Osman ibn Affanyň ömür beýany.
Ady: Osman.
Kakasynyň ady: Affan ibn Ebil-As.
Ejesiniň ady: Erwä bint Keriz.
Künýesi: Ebu Amr, Ebu Abdullah.
Tiresi: Emewi-Kureşi.
Lakamy: Zun-Nuroýn.
Ebu Abdullah Osman ibn Affan Emewi-Kureşi dört çaryýarlaryň üçünjisi, 10 sany Jennet bilen buşlananlaryň birisi, ilkinji Yslamy kabul edenleriň birisi, Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) iki gyzyna öýlenen ýeke-täk sahaba, haýasyndan perişdeleriň utanýan kişisi.
Habaşa (häzirki Efiopiýa) ýurduna ilkinji hijret eden Osmandyr, soňra onuň yzyndan beýleki sahabalar hijret etdiler. Soň Osman Medinä ikinji gezek hijret etdi, Allahyň Resuly ony gaty gowy görýärdi, ony ynamdar saýýardy, onuň haýasyna we gözel ahlagyna hormat goýýardy, musulmanlara edýän maliýe ýardamyna uly baha bererdi, ony Jennet bilen buşlap, onuň şehit boljagyny habar beripdi.
Omardan soň halyf saýlamak babatyndaky şuranyň netijesinde Osman halyf saýlanyp, oňa adamlar beýgat edýärler, onuň halyflyk döwri 12 ýyl dowam edýär. Onuň döwründe Kuran jemlenilýär, Mesjidil-Haram bilen Mesjidin-Nebewi giňeldilýär, birnäçe täze toprak fetih edilýär: Ermenistan, Horasan, Kerman, Sijistan, Afrika, Kipr, Yslam taryhynda ilkinji deňiz flot (harby gämileriň birikmesi) döredilýär.
Osmanyň soňky döwürlerinde ýurtda uly pitneler başlaýar, şol sebäpli onuň janyna kast edýärler, ol 35-nji hijri ýylynda 82 ýaşynda aradan çykýar, ony Medinedäki Bakyg mazarystanda jaýlaýarlar.
Doly ady, asly:
Ol Osman ibn Affan ibn Ebil-As ibn Umeýýe, Kureýş tiresiniň Emewi taýpysandan. Ejesi Erwä bint Keriz ibn Robiýga ibn Habib, ol hem Kureýş tiresinden, Abdumenaf maşgalasyndan.
Önüp-ösüşi:
Käbir maglumatlara görä Osman 576-njy ýylda Taifde eneden dogulýar, käbirlerine görä Mekgede. Onuň ejesi Erwä musulman bolup, uzak ýaşaýar, Osmanyň halyflyk döwründe aýrylýar, ony Osmanyň özi jaýlaýar, emma kakasy bolsa Jahylyýet döwründe ölýär.
Jahylyýet döwründen bäri Osman gaty gurply, baý täjirdi, Kureýşiň iň akyl-paýhasly, at-abraýly kişileriniň birisidi. Kureýş ony gaty söýerdi, ol ömri boýunça bir gezegem buta sežde eden däldir, hiçem şerap içen däldir, ol araplaryň nesil daragtyny, nakyllaryny, şeýle hem, taryhy wakalary gowy bilýän ekeni. Osman Şama, Habaşa gidip, arap däller bilen ýaşap, gatnaşyk ederdi, şeýdip, ol Kureýşiň beýlekileri bilmeýän zatlaryny bilýän ekeni. Ol kakasyndan miras galan söwda bilen meşgullanardy, täjirlik başarjaňlygy sebäpli ol uly mal-mülke, baýlyga eýe bolýar, Kureýşiň içinde uly dereje eýeleýär. Osman gaty eli-açyk, jomart adam ekeni, öz halkynyň içinde uly hormata, çäksiz söýgä eýe ekeni. Jahylyýetde oňa Ebu Amr diýip künýe beripdiler, ýöne Rukoýýe maşgalasyndan Abdullah bolansoň, musulmanlar oňa Ebu Abdullah diýdiler, Pygamberimiziň iki gyzyna öýlenenligi üçin oňa Zun-Nuroýn (Iki nur eýesi) diýerdiler.
Daşky keşbi, waspy:
Osman owadan adamdy, gaty uzynam däl, gaty gysgadam däldi, garaýagyz, uly sakally, gür tüýli, ýogyn bogunly, giň kiptli, galyň injikli, uzyn tirsekli, onuň tirseklerini gür tüýi ýapyp durýan ekeni, bürgüt burunly, ýüzünde garamygyň nokatlary ýaly nokatlar bar ekeni.
Kureýşiň adamlary köplenç onuň ýanyna gelerdiler, onuň bilen maslahatlaşardylar, sebäbi ol hem bilim eýesidi, hem ýumşak, mylaýymdy. Osmanyň aýratyn taraplarynyň ýene biri ol diňe sadaka kömek bilen çäklenmän, eýsem, hünär öwrener ýaly adamlara ýardam ederdi, oňa (mätäje) bir gezek kömek pul bereniňden oňa kär öwretseň has haýyrly diýýän ekeni.
Osman gaty utanç haýaly kişi ekeni, ol mydama köýneginiň iň ýokarky iligini ildirip geýerekeni, sebäbi ol gaty haýaly ekeni, hatda Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi wesellem) ol barada şeýle diýýär: “... perişdeleriň utanýan kişisinden men näme üçin utanmaýyn”
"Ymmatymyň içinde ymmatyma iň merhemetlisi Ebu Bekrdir, Allahyň emirlerine iň berki Omardyr, haýa taýdan iň dogruçyly Osmandyr, haram-halaly iň gowy bilýän Muaz ibn Jebeldir, miras ylmyny iň gowy bilýän Zeýd ibn Säbitdir, (Kurany) iň gowy okaýany Ubeýýdir, her ymmatyň öz ynamdary bolýar, bu ymmatyň ynamdary Ebu Ubeýde ibn Jerrahdyr." (Silsile sahyha).
Osman şeýle diýýär:
“Allah bilen aramda 10 sany zady saklap gezýärdim:
1. Yslama men dördünji bolup girdim.
2. Men ömrümde bir gezegem ýalan sözläp görmedim, Yslamda-da Yslamdan öňem.
3. Sag elim bilen Pygamberimize beýgat edemsoň ony birem owrat ýerlerime degrip görmedim.
4. Gul azat etmän birem Jumga gününi geçirmedim.
5. Yslamda-da Yslamdan öňem men bir gezegem zyna etmedim.
6. Men Usra goşunyny ýarag-esbaplar bilen üpjün etdim.
7. Men Pygamberimiziň iki gyzyna öýlenen ýeke kişi.
8. Yslamda-da Jahylyýetde-de ogurlyk edip görmedim.
9. Birem aýdym aýtmadym.
10. Boş arzuw etmedim.
Yslama girişi:
Osman 34 ýaşynda Yslamy kabul edýär, haçanda Ebu Bekr oňa: "Waý halyňa, eý Osman! Allaha kasam bolsun, takyk sen, edermen adam, saňa hak batyldan gizli bolmaz, seniň kowumyň ybadat edýän butlary, olar hiç zady eşitmeýän ker, kör, peýda-zyýan berip bilmeýän zatlar dälmi eýsem? - diýende, Osman: "Eýse näme, Allaha kasam bolsun, şeýledir." - diýip jogap berýär. Ebu Bekr: "Bu Muhammet ibn Abdullahy Allah bütin ýaradylanlara ilçilik (wezipesi) bilen iberýär, onuň ýanyna baryp, ony diňlejekmi?" - diýýär, Osman: "Bolýar." - diýýär. Edil şol wagt Allahyň Resuly gelip oňa: "Eý Osman! Allahyň Jennetine bolan (çakylygyna) jogap ber, çünki, men saňa we bütin ýaradylanlara iberlen Allahyň ilçisidirin." - diýýär. Soň Osman gürrüň berýär: "Allaha kasam bolsun, onuň sözüni eşidemsoň durup bilmän Yslamy kabul etdim we Lä ilähe illalah wahdehu lä şeriýke leh, we enne Muhammeden abduhu we resuluh diýip şaýatlyk etdim."
