Nebe süresiniň tefsiri.
“1. Olar (biri-birlerinden) nämäni soraşýarlar? 2, 3. Özleriniň (ynanyp-ynanmazlykda) gapma-garşylyga düşen ol uly habarymy? 4. Ýok! Olar tiz wagtda bilerler! 5. Elbetde, olar tiz wagtda bilerler! 6. Biz ýeri düşek edip goýmadykmy? 7. Daglary hem (ýeri saklaýan) gazyk (etmedikmi?) 8. Sizi jübüt edip ýaratdyk. 9. Ukyňyzy dynç alyş etdik. 10. Gijäni örtgi etdik. 11. Gündizi güzeranyňyzy dolandyrmak üçin goýduk. 12. Ýokaryňyzda ýedi mäkäm (asman) bina etdik. 13. Ýagty saçýan bir çyra goýduk. 14, 15, 16. Size tohumlar, ösümlikler, biri-birlerine çolaşan bag-bakjalar ösdürip çykaraly diýip gyslyşan bulutlardan bol suw inderdik.”
“1.Olar (biri-birlerinden) nämäni soraşýarlar?” - Ýagny, bular näme soraýarlar, soňra Allah Tagala bularyň soragyna jogap berýär:
“2-3.Özleriniň (ynanyp-ynanmazlykda) gapma-garşylyga düşen ol uly habarymy?” - Ýagny, ol habar Pygamberimiziň (Sallalahu aleýhi we sellem) getiren delilleri we hak ýoludyr, aýratyn hem ahyret, gaýtadan direliş, hasap habarlarydyr. Adamlar Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) getiren bu habarlary babatynda bölündiler: käbirleri iman edip ynandylar, käbirleri kapyr bolup ýalanladylar. Allah hem beýan edýär: ýalanlan kişiler ýalanlan zatlarynyň hakdygyna kyýamatda göz ýetirerler, aýatda gelşi ýaly: "Ýöne olar: «Kitapda özlerine wada berlen jezanyň gelmegine garaşýarlar. Onuň beren ajaýyp habarlarynyň dogrulygy tassyk bolanda‚ öň (oňa garşy çykyp)‚ ony unudanlar: «Takyk, Perwerdigärimiziň ilçileri bize dogry habarlary getiripdirler" (Agraf 53)Şol sebäpli indiki aýatda şeýle diýýär:
“4-5.Ýok! Olar tiz wagtda bilerler! Elbetde, olar tiz wagtda bilerler!” -Bu aýatdaky ikinji sözlem birinji sözlemi berkitmek üçin, täkitlemek üçin gelendir...([1]) Ýene belläp geçmeli zat: "bilerler"diýmeklik habar berlen zatlary edil habar berilşi ýaly özleri görerler. Soňra Allah Tagala bendelerine beren nygmatlaryny beýan edýär we ol nygmatlara şükür etmekligi talap edýär:
“6. Biz ýeri düşek edip goýmadykmy?” - Ýagny, Allah Tagala ýeri ýaradylanlar üçin laýyk taýyn edip berýär. Ýeri sürüp, ekin ekip bolmaz ýaly we üstünde kynçylyksyz ýöräp bolmaz ýaly gaty edip ýaratmady. Şeýle hem peýdalanyp bolmaz ýaly ýumşak, gowşak edip ýaratmady. Olara peýdasy degip bähbitleri hasyl bolar ýaly edip Allah ýeri ýaradandyr.
“7. Daglary hem (ýeri saklaýan) gazyk (etmedikmi?)” - Ýagny, Allah Tagala gazyklaryň çadyry saklaýşy ýaly daglary hem ýeri saklaýan gazyk edip ýaradandyr, şeýdip ýer mäkäm bolýar. Başga bir aýatda aýdylşy ýaly: "Allah ýerde berk, äpet daglary ýerleşdirdi. Ol ýerde (daglarda) bereketi hasyl etdi" (Fussylet 10). Ýer alymlary bu gazyk barada aýtdylar: bu daglaryň ýeriň içine girip duran berk kökleri bardyr, edil diwary saklaýan gazygyň berk köki boluşy ýaly. Şonuň üçin, ol daglar berk, mäkämdir, ýel ony gymyldadyp bilmez. Bu Allahyň çäksiz gudraty we nygmatydyr.
