top of page
Поиск

Roza tutmazlyga rugsat berýän uzurlar, we rozany bozýan zatlar.


Bu babyň meseleleri:

Birinji mesele: Roza tutmazlyga rugsat berýän uzurlar:

1) Garrylyk we hassalyk, eger hassalyk sebäpli roza tutmak agyr düşse, agyz açmak rugsatdyr, gowulaşandan soň bolsa geçiren günleriniň kazasyny almalydyr, aýatlardaky ýaly: "Bes, sizden bir adam (oraza günlerinde) hassa ýa-da ýolagçy bolsa (we agzyny açsa), ol sanalgy günlerini (tutup bilmedik günleriniň kazasyny) başga günlerde tutar." (Bakara 184)

"Kim bu aýa ýetse, onda agyz beklesin! Sizden bir adam (bu aýda) hassa ýa-da ýolagçy bolsa, ol (tutup bilmedik) sanalgy günleriniň (kazasyny) başga günlerde tutar." (Bakara 185)

Ýöne agyz açmaklyga rugsat berýän hassalyk hakykatdanam roza tutmaklygy agyrlaşdyrýan bolmalydyr.

Emma gowulaşmagy umyt edilmeýän hassa bolsa, ýa roza tutmana hemişe ejiz kişi bolsa, meselem: garry, onda bu rozanyň kazasyny almak wajyp däldir, ýöne her gün üçin bir garyby doýurmalydyr, çünki, haçanda Allah ilki rozany parz edende, naharlamagy rozanyň ýerini tutýan zat diýip belledi, şonuň üçin, rozany başarmadyk şony (naharlamagy) etmelidir.

Ymam Buhary aýtdy: "Eger garry adam rozany tutup başarmasa, (naharlamalydyr), çünki, Enes Allah ondan razy bolsun haçanda garranda bir ýa iki ýyl her agyz açan güni üçin bir garyby naharlapdy, ibn Abbas rozany tutup başarmaýan garry erkek we aýal hakynda şeýle diýdi: “Her gün üçin bir garyby naharlasynlar" (Buhary)

Rozany tutup biljegi umytsyz bolan kişiler, garrylar, hassalar her gün üçin ýarty "sag" bugdaý ýa tüwi ýa hurma ýa ş.m. ýurduň iýmitinden bermelidir, "sagyň" mukdary - takmynan 2,25kg, ýartysy - 1,125kg bolýar.

Ýöne eger hassa roza tutsa, rozasy dürs hasaplanar.

2) Sapar etmek, ýolagçy bolmak, ýolagçy Remezanda agzyny açsa rugsatdyr, şu aýatlara görä ol rozanyň kazasyny almalydyr: "Bes, sizden bir adam (oraza günlerinde) hassa ýa-da ýolagçy bolsa (we agzyny açsa), ol sanalgy günlerini (tutup bilmedik günleriniň kazasyny) başga günlerde tutar." (Bakara 184)

"Kim bu aýa ýetse, onda agyz beklesin! Sizden bir adam (bu aýda) hassa ýa-da ýolagçy bolsa, ol (tutup bilmedik) sanalgy günleriniň (kazasyny) başga günlerde tutar." (Bakara 185)

Bir kişi Pygamberimizden sapardaky roza barada soranda şeýle diýýär: "Isleseň rozany tut, islemeseň tutma." (Buhary)

Pygamberimiz Mekkä gidende rozaly halda çykypdy, haçanda ýagdaý kynlaşanda agzyny açdy, adamlaram açdylar. (Buhary)

Eger namazy gysgaldyp okap bolýan uzak wagtlyk sapar bolsa, ýagny, 48 mil (takmynan 80 km)-dan uzyn bolsa, agyz açmak rugsatdyr.

Agyz açmaklyga mümkinçilik berýän sapar - rugsat sapar bolmaly, günä işleri etmeklik üçin sapar edýän bolsa, ýa agzyny açjak bolup sapar edýän bolsa, ol sapar agzyny açmaklyga rugsat berýän däldir.