Osman Ebu Bekr, Aly we Zeýdden soň erkeklerden dördünji bolup Yslamy kabul edýär.
Osman özüniň Şamdan gelýärkä başyndan geçiren wakasyny Pygamberimize (Sallallahu aleýhi wesellem) gürrüň berýär:
"Eý Allahyň Resuly! Şamdan golaýda geldim, Maganin we Zerka (atly ýerleriň) arasyndakak biz ukuda ýaly bolduk, şonda jar çekiji şeýle diýip jar çekdi: Eý ýatanlar, turuň, Mekgede Ahmet eýýäm çykdy. Gelemizde sen barada eşitdik.”
Rukoýýä öýlenmegi:
Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi wesellem) iki gyzyny, Rukoýýe we Ummu Gülsümi, Ebu Lehebiň ogullaryna çykarypdy. Haçanda Mesed süresi inende Ebu Leheb ogullaryna talak bermegi buýurýar, şeýdip, entäk jynsy gatnaşyk bolmanka Rukoýýe we Ummu Kulsum aýyrlyşýarlar. Osman buny eşidip, Allahyň Resulyndan Rukoýýaniň elini soramana barýar, ol hem razy bolup, Osmana gyzyny çykarýar. Rukoýýa Hatyja enemiz gelin bezeglerini geýdirip, şeýle diýýär: "Ynsanyň gören iň gowy taýy - Rukoýýe we adamsy Osmandyr."
Bir gün Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi wesellem) olaryň öýlerine girip gelende Rukoýýanyň Osmanyň kellesini ýuwup oturanyny görýär, şonda aýdýar:
"Eý gyzym! Ebu Abdullah bilen gowy gatnaş! Çünki, ol sahabalarymyň ahlak taýdan iň maňa meňzeşidir."
Habaşä hijreti:
Kureýş tarapyndan sahabalar köp ezýetler çekipdiler, olaryň içinde Osman hem bardy, ony agasy Hakem ibn Ebil-As ony ýüp bilen daňyp goýup: "Atalaryň dininden dänip, täze dine uýýaňmy? Allaha kasam bolsun, seni boşatmaryn tä bu tutýan diniňi taşlaýançaň." - diýýär. Osman: "Allaha kasam bolsun, ony (dini) hiç haçan goýmarynam, taşlamarynam." - diýip jogap berýär, onuň bu dini berk tutýanyny görüp agasy ony boşadýar.
Musulmanlaryň ezýetlerini görüp Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi wesellem) olara Habaşa ýurduna gitmegi buýurýar, şolaryň içinde Osman hem bolýar, Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi wesellem) Medinä hijret edensoň, ol Habaşadan Medinä göç edýär.
Pygamberimiziň döwründe:
Osman we Bedir söweşi:
Haçanda musulmanlar Bedir söweşine çykanlarynda Osmanyň maşgalasy Rukoýýe gyzamyk keseli bilen düşekde keselläpdi. Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi wesellem) söweşe çykmak buýrugyny Osman eşidende taýynlyk görüp başlady, emma Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi wesellem) oňa maşgalasynyň ýanynda galmaklygy emir etdi. Gynansak-da, Rukoýýe biraz wagtdan aýrylýar, Osman ony göterip, Bakyg gabyrystanda jaýlaýar, ol ýerden Osman gaýdyp gelýärkä Zeýd ibn Harisä duşýar, musulmanlaryň ýeňiş buşlugyny eşidýär. Gyzynyň aýrylanyny eşiden Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi wesellem) onuň üçin Allahdan bagyşlanma dileýär. Osmanyň Bedir söweşine gönümel gatnaşmadygyna garamazdan, Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi wesellem) oňa ganymatdan paý berip, ony Bedirlilerden hasap edýär.
Rydwan beýgaty:
Haçanda Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi wesellem) Hudeýbiýe diýen ýerde sahabalar bilen düşlände Kureýşe ilçi ibermeklige karar berýär, Käbä girip, diňe Umra edip yza gaýtjakdyklaryny, parahatçylykly niýetlerini beýan etmegi üçin adam ugratmagy makul görýär. Ilki bilen Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi wesellem) başga sahabany iberýär, ýöne ol netijesiz gaýdyp gelýär. Soň Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi wesellem) Osmany çagyryp, şeýle diýýär:
“Kureýşiň ýanyna bar, biziň birini hem öldürmek üçin gelmeýänimizi olara habar ber, diňe bu öýe (Käbä) zyýaratçy bolup, hormat goýup gelýäris, ýanymyzda gurban mallary bar, olary soýup, (yzymyza) dolanarys.”
Osman ýola düşüp, Beldah diýilýän Mekgäniň golaýynda ýere gelýär, ol ýerde Kureýşiň kethudalary bilen duşuşyp, Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi wesellem) tabşyrygyny olara ýetirýär, ýöne olar ýok diýip jogap berýärler, diňe Osmanyň özüne Käbäň daşyndan towaf etmekligi rugsat berýärler, emma Osman gerek däl diýip, özüniň Pygamberimize wepalylygyny şeýdip görkezýär. Soňra Osman Mekgede ýaşap ýören musulmanlara Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) tabşyrygyny ýetirýär, çykalganyň golaýdygyny bildirip, sabyr etmelerini buýurýar. Bir ýerlerden musulmanlaryň arasynda Osman öldürildi diýip myşmyş ýaýraýar, muny eşidip, Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) sahabalardan müşriklere garşy söweşjekdiklerine beýgat alýar, sag elini görkezip bu Osmanyň eli diýip ony hem beýgadyň içine salýar, soň bu beýgata Rydwan beýgaty ady berilýär, oňa 1400-e golaý sahaba gatnaşýar.
Osman we Usra goşuny.
Tebuk söweşine Usra söweşi hem diýilýär, Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi wesellem) ol söweşe çykmaklary üçin tire-taýpalara adam ugradýar, adamlara haýyr-sahawat, sadaka etmeklerini ündeýär, köp adamlar uly-uly sadaka getirýärler, Osman bolsa bütin goşunyň üçden bir bölegini öz boýnuna alýar, olary hemme gerek zatlar bilen üpjün edýär, 940 sany düýe we 60 sany at getirýär, diňe munuň bilen çäklenmän Osman ýene 1000 dinar goşýar, häzirki pula öwremizde ol 240 müň dollar töwerek pul bolýar, Osman ikirjeňlenmän şonça mukdary birbada berip bilýän kişi ekeni, muny gören Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi wesellem) şeýle diýýär:
"Şu günden soň Osmanyň etjek işleri oňa zerar getirmez, kim Usra goşunyny taýynlasa oňa Jennet bardyr."
Ruma guýusy:
Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi wesellem) Medinä gelende agyz suwunyň azdygyny görýär, içilýän suw diňe Ruma guýusyndan alynýardy, Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi wesellem) aýtdy:
"Kim Ruma guýusyny satyn alyp, çelegini musulmanlaryň çelekleri bilen etse (ýagny, diňe özi ulanman, hemmelere rugsat berse), Jennetde onuň üçin ondan gowusy bolar."(Sahyh Nesai, Elbäni).
