فقالوا: يا أيها الرهطُ، إن سيِّدنا لُدغ، وسعَيْنا له بكلِّ شيءٍ لا ينفعُه، فهل عند أحدٍ منكم من شيءٍ؟

فقال بعضُهم: نعم، والله إنِّي لأرقي، ولكنْ والله لقد استضفناكم فلم تُضيفونا، فما أنا براقٍ لكم حتى تَجعلوا لنا جُعلًا.

فصالَحوهم على قطيعٍ من الغنم، فانطلق يتفلُ عليه، ويقرأُ:﴿ الْحَمْدُ لِلَّهِ رَبِّ الْعَالَمِينَ ﴾، فكأنما نُشط من عقالٍ، فانطلق يَمشي وما به قَلَبَةٌ، قال: فأَوفَوهم جُعْلَهم الذي صالَحوهم عليه، فقال بعضُهم: اقسموا، فقال الذي رقى: لا تفعلوا حتى نأتي النبيَّ صلى الله عليه وسلم فنذكر له الذي كان، فننظُر ما يأمُرُنا.

فقدِموا على رسول الله صلى الله عليه وسلم فذكروا له، فقال: ((وما يُدريك أنَّها رُقيَةٌ؟))، ثُم قال: ((قد أصبتُم، اقسموا، واضربوا لي معكم سهمًا))، فضحك رسولُ الله صلى الله عليه وسلم

Käbirleri bu hadysa salgylanyp, ýörite rukýe jaýlaryny, hassahanalaryny açyp, okamaklygy-çüflemekligi gazanç käri edindiler. Ýöne biziň ýurdumyzda mollalaryň, ahun-işanlaryň öz öýlerinde rukýe edip, hak almaklary has meşhurdyr. “Plan işan ökdemiş, plan mollanyň ýanyndan bejerilmän gaýdan ýokmuş, plan ahun Eýranda okap gelipmiş.” Şular ýaly sözler halkyň içinde giňden ýaýrandyr. Hatda käbirleri öwülýän, dillerde dessan bolan mollanyň ýanyna baryp okatmak üçin welaýatdan welaýada, şäherden şähere ýol sökmäne hem taýyn. Käbirleriniň gapysynda birnäçe günlik nobat düzülýär.

Geliň indi hadysymyza ser salalyň. Rukýäni kär saýyp, ony gazanç çeşmesi edinenleriň tutunarlyga zady barmyka:

1) Bu hadysda olaryň işlerine delalat edýän zat ýokdur, çünki, Ebu Said El-Hudriniň rukýe üçin hak talap etmesiniň zeruryýeti bardy, bu kowum olary myhman almansoňlar, sahabalar boş-takyr meýdanda galypdylar, azyk-iýmite mätäçdiler. Şol sebäpli hem hak talap etdi.

2) Hadysda gelşi ýaly, hassanyň şypa tapmagy, sagalyp gitmegi hak almak üçin şertdir, ýagny, Ebu Said olardan hak talap edende olar eger hojaýynlary sagalsa berjek diýdiler. Emma köplenç rukýe edýänler hassanyň ýagdaýyna garamazdan hak alýarlar. Bu hem hadysa ters gelýär.

3) Sahabalar rukýäni kär edinmediler, ýogsa olar ýörüşden gaýdyp gelensoňlar, özlerini rukýe okaýançy diýip yglan edip, gazanç edip bilerdiler. Sebäbi ol döwürde-de hassalar bardy, pul-mala, gazança mätäçlikleri bardy, ýöne şonda-da bir sahaba hem olar ýaly etmedi. Sahabalaryň ýolundan aýrylmak hem azaşmaklykdyr.

4) Agzap geçişimiz ýaly pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) özüne we başgalara rukýe okaýan eken. Ýöne hiç-hili hak alanok ekeni, gapysynda nobat düzenok ekeni, gaýtym sahabalaryň öz-özlerine rukýe etmeklerini öwredýän ekeni we öz-özlerine rukýe etmegiň has mynasypdygyny ündeýän ekeni. Buhary we Muslimyň rowaýat eden uzyn hadysynyň bir parçasynda pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) Jennete azapsyz we hasapsyz girjekleriň waspyny agzap, şeýle diýýär:

"Olar (başgalardan) rukýe talap etmeýänler, keýý (ýakma usuly bilen bejermek) etmeýänler, yrym etmeýänler we ýeke-täk Allaha bil baglanlardyr"

هم الذين لا يَسْتَرقون، ولا يكتوون، ولا يتطيرون، وعلى ربهم يتوكلون

5) Ebu Said (Allah ondan razy bolsun) olardan hak alansoň, ony ýanyndakylar bilen paýlaşdy, asly hak almagynyň sebäbi hem umumy hemmelere peýda getirmekdi. Ýagny, onuň niýeti kynçylyk ýagdaýda bolanlary üçin, jemagata haýyr getirmekdi. Ebu Said ol süri goýuny diňe özüne alman, ýanyndakylara hem berdi, hatda gaýdyp baransoň pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) bilen hem paýlaşdy. Şu wagtky rukýe edip hak alýanlarda şu wasp tapylýarmy?!

