top of page
Поиск

Rozanyň mustahaplary we mekruhlary.


Bu babyň iki meselesi bar:

Birinji mesele: Rozanyň mustahaplary:

1) Suhur (säherlik edinmek), hadysdaky ýaly: "Säherlik ediniň, çünki, säherlikde bereket bardyr."(Buhary we Muslim)

Eger adam az iýse-de, köp iýse-de säherlik bitýändir, hatda bir owurt suw bolsa-da bolýar, säherligiň wagty gijäniň ýarymyndan tä ertir namazyň wagty girýänçä dowam eder.

2) Säherligi giç edinmek, Zeýd ibn Säbit aýtdy: "Allahyň Resuly bilen säherlik edindik, soňra namaza durduk” Men: “Ikisiniň arasy näçe wagtdy?” diýip soradym, aýtdy: “50 aýat (okalýan mukdar wagty)." (Buhary we Muslim)

3) Agyz açmana howlukmak, rozaly kişi gün batandan göni agyz açmana tizleşmelidir, Sehl ibn Sagdyň hadysy: "Adamlar agyz açmana howluklamalarynda dowamatly bolsalar, olaryň haýyrda bolmaklary hem dowamatly bolar." (Buhary we Muslim)

4) Ter hurmalar bilen agyz açmak, eger tapylmasa, gury hurmalar bilen, eger tapylmasa birnäçe owurt suw bilen agyz açmak, Enes şeýle diýdi: "Allahyň Resuly namaza durmazdan öň ter hurmalar bilen agyz açardy, eger ter tapylmasa gurysy bilen, eger tapylmasa birnäçe owurt suw bilen."(Tirmizi)

Eger agyz açmana hiç zat tapylmasa kalby bilen niýet etse-de ýeterlik bolar.

5) Agyz açanda we rozaly wagty doga etmek, hadysdaky ýaly: "Üç kişiniň dogasy gaýtarylmaz: tä agyz açýança rozaly kişi, adalatly baştutan, mazlum." (Tirmizi)

6) Sadaka känräk bermek, Kuran okamak, rozalylara agyz açyrtmak we beýleki ýagşy amallar, ibn Abbas aýtdy: "Allahyň Resuly haýyrda adamlaryň sahysydy, iň sahy bolýan wagty Remezandady haçanda Jibrile duşanda, Jibril oňa Remezanyň her gijesinde duşardy, oňa Kuran öwrederdi, şeýdip, Allahyň Resuly haçanda Jibril oňa duşanda iberilen ýeldenem haýyrda sahydy." (Buhary we Muslim)

7) Gije namazynda yhlas etmek, hasam Remezanyň soňky 10 gününde, Aişe enemiz şeýle diýýär:"Pygamberimiz haçanda (Remezanyň) soňky 10 güni girende, bilini guşardy, gijäni ýatman geçirerdi, maşgalasyny turuzardy." (Buhary we Muslim)

Başga hadys: "...kim Remezanda iman we umyt bilen agyz beklese, geçen günäleri bagyşlanar."(Muslim)

8) Umra etmek, hadysda şeýle diýilýär: "Remezandaky umra (sogapda) haja barabardyr." (Buhary we Muslim)

9) Kime sögülse "Men rozalydyryn" diýmek, hadysdaky ýaly: "Biriňiz rozaly güni bolsa, paýyş söz aýtmasyn, göh-galmagal etmesin, eger oňa biri sögse ýa onuň bilen uruşsa şeýle diýsin: (Men rozaly kişidirin)" (Tirmizi)

Ikinji mesele: Rozanyň mekruhlary:

Rozaly kişä käbir zatlar mekruhdyr, olar kä halatda rozanyň sogabyny azaldyp bilerler:

1) Agyz-burun ýuwanda has törlerine suw girizmek, beýle etse içine suw gitmegi mümkindir, hadysda şeýle diýilýär: "Eger agzyň bekli bolmasa burnuňy gowy edip çaýka (ýagny, suwy törüne salyp).” (Tirmizi, Nesäi, Ibn Mäje we Albany: “Sahyh” diýdi)

2) Özüni saklap bilmeýän kişiniň öpmegi, eger ol onuň şehwetini hereketlendirýän bolsa, bu ýagdaýda rozaly kişiniň aýalyny ýa gyrnagyny öpmegi mekruhdyr, sebäbi ol onuň şehwetini turuzup, rozasyny bozýan herketlere, jynsy gatnaşyga ýa dökmeklik eltip biler, emma kim özüne erk etjegine gözi ýetip, rozasyny bozmajagyny bilse, zyýany ýokdur, çünki Pygamberimiz rozalyka öperdi, Aişe enemiz şeýle diýýär: "Ol içiňizde erkine iň eýe bolup başarýanyňyzdy." (Buhary we Muslim)

Şeýle hem, şehwet turuzýan her zatdan daş bolmak parzdyr, meselem, köp aýalyna ýa gyrnagyna seretmek, ýa jynsy gatnaşyk barada köp pikir etmek, sebäbi bu zatlar jynsy gatnaşyga ýa dökmeklige eltip biler.

3) Gakylyk ýuwutmak, çünki bu içe gidýändir, üstesine ol zyýanly we hapa görülýän zatdyr.

4) Gereksiz ýere naharyň tagamyny datmak, eger tagamyny datmaga mätäç bolsa, meselem aşpez bolup, naharyň duzuny bilmeli bolsa datsa rugsatdyr, ýöne bokurdagyna gitmekden häzir bolmalydyr.

4 просмотра0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page