Omar El-Farugyň ömür beýany.
Ady: Omar.
Kakasynyň ady: Hattab.
Künýesi: Ebu Hafs.
Lakamy: El-Faruk.
Tiresi: El-Adwi El-Kureşi.
Omar ibn Hattab El-Faruk El-Adwi El-Kureşi, dört çaryýarlaryň (halyfanyň) ikinjisi, Muhammet Pygamberiň (Sallallahu aleýhi wesellem) iň uly egindeşleriniň birisi, Yslam taryhyndaky iň meşhur şahslaryň, iň belli serkerdeleriň, iň täsirli, iň sözi geçýän kişileriň birisi, Jennet bilen 10 sany buşlananlaryň birisi, sahabalaryň içinde alym we zähid (terkidünýä) hasaplanýan beýik şahsyýetdir. Ol Ebu Bekrden soň halyf (baştutan) bolýar, ol kazylyk wezipesinde bolup, adamlaryň arasynda, musulman bolsun ýa musulman bolmasyn, öz adalaty, dogruçyllygy bilen meşhur bolýar, oňa El-Faruk diýýärdiler, onuň manysy - hak bilen batyly aýyl-saýyl ediji.
Omar hijri kalendaryň düýbüni tutan kişidir, onuň döwründe Yslam uly derejelere ýetipdi, Yslam döwletiniň düzümine Yrak, Müsür, Libiýa, Şam, Pars, Horasan, Gündogar Anadoly, Günorta Armeniýa, Sijistan ýaly topraklary onuň döwründe girdi, ol taryhda ilkinji bolup Kuds (Yslamda üçünji mukaddes şäher, häzirki Palestinadaky) şäherini musulmanlaryň hökümine geçiripdi, onuň döwründe Sasani Pars Imperatorlygynyň bütin topraklary, Wizantiýa Imperatorlygynyň üçden bir bölegi Yslam döwletine girizildi, bu zatlaryň hemmesi Omaryň harby başarjaňlygyna, çäksiz parasydyna gaýdyp gelýändir.
Doly ady, asly:
Omar ibn Hattab ibn Nufeýl El-Adwi El-Kureşi, onuň agasynyň ogly bolan Zeýd ibn Amr ibn Nufeýl Ybraýymyň dinindäki muwahhyd kişidi, Zeýd ibn Hattab onuň doganydy, ol Omardan öň Yslamy kabul edipdi.
Ejesi: Hanteme bint Häşim, ol möminleriň enesi bolan Ummu Selemäniň we Halid ibn Welidiň agasynyň gyzy.
Kakasy: Hattab ibn Nufeýl ibn Abduluzza.
Eneden dogulşy we önüp-ösüşi:
Omar Pil wakasyndan soň, Pygamberimiziň doglandan 13 ýyl soň eneden dogulýar. Jahylyýet döwründe Omaryň öýi Akyr dagyň eteginde ekeni, emma häzirki wagtda oňa Omaryň dagy diýilýär. Omar Kureýş tiresiniň arasynda ulalýar, ol okamaklygy öwrenmek bilen olardan tapawutlanýar, kiçilikde düýe bakýar, ol göreş, at münmek, goşgy ýaly zatlary öwrenýär, bazarlara gelip, söwdä edýär, şeýdip, ol Mekgäniň baýlarynyň birisi bolýar, ol aslynda hem Kureýşiň abraýly, mertebeli şahsyýeti hasaplanýardy, ol Kureýşiň ilçisi wezipesini eýeleýärdi, uruş-dawa-jenjel ýagdaýlarda ony ilçi edip ugradýan ekenler.
Pygamberiň (Sallallahu aleýhi wesellem) döwründe.
Musulmanlara duşmanlygy:
Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi wesellem) ilki bada Mekgede Yslama gizlin çagyrýardy, 3 ýyldan soň bolsa açyk dagwat edip başlaýar, şonda Kureýş oňa ezýet berip başlaýar, şolaryň içinde musulmanlara iň agyr azap, iň erbet ezýetleri berýänleriň birisi Omardy, ol örän doňýürek kişidi, bir gün gyrnagynyň Yslamy kabul edenini eşidende irdenden başlap agşama çenli oňa görgi baryny berýär, iň soňunda bolsa şeýle diýýär:
"Allaha kasam bolsun, seni diňe ýadanym üçin goýýaryn." Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi wesellem) kime dagwat etse, Omar ony Yslamy kabul etmez ýaly gorkuzýar ekeni. Haçanda Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi wesellem) Habaşa ýurduna hijret etmekligi käbir sahabalara buýranda Omar Pygamberimizi öldürmegi karar alýar, ol Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi wesellem) hakda Kureýşiň içinde agzalalyk döredýär, çagalary ene-atasyndan aýyrýar diýip pikir edýär, hatda Kureýşi ondan halas etmek üçin kysas soranlarynda özüni Häşimogullaryna berip, gurban etmäge hem taýyn bolýar.
Yslamy kabul edişi:
Omaryň doňýürek, gödek häsiýetiniň aňyrsynda seýrek ýukalyk bardy, haçanda Amir ibn Rabiýganyň aýaly Habaşa ýurduna hijret etmek üçin taýynlyk görüp ýörkä Omar gelip:
"Allah ýoldaşyňyz bolsun." - diýýär. Muny eşiden hälki aýal onuň Yslamy kabul etmesini umyt edýär, şonda adamsy şeýle diýýär:
"Tä Hattabyň eşegi Yslamy kabul edýänçä meniň görenim (ýagny, Omar) Yslamy kabul etmez."
Şol wagtlar Omar içki göreş alyp barýardy, bir tarapdan tiresiniň birligi, beýleki tarapdan täze dini kabul edenleriň tutanýerliligi, berkligi, olaryň okaýan kitabynyň ajaýyplygy, olaryň baştutanynyň dogruçyllygy bularyň hemmesi bilelikde ony pikirlendirýärdi, olar birden hakda bolsa näme diýip özüne sorag berýärdi, eger ol Yslamy kabul etse özüniň Kureýşdäki at-abraýyny, ilçilik wezipesini ýitirerin öýdýärdi, şeýdip, iň soňunda ol Muhammedi (Sallallahu aleýhi wesellem) öldürmek kararyna gelýär, muny etmäne oňa soňky itergi beren waka Hamzanyň Ebu Jehli urup, köpçülikde masgaralamagy bolýar, sebäbi Ebu Jehl Omaryň daýysydy, Omar edil özüni abraýdan düşen hasap edýär, araplaryň adaty boýunça munuň jogaby gylyç bolmalydy, şonuň üçin, gylyjyny alyp, Pygamberimizi öldürmäge öýünden çykýar, ýolda oňa Yslamyny bukup ýören Nugaým ibn Abdullah duşup: "Nirä eý Omar?" - diýýär, ol: "Kureýşi agzala eden, akyllaryny kem saýan, dinlerini aýyplan, ilählerini kemsiden Muhammedi öldürmäge (barýan)." - diýýär, Nugaým: “...agaň ogly Said ibn Zeýd we uýaň Fatma bint Hattab Allaha kasam bolsun, Yslamy kabul etdiler, Muhammediň dinine uýdular, sen şolary oňar ilki.” – diýdi. Soňra Omar gahar-gazaby bilen derrew olaryň ýanyna ugraýar, ol ýerde Habbab ibn Eret ikisine Kuran öwredip oturýar, Omar Said bilen Fatmany urup, uýasynyň ýüzüni ýaranda onuň elinden Kuran sahypasy gaçýar, Omar sahypany alyp okaýar:
“Ta, Hä. Biz saňa Kurany kynçylyk çekmegiň üçin indermedik. Biz ony Allahdan gorkýanlara öwüt-ündew üçin inderdik. (Bu Kuran) ýeri we belent asmanlary ýaradan tarapyndan inderilendir. Rahman bolan (Allah) Arşa galdy. Asmanlardaky, ýerdäki, bularyň arasyndaky we ýeriň astyndaky ähli zatlar Onuňkydyr.” (Taha 1-6).
Ol bu aýatlary titräp okap:
“Bu beşeriň (adamyň) sözi däldir.” – diýip, şol pursat Yslamy kabul edýär, ol 30 töwerek ýaşyndady. Şol wagtlar Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi wesellem) sahabalary bilen Erkam ibn Ebi Erkam atly sahabanyň öýünde jemlenşýärdiler, Omar hem şol ýere baryp öz Yslamyny yglan edýär. Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi wesellem) şeýle diýip doga edýän ekeni:
“Eý Allah, Yslamy iki Omaryň birisi bilen güýçlendir, Omar ibn Hattab ýa Amr ibn Hişam.”