Ol Ruma guýusy bir ýahudynyňkydy, suwy musulmanlara pula satýardy, Osman ondan ol guýuny 20 müň dirheme satyn alyp, garyplara, ýolagçylara we başgalara mugt edýär. Osmanyň guýusy häzirki wagtda Mesjid Nebewiden 500 metr daşlygynda ýerleşýär şu wagta çenli ol musulmanlaryň mellekleri, agyz suwlary üçin ulanylýar, oňa oba-hojalyk ministrligi gözegçilik edýär.
Mesjidin-Nebewiň giňeldilmesi:
Pygamberimiziň guran metjidinde sahabalar namaz okaýardylar, din öwrenýärdiler, hutba diňleýärdiler. Gelmek isleg bildirýänleriň sany bolsa gün-günden artýardy, şonuň üçin Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) käbir sahabalary metjidiň daşyndaky mellek ýerleri satyn alyp metjide goşmaklary üçin höweslendirýär:
"Kim plan maşgalanyň mellek ýerine satyn alyp, ony metjide goşsa, onuň üçin Jennetde ondan gowusy bolar." Osman hem buny eşidip öz puluna, 25 müň dirheme ol ýeri satyn alyp, metjide goşýar.
Bu Osmanyň birinji giňeltmesidir, ikinji giňeltmesi onuň halyflyk döwründe bolup geçýär, Osman adamlar bilen metjidiň diwarlaryny ýykyp, täzeden giň edip gurmaklygy maslahat edýär, olaryň goldawyny alansoň gurluşyk işlerini hut özi başlap berýär. Mundan daşary Osman metjidiň gurluşyk serişdelerini has hem berkidýär, öň agaçdan gurlan ýerlerini daşdan gurýar, ýaprakdan örülen ýerlerini agaçdan örýär.
Ebu Bekriň döwründe:
Ebu Bekriň döwründe Osman Şura (maslahat) agzalaryndan bolup, döwletiň iň möhüm işlerinde pikiri diňlenýän kişidi. Meselem: Ebu Bekr Bahreýna häkim bellemek islände Osman oňa Alä ibn Hazramini maslahat berýär, çünki, ol ýerde Yslamy ilkinji kabul edenleriň biri oldy, öz ülkesini gowy bilerdi we adamalaram oňa beletdiler. Haçanda Ebu Bekr Ridde söweşlerini tamamlansoň Ruma garşy herekede geçmekligi Osman bilen maslahatlaşýar, ol hem onuň bu pikirine goldaw berip, özüniň kömegini hödürleýär. Şeýle hem, Ebu Bekr agyr hassalanda Omar barada Osmandan soraýar, ol hakynda Osmanyň garaýşyny bilesi gelýär, Osman şeýle diýýär:
"Ol hakynda meniň bilýänim onuň daşyndan içi has haýyrlydyr, ol ýaly içimizde birem ýokdur."
Ebu Bekriň döwründe musulmanlar güýçli açlyk başlaryndan geçirýärler, çünki, ol ýyl gaty gurak bolupdy. Adamlar Ebu Bekriň ýanyna şikaýat bilen baranlarynda Ebu Bekr olara sabyr etmegi ündäp, golaýda Allah çykalga tapyp berer diýýär. Köp wagt geçip-geçmänkä Şamdan Osman 100 düýelik kerwen bilen gelýär, üstünde arpa-bugdaý we başga iýmitler bardy, Osman musulmanlaryň ýagdaýyny eşidip, hemmesini garyp-pukaralara sadaka berýär.
Omar ibn Hattabyň döwründe:
Omaryň döwründe Osmanyň orny edil orunbasaryň orny ýalydy, adamlar Omardan bir zat isleseler Osmana ýüz tutardylar. Käbir maglumatlara görä diwan düzmek, hijri kalendaryny döretmek pikirlere Osman itergi berendigi barada habar berilýär. Şeýle hem, Omaryň fetih edilen topraklary fetih edenleriň arasynda bölmezlik we musulmanlar, olaryň nesilleri üçin mesgen tutmak baradaky pikirini goldaýanlaryň arasynda Osman hem bardy.
Halyf bolşy:
Omaryň halyf saýlamak buýrugyna görä belli sanly adamlaryň arasynda maslahat düzüp, şolaryň içinden birini saýlamalydy. Olar: Osman ibn Affan, Aly ibn Ebi Talyp, Abdurrahman ibn Awf, Zubeýr ibn Awwam, Saad ibn Ebi Wakkas, Talha ibn Ubeýdillah.
Şuranyň geçişi: Omary jaýlap bolansoňlar hälki alty sahabalar bir öýde jemlenşdiler, her kim öz tekliplerini, pikirlerini atdylar, Abdurrahman ibn Awf aýtdy:
"Her kim öz sözüni (başga) tabşyryp, üç kişi galsyn." Zubeýr Aly kimi saýlasa menem şony diýdi, Talha Osman kimi saýlasa menem şony diýdi, Saad Abdurahman kimi saýlasa menem şony diýdi. Şeýdip, üç kişiň arasynda saýlaw çäklendi: Osman, Aly, Abdurrahman. Soňra Abdurrahman şeýle teklip atdy, 3 sany iň soňunda galanlaryň birisi özüni ortadan aýyrýar, halyflygy boýun almakdan boşadylýar, ýöne soňky iki sany galanyň birisini halyf saýlaýar, ol ikisem onuň kararyna razy bolýarlar. Bu teklibi eşidip Osmanam Alyda ses çykarmydylar, Abdurrahman:
“Onda saýlamagy maňa tabşyrýarsyňyzmy?” - diýýär, ol ikisi hawa diýýärler, şonda mesele belli bolýar, Osman bilen Alynyň arasynda saýlamak Abdurrahman ibn Awfa düşýär. Şu taýda belläp geçmeli zat: haçanda Abdurrahman ibn Awf Osmana we Ala halyflykdan kim boýun gaçyrýar diýende ikisem dymdylar, bu ýagdaý olaryň halyflyga dyrjaşýandyklaryny, her haýsynyň halyf bolasy gelýändiklerini aňladanok, olaryň dymmaklarynyň sebäbi - boýun gaçyran kişi galan soňky iki sahabanyň arasynda birisini saýlamalydy, bu bolsa uly jogapkärçilik, beýle etmek olar üçin juda agyrdy, şonuň üçin olar dymmaklygy ýerlikli gördüler.
Abdurrahmanyň sözi kesgitleýji diýip karar berseler-de, olar bilýärdiler Abdurrahman öz nebsine eýermeýär. Mundan daşary, ol karary almazdan öň Medinäň köçelerine çykyp, uly sahabalardan, meşhur serkerdelerden, hatda aýallardan, çagalardan we gullardan maslahat sorardy, olaryň aglabasy Osmany maslahat berýärdiler, şeýlelik bilen, Şuranyň dördülenji karar bermeli güni, ertir namazyndan soň köpçülik musulmanlaryň üýşen wagty Abdurrahman ibn Awf Osmana beýgat edýär, onuň yzyndan Aly, ondan soň beýleki musulmanlar Osmana beýgat edýärler.
Döwlet dolandyrşy:
Maliýe işleri:
Osman halyf bolansoň Omaryň maliýe syýasatyny üýtgetmedi, ol şu esaslary dikipdi:
- Hemme maliýe işlerini Yslama laýyklykda alyp barmak.