6) Rukýe edýänleriň köpüsiniň dini sowatlylygyna seretsek, olar asly diniň esasy zatlaryndan bihabardyrlar, başga zatlaryň gürrüňini hem edip oturmaly däl. Olaryň käbirleri (köpüsi diýmesek) molla bolmazyndan öň agzy hapa, arakkeş, çilim-nasdan gaýtmaýan adamlardyr. Haçanda molla bolup, rukýe etmekde gazanjyň bardygyny görenlerinde "toba" gelýärler. Şeýdip molla bolýarlar. Belläp geçmeli zat, biz adamlaryň toba etmeklerine garşy däl, tersine, maksadymyz adamlara haýyr ýetirip, olaryň dogry ýola gelmegidir, ýöne bular ýaly toba edenler hakyky toba edenler däldir. Sebäbi bular rukýede gazanç görüp molla boldular, Allahyň razylygy üçin däl. Başga-da goşsak, olaryň käbirleri molla bolansoňlar hem arak içip ýöreni haýsy, çilim-nas edip ýöreni haýsy. Diýmek isleýänimiz, ýagny mowzuga degişli ýeri, rukýäniň gazanç käri etmekligiň howp-hatarynyň ululygydyr. Ýagny, bu adamlar Allah gorkusyna däl-de dünýä höwesi üçin molla bolýarlar. Üstesine, bular ýaly mollalar dürs rukýelerini ulanman, şirk, küpür, bidgat bolan rukýeleri okaýarlar. Manysyz samyrdap, boş, samahylly ýaňrama arkaly her hili şeýtan-jynlaryň atlaryny sanap, olara sygynýarlar, olardan medet dileýärler.

Aslynda molla, işan-ahunlaryň halkyň arasynda wezipesi näme? Adamlara din öwredip, olara Kuran bilen sünneti tanatmak dälmi? Allahyň olara borç eden zatlaryny, tewhydy, namazy, zekaty, orazany, hajy öwretmek dälmi? Günä edýänleri ahyret azaby bilen gorkuzyp, ýagşy amal edýänleri Jennet nygmatlary bilen buşlamak dälmi?

Gynansak-da, bu wezipäni edýänler juda azdyr. Köpüsi rukýe bilen meşgul. Käbirleri bütin gününi rukýe okamak bilen geçirýärler. Ýöne hiç hili delile daýanmaýan zatlary oýlap tapmaklykda bolsa ökdedirler. Meselem, her keseliň bejergisine aýratyn doga belleýärler, mysal üçin: çagasy bolmaýana bir doga, kelle agyrla bir doga, bil agyrla bir doga okap berýärler. Bunuň hem dinde hiç hili asly ýokdur.

Bularyň hallary şu aýatdakylaryň hallaryna meňzemeginden gorkýarys:

"Eý‚ iman getirenler! Dogrusy, ahbarlaryň (ýahudylaryň) we ruhbanlaryň (nasranylaryň) köpüsi ynsanlaryň (mal-mülküni) haksyz ýollar bilen iýýärler hem-de (ynsanlary) Allahyň ýolundan daşlaşdyrýarlar. Altyn-kümüş ýygnap‚ olary Allah ýolunda sarp etmeýänlere bolsa elhenç bir azabyň garaşýandygy barada habar ber! Ýygnalan bu altyn-kümüşler dowzah odunda gyzdyrylyp‚ şolar bilen maňlaýlary‚ böwürleri we arkalary daglanjak gün olara: «Ine! Siziň (halkdan alyp) özüňiz üçin ýygnan hazynalaryňyz! Hany‚ şol ýygnanlaryňyzyň azabyny çekiň bakaly!» diýler."

(Toba 34)

۞يَٰٓأَيُّهَا ٱلَّذِينَ ءَامَنُوٓاْ إِنَّ كَثِيرٗا مِّنَ ٱلۡأَحۡبَارِ وَٱلرُّهۡبَانِ لَيَأۡكُلُونَ أَمۡوَٰلَ ٱلنَّاسِ بِٱلۡبَٰطِلِ وَيَصُدُّونَ عَن سَبِيلِ ٱللَّهِۗ وَٱلَّذِينَ يَكۡنِزُونَ ٱلذَّهَبَ وَٱلۡفِضَّةَ وَلَا يُنفِقُونَهَا فِي سَبِيلِ ٱللَّهِ فَبَشِّرۡهُم بِعَذَابٍ أَلِيمٖ ٣٤ يَوۡمَ يُحۡمَىٰ عَلَيۡهَا فِي نَارِ جَهَنَّمَ فَتُكۡوَىٰ بِهَا جِبَاهُهُمۡ وَجُنُوبُهُمۡ وَظُهُورُهُمۡۖ هَٰذَا مَا كَنَزۡتُمۡ لِأَنفُسِكُمۡ فَذُوقُواْ مَا كُنتُمۡ تَكۡنِزُونَ ٣٥

Mowzugymyzy gysgaça jemläp aýtsak, şertleri berjaý edilip okalan rukýeler rugsatdyr, emma onuň üçin hak alyp kär edinmek rugsat däldir. Rukýäniň şertlerini berjaý etmän okaýanlara hem rukýe etdirmek jaiz däldir.

135 просмотров0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M