Roza hakynda sözbaşy

Bu bapdaky meseleler:
Birinji mesele: Rozanyň kesgitlemesi, onuň rükünleriniň beýany:
1) Kesgitlemesi: Arapça "syýam" (roza) sözi bir zatdan saklanmagy aňladýar.
Dindäki manysy: Hakyky ertir (namazynyň) wagty gireninden tä gün batýança (roza) niýeti bilen iýmekden, içmekden we beýleki agyz açýan zatlardan saklanmak.
2) Ýokarky kesgitlemeden belli bolşy ýaly, rozanyň iki sany esasy rüküni bar:
Birinjisi: irdenden tä gün batýança agyz açýan zatlardan saklanmak, munuň delili: "(Siz) indi (oraza gijelerinde) olara (aýallaryňyza) ýanaşyp (bilersiňiz) we Allahyň siziň üçin ýazgyt eden zadyny (perzent edinmegi) gözläň! Siz säher çagy, tä siziň üçin ak sapak gara sapakdan saýgarylýança, iýiň we içiň! Soň agşama çenli (Gün ýaşýança) rozany dowam ediň! " (Bakara 187)
“ak we gara sapakdan” sözünden maksat - gündiziň aklygy we gijäniň garalygy.
Ikinjisi: Niýet, ýagny, rozaly kişi agyz açýan zatlardan Allaha ybadat hökmünde saklanmalydyr. Niýet ybadat amallaryny beýleki amallardan tapawutlandyrýandyr we niýet käbir ybadatlary beýleki ybadatlardan tapawutlandyrýandyr, meselem: Remezan rozasyny niýet etmegi, ýa başgasyny.
Munuň delili: Hadys: "Amallar niýetlere görädir, her adama niýet eden zady bolar." (Buhary we Muslim)
Ikinji mesele: Remezan rozasynyň hökümi we delili:
Allah Remezan aýynda roza tutmaklygy parz etdi, ony Yslamyň bäş rükünleriniň biri etdi, şu aýatlardaky ýaly: "Eý, iman edenler! (Siziň günä işlerden saklanyp) takwalardan bolmagyňyz üçin, sizden öňkülere parz edilişi ýaly, size hem sanalgy günlerde oraza tutmak parz edildi."(Bakara 183)
"Remezan aýy ynsanlara dogry ýoly (hidaýaty) görkezýän we dogry (hak) bilen egri ýoly (batyly) biri-birinden tapawutlandyrýan äşgär alamatlary (özünde jemleýän) Kuranyň inderilen aýydyr. Kim bu aýa ýetse, onda agyz beklesin!" (Bakara 185)
Abdullah ibn Omaryň habar beren hadysynda Pygamberimiz şeýle diýýär: "Yslam bäş zada gurulandyr: (lä ilähe illallah Muhammed Resulullah) şaýatlygy, namazy berjaý etmek, zekady doly bermek, Remezanda roza tutmak, başarana Allahyň Haram (Käbe) öýüne haj etmek."(Buhary we Muslim)
Talha ibn Ubeýdillah gürrüň berýär: "Bulam-bujar saçly bir çarwa arap Pygamberimiziň ýanyna gelip şeýle diýdi: “Eý Allahyň Resuly! Maňa Allah rozadan nämäni parz edenini habar ber.” Ol: "Remezan aýyndaky (roza)" diýdi, ol sorady: “Mundan başga maňa parz (roza) barmy?” Ol: "Ýok, diňe tetawwug (nefil) bar..." - diýdi." (Buhary we Muslim)
Remezan rozasynyň parzdygyna, onuň her kime äşgär bolan Yslamyň rükünleriniň biridigine ymmatyň hemmesi ylalaşdylar, ony inkär eden kapyr bolup, Yslamdan çykan hasaplanýar.
Şunuň bilen rozanyň parzlygyny Kitap (Kuran), Sünnet we ijmag aňladandyr, şeýle hem, ony inkär edeniň kapyrlygyna musulmanlar ylalaşdylar.