Ol ikisinden Omary Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi wesellem) has gowy görerdi. Ibn Abbas aýdýar:
“Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi wesellem) bilen 39 adam Yslamy kabul edipdi, soňra Omar kabul etdi, şeýdip, 40 boldular, şonda Jibril (Allah) Tagalanyň şu sözleri bilen indi: “Eý‚ pygamber! Allah saňa we özüňe eýeren möminlere ýeterlikdir.” (Enfal 64).
Hamza we Omar Yslamy kabul etmezlerinden öň musulmanlar imanlaryny gizleýärdiler, özlerine beriljek ezýetden çekinýärdiler, ol ikisiniň Yslamy kabul etmesi musulmanlara güýç goşdy, sebäbi Hamza we Omar Kureýşiň içinde haýbatly, gaýduwsyz kişilerdi, şonuň üçin Omar öz Yslamyny bukmady, musulmanlaryň namazlaryny gizlin okamaklaryny goldamaýardy:
“Eý Allahyň Resuly! Biz hakda dälmi eýsem? Olar batylda dälmi eýsem? Näme üçin gizlenýäris? Çykyp Käbäň daşyndan aýlanalyň.” – diýip, musulmanlary galkyndyrýardy. Yslam taryhynda Omaryň Yslamy kabul etmesi hakykatdanam aýratyn wakadyr, käbir sahabalar şeýle diýdiler:
Suheýb Er-Rumi:
“Omar Yslamy kabul edende Yslam aýan bolup, oňa açaçan çagyrlyp başlandy, biz öýüň (Käbäniň) töwereginde oturup, daşyndan towaf ederdik...”
Ibn Mesud:
“Tä Omar Yslamy kabul edýänçä Käbäde namaz okap bilmezdik.”
Medinä hijreti we ondaky ýaşaýşy:
Mälim bolşy ýaly, sahabalaryň köpüsi Medinä hijret edenlerinde Mekgeden gizlin çykyp gaýdýarlar, emma Omar gylyjyny daňyp, ýaýyny kiptine atyp, Käbä gidýär, ýedi gezek towaf edýär, Makam Ibrahime gidip namaz okaýar, soňra Medinä ýola düşýär, şeýdip, ýanynda 20 golaý adam bilen Medinä ýetýär.
Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi wesellem) Omary Ebu Bekr bilen dogan okaşdyrýar, başga çeşmelere görä Uweým ibn Sagyde bilen, käbirleri aýtdylar Ytbän ibn Mälik bilen, käbirleri Muaz ibn Afra diýdiler. Alymlar aýtdylar: bu habarlar bir-birlerine gapma-garşy däldir, sebäbi Pygamberimiz Omary ol sahabalaryň her haýsy bilen aýry wagtda dogan okaşdyran bolmagy mümkindir.
Omar Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi wesellem) bilen hemme söweşlere gatnaşýar, Bedir söweşinde ol As ibn Hişam atly daýysyny öldürýär. Uhud söweşinde müşrikler Pygamber öldürildi gepi eşidip, onuň ýanyna barjak bolýarlar, şonda Omar dagyň üstüne çykyp, Pygamberimiziň we musulmanlaryň ýanyna ýetmezler ýaly hiç kimi goýbermeýär.
Haçanda ýahudy bolan Beni Nadir (Nadirogullary) Pygamberimizi (Sallallahu aleýhi wesellem) öldürjek bolup, ähtiýalanlyk edenlerinde olara Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi wesellem) Medineden gitmek üçin 10 gün möhlet berýär, ýöne olar boýun bolman, galada gizlenýärler, Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi wesellem) olary 15 günläp gabawa alýar, käbir habarlara görä 6 günläp, soňra olary Medineden kowýar, şeýdip, olar 600 sany düýe bilen aýal-çagalary bilen Haýbere gidip şol ýerde ýerleşýärler. Bu gabawa Omar hem gatnaşyp, musulmanlaryň ýeňşine öz goşandyny goşýar. Ondan iki ýyl soň Omar Handak söweşine, soňra Beni Kuraýza gazasyna gatnaşýar. Şeýle hem, Omar Hudeýbiýe ýaraşyk şertnamasyna gatnaşýar, ol ýaraşygyň şertleri musulmanlar üçin daşyndan seredeňde diýseň amatsyzdy, birbada alaňda musulmanlary kiçeldýän, kapyrlara yzzat berýän ýaly ylalaşykdy, ýöne aslynda bu şertnama musulmanlar üçin haýyrly bolup çykdy, şol wagt Omar özüniň Pygamberimiziň ýanyna gaharly baryp, eden söhbedini gürrüň berýär:
"Allahyň Pygamberiniň ýanyna baryp: Sen hakykatdanam Allahyň Pygamberi dälmi? - diýdim, ol: "Eýse näme." - diýdi, men: Biz hakda bolup, duşmanymyz batylda dälmi? - diýdim, ol: "Eýse näme." - diýdi, men: Onda näme üçin dinimize peslik berýäris? - diýdim, ol: "Takyk, men Allahyň Resuly, Ol meniň ýardamçym bolup durka men Ondan boýun towlamaryn." - diýdi, men: Biz Öýe (Käbä) baryp towaf ederis diýip gürrüň etmändiňmi? - diýdim, ol: "Eýse näme, saňa şu ýyl bararys diýip habar beripdimmi?" - diýdi, men: Ýok, - diýdim, ol: "Sen hökman baryp, towaf edersiň." - diýdi. " (Omaryň gürrüňi gutardy).
Soňra Omar Ebu Bekriň ýanyna baryp, edil şol gürrüňi edýär, Ebu Bekr hem şol jogaby berýär:
"Takyk, ol Allahyň Resulydyr, Ol onuň ýardamçysy bolup durka ol Ondan boýun towlamaz, onuň buýruklaryna ýapyş, çünki, Allaha kasam bolsun, ol hakdadyr."
Omar aýdýar:
"Şol gün eden işimden, geplän gürrüňimden gorkup häli-şindi agyz bekleýärin, sadaka berýärin, (gul) azat edýärin, tä munuň haýyrdygyna umyt edinçäm."
Tä Kurandan Mekge ýeňiş buşlygy inýänçä Omaryň gursagy rahatlyk tapmady. Mekge ýeňşinden soň, şol ýylda bolup geçen Haýber söweşine hem Omar gatnaşdy. Şol wagtlar Amr ibn As Arap ýarymadasyndaky Rumlylara ýykgyn bolan tireler bilen söweş alyp barýardy, haçanda Amr Pygamberimizden kömek soranda olaryň ýanyna Pygamberimiz birnäçe ýüz adam ugradýar, şolaryň içinde Omar hem bolýar. Birnäçe wagtdan soň şanly ýeňiş bilen olar gaýdyp gelýärler. Gelenden soň Omar Huneýn söweşine, Taif gabawyna, Tebuk gazasyna gatnaşýar. Soňra gaza üçin Omar ýarty emlägini sarp edip, goşuna gerekli esbaplary üpjün edýär. Soňra Omar Pygamberimiz bilen Wedag (hoşlaşyk) hajyny berjaý edýär.
Pygamberimiziň wepat bolşy:
Haçanda Allahyň Resuly dünýeden ötende sahabalar gaty aljyraňly ýagdaýa düşüpdiler, onuň aýrylanyna hiç kim ynanasy gelenokdy, hatda Omaram ol täzeden geler, edil Musanyň öz kowumyndan wagtlaýyn aýrylşy ýaly Pygamber hem aýryldy, ýöne ýene gaýdyp geljekdir diýip pikir edýärdi. Omaryň bu sözüne köp musulmanlar umyt edýärdiler, haçanda Ebu Bekr gelip, öz meşhur sözüni aýdanda Omar Pygamberiň hakykatdanam aýrylanyna göz ýetirdi.
Ebu Bekr Syddygyň döwründe:
Ebu Bekriň halyflyk döwründe Omar ibn Hattab onuň ilkinji ýardamçysy, esasy maslahatçysy, esasy harby serkerdesidi. Şonuň üçin Ebu Bekriň şeýle diýeni habar berilýär:
"Ýeriň üstünde maňa Omardan söýgüli adam ýokdur."
Ebu Bekr Omar bilen harby meselelerinde köp maslahatlaşardy, kimi goşuna ýolbaşçy bellemeli, kimi aýyrmaly, meselem: Ebu Bekr Şama gidýän goşuna Said ibn Asy belläpdi, ýöne Omaryň muňa garşy çykany üçin, güýçli talaby üçin ony goşunbaşy wezipesinden boşadýar. Şeýle hem, Omar söweş alyp baryş usullary, taktika ýaly harby meselelerinde köp maslahat bererdi.