“8. Sizi jübüt edip ýaratdyk...” - Ýagny, aýal-erkek, kiçi-uly, gara-gyzyl, bagtly-betbagt we ş.m. adamlaryň tapawutlanýan synplarynda ýaratdyk. Şeýlelik bilen, adamlar Allahyň islegine we hikmetine görä dürli-dürli edilip, adamlar Allahyň gudratyndan ybrat alsynlar diýip ýaradylandyr, ýagny Allah Tagala bir maddadan, bir atadan ýaradylan adamzady her dürli synplarda ýaratmana kadyrdyr.
“9. Ukyňyzy dynç alyş etdik...” - Ýagny, ukuny ýadawlygy aýryjy etdik, çünki, uky ýadawlygy aýyrýandyr. Ýatyp turanyndan soň ynsanyň güýç-kuwwady täzelenýär. Şonuň üçin, haçanda adam ýadanyndan soň uklap tursa dynç alyp turar, güýç-kuwwady täzelener bu nygmatdandyr we Allahyň aýatlaryndandyr (alamatlaryndandyr), aýatda aýdylşy ýaly: "Siziň gije we gündiz uklamagyňyz (dynç almagyňyz) we Onuň pazly-kereminden islemegiňiz (gazanç etmegiňiz) Onuň aýatlaryndandyr (alamatlaryndandyr, delillerindendir)." (Rum 23)
“10. Gijäni örtgi etdik...” - Ýagny, Allah Tagala gijäni ýeriň örtgisi etdi, gije edil ýere geýdirilen eşige meňzeýär. Munuň şeýledigini ýeriň kölegesiniň ýokarsyna çykandan başga hiç kim anyk göz ýetirmez. Allah Tagalanyň bu geň alamatlaryny görendiris, meselem uçarda wagtymyz ýeriň ýüzünden gün batýar, soňra ýokaryk galyp bolanda ýer edil gara eşige geýlen şekline meňzeýär.
“11. Gündizi güzeranyňyzy dolandyrmak üçin goýduk...” - Ýagny, adamlar işläp gazanç etmekleri üçin adamlaryň her haýsynyň öz derejesine we hal-ahwalyna görä rysgal üçin hereket etmekleri Allahyň bendelerine bolan nygmatydyr.
“12. Ýokaryňyzda ýedi mäkäm bina etdik...” - Olar ýedi asmandyr. Allah Tagala olary mäkäm diýip sypatlandyrdy, sebäbi olar hakykatdanam berkdirler. Şu aýatda aýdylşy ýaly: "Biz asmany mäkäm (görnüşde) bina etdik, ony giňelden hem Bizdiris!" (Zäriýat 47). Ýagny, pugtalap bina etdik.