- Döwlet gaznasyndan musulmanlaryň haklyryny bermek.
- Paç töleýän kapyrlardan tölegi adalatly almak, olara zulum etmezlik.
- Zekat ýygnamak we ş.m. maliýe işlerinde dogruçyllyk we wepalylyk bilen işleýän işgärleri döretmek.
- Köpçüligiň bähbidine zerar berýän her bir maliýe gyşarmalaryndan gaça durmak.
Welaýatlar we häkimleri:
Käbir bähbitlere görä Osman welaýatlaryň käbirini beýlekisine goşdy, iki welaýaty birikdi. Osman häkimlere elmydama nesihat edip durardy, olara adalaty, merhemeti ündärdi. Musulmanlaryň, zimmileriň hak-hukularyny nädip berjaý etmeklik barada Osman häkimlere tertip-düzgün ýazyp bererdi, aragatnaşyk sepini öwrederdi.
Osmanyň döwründäki welaýatlar we olaryň häkimleri:
Medine - Yslam döwletiniň paýtagty we bu ýer halyf Osmanyň mekanydy.
Mekge - Halid bin Al-Aas, soň Ali bin Rabi'a, soňra Abdullah bin Amr Al-Hadrami ýaly birnäçe häkim.
Ýemen we Hadramewt - Ýagla bin Muneýýe Sanada. Abdullah bin Rabia Jund şäherinde.
Bahreýn we El-Ýemäme - Osman bin Abi Al-Aas Al-Sakafi, Marwan bin Al-Hakam, Abdullah bin Suwar Al-Abdi. (Soňra Bahreýni Osman Basra birikdirdi). El-Ýemämäniň bolsa, aýratyn häkimi bellendi.
Şam - Muawiýa bin Ebi Sufýan. Osman halyflygynyň başynda Homsyň häkimi Umair bin Saad Al-Ansarydy, ýöne keseli sebäpli boşadylypdy. Edil şonuň ýaly-da, Alkama bin Mahraz Palestinanyň häkimidi, ýöne ol aýrylypdy. Homs we Palestina bolsa Şama birikdirilipdi. Basra - Abu Musa Al-Aşgari, Abdullah bin Amir bin Keriz, Bahreýn we Oman soňra Basra welaýatyna birikdirildi.
Kufa - Saad bin Abi Wakkas, soň Al-Walid bin Ukbe, soňra Said bin Al-Aas, soňra Abu Musa Al-Aşgari.
Müsür - Amr bin Al-Aas, soňra Abdullah bin Abi As-Serh.
Ermenistan - Salman bin Rabia, soň Habib bin Mesleme, soň bolsa Huzeýfa bin Al-Ýeman, ol Azerbeýjanyň hem häkimidi, soň Mugyýra bin Şugba Ermenistanyň hem Azerbeýjanyň häkimi bellendi.
Kazylyk:
Osman halyflyga geçende Medinäniň kazysy Aly, Zeýd ibn Säbit we Saib ibn Ýeziddi. Käbir maglumatlara görä Osman kazyýet işlerine seretmek üçin ýörite jaý edinipdi, Omaryň döwründe bolsa ol işler metjitde geçirilýärdi. Osmanyň döwründäki iň meşhur kazylar: Zeýd ibn Säbit - Medine, Ebu Derdä - Dimaşk, Kaab El-Ezdi - Basra, Ebu Musa - Basra, Şureýh El-Kazy - Kufa, Ýagla ibn Umeýýe - Ýemen, Sumäme - Sanaa, Osman ibn Kaýs - Müsür.
Kuranyň bir okalşa jemlenmegi:
Osmanyň dolandyran döwründe Yslam uly ýurtlarda ýaýrady we sahabalar dargadyldy, bu her hili okalyşlaryň we dürli şiweleriň ýaýramagyna sebäp boldy, Kuranyň ýazylşy we okalşynyň üýtgeme howpy bardy, şonuň üçin Osman musulmanlary araplaryň şiwesi bolan Kureýş diline ýygnady.
Huzeýfe El-Ýeman bir gün Osmanyň ýanyna geldi, ol Yraklylar bilen Ermenistan we Azerbeýjany fetih etmek üçin Şam ili bilen söweş alyp barýardy, olaryň (Kurany) okaýyşlaryndan ol howatyrlanypdy, şonuň üçin, Osmana: "Eý möminleriň emiri! Ýahud we hristianlaryň dawalaşyşlary ýaly bu ymmat Kitapda (Kuranda) dawalaşmanka ýetiş!" - diýdi. Osman Omaryň gyzy Hafsaň ýanyna adam göýberýär, Ebu Bekr we Omaryň jemlän Kuranyny ugratmagy soraýar, ondan göçürip, birnäçe Kuran nusgasyny etjegini aýdýar, göçürmek işleri tamamlanansoň yzyna berjegini aýdýar. Hafsadan Kurany alansoň Osman Zeýd ibn Säbite, Abdullah ibn Zubeýre, Said ibn Aasa, Abdurrahman ibn Harise Kurany birnäçe nusgalara göçürmekligi tabşyrýar. Eger araňyzda (ýazmaçada) gapma-garşylyk çyksa, onda Kureýş diline gaýdyň diýip olara tabşyrýar. Nusgalar taýyn bolansoň Osman Hafsadan alan Kurany yzyna gowşurýar we täze Kuranlary hemme ülkelere paýlaýar, eger şol nusgalara ters başga Kuran çyksa, ýa sahypa çyksa ýakyň diýip buýurýar.
Osman bu işi köp sahabalar bilen maslahat edensoň ýerine ýetirdi, şol wagt olaryň içinde garşy çykan biri hem ýokdy.
Ebu Bekriň Kurany jemlemegi bilen Osmanyň Kurany jemlemeginiň tapawudy - Ebu Bekr Kurandan bir zat ýiter diýip gorkýan ekeni, çünki, Kuranyň hemmesi bir ýerde däldi, Ebu Bekr Kurany diňe tertibe salyp bir kitap görnüşine geçirdi, emma Osman bolsa, Kuranyň okalşyny bir okalşa jemledi, çünki, okalyşlar köpelipdi, musulmanlar biri-birleriniň ýalňyşyny çykarýardylar, şeýdip, okalyşda musulmanlar agzala bolmazlar ýaly Osman Kureýş diliniň okalyşyna hemmesini jemläpdi.
Osmanyň döwründäki fetihler (Yslamyň hökümine girizilen topraklar):
Osmanyň döwründe köp ýurt basylyp alyndy we Yslam döwleti giňeldi. Halyflyk döwründe Ermenistan, Horasan, Kerman, Sijistan, Afrika we Kipr basyp alyndy. Ol Yslam kenarlaryny Wizantiýalylaryň hüjümlerinden goramak üçin ilkinji Yslam deňiz flotuny döretdi.
Rumlylar Omaryň aýrylanyny eşidip batyrlandylar, Şamda ýitiren topraklaryny almak üçin täze goşun düzdiler, muny eşiden Osman Şam goşunyndan daşary Kufa goşunyny hem söweşe gatnaşmaga çagyrýar, Welid ibn Ukbäniň buýrugy bilen Selmän ibn Rabiýganyň baştutanlygyndaky 8 müň adamlyk Kufa goşuny Habib ibn Meselemäniň ýolbaşçylygyndaky Şam goşuny bilen Rumlylara garşy söweşýärler, galalaryny ýykýarlar, ýesir alyp, elleri doly ganymat bilen jeňden gaýdyp gelýärler.