Emma rugsat sapardaky ýolagçy agyz beklese rozasy dürsdir, rozasy bitýändir, Enes şeýle habar berýär: "Pygamberimiz bilen sapardadyk, agyz beklini agyz bekläni üçin ýazgarmady, agzy açygy hem agyz açany üçin ýazgarmady." (Buhary)

Ýöne bir şerti bardyr - rozanyň ýolagça agyr gelmezligi, ýagny, saparda agyz beklemek rugsat ýöne agyr gelmeýän bolsa, zyýan gelmeýän bolsa, eger agyr gelse, onda rugsatdan peýdalanyp agyz açmaklyk has gowusydyr, sebäbi haçanda Pygamberimiz sapardaky adamlar rozaly kişiniň (ýagdaýy agyrlygy sebäpli) daşyna üýşip, oňa kölege edilenini görende şeýle diýdi: "Saparda roza tutmak ýagşylykdan däldir." (Buhary)

3) Aýbaşy we nifas ýagdaýy, bu ýagdaýda bolan aýala Remezanda agyz açmak parzdyr, roza haramdyr, eger beklese rozasy dürs bolmaz, Ebu Saidyň hadysyna görä: "Eger aýbaşy halda bolsa, (aýal) namazam okamaz, roza-da tutmaz, şeýle dälmi? Ynha şol onuň dininiň kemligidir."(Buhary)

Aýbaşy we nifas hallarynda bolup rozany sypdyranlara kazasyny almak parzdyr, Aişe enemiziň habaryna görä: "(Aýbaşy we nifas) halda bolardyk, rozanyň kazasy bize buýrulardy emma namazyň kazasy buýrulmazdy." (Muslim)

4) Göwrelilik we emdirmeklik, ýagny, eger aýal göwreli bolsa, ýa emdirýän bolsa, we özüne ýa çagasyna roza zeper ýetirer gorkusy bolsa, agyz açmak rugsatdyr, Enesiň Pygamberden hadysynda şeýle diýilýär: "Allah ýolagçynyň (boýnundan) namazyň ýarysyny we rozany aýyrandyr, göwreliniň we emdirýäniň (boýnundan) rozany aýyrandyr." (Tirmizi we Ibn Mäje)

Eger göwreli ýa emdirýän aýal özüne zeper ýeter öýdüp agyz beklemeseler, geçiren günleriniň kazasyny almalydyr, emma munuň üstüne göwreli aýal öz çagasyna-da zeper ýeter öýdüp agyz açsa, ýa emdirýän aýal bäbegine-de zeper öýdüp agyz açsa, onda bu halda her gün üçin kazadan daşary garyby naharlamalydyr, ibn Abbasyň habaryna görä: "Eger göwreli we emdirýän (aýal) bäbeklerine zeper ýetmeginden gorksalar, agyz açsynlar, soň naharlasynlar." (Ebu Dawud)

Gysgaldyp aýdamyzda, agyz açmana rugsat berýän zatlar dörtdir: sapar, hassalyk, aýbaşy we nifas hal, zeper ýetmek gorkusy, ýagny, göwreli we emdirilýän ýagdaýlarda.

Ikinji mesele: Rozany bozýan zatlar:

Rozany bozup, agyz açýan zatlar:

1) Bilgeşleýin iýmek ýa içmek, aýatda şeýle diýilýär: "Siz säher çagy, tä siziň üçin ak sapak gara sapakdan saýgarylýança, iýiň we içiň! Soň agşama çenli (Gün ýaşýança) rozany dowam ediň!"(Bakara 187)

Aýatyň aňladýan zady - säherden tä gün batýança rozaly kişi iýip-içmeli däldir, emma kim unudyp iýse ýa içse onuň rozasy dürsdir, ýöne ýadyna düşen badyna iýip-içmekden saklanmak wajypdyr, hadysdaky ýaly: "Kim rozalydygyny unudyp iýse, ýa içse, rozasyny dowam etsin, çünki, ony Allah naharlandyr we içirendir." (Buhary we Muslim)

Burundan derman guýmak rozany bozar, şeýle hem, iýmek-içmek hökmünde içe gidýän her zat, meselem, iýmitleýji sanjymlar agyzdan başga ýerden girse-de rozany bozýandyr.