“13. Ýagty saçýan bir çyra goýduk...” - Ýagny, gün. Ol ýagtylyk berýän çyradyr, şeýle hem, güýçli gyzgynlyk çeşmesidir. “Ýagty saçýan” - ýagny, ýiti yşyk berýän. Günüň gyzgynlygy tomsuň günlerinde has güýçlenýär. Ýogsa gün ýerden gaty uzaklykdadyr, ýere golaýlaşanda nähili bolar öýdýärsiň? Şeýle hem tomusdaky yssy Jähennemiň gyzgynlygyndandyr, Pygamberimiziň (Sallalahu aleýhi we sellem) hadysda aýdyşy ýaly: "Haçanda yssy güýçlenende (öýle) namazy salkyn wagta gijikdiriň, çünki yssynyň güýçliligi Jähennemiň gyzgyn demindendir." (Buhary we Muslim). Başga hadysda Pygamberimiz şeýle diýýär: "Ot Allaha şikaýat edip şeýle diýýär: "Eý, Robbum öz özümi iýip barýan". Şonda (Allah) oňa iki sapar dem almagy rugsat berdi, gyşda bir dem, tomusda bir dem. Gyşdaky iň sowuk günlerimiz Jähennemiň aýazyndandyr, tomusdaky iň yssy günlerimiz Jähennemiň gyzgyn demindendir." (Buhary we Muslim). Muňa garamazdan, barlyklar üçin günüň uly peýdasy bardyr. Gündiz adamlara ýagtylyk berýär, şeýdip adamlar çyra ýakmakdan oňýarlar. Şeýle hem, günüň energiýasynyň ençeme haýyrlary bardyr. Başga-da, ösümlikleriň ýetişmegine we mundan başga hem çäksiz peýdalary bardyr, bu güni Allah Öz bendeleri üçin edendir. Soňra Allah Tagala içinde gyzgynlyk we gurulyk bolan güni agzandan soň onuň tersi bolan zady agzap şeýle diýýär:
“14. Gyslyşan bulutlardan bol suw inderdik...” - Suwda çyglyk hem sowuklyk bardyr. Suwuň üsti bilen ýer ýüzi gögerýär, ýaşaýyş edinýär. Haçanda asman suw bilen günüň gyzgynlygy birleşende bu sebäpli miweler iň kämil şeklinde ýetişýär. Allah Tagala bulutlary "gyslyşan" diýip taryplady, ýagny, edil eşik sykylyp ondan suw çykyşy ýaly Allah hem bulutlardan suw çykarýar. "bol suw inderdik"diýmegiň manysy - güýçli akym bilen ýagýan.
“14-15-16. Size tohumlar, ösümlikler, biri-birlerine çolaşan bag-bakjalar ösdürip çykaraly diýip gyslyşan bulutlardan bol suw inderdik...” - Ýagny, her dürli tohumlary ýerden çykarmak üçin Allah Tagala asmandan ýere ýagyş ýagdyrýar. Şeýdip, ýerden her hili däneler çykýar: bugdaý, arpa, mekgejöwen we ş.m. “biri-birlerine çolaşan bag-bakjalar...” - Ýagny, bir-birlerine baglanan bossanlyklar, gürlüginden ýaňa içindäki zatlary bukup duran we öz-özüne dolanan bakjalar. Olar ajaýyp we owadan şekile eýedir, olar çyrmaşagan baldakly agaçlardyr. Şol bol suw sebäbli ekinler, hurma, üzüm we başga agaçlar gögerýär, olar gönümel şol suwdanam gögerip bilerler hem-de ýeriň aşagyndan çykarylan suwdanam gögerip bilerler, sebäbi ýeriň aşagyndaky çeşme suwlar hem asman suwlarydyr, şu aýatda aýdylşy ýaly: "Asmandan suw inderdik. Sizi onuň bilen suwardyk. Siz ony (suwy) üýşürip saklaýjy dälsiňiz" (Hijr 22). Başga aýatda şeýle diýýär: "Ony ýerdäki çeşmelere akdyrdy" (Zumer 21). Allah Tagala bendelere nygmat edip beren zatlaryny agzap bolanyndan soň ahyret gününiň halyny, şeýle hem, onuň ilkileriň hem soňkularyň ýygnaljak günüdigini agzap aýdýar:
"17. Aýrylyk güni (wagty) anyk bolan bir gündir. 18. Ol gün sura üflener, siz hem topar-toparbolup gelersiňiz. 19. Asman hem gapy-gapy bolup açylar. 20. Daglar ýörediler (herekete geler), salgym ýaly bolar. 21-22. Takyk, azgynlaryň aýlanyp barjak ýeri (bolan) Dowzah (bukuda eline düşjek awlara) buky gurup ýatandyr. 23. (Azgynlar) ençeme wagtlap ol ýerde galarlar. 24. (Olar) ol ýerde ne ( jana ýakymly) salkynlar, ne-de (suwsuzlygy gandyrýan) şerbet dadarlar. 25. Olar gaýnag suw bilen iriňden başga zat datmazlar. 26. (Ine, bu olaryň dünýäde eden etmişlerine) ýaraşýan jezadyr. 27. Sebäbi olar hasap (gününiň geljegine) garaşmaýardylar. 28. Olar Biziň aýatlarymyzy bütinleý ýalan hasaplaýardylar. 29. Biz (ähli zady belleýşimiz ýaly) olaryň eden işlerini-de (ýekeme-ýeke) ýazyp sanadyk. 30. (Şonuň üçin olara): "Bes, siz (eden etmişleriňiz miwesini) dadyň! Indi, Biz size azapdan başga zat artdyrmarys""
“17. Aýrylyk güni (wagty) anyk bolan bir gündir...” - Ýagny, kyýamat güni. Aýrylyk güni diýmeginiň sebäbi ol günde adamlaryň dawa eden zatlarynyň, öz aralaryndaky bolan agzalalyklaryň hökümi berlip çözgüt ediljekdir, şeýdip, Allah Tagala hak bilen batyl, küfür bilen iman, hetden aşan bilen ortak eýeleriniň aralaryny böljekdir. Şeýle hem, Jennet ili bilen ot ilini böljekdir. Bir topary Jennete we bir topary Dowzaha girjekdirler. “(wagty) anyk” - ýagny, sanalgy wagta çenli şu aýatdaky ýaly: "Biz ony (kyýamat gününi) sanalgy wagta çenli gijikdireris" (Hud 104). Sanalgy wagty bolan zat nähilidir öýdýärsiň? Görýärsiň, wagt nähili çalt geçýär, ynsan iň soňky tapgyryna barýança günler geçýär, bu dünýä hem şolar ýalydyr, soňky tapgyryna barýança günler geçýär. Şonuň üçin, Allah aýatda şeýle diýýär: "Biz ony (kyýamat gününi) sanalgy wagta çenli gijikdireris" (Hud 104). Her bir sanalgy zat iň soňunda gutarjakdyr.
“18. Ol gün sura üflener, siz hem topar-topar bolup gelersiňiz...” Üflemek tabşyrylan (perişdäniň ady) Isrofiýl, ol iki gezek sura üflejekdir. Birinji (sura üflände) adamlar gorka girjekdirler, soňra özlerinden gidip öljekdirler. Ikinji gezek (sura üflände) gabyrlaryndan turup, olara ruhlary gaýdyp geljekdir. Şonuň üçin aýatda şeýle diýýär: “18. Ol gün sura üflener, siz hem topar-topar bolup gelersiňiz...” Aýatda "iýjaz" (gysgaltma) bar, ýagny, sura çalnar sizem direlersiňiz, soň topar-topar bolup gelersiňiz([2]), ýagny, bir topardan soň ikinji topar geler. Bu toparlar ymmatlara görädir - has dogrusynam Allah biler - her bir ymmat öz kitabyna görä hasap bermeklik üçin öz kitabyna çagyrylar, beýle äpet waka bolup geçende adamlar topar-topar bolup gelerler, ol günde ýer düzlener, şeýdip, Allah ony tep-tekiz halda goýar, ol ýerde ne-hä çukur, ne-de tümmek görersiň. Ol gün barada Allah Tagala şeýle diýýär:
“19. Asman hem gapy-gapy bolup açylar…” - Ýagny, asman goragly üçek edilenden soň ondan deşik açylyp, adamlar görjek derejesinde gapylar peýda bolar. Bu Allah Tagalanyň çäksiz gudratynyň delilidir, sebäbi nähili mäkäm pugta asmanlary kyýamat gününde Allah Tagala edil bolmadyk ýaly etjekdir. "Ol günde asman erän magdan (ýa-da ýag) kimin bolar. Daglar bolsa tüýdülen ýüň ýaly bolar." (Magaryj 8-9)
“20. Daglar ýörediler (herekete geler), salgym ýaly bolar...” - Ýagny, beýik äpet daglar küle öwrülip pytrajakdyr, soňra göze görünýän hyýal bolup ýörejekdir.