Ebu Bekriň döwründe köp tire-taýpalar Yslamdan dänip başladylar, käbir kişiler özlerine pygamber diýip yzlaryna köpçüligi düşürdiler, şolaryň içinde iň erbedi Museýleme Kezzap, şonuň üçin, Ebu Bekr oňa garşy güýçli goşun toplady, şeýdip, Ýemäme söweşi boldy, maglumatlara görä ol söweşde musulmanlar köp ýitgi çekýärler, wepat bolanlaryň içinde diňe Kurany ýatdan bilýänleriň 500-e, käbir habarlara görä 700-e ýetendigi aýdylýar. Bu waka eger dowam ediberse Kurany ýatdan bilýän azalyp, Kuranyň ýitip gitmegine elterdi. Beýle ýagdaýy Omar gaty alada edip, Ebu Bekre şeýle diýýär:
"Kuran karylarynyň öldürilmegi dowam edýär, karylaryň köp ýerlerde öldürilmeginden gorkýaryn, sebäbi Kuranyň köpüsi ýitip bilýär, şonuň üçin, Kurany jemlemek buýrugy bermegiňi (makul) bilýärin." Ebu Bekr biraz çekinip: "Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi wesellem) etmedik işini nädip edip bilýärsiň?" - diýdi, Omar: "Buny, Allaha kasam bolsun, haýyr diýip bilýärin." - diýdi. Omaryň öz teklibinde berk durmasy Ebu Bekri ýumşatdy, şeýdip, ol Kuranyň jemlenmesine razy boldy. Soňra Ebu Bekr Zeýd ibn Säbiti çagyryp, Kurany jemlemegini talap etdi. Şular ýaly bolup Kuran bir mushafa (kitaba) jemlendi, Ebu Bekrden soň ol mushaf Omara geçdi, soň gyzyna Hafsa.
Ebu Bekr halyfa bolandan soň Omara we Ebu Ubeýde ibn Jerraha şeýle diýdi:
"Maňa hökman kömekçiler gerekdir." Omar: "Men kazylyk (wezipesine geçip) saňa ýeterlik bolaryn." - diýdi. Ebu Ubeýde: "Men maliýe (işlerine geçip) saňa ýeterlik bolaryn." - diýdi.
Omar Medinede doly bir ýyl kazylyk wezipede bolýar, şol wagtyň içinde Omaryň ýanyna arz-şikaýat bilen gelen hiç kim bolmady, hatda Omar Ebu Bekriň ýanyna gelip, wezipesinden boşatmagy soraýar, Ebu Bekr oňa: "Kazylygy agyr görüp boşalmagy soraýaňmy?" - diýýär, Omar: "Ýok, Allahyň Resulynyň halyfasy, diňe mömin kowumyň içinde meniň geregim ýok, olaryň her birisi öz hakyny bilýär, şonuň üçin, ondan artyk talap edenok, şeýle hem, öz boýnundaky borjuny bilýär, şonuň üçin, ony berjaý etmekde egsiklik edenok, olaryň her birisi özüne söýen zadyny doganyna söýýär, içlerinde biri görünmese, ony soraşdyrýarlar, hassalasa soramana barýarlar, bir zat gerek bolsa, ýardam edýärler, bir zada mätäç bolsa, kömek edýärler, başyna bir zat gelse, köşeşdirýärler, gynanç bildirýärler, olaryň dinleri nesihat, ahlaklary ýagşylygy buýurmak we ýamanlykdan gaýtarmak, şonuň üçin, olar nämede dawalaşsynlar, nämede dawalaşsynlar?!" - diýýär.
Halyf bolşy:
Ebu Bekr aradan çykmagyndan öň agyr kesellände sahabalary çagyryp, özünden soň birini dawasyz halyf saýlamaklygy buýurýar. Sahabalar birnäçe wagtdan soň gaýdyp gelip, saýlamaga kömek etmegini soradylar, özleriniň kimi saýlajyny bilmeýändikleri aýtdylar, şonda Ebu Bekr biraz pursat bermeklerini aýdyp, pikirlenip başlaýar. Soňra Ebu Bekr Abdurrahman ibn Awfy ýanyna çagyryp:
"Maňa Omar barada habar ber?" - diýdi, ol: "Ol seniň pikiriňde iň gowusydyr, ýöne onda biraz gatylyk bar." - diýdi, Ebu Bekr: "Onuň sebäbi ol meni ýumşak saýýar, eger işler oňa tabşyrylsa, ol köp zatlaryny taşlar."
Soň Osmany çagyryp, edil şolar ýaly ondanam sorady, Osman: "Onuň içi daşyndan has haýyrlydyr, içimizde onuň ýaly ýokdur." - diýdi. Soňra Ebu Bekr oňa ýazmaklygy buýurdy: "Bu Ebu Bekr ibn Ebi Kuhafäniň musulmanlara tabşyrygy, soňra..." - diýenden özünden gitdi, soň Osman şeýle diýip dowam etdi: "Takyk, men size Omar ibn Hattaby yzymdan goýup gitdim (ýagny, ýolbaşçy edip ony belleýärin) we sizi haýyrdan mahrum etmedim." Haçanda Ebu Bekr özüne gelende Osmana oka diýdi, okap bolansoň Ebu Bekr: "Allahu ekber, görýärin welin, özümden giden wagtym, ölsem adamlar dawalaşarlar öýdüpsiň." - diýdi, Osman: "Hawa" - diýip, jogap berdi, Ebu Bekr: "Yslam we onuň ili üçin Allaha saňa haýyrdan sylagyňy bersin." - diýdi. Ebu Bekr bu tabşyrygy adamlara okamagy buýurdy, soňra Ebu Bekriň özi gelip, adamlara öz garyndaşyny bellemedigini aýdyp, olara wagyz-nesihat etdi, Omara ytagat etmeklerini buýurdy, haçanda adamlar buny eşidenlerinde "Eşitdik we boýun bolduk." diýdiler. Bu wakadan birnäçe gün soň Ebu Bekr aradan çykýar.
Kudsuň fethi (açylşy, musulmanlaryň hökümine geçişi):
Ebu Bekr – razyýallahu anhu – Şam topraklaryny fetih etmek üçin, ol ýerleri musulman topraklara öwürmek üçin birnäçe goşun iberip, her haýsynyň başyna serkerde belläpdi: Gündogar Şam, häzirki Iordaniýa ugurda Şurahbil ibn Hasane atly serkerdäniň goşuny bardy, Dimaşk ugurda Ýezid ibn Ebi Sufýanyň goşuny, Hams ugurda Ebu Ubeýde ibn Jerrahyň goşuny, Palestina ugurda Amr ibn Asyň goşuny bardy. Bu Şama degişli goşunlar, Yrakda entäk Halid ibn Welidiň goşunam bardy. Bu goşunlar her haýsy özüne berlen tarapda hereket edip, aýratyn ýörüşler alyp barýardylar, emma eger birleşip söweş alyp barmak zerurlygy peýda bolsa, onda jemlenmeli we goşunbaşy Ebu Ubeýde bellenmeli diýip Ebu Bekrden buýruk bardy. Şol esasda, haçanda Rumlylar, Wizantiýalylar 100 müň adamlyk goşun bilen Palestinanyň Ramla şäheriniň töweregine jemlenenini musulmanlar eşidenlerinde hemme goşunlary birikdirmäge karar berýärler, şeýdip olar 33 müňe ýetýärler. Musulmanlar üç esse azlyga garamazdan bu Ejnädeýn ady alan söweşde Rumlylaryň üstünden ýeňiji bolup çykýarlar.
Mundan soňra Rumlylar ýene täzeden goşun jemläp Günorta Şamyň Fahl diýlen ýerinde ýerleşýärler, ýöne bu gezek hem olar ýeňlişe sezewar bolýarlar.
Rumlylar ýene bir gezek goşun düzýärler, bu sapar 240 müň adamdan ybarat goşun Ýermuk atly Iordaniýanyň topragynda jemlenýärler. Musulmanlaryň goşuny bolsa jemlenşikden soň 36 müňe ýetýär. Şeýdip, Ýermuk atly meşhur söweşi bolup geçýär, alty gün dowam eden söweşiň netijesinde Rumlylar masgara bolup ýeňilýärler, olardan 120 müň adam gyrylýar, şol sanda Bähän atly goşunbaşylary, emma musulmanlardan bolsa bary-ýogy 3 müň adam ýitgi bolýar.
Mundan soňra musulman serkerdeler her haýsy öz topraklaryna ugur alyp, ol ýerlerini fetih etmäne dowam edýärler.
