top of page
Поиск

Nejasatlar we olardan tämizlenmegiň ýollary.


Bu bapdaky meseleler:

Birinji mesele: Nejasatyň kesgitlemesi we görnüşleri:

Nejasat - her bir hapa saýylýan, şerigatyň ondan daşlaşmagy buýran zady.

Onuň iki görnüşi bar:

1) Özi nejasat bolan zat, hakyky nejasat, bu nejasat hiç hili tämizlenmeýär, çünki, onuň özi nejasatdyr, meselem: eşegiň tezegi, gan, peşew.

2) Höküm taýdan nejasat, meselem ynsanyň beden agzalaryna nejasat degmesi, mysal üçin: adamyň eline peşew degeni üçin eliň özüne nejasat diýip bilmeris, ony nejasatdan tämizläp bolýandyr, şonuň üçin muňa höküm taýdan nejasat diýilýär.

Nejasaty aýyrýan zat suwdyr, ondan tämizleniş esasy usul - suwdyr, şu aýatda aýdylşy ýaly: "(Allah) asmandan siziň üstüňizde onuň bilen sizi arassalamak üçin suw inderdi" (Enfäl 11)

Nejasatyň üç synpy bar:

1) Ýowuz nejasat, itiň we ondan dörän zatlaryň nejasatlygy.

2) Ýeňil nejasat, gan, mezi (gyjanaňda çykýan suwuklyk), iriň, süýtden aýrylmadyk oglan çaganyň siýdigi.

3) Ortak nejasat, galan nejasatlar, meselem: peşew, maslyk, adamyň tezegi.

Ikinji mesele: Nejasatdygyna delil gelen zatlar:

1) Adamyň peşewi, tezegi, gusugy. Ýöne süýtden aýrylmadyk oglan çaganyň siýdigini arassalamak üçin suwy sepelemek ýeterlikdir, ýuwmak hökman däldir: “Umm Kaýs bint Mihsan Pygamberimize süýtden aýrylmadyk (entäk nahar iýmeýän) kiçi ogluny getirýär, haçanda otagda oturanda köýnegine siýýär, şonda suw getirdip, onuň üstüne sepeleýär, (ýöne) ýuwmaýar.” (Buhary)

Emma nahar iýýän oglanyň we gyz çaganyň siýdigi uly adamyňky ýaly ýuwulmalydyr.

2) Iýilýän haýwanyň damak gany, emma etiň özünde ýa damarlarda galan ganlar arassadyr, aýatda aýdylşy ýaly: "(Eý, Muhammet!) Aýt: «Maňa wahyý edilenleriň arasynda (Kuranda) bir kişiniň iýýän zatlarynyň arasynda läş‚ damak gan, nejisdigine hiç şübhe bolmadyk doňuz eti ýa-da Allahdan başgasynyň adyna damagy çalnan maldan başga haram edilen zat tapmaýaryn." (Engam 145)

Damak gany çogup çykýan, atylyp dökülýän gandyr.

3) Eti iýilmeýän her haýwanyň peşewi we tezegi, meselem: pişik, syçan.

4) Maslyk, läş, meýit, ýagny diniň buýruşy ýaly halallanman öz ölümi bilen ölen zat, aýatda agzalşy ýaly: "(Eý, Muhammet!) Aýt: «Maňa wahyý edilenleriň arasynda (Kuranda) bir kişiniň iýýän zatlarynyň arasynda läş‚ damak gan, nejisdigine hiç şübhe bolmadyk doňuz eti ýa-da Allahdan başgasynyň adyna damagy çalnan maldan başga haram edilen zat tapmaýaryn." (Engam 145)

Emma balygyň, çekirtgäniň maslygy we suwuk däl jisimlileriň läşi bu umumy kadadan daşardadyr, ýagny olaryň maslygy nejasat däldir.

5) Mezi, ýagny, ak, ýumşak, şepbeşik suwuklyk, jynsy isleg güýçlenende çykýar, ýöne pürküp şehwet bilen çykmaýar, çykandan soň gowşaklyk hem duýulmaýar, kähallarda çykany hem duýulanok, mezi nejasatdyr, hadysda Pygamberimiz Ali ibn Ebu Taliba şeýle buýurýar: "Täret al we owradyňy ýuw!"(Buhary)

Ýagny, mezi akany üçin buýurýar. Muşakgat, kynçylyk döretmezlik üçin suwa düşünmekligi buýurmaýar, çünki, meziniň çykmasyndan goranmak kyn düşýär.

6) Wedi, ýagny, buşugyp bolandan soň çykýan ak, goýy suwuklyk, wedi çyksa, owrady ýuwup, täret almalydyr, ýuwunmak hökman däldir.

7) Aýbaşy gany, Esma bint Ebu Bekr aýtdy: "Bir aýal Pygamberimiziň ýanyna gelip şeýle diýdi: "Käbirimiziň köýnegine aýbaşy gany degýär, şonda näme etmeli?"Ol: "(Köýnegi) süýkemeli, suw bilen owkalamaly, soňra üstüne suw guýup, onda namaz okabermeli." (Buhary we Muslim)

8) Çendenaşa gan çykmasy, meselem: burundan çykmasy.

Üçünji mesele: Nejasatdan tämizleniş usullary.

1) Eger nejasat ýerde bolsa, bir mekanda bolsa, onuň üstüne suw döküp, nejasatyň özüni gidirip, bir gezek ýuwmak ýeterlikdir, haçanda çarwa arap metjide buşugynda, Pygamberimiz onuň peşewiniň üstüne suw dökmekligi buýurýar.

2) Eger it jamy ýalan bolsa, ony bir gezek gum bilen jemi ýedi gezek ýuwmaly, hadysda agzalşy ýaly: "Biriňiziň jamyny it ýalasa ony arassalamagyň (usuly) - ýedi gezek ýuwup, birinjisini toprak bilen (arassalamak)." (Muslim)

Eger itiň hyllygy jamdan başga zada degse, meselem, eşige, ýa düşege onuň hem hökümi şeýledir, ýagny, bir gezek gum bilen jemi ýedi gezek ýuwulmaly.

Doňuzyň nejasatynyň üstüne suw döküp, nejasatyň özüni gidirip, bir gezek ýuwmak ýeterlikdir, ýedi gezek ýuwmak şert däldir.

Peşew, tezek, gan ýaly nejasatlary owkalap, sykyp tä yzy gidýänçä ýuwmaly, bir gezek ýuwmak ýeterlikdir.

Nahar iýmeýän (süýtden aýrylmadyk) oglan çaganyň siýdigini arassalamak üçin sepelemek ýeterlikdir, ýagny, suw sepmek, şu hadysda aýdylşy ýaly: "Gyz çaganyň siýdigi ýuwulmaly, oglan çaganyň siýdigi (suw bilen) sepelenmeli." (Ebu Dawud, Ibn Mäje we Nesäi)

Muňa ýokarda agzap geçen Umm Kaýs bint Mihsanyň hadysy hem delildir.

Emma eti iýilýän haýwanyň läşiniň derisi eýlemek arkaly arassalanýar, hadysdaky ýaly: "Her bir eýlenen (işlenen) deri arassadyr." (Nesäi, Tirmizi we Ibn Mäje)

Aýbaşy ganyň köýnege degen ýerini suw bilen ýuwup, soňra üstüne suw akydyp, onda namaz okabermeli.

Musulman adam öz bedeniniň, daş-töwereginiň, egin-eşikleriniň nejasatdan arassa bolmagyna üns bermelidir, çünki, ol tämizlik namazyň şertidir.

0 просмотров0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page