“21-22. Takyk, azgynlaryň aýlanyp barjak ýeri (bolan) Dowzah (bukuda eline düşjek awlara) buky gurup ýatandyr. 23. (Azgynlar) ençeme wagtlap ol ýerde galarlar...” - "Azgyn" diýmek - hetdinden aşan diýmekdir. Ynsanyň hetdi şu aýatda aýdylandyr: "Men ynsany we jynlary özüme ybadat etmeklerinden başga zat üçin ýaratmadym" (Zariýat 56)
Kim Allaha ybadat etmän hetdinden aşsa ol azgyndyr, Jähennem bolsa azgynlaryň dolanyp barjak ýeridir, gaýdyp geljek ýeridir, olar ol ýerde ençeme wagtlap galarlar.
“24. Olar ol ýerde ne (jana ýakymly) salkynlar, ne-de (suwsuzlygy gandyrýan) şerbet dadarlar.” Olaryň beden agzalaryny sowadýan salkynlykdan şeýle hem olaryň içki agzalaryny sowadýan içgiden Allah olary mahrum etjegini habar berýär.
“25. Olar gaýnag suw bilen (gossäkden) iriňden başga zat datmazlar.”([3]) - Ýagny, şolara şondan başga hiç zat bermezler. Ol hem aňrybaş gyzgyn suw: "...olara ýüzlerini eredýän magdan ýaly gowrup barýan suw berler" (Kehf 29) "(Heý-de), bu (nygmata gowşanlar) otda ebedilik galyp, bagyrlaryny para-para etjek gaýnag suwdan içirilen kişiler ýaly bolarmy?" (Muhammed 15).
Aýatda "gossäk" (iriň) diýip gelýär, tefsir alymlary aýtdylar: onuň manysy - ýakymsyz ysly, örän sowuk içgi. Şeýlelik bilen, Jähennemdäkiler hem ot ýaly gaýnag suw içjek ekenler, hem buz ýaly sowuk suw içjek ekenler, munuň sebäbi ikitaraplaýyn azaby datmaklary üçin: gyzgynlyk tarapdan hem-de sowuklyk tarapdan, Allaha sygynýarys. Hatda käbir tefsir alymlary aýtdylar: "gossäk" - ot eýeleriniň iriňidir, olaryň içlerinden çykýan ýakymsyz derler we ş.m. çüýrüntgiler. Haýsy hem bolsa, otdakylar gyzgynlygy içegelerini para-para etjek içgiden içerler we sowuklygy bagyrlaryny bölek-bölek edýän içgiden içerler, aýat muny aňladýandyr, Allah Tagala bize gutulyş bersin! Haçanda azabyň beýle görnüşleri jemlenende olaryň esseläp azap çekmesi has-da artar.