Şeýdip, ahyrsoňy gezek Kudsa (häzirki Palestinadaky şäher) ýetýär, mälim bolşy ýaly, Kuds Yslamyň üç mukaddes şäherleriniň birisi, şol wagt ol Rumlylaryň höküminiň aşagyndady. Ol döwür Kudsyň berk galalary, belent diwarlary bardy, şäheri aňsatlyk bilen basyp almak mümkin däldi. Şonuň üçin, goşuny bilen Kudsy gabawa alan Amr ibn As, daşyndan Ebu Ubeýdäni, Şurahbili, Halidi kömege çagyrýar. 5-6 aý dowam eden gabawdan soň Kudsyň häkimi boýun synmaklyga karar berýär, basylýandyklaryny boýun alýar, ýöne bir şert goýýar: Omar ibn Hattabyň özi, musulmanlaryň Halyfynyň özi gelip, bize amanlyk bersin. Ebu Ubeýde derrew bu habary Omary ýollaýar, Omar habary bilenden soň uly sahabalar bilen maslahatlaşýar, olar iki pikire bölünýärler: olaryň şertini kabul etmeli däl, tä boýun synýançalar gabawy dowam etmeli, bu garaýşyň esasy tarapdary Osman ibn Affandy, ikinji pikir: bu şerti kabul edeniň zyýany ýok, bu garaýşyň esasy tarapdary Aly ibn Ebi Talypdy. Iň soňunda Omar ikinji pikiri goldap, Kudsa tarap ýola düşýär. Omar Kudsa ýanyna bir hyzmatçy alýar, ol ikisi bir düýä iki bolup gezekleşip münýärler, göz öňüne getiriň 4 aýlyk ýoly şeýdip sökýärler. Has geň ýeri – Kudsa girenlerinde düýä münmek gezegi hyzmatçysyna düşýär, şeýdip, Omar Kudsa girende düýäniň üstündäki hyzmatçysyny idip, ýamak eşikli girýär. Kudsa gelenden oňa şäheriň açarlaryny tabşyrýarlar, şeýdip, Omar agşam wagtynda Kudsa girýär, Kuds ili bilen ýaraşyk şertnama düzüp, olara amanlyk berýär, bu waka 15-nji hijri ýylynda bolup geçýär. Haçanda Omar Aksa metjidine girende:
“Lebbeýk Allohumme lebbeýk, bimä huwe ahabbu ileýk.” – diýýär.
Pars Imperatorlygyň soňy, olaryň golastyndaky ülkeleriň Yslam topragyna öwrülmegi:
Ebu Bekriň ahyrky günlerinde Pars döwleti musulmanlara garşy goşun düzüp, 13-nji hijri ýylynda Bäbil atly ýerde söweş bolup geçýär, ýöne musulmanlar Musennä ibn Harise atly serkerdeleri bilen şanly söweş gazanýarlar. Ýöne Pars başyna täze geçen Rüstem atly hökümdar bilen güýçlenipdi, şonuň üçin, Musennä Ebu Bekre duşup, Pars bilen harby ýagdaýy gürrüň bermek üçin Medinä gelipdi, ýöne Ebu Bekr ol wagt ölüm ýassygyndady, muňa garamazdan Ebu Bekr Omary çagyrtdyryp, Parsa garşy uly goşun üçin halky Musennä bilen çagyrmagy ündedi, edil şondan birnäçe günden soň Ebu Bekr aýrylýar.
Şondan soň, Musennä birnäçe müň adam toplap, Pars bilen ýene birnäçe gezek söweş alyp barýar, birinden galandan hemmesini ýeňýär. Bu beýik Yslamyň gahrymany Pars-Arap uly söweşden öň aradan çykýar, onuň Pars bilen söweş alyp barmakda ýeterlik tejribesi bolany üçin şeýle wesýet goýup gidýär:
"Çölüň eteklerinden başga ýerlerde Pars bilen söweşmäň!" Mundan soň Omar goşun ýygnamaga bütinleýin başlaýar: hemme wagyzçylara, şahyrlara, emirlere halky galkyndyrmagy buýurýar, şeýdip, 32 müň esger ýygnanýar, bu Parsa garşy ýygnanan iň uly goşun hasaplanýardy. Goşunbaşy edip, Saad ibn Ebi Wakkasy belleýär. Parsyň sany bolsa 120 müň adam, 70 sany pilden ybaratdy. Bu iki goşun Yrakda Kodisiýýe diýlen ýerde duşuşýar, söweş 4 günläp dowam edýär, dördülenji gün Parsyň goşunbaşysy Rüstem öldürilýär, goşuny bolsa ýeňilýär. Söweşde Parsyň 40 müň töwerek adamy gyrylýar. Musulmanlar bolsa diňe 6 müň adam ýitgi çekýärler.
Söweşden soň musulman goşuny Parsyň paýtagtyndan, Medäin (häzir Yragyň içine girýär) şäherinden 30 km uzaklykda ýerleşýärler, paýtagta girmek üçin olara päsgel boljak goşun galmaýar. Tä Omardan paýtagta ugraň diýip emir gelýänçä goşun şol ýerde bolýar. Omardan emir gelensoň Saad goşuny bilen Medäin şäheri iki aýlap gabawa alýar, şäherdäkiler ahyrsoňy boýun synýarlar, Pars Hysrowy gaçyp gidýär, musulmanlar şähere girýärler, ol ýerde sansyz baýlyklary tapýarlar. Ýöne Kodisiýýe söweşden galan-gaçan Parsyň goşuny esasy iki ýere ýygnanýar: Jelewlä we Tikrit. Omar musulmanlary üç bölege bölüp, ikisini Jelewlä we Tikrite, üçünjisini bolsa Eble diýlen ýere ugradýar. Bu goşunlaryň üçüsem ýeňiş gazanýarlar.
Jelewlä elden gidensoň, Pars Hysrowy Ýezdejrid Merwe gaçyp gidip, ol ýeri Parsyň täze paýtagty diýip yglan edýär. Ol ýerde Hysrow musulmanlary saklamak üçin täze goşun ýygnap ugraýar. Musulmanlar Nugman ibn Mikran atly goşunbaşy bilen Nehäwund (häzir Eýrana degişli ýer) atly ýerde Pars bilen duşuşýarlar, musulmanlar 30 müňdi, parslar 150 müň, bary-ýogy bir gün dowam eden söweşden soň musulmanlar uly ýeňişleriň birisini gazanýarlar. Bu ýeňşe feth el-futuh (ýeňişleriň ýeňşi) ady berýärler, sebäbi bundan soň parslar jemlenmediler, söweş üçin üýşüp başarmadylar. Bu habar Omary gaty begendirdi, ýöne haçanda Nugmanyň ölümi barada eşidende aglady. Nehäwund söweşinden soň Parsyň beýleki şäherleri Yslam topraklaryna öwrülip başlandy: Hemdän, Ysfahan, Roýý, Jerjän, Tabaristan, Azerbeýjan, Horasan, Kerman, Mekran, Sijistan. Şeýdip, Sasani döwletiniň soňy geldi.
Musulmanlar Parsy eýeländen soň Parsa degişli baýlyklar, hazynalar, gymmatbaha daşlar, altyn-kümüşler Medinä getirlip, bir ýerde jemlenilende dag ýaly görünýärdi. Omar buny görüp aglaýar, näme üçin aglaýany soralanda şeýle diýýär:
“Meniň aglamagymyň sebäbi – baýlyk görüplik we (birek-biregi) ýigrenmeklige eltýär, bular ýaly aýby bolan kowum (halk) öz yzzatyny ýitirýär.”
Romada (kül) ýyly we Amwas gyrgyny:
18-nji hijri ýylyna gabat gelýän 639-njy milady ýyly musulmanlar üçin agyr geçipdi, Medinede açlyk ýaýrapdy, ýagyn azlygy sebäpli Hijaz topraklaryny guraklyk basypdy, şeýdip ýerler gurap, kül reňke öwrülipdi, şonuň üçin bu ýyla romada, ýagny, kül ýyly diýip at beripdiler. Bu guraklyk dokuz aýlap dowam edipdi, şonuň üçin musulmanlar Medinä sygynypdylar. Omar olaryň hallaryny ýeňilleşdirmek üçin elinden gelenini edýärdi, Basra şäherine Ebu Musa üstünde bugdaý we başga ir-iýmit göterýän uly kerwen ugradypdy, soňra Ebu Ubeýde ibn Jerrah dört müň sanly üstünde ir-iýmit bolan kerwenli Şamdan gelende, olary Omar Medinäniň töweregindäki musulmanlara paýlap berýär.