2) Jynsy gatnaşyk, kim rozaly halynda gatnaşyk etse onuň rozasy bozulýar, oňa toba etmek, şol günüň kazasyny almak parzdyr, onuň üstüne keffaratyny çykarmaly: guly azat etmeli, eger başarmasa iki aýlap yzyny üzmän agyz beklemeli, eger başarmasa 60 sany garyby naharlamaly, Ebu Hureýranyň aýtmagyna görä: "Pygamberimiziň ýanynda oturkak bir adam gelip: “Eý Allahyň Resuly! Heläk boldum,” diýdi. Ol: "Saňa näme boldy?" diýdi, ol adam: “Rozalykam aýalyma ýanaşdym” diýdi, Pygamberimiz: “Azat etmek üçin gul tapyp bilýärmiň?” diýip sorady, ol adam: “Ýok” diýdi, Pygamberimiz: “Iki aýlap yzyny üzmän agyz bekläp başararsyňmy?” diýdi, ol adam: “Ýok” diýdi, Pygamberimiz: “60 sany garyby naharlamaga zadyň barmy?” diýdi, ol adam: “Ýok” diýdi. Soň biraz oturdyk, ol aralykda Pygamberimize bir sebet hurma getirdiler, ol: “(Hälki) sorag beren nirde?” diýdi, ol adam: “Men” diýdi, Pygamberimiz: “Al muny, sadaka ber” diýdi, ol adam: “Menden has garybamy eý Allahyň Resuly?! Allaha kasam bolsun, (Medinäniň) iki lawasynyň (wulkan ergini) arasynda meniň maşgalamdan garyp maşgala ýokdur” diýdi, şonda Pygamberimiz güldi hatda gyýak (dişleri) görünip gitdi, soňra: “Maşgalaňy naharla” diýdi." (Buhary we Muslim)

Jynsy gatnaşyk hasaplanýan zat - bilgeşleýin döl dökmek, ýagny, eger rozaly kişi öpmek ýa ellemek ýa süýkemek arkaly dökse, onuň rozasy bozular, çünki bu roza ters gelýän şehwetdir. muny eden kişi kaza almalydyr, ýöne keffarat ýokdur, çünki, keffarat - gelen delile görä - diňe jynsy gatnaşyk edene degişlidir.

Emma eger rozaly kişi düýşürgäp dökse, ýa şehwetsiz çyksa, meselem: kesel sebäpli, onda rozasy bozulýan däldir, çünki, bu onuň ygtyýarynda däldir.

3) Bilgeşleýin gusmak, gaýtarmak, ýagny, aşgazandaky iýmiti ýa içgini bilgeşleýin, meselem, eliňi bokurdaga degirip, çykarmak, emma biygtyýar özi çyksa onda rozasyna zyýan ýetmez, hadysda gelşi ýaly: "Kim (biygtyýar) gaýtarsa, kaza almaly däldir, kim bilgeşleýin gaýtarsa kaza alsyn." (Ebu Dawud we Tirmizi)

4) Hijama, ýagny, adamyň derisinden, damaryndan däl, gan çykarmak, gan almak, rozaly kişi hijama etdirse, rozasy bozular, hadysdaky ýaly: "Hijama edeniňem, etdireniňem agzy açylýandyr." (Ebu Dawud we Ibn Huzeýma)

Eger özbaşdak enjamlar bilen gany çykarmasa, gan alýan kişiniňem agzy açylýandyr, has dogrusyny Allah bilýär.

Hijama degişli bolan zat - gan alma, ýagny, haýyr-sahawat üçin gan bermek.

Emma ýara sebäpli, ýa diş sogurtma sebäpli akan ganyň zyýany ýokdur, çünki ol hijama däldir, oňa degişli zadam däldir.

5) Aýbaşy ýa nifas ganyň çykmagy, haçan aýal bu ganlary görse, onuň agzy açylýandyr, oňa kaza almak wajyp bolýar, hadysdaky ýaly:

"Eger aýbaşy halda bolsa, (aýal) namazam okamaz, roza-da tutmaz, şeýle dälmi?..." (Buhary)

6) Agyz açmak niýeti, kim rozaly halynda agyz açmak wagtyndan öň agyz açmaklygy niýetine düwse, onuň rozasy bozular, hatda iýip-içmese-de, çünki, niýet rozanyň iki rüküniniň biridir, eger agyz açmaklygy bilip durup, niýet etse, onuň rozasy bozular.

7) Ridde (dinden çykmaklyk), çünki ol ybadata ters geler, aýatdaky ýaly: "Kasam bolsun! Allaha şärik goşsaň, eden amalyň biderek bolar." (Zumer 65)

9 просмотров0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page