“26. (Ine, bu olaryň dünýäde eden etmişlerine) ýaraşýan jezadyr.” - Ýagny, olar zulum edilmesiz öz amallarynyň jezasyny çekerler, aýatda Allah aýdýar: "Takyk, Allah ynsanlara hiç-hili zulum etmez. Ýöne ynsanlar öz-özlerine zulum ederler" (Ýunus 44). Bu azap olaryň amallaryna ýaraşýan, laýyk azapdyr. Soňra Allah Tagala azaba duçar eden amallaryny beýan edýär:
“27. Sebäbi olar hasap (gününiň geljegine) garaşmaýardylar. 28. Olar Biziň aýatlarymyzy bütinleý ýalan hasaplaýardylar.” - Olaryň hem akydadaky hem dildäki azaşmalaryny agzady. “27. Sebäbi olar hasap (gününiň geljegine) garaşmaýardylar.” - Ýagny, olar hasap gününe ynanman gaýtadan direlşi inkär edýärdiler. Olar şu aýatdaky ýalydylar: "(Ahyreti inkär edenler): «Biziň ýaşaýşymyz meger bu dünýädedir (başga ýaşaýyş ýokdur). Biz ölýäris we ýaşaýarys. Bizi diňe (geçýän) zamana heläk edýär» diýdiler." (Jasiýe 24). Olar hasaba çekiljeklerine ynanmaýardylar, ynha bu olaryň kalpdaky ynanjydy, emma dillerinde Allahyň kitabynda gelşi ýaly: bu ýalan, bu jady, bu däli diýip Allahyň Pygamberlerini ýalanlaýardylar, şu aýatdaky ýaly: "Mundan öňki (ymmatlara) hem bir pygamber gelende, hökman (garşydaşlary) oňa jadygöý ýa-da däli diýerdiler." (Zariýat 52).Muhammet Pygamberimizi (Sallalahu aleýhi we sellem) ýalanlanlar hakynda Allah Tagala şeýle diýýär: "Ol kapyrlar: «Bu bir ýalançy jadygöýdir diýdiler" (Sad 4). Oňa şahyram diýdiler: "Ýa-da olar (sen barada: «Ol) bir şahyrdyr, biz (zamananyň) onuň (başyna getirjek) betbagtlyklaryna garaşýarys» diýýärlermi?" (Tur 30). "(Kapyrlar Muhammede): «Eý, özüne Zikir (Kuran) inderilen kişi. Takyk, sen mejnunsyň. Eger dogruçyllardan bolsaň, bize perişdeleri getir-dä?» diýdiler."(Hijr 6-7). Eger Allah Tagala ilçileriň gadamlaryny berkitmedik bolsa, kowumlaryna garşy olara sabyr bermedik bolsa, bu ýagdaýa olar sabyr edip bilmezdiler. Pygamberleri ýalanlan halklar diňe munuň bilen çäklenmän, eýsem, olar Pygamberlere elleri bilen hem ezýet bererdiler, biziň Pygamberimize (Sallalahu aleýhi we sellem) agyr ezýetler berişleri ýaly, hatda oňa garşy gylyç çekdiler. Kimiň haly bular ýaly bolsa onuň jezasy amalyna görä bolup Jähenneme salnar şu aýatdaky ýaly: “26. (Ine, bu olaryň dünýäde eden etmişlerine) ýaraşýan jezadyr. 27. Sebäbi olar hasap (gününiň geljegine) garaşmaýardylar. 28. Olar Biziň aýatlarymyzy bütinleý ýalan hasaplaýardylar.”
Indiki aýat:
“29. Biz (ähli zady belleýşimiz ýaly) olaryň eden işlerini-de (ýekeme-ýeke) ýazyp sanadyk.” "ähli zady" munuň içine Allahyň ýaradyş, dolandyryş işleri girýändir, şeýle hem, gullaryň aýdýan sözleri we edýän işleri girýändir, her bir zat girýändir kiçi bolsun uly bolsun. "Sanadyk" ýagny, gapma-garşy çykmaýan inçe ölçege salyp belledik. "Ýazyp" - ýagny, ýazyş (ýoly) bilen (sanadyk). Sahyh hadysda gelşi ýaly, Allah Tagala kyýamat gopýança boljak zatlaryň takdyryny ýazandyr, olaryň içine adam ogullarynyň eden amallary hem girýändir. Şeýle hem, adamyň her