Üsti-üstüne şol ýylda gyrgyn mergisi ýaýrapdy, ol Beýtil-Makdisiň golaýynda ýerleşen Amwas diýilýän ýerde başlapdy, şonuň üçin oňa Amwas gyrgyny diýlipdi. Soňra bu kesel Şama ýetipdi, şol wagtlar Omar Şama girmäne niýetlenýärdi, ýöne Abdurrahman ibn Awf oňa şu hadysy ýatladýar:
"Bir ýerdäki gyrgyn hakda eşitseňiz, oňa girmäň, we eger bir ýerde peýda bolsa sizem şol ýerde bolsaňyz, onda çykmaň." (Buhary Muslim).
Soň Omar we ýoldaşlary yzyna Medinä dolandylar.
Gyrgyn belasynyň Şamda ýaýran wagty Ebu Ubeýde ibn Jerrah şol ýerdedi, ol örän aýratyn, başarjaň sahabady, şonuň üçin Omar ony Şamdan çykarmak üçin jan edipdi, oňa kesel degmeginden gaty gorkýardy. Ýöne Ebu Ubeýde öz goşunymy taşlap gidip biljek däl diýip uly mertlik görkezipdi, buny bilip Omar göz ýaş edipdi. Bu kesel bir aýlap dowam edip, 25-30 müňe golaý musulmanlaryň ölümine sebäp bolupdy, olaryň içinde: Ebu Ubeýde ibn Jerrah, Muaz ibn Jebel, Ýeziýd ibn Ebi Sufýan, Şurahbil ibn Hasana, Fazl ibn Abbas, Ebu Jendel.
Amwas gyrgyny ýok bolandan soň Omar Medineden Şama tarap ýola düşýär, ol ýere barandan soň ir-iýmitleri paýlap berýär, çäkleri kesgitläp, goşunlary ýerleşdirýär, ýogalanlaryň miraslaryny eýelerine paýlap berýär. Omaryň hut özi gelip bu işleri edip, esgerlere goldaw bermesi olary oran galkyndyrýar.
Müsüriň fethi:
Haçanda Amr ibn As Şam ülkelerini fetih edip bolansoň, Omardan Müsüre tarap ugramagyny soraýar, Omar rugsat berensoň Amr 4 müň sanly goşuny bilen Müsüre girýär, şäherleri, galalary ýeňip başlanda Omar oňa ýene 4 müň esger ugradyp, goldaw berýär, şeýdip, Amr Isgenderiýä ýetip, üç aý gabawdan soňra ol şäheri Yslam topraklaryna öwürýär. Şunluk bilen, Müsür dolulygyna musulmanlaryň golastyna geçýär, Amr ibn As baştutan bellenilýär.
Omaryň döwlet dolandyrşy.
Omar ibn Hattab hususan Yslam taryhynda, umuman dünýä taryhynda syýasat we dolandyryş taýdan iň görnükli şahsyýetleriň birisi hasaplanýar. Omar öz döwründe diňe ýurdy giňeltmek bilen meşgul bolman, eýsem, ony elde saklamagy hem başaran kişidir. Mälim bolşy ýaly, Yslamyň hökümi onuň döwründe gündogarda Orta Aziýa çenli, günbatarda Demirgazyk Afrika çenli ýetendir. Beýle uly topraklara eýe çykyp, gerekli şekilde dolandyryp başarmak diýseň agyr wezipedir. Bu iş üçin Omar ýörite edara döredip, ülkeleri laýygy bilen dolandyrmany başaran kişidir.
Omaryň Yslama we musulmanlara eden hyzmatlarynyň ýene birisi Mekgedäki Mesjidil-Haramy we Medinedäki Mesjidin-Nebewini giňeltmegidir, şeýdip, ol metjitlere köpsanly haj we umra etmek isleýänler sygyp bilýärdiler, çünki, köp topraklaryň Yslama öwrülmegi sebäpli musulmanlaryň sany artypdy, mukaddes ýerleriň has giňelmegine güýçli zeruryýet bardy.
Syýasy we dolandyryş guramalar:
Yslam topraklaryna täze öwrülen ülkeleri Omar bäş uly welaýatlara bölüpdi:
1. Yrak, onuň içinde: Ahwez, Kufa, Basra.
2. Pars, onuň içinde: Sijistan, Mekron, Kerman, Tabaristan, Horasan.
3. Şam, onuň içinde: Hams, Dimaşk.
4. Palestin, onuň içinde: Eýle, Romle.
5. Afrika, onuň içinde: Müsüriň Sagydy, aşakgy Müsür (Sudan), Müsüriň günbatary, Liwiýanyň çöli.
Arap ýarymadasyndaky ülkeleri bolsa Ebu Bekriň döwründäki ýaly goýdy, ýagny, 12 bölekligine goýdy:
Mekge, Medine, Taif, Sanga, Hazramewt, Huwlan, Zubeýd, Merkag, El-Jund, Nejran, Jerş, Bahreýn.
Omar welaýatlaryň, şäherleriň häkimlerini özi saýlap goýardy, saýlamakda esasy seredýän zady dinde salyhlyk we işleri alyp barmakda başarjaňlykdy. Omar bellän häkimlerine halk bilen ýumşak gatnaşmagy, olara merhemet gözi bilen garamagy, başarmaýan zatlaryny buýurmazlygy tabşyrar ekeni, Yslamyň kanunlaryna, şerigadyň düzgünlerine görä höküm etmekligi buýrar ekeni. Şeýle hem, ol häkimleriň esasy wezipeleriniň din öwretmekdigini nygtap Omar şeýle diýýär:
“Eý adamlar! Takyk men, Allaha kasam bolsun, size siziň hamlaryňyza urmak üçin, düýeleriňizi almak üçin işgär ugratmaýaryn, size din işleriňizi, sünnetleriňizi öwretmek üçin ugradýaryn, kime mundan başga zat edilen bolsa, (işi) maňa galdyrsyn, Omaryň jany elinde bolana kasam bolsun, men ondan kysas alaryn.”
Häkimleri barlaýan, olaryň üstünden gözegçilik edýän Omaryň ýörite topary bardy, olaryň başynda Muhammet ibn Meslemedi, ol örän ynamdar kişidi.
Goşmaça aýdamyzda, Omaryň döwründe diwan (häzirki kabinet ministr), poçta, gazna, maslahat ýaly döwletiň ulgamyna degişli zatlar döredilipdi.
Goşun ulgamy:
Yslamy ýaýratmakda, asudalygy üpjün etmekde goşunyň ähmiýedini aňrybaş derejede Omar düşünýärdi. Şonuň üçin, goşuna, esgerlere, olara gerekli şertleri döretmeklige aýratyn üns bererdi. Ol her ülke üçin 4 müň atly esger toparyny döredýär, şeýdip, olaryň jemi 32 müň atly esger bolýar, bu topar pyýada we meýletin (dobrowoles) esgerlerden daşarydyr.
Başga-da Omaryň eden zatlary:
1. Harby derejeleri belledi, 10 müň we ondan ýokary sanly goşunbaşa “goşun emiri”, müň sanla “kurdus (kawaleriýa) emiri”, ýüz sanla “koid (serkerde)”.
2. Esgerlere türgenleşik şertleri döretdi, atlarda çapmak, ok atmak, aýakýalaňaç ýöremek, ýüzmek ýaly zatlary buýurdy.
3. Her uly şäherlerde harby merkezleri gurdy, ol ýerlerde diňe esgerler ýaşamagy üçin esgerhana (kazarma) gurnady.
4. Her ülke üçin 4 müň atlyk athana, atýatak saldyrdy.
Polisiýa we howpsuzlyk ulgamy:
Omaryň döwrüne çenli jenaýatda günäkärlenýän kişiler günäleri anyklanýança metjitde tussag ediler ekeni, emma Omar olar üçin mahsus tussaghana gurnadýar, ol häzirki döwürdäki türmeler ýaly ekeni. Şeýle hem, Omar ilkinji bolup gije aýlanyp, howpsuzlygy üpjün etmek nyzamyny ýola goýýar, şeýdip, polisiýa we patrul hereketi ýola goýulýar. Bu wezipede ilkinji bolup işlän Abdullah ibn Mesud hasaplanýar.
Kazylyk:
Omar kazylyk işlerini hem ünssiz goýmady, adamlaryň çözlüşip bilmeýän meselelerini öwrenip, adalatly höküm çykarardy. Şeýle hem, kesgitli jezalary (hadlary) amala aşyrardy. Ýöne Yslam döwletiň çäkleri giňelenden soň, dürli milletleriň Yslamy kabul edenden soň araplar arap däller bilen garyşýar, aralaryndaky iş-salyşmalar artýar, bu bolsa kazyýet işleriniň köpelmegine eltýär, şonuň üçin, bularyň hemmesine Omaryň ýeke özi gözegçilik edip bilmegi mümkin däldi. Bu sebäpli Omar kazylary aýratyn, häkimleri aýratyn bellemeli bolýar, şeýdip, Omar täze topraklara kazylary belläp çykýar: Şerih Kendini Kufa, Osman ibn Ebil-Asy Müsüre, Ebu Musany Basra belleýär. Omar olaryň her haýsynyň ýagdaýyna görä aýlyk kesgitleýär, şeýle hem, olardan adalatly höküm etmegi, hak-hakykaty ýüze çykarmak üçin jan etmegi talap edýär.