30-nji hijri ýylynda Said ibn Aas Horasana tarap goşun bilen Kufadan çykýar, goşunda belli-belli sahabalar bardy: Hasan, Huseýn, Ibn Abbas, Ibn Zubeýr, Ibn Omar, Ibn Amr ibn Aas. Jerjana ýetip olar bilen ýaraşyk baglaşýarlar, soňra Tomiýsa gelýärler, ýöne bärde onuň ilaty söweş alyp barýar, hatda howp namazyny okamaga mejbur bolýarlar, ýöne iň soňunda basylyp, amanlyk dileýärler, musulmanlar hem olara amanlyk berip galalaryny açýarlar.
31-nji hijri ýylynda Abdullah ibn Amir Basradan orta Aziýa tarap goşun bilen ugraýar, ol Nişapury, Towsy, Hamrony, Nusaýy basyp alýar, hatda Saragta çenli ýetýär, Merw ilaty bilen bolsa ýaraşyk şertnamasyny baglaşýar.
Kipr gazasy:
Omaryň döwründe Muawiýe ibn Ebi Sufýan deňziň üsti bilen söweşmekligi kän maslahat beripdi, ýöne Omar oňa howply diýip jogap beripdi. Osman halyf bolansoň Muawiýe öz teklibini ýene orta goýupdy, aslynda Osman Omaryň Muawiýe beren jogabyny bilýärdi, ýöne iň soňunda oňa Kipra gitmekligi käbir şertler bilen rugsat berdi: ýanynda maşgalasyny alyp gitmelidi, musulmanlardan hiç kimi gitmeklige mejbur etmeli däl, diňe öz islegi bilen gidýänleri almaly. Muny Muawiýe bilenden soň gämileri berkitmegä başlady, soň olary Akä galasynyň kenaryna golaýlaşdyrdy, şol ýerden Kipre gitmek üçin. 28-nji hijri ýylynda (649 milady) Muawiýe goşun sygar ýaly gämileri taýyn etdi, ýanyna aýalyny hem aldy. Muawiýanyň adamlary mejbur etmezligine garamazdan, Kipr gazasyna gitmekçileriň sany gaty köp çykdy. Kipra baransoňlar Muawiýe Ebu Eýýub El-Ensary, Ebu Derdä, Ebu Zerr, Ubada ibn Samit, Wäsile ibn Askag, Abdullah ibn Bişr, Şeddad ibn Ews, Mikdad ibn Eswed ýaly sahabalar bilen maslahat etdi, alnan karara görä ilki bilen Kipr hökümetine hat ugratmalydy, olary Yslama çagyryp, maksatlarynyň gan döküp, toprak basyp almak däldiklerini olara bildirtmelidi. Şeýle hem, Yslam topraklarynyň serhetleriniň asudalygyny üpjün etmek üçin gelendiklerini aýtmalydylar, çünki, Rumlylar Kipri dynç alyş ýer edinýärdiler, azyklary gutarsa olardan alýardylar, şonuň üçin, Kipriň musulmanlaryň hökümine geçmesi möhümdi. Ýöne adanyň ilaty gowulyk bilen boýun bolmadylar, paýtagtda bukulyp, musulmanlary "garş" almadylar.
Soňra musulmanlar Kipriň paýtagtyna Konstantina ýola düşýärler, ol ýere ýetensoňlar şäheri gabawa alýarlar, birnäçe sagat geçip-geçmänkä halk ýaraşyk talap edip başlaýar, iň soňunda şu şertler bilen ylalaşyk düzülýär:
- duşman Kipra çozanda musulmanlar olary goramaga borçly däl.
- Kiprliler Rumlylaryň musulmanlara garşy hereketlerini musulmanlara habar berip durmaly.
- Kipr her ýyl musulmanlara 7200 dinar tölemeli.
- Rum musulmanlara çozanda olara ýardam etmeli däl.
- Musulmanlaryň syrlaryny Rumlylara paç etmeli däl.
Isgenderiýa Rumuň çozuşy:
Müsüriň häkimi Amr ibn Aasyň ýerine Osman Abdullah ibn Saad ibn Ebis-Serhi belleýär, edil şol wagt Rum serkerdesi Manuel Isgenderiýa hüjüm edýär, söwda-satyk ýerleri talaýar, mal-mülkleri basyp alýar, adamlary gyrýar. Müsür halky Osmandan Amry ibermegi haýyş edýär, bu azgynlara garşy onuň ýardamyny soraýar. Osman hem olaryň haýyşyny ýerine ýetirip, Amra olary durdurtmak wezipesini berýär. Amr hem olary Nikýos galasynda gabap, derbi-dagyn edýär. Müsürliler muňa örän minnetdar bolýarlar, olaryň ar-namyslaryny goran, mal-mülklerini gaýtaryp beren musulmanlara sag bolsun aýdýarlar. Soňra Amr Isgenderiýa ugur alýar, müsürliler Amra ulag, ýarag bilen ýardam edýärler, Amr Isgenderiýa baransoň, olaryň galalaryny başlaryna ýykýar, olaryň serkerdelerini, Manueli öldürýär. Söweşiň gutaran ýerinde metjit salmaklygy Amr buýruk berýär, onuň adyna Rehmet metjidi diýip goýýar.
Afrikaň fethi:
Sahabalar şol döwür Afrika diýip Rumuň golastyndaky Demirgazyk Afrikany (Häzirki Tunis, Alžir, Liwiýa ýurtlary) göz öňünde tutýan ekenler. Müsüriň täze häkimi Abdullah ibn Saad edil Amr ibn Aasyň döwründäki ýaly Afrikanyň gyralaryna, serhetlerine maglumat ýygnamak üçin atly toparlary ugradyp durýan ekeni. Abdullah ibn Saad Afrika barada ýeterlik maglumat toplansoň, olaryň san taýdan, ýarag taýdan, ýerleşiş-göçüş taýdan söweş üçin gerekli maglumatlary edinensoň, Osmandan fetih rugsadyny sorap, oňa hat ýollaýar. Osman haty alansoň, sahabalar bilen bu barada maslahatlaşýar, olaryň Said ibn Zeýdden galan hemmesi söweşi goldap maslahat berýärler. Söweş karary kesgitli alnansoň Osman Medinedäkileri jihada çagyrýar. Goşun taýýarlygy görlüp başlanýar, olaryň içinde Hasan, Huseýn, Ibn Abbas, ibn Jagfer ýaly sahabalar bardy. Taýynlyk doly tamamlanansoň Osman olara öwüt-nesihat edýär, jihada höweslendirýär, Müsüre Abdullah ibn Saadyň ýanyna barýançalar başlaryna Haris ibn Hakemi emir edip belleýär. Goşun müsüre baryp, Abdullah ibn Saadyň goşunyna goşulýar. Soňra bir uly orda bolup, Afrika tarapa ugur alýarlar, ýolda oňa Ukbe ibn Nafig ýanyndakylar bilen goşulýar. Abdullah käbirlerini kenarýaka taraplara iberýär, ol ýerde Rumyň harby gämileri gelip daýanypdy. Bu gämiler içindäki hemme zatlar bilen musulmanlara olja hökmünde düşýär, 100-den gowrak üstündäki adamlary ýesir alýarlar. Goşun ýoluny dowam edýär, soňunda Jirjir atly Rum häkiminiň goşuny bilen ýüzleşýärler, iň soňunda musulmanlar ýeňiş gazanýarlar, Jirjir öldürilýär, gyzy gyrnakalynýar.