Üçünji mesele: Rozanyň görnüşleri:
Roza iki görnüşdir: wajyp, parz bolan roza, sünnet, nefil bolan roza.
Wajyp roza üçe bölünýär:
1) Remezan rozasy.
2) Keffarat (öwez dolma) rozasy.
3) Nezir rozasy.
Bu bölümde Remezan we nefil roza barada gürrüň bereris, emma beýleki görnüşlerini ýerli-ýerinde beýan ederis in şä Allah.
Dördünji mesele: Remezan aýynyň rozasynyň fazly (aýratynlygy), ol aýda agyz beklemegiň hikmeti:
1) Fazly: Ebu Hureýradan hadys: "Kim gadyr gijesi iman we umyt bilen (namaza) dursa geçen günäleri bagyşlanar, kim Remezanda iman we umyt bilen agyz beklese, geçen günäleri bagyşlanar."(Buhary we Muslim).
Ýene-de Ebu Hureýranyň habar beren hadysy: "Eger uly günälerden daşlaşylsa bäş wagt namaz (kiçi günäleri) ýuwujydyr, (şeýle hem) (jumga namazy) jumgadan jumga aralygyndaky (günäleri ýuwujydyr), we (Remezan rozasy) Remezandan Remezan aralygyndaky (günäleri) ýuwujydyr"(Muslim).
Remezan rozasynyň fazly gaty uludyr, bular käbirleridir.
2) Ol aýda agyz beklemegiň hikmeti: Allah rozany birnäçe peýdalar, möhüm hikmetler üçin parz edendir, olardan käbirleri:
1. Nebsi arassalamak, päklemek, ýaramaz gylyk-häsiýetlerden tämizlemek, çünki, roza ynsanyň bedenindäki şeýtanyň ýollaryny daraldar.
2. Roza adamy gerekmejek dünýä zatlaryndan, şehwetden alyp galar, ahyrete we onuň nygmatlaryna ymtyldyrar.
3. Roza adamy garyp-gasarlara ýumşak garamagyna iterer, olaryň çekýän ajylaryny bildirer, sebäbi rozaly kişi açlyk, suwsyzlyk ajysyny dadar we ş.m.
Bäşinji mesele: Remezan rozasynyň wajyp bolmagy üçin tapylmaly şertler:
1) Yslam, kapyra roza parz däldir, onuň rozasy dürsem bolmaz, çünki, roza ybadatdyr, kapyryň ybadaty dürs däldir, eger Yslamy kabul etse, geçen rozalaryň kazasyny almak parz däldir.
2) Ýaşy ýetmek, ýetişmek, mukellef bolmadyga roza parz däldir, hadysdaky ýaly: "Üç kişiden galam göterilendir...." - olaryň içinde çaga tä ýetişýänçä diýip agzalýar, ýöne mumeýýiz bolup, ýetişmedik çaga eger agyz beklese onuň rozasy dürsdir, şonuň üçin çaganyň hossarlary roza öwrenşmegi üçin aram-aram rozany buýrup durmalydyrlar.
3) Akyl, ýagny, roza däli kişä, akly kem kişä parz däldir, hadysdaky ýaly: "Üç kişiden galam göterilendir..." - olaryň içinde däli tä aklyna gelýänçä diýip agzalýar.
4) Başarmaklyk, kim garrylyk sebäpli, ýa hassalyk sebäpli ýa başga sebäpli roza tutmany başarmasa, oňa roza parz däldir, ýöne birden roza tutsa rozasy dürs hasaplanar, aýatdaky ýaly: "Sizden bir adam (bu aýda) hassa ýa-da ýolagçy bolsa, ol (tutup bilmedik) sanalgy günleriniň (kazasyny) başga günlerde tutar." (Bakara 185)
Eger hassalygy aýrylsa, geçiren günleriniň kazasyny almalydyr.
5) Oturumly bolmak, ýagny, ýolagçy adama roza parz däldir, aýatdaky ýaly: "Sizden bir adam (bu aýda) hassa ýa-da ýolagçy bolsa, ol (tutup bilmedik) sanalgy günleriniň (kazasyny) başga günlerde tutar"(Bakara 185)
Ýöne eger ýolagçy agyz beklese rozasy dürsdir, diňe geçen günleriniň kazasyny almaly bolýar.