Hasapçylyk, barlagçylyk ulgamy:
Käbir habarlara görä barlagçylyk wezipesi, düzgüni Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi wesellem) döwründe ýola goýlupdy, emma başga habarlara görä Omaryň döwründe. Aslynda barlagçylyk işi ýagşylygy buýurmak, ýamanlykdan gaýtarmaga degişlidir, barlagçynyň umuman wezipesi düzgün-tertibe seretmek ekeni, meselem: şerigada görä meseleleriň çözülmegi, din şygarlarynyň ýerine ýetirilmegi, köpçülik ýerlerde edep-ahlagyň berjaý edilmegi, söwda-satyk nokatlarda harytlaryň düzüwligi, dürs çekilmegi we ş.m.
Hijri kalendaryň ýola goýulmagy:
Haçanda Omar häkimler, ýolbaşçylar bilen hatlaşanda, olara hat ýollanda ol hatlara sene goýulmak mätäçligi ýüze çykýar. Şonda, käbirleri Pygamberimize pygamberlik berlen ýylyndan başlap senäni ýöredip başlaly diýdiler, käbirleri Pygamberimiziň doglan ýylyndan, käbirleri Medinä hijretden başlap hasap ýöredeli diýdiler, Omar hem soňkyny makul gördi, sebäbi Medinä hijret wakasy her kime mälim, her kime belli senedi, ýagny, Pygamberimiziň doglan ýylyndan we oňa pygamberlik berlen ýylyndan hijret wakasy has äşgärdi. Ýylyň başky aýyny bolsa käbirleri Remezany bellemegi teklip etdi, käbirleri Şagbany, ýöne Omar Muharram aýy ýylyň ilkinji aýy edip belledi, sebäbi ol aý adamlaryň hajdan soň yzlaryna gaýdyp gelýän aýydyr.
Dönüklerçe janyna kast edilmegi, öldürilmegi:
Öz dinlerinde galan parslar Yslam halyfasyna garşy kalplarynda ýigrenç göterýärdiler, çünki, ol olaryň giň Imperatorlygyny ýer bilen ýegsan etdi. Hepdäniň üçünji güni, 23-nji hijri ýylynyň Zul-Hijje aýynyň 26-na, 644-nji milady ýylynda Ebu Lu'lu Feýruz El-Farisi atly pars otparazy iki uçly hanjary bilen Omary adamlara ymam bolup ertir namazy okap durka alty gezek sançýar, üstesine gaçyp barýarka ýene 6 sany musulmany öldürip, 7 sanagany ýaralaýar, haçanda Abdurrahman ibn Awf onuň üstüne eşigini oklanda tutulanyny duýup, gaçara ýer tapman hälki hanjary özüne sançýar.
Taryhy maglumatlara görä, Ebu Lu'lu pars otparaz bolýar, Mugyýra ibn Şugbe atly sahabanyň Omara haýyşy bilen ol Medinä girýär, ýogsa ýetişen müşriklere Medinä girmekligi Omar gadagan edipdi, Ebu Lu'lu demir, agaç, nagyş ussasy bolany üçin, musulmanlara peýdasy degmegi üçin Mugyýra ony Medinä salmagy Omardan haýyş edýär, Omaram rugsat berýär. Günlerde bir gün, Ebu Lu'lu Omara Mugyýrany şikaýat edýär, onuň uly salgyt salýanyny arz edýär, şonda Omar salgydyň möçberini bilende köp däl diýýär, onuň edýän işine görä laýyk diýýär, şol pursatdan soň Ebu Lu'lu Omara bolan ýigrenji döreýär, birnäçe günden soň bolsa otparaz etjegini edýär. Ol şeýle bir ýigrenç, şeýle bir wagşylyk bilen Omary pyçaklaýar welin, hatda onuň garnyndan içegeleri daşyna çykýar. Omar özünden gidýär, onuň ýanyna gelen lukman Omaryň golaýlaryna şeýle diýýär:
“Eger ol özüne gelse, onuň bilen hoşlaşyn.” Biraz wagtdan soň Omar özüne gelýär, onuň ilkinji sorag beren zady nämedir öýdýärsiňiz? Ol: “Adamlar namazy tamamlap bildilermi?” – diýýär, sebäbi Omar özünden beter golastyndakylary alada edýärdi, adamlar: “Hawa, tamamlap bildiler.” – diýende, Omar: “Elhamdulilläh.” – diýip köşeşdi. Omar ýene sorag berýär: “Maňa topulan kişi musulmandymy?” Adamlar: “Ýok, ol Ebu Lu’lu otparaz.” – diýdiler, Omar: “Allaha hamd bolsun, kyýamat güni Allahyň öňünde hakymy musulman dälden soramaly bolaryn.”
Üç günden soň Omar şehit bolýar, onuň şehitligini Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) şu hadysda buşlapdy: Haçanda Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem), Ebu Bekr, Omar we Osman Uhud dagynyň üstünde durkalar Uhud gymyldaýar, şonda Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem): “Berk dur, eý Uhud! Seniň üstüňde Pygamber, Syddyk we iki şehit durandyr.” – diýýär. (Buhary)
Şura (maslahat) we özünden soň halyf teklibi:
Omar Ebu Ubeýde ibn Jerrahy özünden soň halyf bolmaga iň mynasyp kişi saýýardy, ýöne gynansak-da, ol Omardan öň wepat bolupdy. Omara kast edilen pajygaly wakadan soň ol ýene-de üç gün ýaşapdy, adamlar Omardan yzyna ogluny Abdullahy bellemekligi aýdanlarynda ol şeýle diýdi:
“Beýle wezipäniň jogapkärçiligi bütin Hattab tohumy boýunça bir adama ýeterlikdir.”
Şeýle hem, Omar garyndaşlygy orta sokmajak bolýardy, edil şol sebäpden Şuraň içine Said ibn Zeýdi goşmandy, sebäbi ol agasynyň ogludy.
Omaryň döwlete bolan aladasy, adamlaryň agzybirligine bolan gaýgysy, ymmatyň gelejegine bolan ünsi onuň soňky demine çenli dowam edendir. Munuň netijesinde, Omar täze halyf, baştutan saýlamakda Yslamdan öň bilinmedik usuly amala aşyrýar, ol usulyň beýany:
1) Belli sanly adamlaryň arasynda maslahat düzüp, şolaryň içinden birini saýlamak. Omar 6 sany sahabadan Şura düzýär, olaryň her biri halyf bolmaga mynasypdy, olar öz içlerinden birini saýlamalydylar.
2) Olar: Osman ibn Affan, Aly ibn Ebi Talyp, Abdurrahman ibn Awf, Zubeýr ibn Awwam, Saad ibn Ebi Wakkas, Talha ibn Ubeýdillah.
3) Bularyň daşyndan bir ýagdaýda Omaryň ogly Abdullah maslahata goşulyp bilerdi: haçanda sesler deň gelse, ýagny, üç kişi birini saýlasa, beýleki üç kişi başga birini saýlasa, şol ýagdaýda Abdullah goşulmalydy, emma umumy maslahata Abdullah degişli däldi.
4) Eger Abdullahyň saýlan kişisi bilen razy bolmasalar, onda Abdurrahman ibn Awfyň sözi kesgitli söz bolmalydy.
5) Maslahat üç gün dowam etmeli, dördülenji gün eýýäm täze halyf belli edilmeli.
6) Tä täze halyf saýlanýança adamlara namazy ymam bolup Suheýb Er-Rumy okatmaly, ol alty sany sahabalaryň içinden Omaryň namazda ymam goýmazlygynyň hikmeti - belli bir kişini öňe sürmezlikdi.
7) Maslahatyň düzgün-tertibine seredýänçi edip Omar Mikdad ibn Eswedi we Ebu Talha Ensaryny belledi.
Alty sany şura agza sahabalary maslahatyň soňunda iki kişide durdylar: Osman we Aly, Abdurrahman ibn Awf bu ikisiniň haýsysyny saýlamaly hakynda 3 gije-gündiz adamlar bilen maslahatlaşýar, adamlar metjide üýşende Abdurrahman münberiň aşagynda durup Osmana beýgat edýär, onuň yzyndan Osmana Aly soňra beýleki musulmanlar beýgat edýärler.