Zätus-Sawari (bogaldaklar)([1]) söweşi:
Afrikaň elden gitmesi Rum üçin gaty uly urgydy, çünki, olar diňe toprak ýitirmän, eýsem, kenarýakalary hem ýitirdiler. Musulmanlary saklamak üçin Heraklyň ogly Kostantin öňden taýyn duran floty jemleýär, 1000 töwerek gämi bilen Afrika tarap ýüzüp başlaýar. Bulara garşy durmak üçin Osman rugsat berýär. Muawiýe Besr ibn Ertoe atly serkerdäni Şam gämileri bilen Abdullahyň ýanyna iberýär. Olar Müsüre gelip, Abdullahyň gämileri bilen birikýär, şeýdip, jemi 200 gämi toplanýar. Rumlylar söweşi suwda geçiresi gelýärdiler, sebäbi olar özlerini suwda uruşmakda ökde, musulmanlary bolsa ýaňy-öwrenji hasap edýärdiler, ýerde söweşseler bolsa musulmanlaryň kuwwadyny bilýärdiler. Musulmanlar bolýar diýdiler, olar söweşiň deňizde geçmegine garamazdan deňziň ortarasyndan "ýer" ýasamaklygy plan düzdiler: musulmanlaryň içinde bir topar duşmana golaýlanda olaryň gämilerini öz gämileri bilen daňmalydylar, şeýdip, 1200 sany gämi deňizde birigip, üstünde ýer ýaly hereket etmäge laýyk bolmalydy. Edil plan edişleri ýaly hem bolýar. Ýöne söweş gaty ýowuz, juda elhenç bolup geçýär, iki tarapam näçe ýitgi çekýär, deňiz gara gana bulanýar, güýçli tolkunlar jesetleri her ýere serpýär. Pajygaly, juda agyr söweşiň netijesinde musulmanlar ýeňýärler, hatda Kostantini ýesir almaga golaý bolýarlar, ýöne ol gaçyp ýetişýär, Sisiliýa adasyna baryp ýetensoň, ol ýerdäki adamlar ýeňileni üçin ony ýazgaryp öldürýärler.
Osmanyň şehit bolşy:
Osman 12 ýyllap halyf bolýar, pitneler, bulam-bujarlyklar halyflygyň ikinji ýarymynda başlaýar, edil şol pitneler sebäpli ol şehit bolýar. Ol pitneleriň ýüze çykmaklygyny şular sebäp diýip bileris: köpçüligiň rahat durmuşda ýaşamagy, jemgyýetiň nesli çalyşmagy, ýagny, sahabalaryň azalmagy, myş-myşlara gulak asylmagy, jahylyýet milletparazlygy, munafyklaryň sözlerine pitiwa (üns) berilmegi.
Şol döwürler welaýatlaryň, şäherleriň käbir häkimleri öz halklaryna zulum edip başlaýarlar, adalatsyz hökümleri ýöredip, çenden aşyp ugraýarlar. Şolaryň içinde Abdullah ibn Sebe atly ýahudam bardy, ol daşyndan Yslamy kabul edensiräp, içinde küpür göterýärdi. Ol Ýemenlidi, günlerde bir gün ol Medinä gelýär, takwa, agras, salyhatly özüni görkezip, sakal-sarmakly, daşyndan musulman ýaly özüni alyp barýar. Bu munafyk Medinä gelende Haşimogullarynyň, ýagny, Alynyň garyndaşlarynyň ýanyna barýar, onuň maksady – olary Osmana garşy öjükdirmek, sebäbi olar halyf saýlananda Ala ses berýärdiler. Olaryň ýanyna baryp, ol şeýle diýýär: “Pygamberimize (Sallallahu aleýhi wesellem) we onuň maşgalasyna söýgi ilkinji orunda bolmalydyr.” Aslynda kim muny inkär edýär? Hiç kim, ol diňe bu söz arkaly agzalalyk ekýärdi. Ol: “Her pygamberiň yzynda goýup gidýäni bardy, Musanyň Harun dogany ýaly, Pygamberimiziňem (Sallallahu aleýhi wesellem)yzynda goýup giden gan garyndaşy Alydyr, şonuň üçin, Osman aýrylyp, Aly halyf bolmalydyr.” – diýýär. Abdullah ibn Sebäniň bu çeňňegine nadanlardan, Yslamda çala yraň atyp ýörenlerden başgalary düşmedi. Yzyna düşenler bilen ol ülkelere, şäherlere aýlanýardy, ol ýerleriň täsirli adamlary bilen gizlin duşuşyklar geçirýärdi. Ibn Sebe şeýdip olaryň içinde Osmandan nägile bolanlary toplaýardy, olary Osmana garşy küşgürip, oňa garşy çykmaklyga iterýärdi. Ol hatda Müsürde gizlin jemagat gurup başardy, olaryň maksady Osmana we onuň kararlaryna garşy şikaýat ýygnamakdy. Olar döwletiň dürli künjeklerine Medinede bulam-bujarlyk bolýar diýip ýalan habar ugradýardylar, bu täze guramanyň tarapynda Aly, Talha, Zubeýr ýaly sahabalar bar diýip aldaýardylar.
Ebu Musa Kufanyň häkimi wagty halkyna Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi wesellem)döwründe söweşe ýöräp gideni aýdyp berýär, onuň üçin uly sogap bardygyny gürrüň berýär. Bir gün Ebu Musa söweşe atda gidip barýarka, hälki Abdullah ibn Sebe ýahudy, munafyk adamlaryň ýanynda ony ýaňsylaýar: serediň oňa, aýdýan zady bir, edýän zady başga, özä atda barýar, bize bolsa ýöräp gitmeklik barada ertekileri gürrüň berýär diýýär. Kufa halky şeýdip aldanýarlar we Osmandan ony aýyrmaklygy talap edýärler. Asudalygy saklamak üçin Osman Ebu Musany aýyrmaga mejbur bolýar, onuň ýerine Abdullah ibn Amry belleýär. Ýöne Abdullah ibn Sebe şonda-da köşeşenok, serediň ýaş, tejribesiz birini häkim belleýär, ony öz garyndaşy bolany üçin belledi diýýär, ol hemme ýere öz tohumyny goýup çykdy diýýär.
Osmana garşy pitjiňleriň esasylary:
- Ol öz hususy mallaryny köpçülik otluk ýerlerde bakýar we başgalara bakmagy gadagan edýär.
- Näme üçin Osman Kuranyň dört sany nusgasyny ýazdyrtdy? Bu bidgat, Osmanyň beýle etmesiniň sebäbi - ol we onuň häkimleri Kurany isleýişleri ýaly üýtgedip bilmegi üçindir.
- Ol ýaşlary, garyndaşlaryny häkim belleýär.
- Öz garyndaşlaryna mellek ýerleri, başga-da zatlary sowgat berýär.
Ýagdaýy bilip Osman hemme häkimleri jemläp maslahat edýär, olara näme edeýin diýýär, şonda käbirleri aýtdy: olara garşy jihad edeli, Osman geň galyp: musulmanlara garşy jihadmy? Ýok, Allaha kasam bolsun, men gan döken ilkinji halyf bolasym gelenok, eger hal şoňa barsa, onda goý olar meni öldürsinler, musulmanlar biri-birlerini öldürenlerinden bu has gowudyr, men eýýäm garradym, şeýle hem, Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi wesellem)meniň şehit boljagymy maňa duýdurypdy. Şonda Muawiýe aýtdy: eger isleseň gel Şama gel, ýöne Osman Pygamberimiziň goňşulygyny taşlamaryn diýdi.