6) Aýbaşy we nifas ýagdaýda bolmazlyk, bu ýagdaýda bolanlara roza parz däldir, gaýtym olara haramdyr, hadysdaky ýaly: "Eger aýbaşy halda bolsa, (aýal) namazam okamaz, roza-da tutmaz, şeýle dälmi? Ynha şol onuň dininiň kemligidir." (Buhary)
Ýöne kazasyny almak parzdyr, Aişe enemiziň habar berişi ýaly: "(Aýbaşy we nifas) halda bolardyk, rozanyň kazasy bize buýrulardy emma namazyň kazasy buýrulmazdy." (Muslim)
Altynjy mesele: Remezan aýynyň girmegi we çykmagy.
Remezan aýy Hiläliň (ýaňy dogan aýyň) görünmegi bilen girer, muny ynsanyň özi görse-de ýa başgalar habar berse-de ýetik bolar, ýagny, eger adyl musulman aý dogdy diýip habar berse, şonuň bilen Remezan girýändir, aýatda aýdylşy ýaly: "Kim bu aýa ýetse, onda agyz beklesin!"(Bakara 185)
Hadysda hem şeýle diýilýär: "Ony (aýy) görseňiz agyz bekläň!" (Buhary we Muslim)
Ibn Omar şeýle diýýär: "Remezan (aýyny) görenligimi Pygamberimize habar berdim, şonda özi agyz bekledi we adamlara-da ony buýurdy." (Ebu Dawud)
Eger Hiläl görünmese, bir adyl musulman habar bermese, Şagban aýyny (Remezandan öňki aýy) 30 güne dogrulamak wajyp bolýar, Remezanyň girenligini diňe bu iki ýol subut eder: Hiläliň görünmegi ýa Şagban aýyny 30 güne dogrulamak, hadysda aýdylşy ýaly: "Ony (aýy) görmeklik bilen agyz bekläň, ony (aýy) görmeklik bilen agyz açyň, eger size ol (aý) görünmese, Şagban aýyny 30-a dogrulaň." (Buhary we Muslim)
Emma Remezan aýynyň çykmagy iki sany adyl musulmanyň habary bilen subut ediler, eger iki sany adyl musulman çykanlygyny habar bermeseler, onda Remezan aýyny hem 30 güne dogrulamak wajyp bolar.
Ýedinji mesele: Roza üçin niýet etmekligiň wagty we hökümi:
Agyz beklejek kişi rozany niýet etmek wajypdyr, agzap geçişimiz ýaly, ol rozanyň iki rüküniniň biridir, hadysdaky ýaly: "Amallar niýetlere görädir, her adama niýet zady bolar." (Buhary we Muslim)
Eger beklejek rozasy parz bolsa, meselem: Remezan, ýa keffarat, ýa kaza rozasy bolsa, onda gije, ýagny, ertir namazyň girmezinden bir minut öňem bolsa, niýet etmelidir, hadysdaky ýaly: "Kim fejrden (ertir namazyň girmezinden) öň rozany (niýet) etmese, onuň rozasy ýokdur." (Nesai)
Kim rozanyň niýetini gündiz etse, hiç zat iýmedik bolsa onda parz roza dürs bolmaz, megerem nefil rozasy dürs bolar, ýagny, eger hiç zat iýmedik bolsa, niýetem gündiz etse, onda nefil rozasy dürs bolar, Aişe enemiziň aýdyşy ýaly: "Pygamberimiz bir gün ýanyma girip: "Bir zatlaryňyz (iýmäge) barmy?" - diýdi, bizem: “Ýok” diýdik, şonda:"Onda men rozalydyryn" diýdi." (Muslim).
Emma parz roza üçin niýeti gijeden etmelidir, gündiz edilen niýet dürs bolmaz.
Remezanyň başynda bir gezek niýet edilse, ýeterlik bolar, emma has gowusy her gün niýet etmekdir.