Jaýlanmagy:
Omar ogly Abdullahy çagyryp, Aişe enemizden Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) we Ebu Bekriň ýanynda jaýlanmagy rugsat soramagy talap edipdi, Aişe enemiz şeýle jogap berdi:
“Omardan başga hiç kime razy bolmazdym.”
Ýöne Omar bunuň bilen çäklenmän, ogluna şeýle diýdi:
“Men aýrylamsoň ýene bir gezek Aişeden rugsat sora, mümkin men dirikäm ýok diýmäge utanyp, razy bolandyr, we meni şu üstümdäki eşiklerim bilen jaýlaň.”
Omar sanjylandan üç gün soň aradan çykdy, ol Pygamberimiz we Ebu Bekriň gapdalynda, öz islegi ýaly, jaýlandy, ol 10 ýyl we 6 aý halyfa bolupdy. Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem), Ebu Bekriň we Omaryň bir ýerde jaýlanjagyna yşarat edýän Buharynyň habar beren hadysy bar, bir gün Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) ýanyna girmek üçin Ebu Bekr gapyny kakýar, Pygamberimiz Sallallahu aleýhi we sellem) ony Jennet bilen buşlap, salmaklygy buýurýar, Ebu Bekr girip, Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) gapdalynda oturýar, biraz soňra Omar gelip gapyny kakýar, Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) onam Jennet bilen buşlap salmagy buýurýar, Omar girip, Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) gapdalynda oturýar, biraz soňra Osman gelip gapyny kakýar, Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) onam Jennet bilen buşlaýar, ýöne agyr synag boljagyny agzaýar, Osman girip Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) garşysynda oturýar. Said Ibn Museýýib bu hadys olaryň gabyrlarynyň ýerlişişine yşarat edýär diýýär.
Omaryň şahsy taraplary.
Daşky keşbi:
Omar gyzyl tenli, akýagyz kişidi, käbir habarlara görä kül ýylynda güýçli açlyk sebäpli onuň teni gara öwrülipdi, onuň owadan ýaňaklary bardy, sakalynyň öňi uzyndy, gapdallary bolsa gysgarakdy, özem hyna bilen boýar ekeni, Allahdan güýçli gorkusy sebäpli köp aglar ekeni, akan göz ýaşlar bolsa ýüzünde yz goýupdy, ol uzyn boýludy, hasam aýaklary gaty uzyndy hatda ata münende aýaklary ýere deger-degmez halda bolýan ekeni, özi hem çepekeý ekeni, ýörände çalasyn ýöreýän ekeni.
Syýasy başarjaňlygy:
Omaryň alyp baran syýasatyny şeýle jemlemek mümkindir:
1. Omar döwleti ýöretmekde esaslanýan zady Yslamdy, ýurduň hemme pudaklarynda ýöredýän kanunlary, düzgünleri şerigatdy.
2. Omaryň döwlet baştutany bolup, baýlyk ýygnamak, at-abraý, şöhrat gazanmak, rahat durmuşda ýaşamak, keýpi-sapa etmek niýeti ýokdy.
3. Omar özüniň halk bilen üýtgeşik gatnaşyk gurnamagy olaryň söýgüsini, ynamyny gazandyrdy. Ol şäherlere häkim bellände her häkimi güýçli barlagdan geçirip goýýan ekeni, olardan häli-şindi adalatlylygy talap edip durýan ekeni, olara köplenç takwalygy, mal-mülke gyzmazlygy, il-halkyň mätäçliklerini bitirip durmaklaryny ündäp durýan ekeni. Şeýle hem, Omar her şäherden, ülkeden wagtal-wagtal topar çagyrýan ekeni, olardan ýurtlarynyň hal-ahwalyny, häkimiň olar bilen gatnaşyşyny jikme-jik soraýan ekeni, üns bermeli zat: Omar muny döwletiň hemme ülkeleri bilen edýän ekeni, hiç milleti hiç bir adam tüýsini beýlekisinden aýra tutanok ekeni, şonuň üçin, bu zatlaryň hemmesi köpmilletli, serhedi gün-günden ulalýan döwletiň uzak wagtlap mäkäm aýakda durmagyna sebäp boldy.
4. Omaryň syýasy başarjaňlygyna käbir mysallar:
a) Ebu Bekr aýrylansoň Omar Ridde söweşlerinden ýesir alnan adamlaryň köpüsini azat etdi, şeýdip, ol çarwa taýpalaryň goldawyny gazandy.
b) Täze fetih edilen topraklardaky (zimmi) milletlerden tölegi öňküsinden az alýardy, ýagny, Rumyň we Parsyň musulmanlar basyp almazdan öň öz häkimlerine töleýän salgytlary bardy, haçanda ol ýerler musulmanlaryň hökümine geçende Omar olardan öňki töleýän salgytlaryndan az töleg talap ederdi, munuň garşylygynda Yslam döwleti olaryň howpsuzlygyny üpjün etmelidi.
ç) Her täze fetih edilen ýerlere Omar özlerinden häkim bellejek bolýardy, sebäbi beýle etmek şuny aňladýar: Yslamda häkimiýet üçin söweş alyp barlanok, megerem, adamlara din öwretmek, parahatlyk getirmek, adalat dikmek üçin söweşilýär.
d) Halid ibn Welid – Yslam taryhynda söweş sungadynyň görnükli ussady, harby meýdanda hiç ýeňliş görmedik beýik serkerde, Allahyň gylyjy lakamyna eýe beýik sahaba, muňa garamazdan Omar ony serkerdelikden boşadýar, sebäbi musulmanlar oňa çendenaşa daýanyp ugraýarlar, eger Halid başymyzda bolsa ýeterlik diýip pikir edip başladylar, ýeňiş berýän ýeke-täk Allahdygyny unudyp başladylar, hatda şahyrlar ol hakynda goşgy düzüp, heňlenip ugrapdylar. Bu hakynda Omaryň özi şeýle diýýär:
“Men Halidi dönük diýip, ýa oňa gyzyp aýramok, adamlar ol sebäpli pitnä düşdiler (ýagny, çendenaşa oňa daýandylar), adamlar oňa töwekgellik edip, pitnä düşerler diýip gorkdum...”
Harby başarjaňlygy:
Omaryň kuwwatly jisimi, daýaw-berk beden gurluşy bar ekeni, ol özüniň güýçliligi bilen adamlaryň arasynda meşhurdy, ol uranda gaty agyrly urýan ekeni. Onuň Pygamberimiz bilen gatnaşan söweşlerindäki görkezen gaýduwsyzlygy, batyrlygy, edermenligi mälimdir. Omaryň harby ugurdan baştutanlyk başarjaňlygy barada aýtsak, onuň harby söweşleri alyp barmakda guran taktika, strategiýasy Yslam döwletiniň täze ülkeleri basyp almakda gaty uly roly bardyr. Omar Ridde söweşleriniň ýeňişlerine öz harby maslahatlary bilen uly goşandyny goşandyr. Ýöne Omaryň serkerdelik işinde amala aşyran iň görnükli amaly Pars-Rum birleşiginiň öňüni almakdyr, haçanda Imperator Gerakl we Üçünji Ýezdejrid Şah musulmanlara garşy bilelikde ýörüş etmäge ylalaşyk düzüp, dil düwşenlerinde Omar Parsyň goşuny entäk Rum bilen birikmeli ýere gelmänkä olara hüjüm edýär, muňa Parsyň goşuny asla garaşmandy. Omaryň harby öňdengörüjilik parasady sebäpli musulmanlar Parsy kül-pytrak edip, Rumlylar bilen birikmekleriniň öňüni alýarlar.
Omaryň harby ussatlygyny görkezen ýene bir waka - 638-nji milady ýylynda hristian araplar Rumyň goldaw bermesi bilen musulmanlaryň goşunyna hüjüm edýärler, hatda Medinä golaýlap gabawa taýynlanýarlar. Şol wagt ol hristian araplar öz watanlaryndan ýeterlik derejede daşlaşypdylar, yzlarynda ýurtlary goragsyz galypdy, bu pursatdan peýdalanyp Omar olaryň ýurduna topulmagy goşunlaryň birisine emir berýär, muny hristian araplar bilip, yzlaryna gaýdyp başlaýarlar, ýöne Omar olaryň güýçlerini has-da dargatmak üçin olaryň üstüne ýene goşun iberýär, şeýdip musulmanlar diňe öz ülkelerini goramakdan daşary Mä beýne En-Nehroýn (Iki derýänyň arasyndaky topraklar, ýagny: häzirki Yrak, Siriýa we Türkiýe topraklary) diýlen ýerleriň, şeýle hem, Armeniýanyň käbir böleklerini basyp alýarlar.