Gozgalaňçylar häkimler gidensoň Medinä 700 ýaragly adam bolup girdiler. Olar Osman bilen gepleşik geçirmek isleýänlerini bildirden soň Osman olar bilen duşuşýar, olaryň hemme şübhelerine, günäkärlemelerine jogap berýär:
- Mallaryň otluk meýdany barada şeýle diýýär: Meniň baryýogy iki sany düýäm bar, onsoňam ol ýerler meniň halyflykdan öň hususy satyn alan ýerlerim, şeýle hem, otluk meýdanlarda mallaryny bakmaklygy gadagan eden adamlarym para berýän kişilerdi, men bolsa parahorlygy gadagan edýärin.
- Kuranyň nusgalary barada şeýle diýýär: siz bilýärsiňiz biziň elde ýazylan ýekeje nusgamyz bar, ol nusga Pygamberimiziň ýanynda käbir sahabalar tarapyndan ýazylandyr, häkimlere ugradan nusgalarym edil şol sahabalar tarapyndan ýazylyp, barlanan nusgalardyr, meni Kurany üýtgetdi diýip günäkärlemäne nädip ynsabyňyz çatýar? Ebu Bekr hem Kuranyň nusgasyny ýazdyrtdy, ýöne hiç kim ony bidgatda günäkärlemedi.
- Ýaşlary ýolbaşçy edip belleme barada şeýle diýýär: men ukuply, başarjaň ýaşlary belleýärin, Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi wesellem) 17 ýaşly Usama ibn Zeýdi uly goşuna serkerde edip bellänini ýatlaň.
- Garyndaşlaryna sowgat berýär gürrüň barada şeýle diýýär: olara sowgat beren zatlarymyň hemmesini men öz puluma satyn aldym, men entäk halyf bolmazdan öňem sowgat berýärdim, döwletiň maly diňe köpçüligiň bähbidine ulanylýar, men hiç kime mellek ýerleri paýlan däldirin.
Gozgalaňçylar mundan soň hem köşeşmediler, sebäbi olaryň başga maksatlary bardy. Yraga gaýdyp gelensoňlar, olar Osman bizi diňlemedi diýip halky aldaýarlar. Soňra olar Alynyň, Talhanyň we Zubeýriň ýanyna baryp, siz Osmandan has haýyrly, näme üçin siziň biriňiz halyf bolaňyzok diýýärler, sahabalaryň olara jogaplary kesgin we gatydy, biz Osmana beýgat berdik, hiç haçan ondan boýun towlamarys. Soň Osman adamlara: Men barada şübheleriňiz bar bolsa aýdyň, eger ýalňyşym bolsa men düzetmäge taýyn diýýär, ýardamçym Alyny diňlemäne taýyn diýýär. Gozgalaňçylar öz ülkelerine tarap ugraýarlar: Müsüre, Kufa, Basra. Müsüre tarap ugran gozgalaňçylaryň yzyndan Medineden Aly ugraýar, olara Osman meni diňlejegini aýtdy diýýär, Osman onsuzam Alyny diňleýärdi, ýöne Alynyň maksady dawalary ýatyrmakdy, sebäbi gozgalaňçylar Alyny öňe sürüp, Osmany tagtdan indirmek üçin Alyny ulanjak bolýardylar, hamala oňa tabyn bolýan ýaly özlerini alyp barýardylar. Olar Ala gulak asyp, ýollaryny Müsüre tarap dowam edýärler. Aly hem yzyna Medinä ýola düşýär. Ýöne gozgalaňçylaryň arasyna biri galp hat sokýar, ol hatda Osmanyň Müsüriň häkimine gozgalaňçylary öldürmek buýrugy ýazylgydy. Aly Medinä gelende Osmanyň gapysynda Kufa we Basradan gelen gozgalaňçylary görýär, olar intikam (ar almak) diýip gygyryp durdylar. Aly uly şübhä girýär: eger hat Müsürlilere ugradylan bolsa, olardan öň nädip siz bu habary eşitdiňiz, nädip olardan öň bärik geldiňiz? - diýýär. Olar biz öz tarapdarlarymyza ýardama geldik diýýärler, ýöne Aly ýene soraýar: bolýar, ýöne siz nädip beýle çalt habary bildiňiz, siziň içiňizde munafygyň bardygy belli. Olar: sen näme pikir etseň ediber, biz özümiziňkide durarys, - diýdiler. Hatda olar şeýle diýdiler: Näme üçin sen we Aişe gaýdyp geliň halyfy ýykalyň diýip hat ýazdyň bize? Aly: Men hiç hili hat ugratmadym diýýär, Aişe enemiz şeýle diýýär: bular ýaly pislik üçin meniň elim hiç haçan syýa degmez. Şonda olar Ala aýdýarlar: Sen biziň bilen ýa-da bize garşy. Şonda Aly olara siziň maksatlaryňyz üçin meni ulanmaklaryňyza men rugsat bermerin diýip olary terk edýär. Soňra atlylar Osmanyň öýüni gabawa alýarlar. Osman olara kasam edip aýdýardy: men hiç kime sizi öldürmekligi buýurmadym. Olar aýtdylar: eger sen bu haty ýazan bolsaň, onda biziň halyfymyz bolup bilmeýärsiň, eger ýazmadyk bolsaň, ol hat galp bolsa onda bu hem seniň halyf bolmaklyga mynasyp däldigiňi bildirýär, çünki, seniň olar ýaly zatlardan habaryň bolmaly. Içlerinden birisi çykyp: Osman, olar seni öldüresi gelýärler, ýa-da sen halyflykdan el çekmelisiň. - diýýär. Osman Pygamberimiziň oňa aýdan sözlerini ýatlaýar:
"Eý Osman, Allah saňa baştutanlyk berer, munafyklar senden ony taşlamaklygy talap edenlerinde taşlama, tä seniň bilen duşuşýançam." Osman olara hem taşlamaryn diýip jogap berýär. Ol günler iň agyr günleriň biridi, 20 günläp gabaw dowam edýärdi, olar Osmany hatda jemagat namaza hem goýbermeýärdiler, ymam hem özlerinden birini goýýardylar. Osman bar wagtyny namaz okap, agyz bekläp, Kuran okap geçirýärdi. Soňy bilen olar öýe suw getirmekligem gadagan etdiler, muny eşidip Alynyň özi uly gapda Osmana we maşgalasyna suw getirip gidýär, hiç kim oňa päsgel bermäne het etmeýär. Şol günleriň birinde Osman öýüniň depesine çykyp, adamlara ýüzlenýär:
“Eý adamlar! Pygamberimiziň meni şehitlik bilen buşlanyna siz şaýatlyk edýärsiňizmi?” Adamlar “Hawa” diýdiler.
“Eý adamlar! Pygamberimiziň maňa baştutanlygy taşlama diýip buýruk berenine şaýatlyk edýärsiňizmi?” Olar hawa diýdiler. Soňra Osman: “Allahu ekber” diýip gozgalaňçylara ýüzlenýär:
“Siz meni näme üçin öldüresiňiz gelýär, men hiç haçan dinden çykmadym, adam öldürmedim, zyna etmedim, näme üçin meni öldüresiňiz gelýär? Eger meni öldürseňiz, siz hiç haçan birleşip bilmersiňiz, gan dökmäni eýýäm saklap bolmaz.”
