Orazanyň kesgitlemesi
Orazanyň kesgitlemesi
Bu söz türkmençilikde iki manyda ulanylýar.
a) Remezan aýyny “Oraza aýy” diýip atlandyrylýar, ýagny yzyna “aý” sözi goşulyp gelse Remezan aýy göz önüne tutulýar.

b) “Agyz beklemek” manyda ulanylýar we diňa “oraza” sözi gelse agyz beklemek göz öňüne tutulýar. Arapça bolsa “syýam” diýilýär.
Dinimizde syýamyň (oraza tutmagyň) kesgitlemesi:
“Allaha golaýlaşmak üçin ikinji daňdan gün batýança iýim-içimden we şöhwetden saklanmak”
Açyklama:
“Allaha golaýlaşmak üçin” diýip, Allaha golaýlyk islemän bu zatlardan saklanan oraza tutan bolmaýanyny açyklamak üçin goşuldy.
“ikinji daňdan gün batýança” diýip, gündeki oraza tutmaly wagty açyklandy, şundan galan wagt tutulsa oraza tutuldygy bolmaz. Biri gün batmazyndan ozal az wagdan bolsa agzyny bilkastlaýyn açsa ýada zenanyň aýbaşy gelse rozasy bitmez.
“iýim-içimden” islendik iýip-içilýän zatdan saklanmak, az bolsun köp bolsun tapawudy ýok. Ýagny içe gitmesinden saklanmak, emma agyza gireni buňa degişli däl. Meselem agzy täret alynanda çaýkamak bilen agyz açylmaz.
“şöhwetden” ýagny: Jynsy aragatnaşykdan we öz-özüňe kanagat bermekden.
Oraza tutmaklyk Yslam gelmezinden ozalam bolupdyr.
Allah Tagala aýtdy:
“Eý, iman edenler! Agyz beklemeklik sizden öňkilere parz edilşi ýaly takwalyk etmegiňiz üçin sizede parz edildi”
(Bakara 183)
يَٰٓأَيُّهَا ٱلَّذِينَ ءَامَنُواْ كُتِبَ عَلَيۡكُمُ ٱلصِّيَامُ كَمَا كُتِبَ عَلَى ٱلَّذِينَ مِن قَبۡلِكُمۡ لَعَلَّكُمۡ تَتَّقُونَ ١٨٣
Aişe (Razyýallahu anhä) aýtdy:
“Kureýş jahylýet döwri Aşura güni agyz beklärdi”
(Buhary)