Takwalygy we adalaty:
Omar gaty takwa adamdy, ol elmydama özüni hasaba çekip, Allahyň hemme zady görüp-eşidip duranyny ýadynda saklaýan ekeni. Ol halkyň öňünde uly jogapkärçilik duýýardy, olaryň haklaryny ödemäge, mätäçliklerini gidirmäge jan edýärdi, hatda diňe adamlaryň aladasyny etmän, eýsem, haýwanlaryňam aladasyny edýän ekeni, bu barada ol şeýle diýýär:
"Allaha kasam bolsun, eger bir düýe Furat (derýanyň) kenarynda büdrese-de, Allahyň öňünde oňa jogap bermeli bolaryn, Allah menden şeýle soramasyndan gorkýaryn: Näme üçin onuň üçin ýol açmadyň?"
Omar uly jogapkärçilik duýgusy sebäpli gaty az ýatýan ekeni, şol sebäpli ol käwagt oturan ýerinde irkilýän ekeni, haçanda oňa ýatsaň näme diýenlerinde, ol şeýle jogap berdi:
"Nädip ýataýyn? Eger gündiz ýatsam musulmanlaryň işlerini gözden gidirerin, eger gije ýatsam Allahdan azze we jelle nesibämi gidirerin."
Omar örän pespäl kişidi, ol gaty sada durmuşda ýaşaýardy, artykmaç zynat, bezeg ýaly zatlardan daşdady, hiç haçan bolçulygy, bolelinligi özüne rugsat bermeýärdi. Omar öz söwdasy bilen güzeranyny görýärdi, beýleki döwletleriň hökümdarlary ýaly özüne köşk saldyryp, gözçykarynjy geýim geýip, patyşalar durmuşyny alyp baranokdy. Habarlara görä günlerde bir gün Parsyň ilçisi Medinä Omary görmäge, onuň halk bilen gatnaşygyna syn etmäge gelýär. Haçanda ol Medinä gelende Omaryň öýüniň salgysyny alyp, ony görmäge gelende palçykdan gurlan, üstüne geçiniň tüýi atylan öýi görýär, adamlardan halyfaňyz nirde diýip soranda Omaryň agajyň aşagynda ýatanyny görýär, ol ýamak-ýamak eşikdedi, hiç hili goragçylary ýokdy, hälki ilçi görenlerine ynanman gaty geň galýar, Pars Hysrowyň köşküni, goragçylaryny, hyzmatçylaryny ýatlap şeýle diýýär:
"Höküm etdiň, adalatly bolduň, şonuň üçin, parahatlyk tapyp ýatyrsyň, eý Omar!"
Omaryň adalaty hakynda aýtsak, Omar we adalat sözi biri-birinden aýrylmasyz diýsegem ýalňyşmarys, hatda onuň duşmanlary buny ykrar edýärdiler. Şonuň üçin, musulmanlar, musulman däller Omaryň adalatyna ynanyp, onuň ýanyna arzlary bilen arkaýyn gelip bilýän ekenler, olara zulum edilmejeginden arkaýyn ekenler. Islendik adam köçede oňa duşup, onuň kemçiligini aýtsa, ony diňleýän ekeni. Bir gün ol kazynyň ýanyna girende kazy ony görüp ýerinden turýar, muňa Omar gaşyny çytyp şeýle diýýär:
“Bu seniň şikaýatçynyň öňünde eden ilkinji adalatsyzlygyňdyr, näme üçin onuň öňünde turman meniň öňümde turýarsyň?” Käbir habarlara görä bir gün onuň ýanyna musulman bilen ýahudy gelip, arzlaryny aýdanda Omar ýahudyňky dogry diýip, onuňkyny hakly çykarýar. Bir gün Müsürli kybty (Müsüriň asyl ýaşaýjysy) Omaryň ýanyna gelip, (Müsüriň häkimi) Amr ibn Asyň ogluna şikaýat edýär, Amryň ogly onuň ogluny urýar, Omaryň adalatyna ynamy bolany üçin hälki adam oňa şikaýat etmegi karar berýär. Bu wakany anyklamak üçin Omar Amra ogly bilen Medinä gelmegi buýurýar. Haçanda hemmesi Omaryň öňüne gelende ýaşulynyň sözi hakdygy ýüze çykýar, şonda Omar urulan oglana gamçy berip, Amryň oglundan aryny almagy buýurýar, ol hem ondan hakyny alýar.
Lakamlary:
El-Faruk.
Omardan Ibn Abbas şeýle soraýar:
“Näme üçin El-Faruk diýip atlandyryldyň?” – Omar: “Hamza menden 3 gün öň Yslamy kabul edýär, soňra Allah meniň döşümi Yslama açdy, aýtdym: Allahu lä ilähe illä huwe, lehul esmä ulhusnä, Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi wesellem) janyndan şu zeminde maňa has söýgüli jan ýokdy, aýtdym: Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi wesellem) nirede? – bajym aýtdy: Ol Erkam ibn Erkamyň öýünde, Safada. Soň ol ýere bardym, Hamza we ýoldaşlary howluda oturdylar, Allahyň Resuly bolsa öýde, gapyny kakamda adamlar ýygnandy, olara Hamza: Näme boldy? diýdi, olar: Omar, diýdiler, soň Allahyň Resuly çykdy, köýneginiň eteklerini ýygnap soňam serpdi welin özümi saklap bilmän dyza çökdüm, ol: Sen nämäň isleginde eý Omar, - diýdi, men: eşhedu enlä ilähe illallah wahdahu lä şeriýke leh, we eşhedu enne Muhammeden abduhu we resuluh, diýdim, şolbada öýdäki adamlar şeýle (gaty sesli) tekbir aýtdylar welin metjitdäkilere (Käbädäkilere) eşidildi. Soň aýtdym: Eý Allahyň Resuly! Ölsegem ýaşasagam hakda dälmi biz? Ol: Eýse näme, janym elinde bolana kasam bolsun, ölseňizem ýaşasaňyzam siz hakdasyňyz. – diýdi, men: onda näme üçin bukulýarys, seni hak bilen ugradana kasam bolsun, çykarys, - diýdim, şeýdip, iki hatar bolup, birinde Hamza beýlekisinde men bolup çykdyk tä metjide (Käbä) gelýänçäk....soň Kureýşe we Hamza bakdym, olara (Kureýşe) öň degip görmedik hasrat degipdi, şol gün Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi wesellem) maňa El-Faruk ady dakdy, Allah batyl bilen hakyň arasyny açdy.”
Emirul mu’miniýn (möminleriň emiri).
Ilkinji bu lakamy alan Omardyr, Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) dünýeden ötensoň Ebu Bekr halyf bolýar, oňa Allahyň Resulynyň halyfasy diýýärdiler, Ebu Bekr aýrylyp, Omar halyf bolansoň oňa Allahyň Resulynyň halyfasynyň halyfasy diýjek boldular, Omar buňa garşy çykyp:
“Omardan soň gelene Allahyň Resulynyň halyfasynyň halyfasynyň halyfasy diýerler, bu uzyn bolup gider, şonuň üçin, indiki halyflara ýüzlenip bilinjek ada ylalaşyň.” – diýdi.
Şonda aýtdylar: Biz möminler, Omar bolsa emirimiz.” Şeýdip, Omara emirul mu’miniýn diýip ýüzlenildi.
Omar baradaky käbir hadyslar:
Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýdýar:
“Takyk, Allah haky Omaryň ony aýdýan dilinde goýandyr.” (Ibn Mäje, Elbäni sahyh diýdi)
“Eý Allah! Omar ibn Hattab bilen Yslamy yzzatlandyr.” (Ibn Mäje, Elbäni sahyh diýdi)
“Janym elinde bolana kasam bolsun, ýola düşüp soňam ýoluny seniň ýoluňdan üýtgetmän saňa duşan birem şeýtan ýokdur (ýagny, seniň ýoluň bilen ýoly deň gelen her şeýtan hökman
ýoluny üýtgedýän ekeni).” (Muslim).
“Sizden öňki ymmatlarda söz atylýan (ýagny, gursaklaryna hak guýulýan) adamlar bardy, eger meniň ymmatymdan biri bar bolsa onda ol Omardyr.” (Buhary).
Çeşmeler:
“Tabakat” ibn Saad.
“Tärih Hulefä” Suýuty.
“Esedul-Gobe” ibnul Esir.
“Tärih Dimaşk” ibn Asakir.
“Bidäýe we Nihäýe” ibn Kesir.
“Er-Rohyýk El-Mahtum” Mubarakfury.
“Tärih Et-Tabari” Ymam Tabari.
“Siýer Ägläm Nubelä” Zehebi we başgalar.