Soňra Osman öýüne girýär, agzy bekli bolýar we uka gidýär, düýşünde ol Pygamberimizi,Ebu Bekri we Omary görýär, Pygamberimiz oňa aýdýar:
“Eý Osman, olar seni gabadylarmy, seni suwsyz saklaýarlarmy, bu agşam biziň bilen agyz açasyň gelýärmi.” Osman ukudan turýar, maşgalasyny jemleýär, 20 sany gullaryny azat edýär, ol uzyn, öňküden dar eşik geýýär, birden oňa hüjüm edenlerinde onuň owraty açylmaz ýaly. Ol musulmanlaryň asudalygy üçin özüni pida etmäne taýyndy, ol goragçylaryna kesgitli tabşyrypdy, biriňizem olara garşy gylyç çekäýmäň, olar diňe meniň ölümimi isleýärler, degme gelsinler diýýärdi. Osman öýündäki her kime öz otagynda galmaklygy buýurdy we aýalyna: “Men bu gün hiç zat iýmerin” diýip düýşüni gürrüň berdi. Ölenden soň meni Zubeýr jaýlasyn diýip wesýet etdi. Soňra gozgalaňçylar öýe girip, ony öldürdiler, ondan akan gan Kuranyň edil şu aýatyna damypdy:
"Olara garşy saňa Allah ýeter. Ol (ähli zady) eşidýändir, bilýändir." (Bakara 137).
Kuranyň bu nusgasy häzirki döwürde Stambulyň muzeýinde ýerleşýär.
Bu pajygaly wakany eşidip sahabalar gaty gynanýarlar, özlerine ýer tapmaýarlar, sebäbi olara Osman garyşmaň diýip emir beripdi, olar çykalgasyz oturmaly boldular. Sebäbi bu Pygamberimiziň Osmana tabşyrygydyr, Aişe enemiz gürrüň berýär:
"Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi wesellem) aýtdy: "Käbir sahabalarymy ýanyma çagyr." - men: Ebu Bekrimi? - diýdim, ol: "Ýok" - diýdi, men: Omarymy - diýdim, ol: "Ýok" - diýdi, men: "Agaň ogly Alynymy? - diýdim, ol: "Ýok" - diýdi, men: Osmanymy? - diýdim, ol: "Hawa" - diýdi. Ol gelenden soň maňa: "Gyra geç." - diýdi, onuň bilen bir syr paýlaşdy welin Osmanyň reňki üýtgäp gitdi. Ol öýünde gabalan gününde oňa aýtdyk: Eý möminleriň emiri! (Olara garşy) söweşmeýäňmi? Ol: "Ýok, çünki, Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi wesellem) maňa tabşyryk berdi, men hem oňa (tabşyryga) özümi sabyr etdirýärin." (Ahmed).
Ebu Musa Eşgary aýdýar:
"Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi wesellem) bilen Medinäniň hurma bakjalarynyň birisindedim, bir adam girmek isledi, ol: "Aç, we ony jennet bilen buşla!" - diýdi. Ol Ebu Bekr ekeni, oňa Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi wesellem) aýdanyny habar berdim, ol Allaha hamd aýtdy. Soň ýene bir adam girmek isledi, ol: "Aç, we ony jennet bilen buşla!" - diýdi. Ol Omar ekeni, oňa Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi wesellem) aýdanyny habar berdim, ol Allaha hamd aýtdy. Soň ýene bir adam girmek isledi, ol: "Aç, we ony jennet bilen buşla, (ýöne) onuň başyna bela geljekdir!" - diýdi. Ol Osman ekeni, oňa Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi wesellem) aýdanyny habar berdim, ol Allaha hamd aýdyp: "Allahu El-Mustean" - diýdi." (Buhary we Muslim).
Hut şu sebäpli Osman olara garşy gylyç çekmändi, başga hadysda Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi wesellem) onuň şehit boljagy barada habar berýär:
“Haçanda Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem), Ebu Bekr, Omar we Osman Uhud dagynyň üstünde durkalar Uhud gymyldaýar, şonda Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem): “Berk dur, eý Uhud! Seniň üstüňde Pygamber, Syddyk we iki şehit durandyr.” – diýýär. (Buhary).
Ýene bir hadysda Pygamberimiz şeýle diýýär:
"Kim şu üç zatdan halas bolsa, ol üç gezek halas bolar: meniň ölümim, Dejjal we hakda sabyr edip, ony berjaý eden halyfanyň öldürilmegi." (Ahmed).
Ibn Omar:
"Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi wesellem) bir pitne (bulam-bujarlyk) boljagyny agzady, şonda bir adam geçip barýardy, ol: "Ol gün şu mazlum bolup öldüriler." - diýdi, seretsem ol Osman ibn Affan ekeni." (Tirmizi).
Şu ýerde möhüm belläp geçmeli zadymyz bar: Osmanyň öldürilmegine gatnaşan käbir sahabalar, ýa sahabalaryň ogullary bar gürrüň düýbünden ýalňyşdyr, şol manyda gelen habarlaryň hemmesi dürs däl, anyk däl, ýalan habarlardyr. Allah Tagala öz sahabalaryny bular ýaly işden daş tutup olary päk saklandyr. Bu barada alymlaryň sözleri:
Ymam Newewi:
"Onuň öldürilmegine bir sahaba hem şärik bolmady." (Şerh Muslim).
Ibn Kesir:
"Käbir adamlaryň käbir sahabalar ony gowşurdylar, onuň ölümine razy boldular diýen gürrüňi bir sahabadanam anyk däldir, ýagny, ölümine razy bolmaklary, tersine hemmesi erbet gördüler, gaharlandylar we buny edeni ýamanladylar." (Bidäýe wen-Nihäýe).
Abdulmuhsin Abbad:
"Sahabalardan biriniňem Osmanyň öldürilmegine gatnaşanyny bilmeýäris." (Şerh sünen Tirmizi).
Muhammet ibn Ebi Bekriň Osmanyň öldürilmegine gatnaşanlygy barada alymlar şeýle diýdiler:
Şeýhul-Isläm Ibn Teýmiýýe aýtdy:
"Onuň sahabalyk (orny), (haýyrda) öňürtilemek (waspy), fazyleti ýokdur...ol sahabalardan däldir, muhajirlerdenem, ensarlardanam däl...ol öz gatlagyndaky belli alymlardanam, salyhlardanam däldir." (Minhäjus-Sünne).
Ibn Kesir:
"Muhammet ibn Ebi Bekriň onuň (Osmanyň) gulagyna tä bokurdagyna girýänçä ok sanjany habar berilýär, dogrusy bolsa, muny eden başgadyr, Osman oňa: sen şeýle bir sakaldan tutdyň welin, kakaň oňa hormat goýardy - diýende utanyp yzyna dolanýar, namys edip ýüzüni ýapýar, dolanyp onuň öňünde durýar ýöne peýdasy degmeýär. Allahyň emri amala aşjakdygyna şek-şübhe bolmaýan ýazgytdyr, bu zatlar kitapda ýazylgydyr."
(Bidäýe wen-Nihäýe).
Çeşmeler:
Ibn Saad “Tabakat”,
Ibn Kesir “Bidäýe wen-Nihäýe”,
Tabari “Tärih El-Umem we El-Muluk”,
Ibn Esiýr “Kämil fi Tärih”,
Ibn Hişäm “Siýro Nebewiýýe”,
Ibn Asakir “Tärih Dimaşk”,
Zehebi “Siýer ägläm nubelä”,
Mahmud Şäkir “Hulefä Roşidun” we başgalar.
([1]) Bogaldak: Ýelken berkitmek üçin gämilerdäki dik oturdylýan beýik agaç sütün.