bir aýdýan sözi ýazylýandyr, aýatda Allah şeýle diýýär: "Onuň (ynsanyň) rokyýb (gözegçi) we atiýd (ýanyndan aýrylmaýan, ýagny perişdeler) tarapyndan (ýazylmaýan, bellige alynmaýan) gepleýän bir sözi hem ýokdur." (Kaf 18) Ymam Ahmet - Allah ondan razy bolsun - keselinden ýaňa iňňildäp ýatanda bir adam gelip oňa şeýle diýýär: "Eý, Abdullahyň kakasy, Tawuus (meşhur tabygynlaryň birisi) şeýle diýýär: "Hassanyň iňňildisi (hasap depdere) ýazylýandyr." Şolbada Ymam Ahmet iňňildisini goýdy, hasap depderine kesel iňňildisi ýazylmagyndan gorkdy. Emma (käbir adamlar dillerine üns bermeýärler), gije-gündiz agyzlaryna jaň kakylan ýaly, dillerine eýe bolmaýarlar, özlerini hasaba çekmeýärler, ýöne hemme zat ýazylýandyr, hatda niýet hem ýazylýandyr, ýa saňa (sogap) bolar, ýa (günä) bolar, kim günä işi niýet edip, ejizliginden ony amal edip bilmese, oňa ol (günä bolup) ýazylar. Emma günäni niýet etse, ýöne amal etmän Allah üçin terk etse, ol oňa (sogap bolup) ýazylar. Hiç bir zat hasapsyz galjak däldir:
“29. Biz (ähli zady belleýşimiz ýaly) olaryň eden işlerini-de (ýekeme-ýeke) ýazyp sanadyk. 30. (Şonuň üçin olara): "Bes, siz (eden etmişleriňiz miwesini) dadyň! Indi, Biz size azapdan başga zat artdyrmarys"” Şu taýda "Dadyň" diýmekligi - ýazgarmagy, kemsitmegi aňladýar. Ýagny, ot ilini ýazgaryp, kemsidip, olara "dadyň" diýler, siziň azabyňyzy hiç hili ýeňilleşdirmeris, tersine, sizi bu halyňyzda goýman, azabyňyzyň üstüne has elhenç, has dowamatly, has güýçli azap goşarys. Başga bir aýatda ot eýeleri Jähennemiň sakçylaryna şeýle diýýärler: "«Perwerdigäriňizden doga-dileg edip ýalbaryň! Iň bolmanda, bir gün hem bolsa, bize azabyň sütemini ýeňilleşdirsin» diýerler." (Gafir 49) Birnäçe tarapdan bu aýat barada oýlan!
1) Otdakylar Allah Tagaladan soramadylar, Jähennemiň sakçylaryndan sorap bermegi dilediler, çünki Allah Tagala olara şeýle diýdi: "Ol (Allah) bolsa: «Meniň bilen gepleşjek bolmaň-da, masgara bolup dymyp duruň!" (Muminun 108). Olar özleriniň Allaha ýüzlenmäge mynasyp däldiklerini bilýärdiler. Şonuň üçin, ortaçy tutundylar.
2) Olar: "Perwerdigäriňizden doga-dileg edip ýalbaryň" diýdiler, Perwerdigärimize ediň diýmediler, sebäbi olaryň biziň diýmeklige ýüzleri ýokdy. Olar ar-namysdan, masgaralykdan kalplary garalyp, Allah Tagalanyň Rububiýýesini özlerine ýöňkemegi (ýagny, Perwerdigärimize diýmekligi) mynasyp saýmadylar, şonuň üçin "Perwerdigäriňize" diýdiler.
3) Olar "bizden azaby aýyrsyn" diýmediler, eýsem "ýeňilleşdirsin" diýdiler, sebäbi olar aňrybaş derejede näumyt haldadylar, Allaha sygynýarys, olardan azabyň aýrylmagyndan näumytdylar.
4) Olar "elmydama azaby ýeňilleşdirsin" diýmediler, eýsem "bir gün hem bolsa" diýdiler. Şeýlelik bilen, olaryň nähili har-zelil haldadygy belli bolýar, şu aýatdaky ýaly: "Dowzah oduna taşlanan mahaly olaryň göwnüçökgünlikden ýaňa kellelerini öňe egip, gözleriniň gyýtagy bilen assyrynlykda seretjekdiklerini görersiň." (Şura 45). Bular ýaly haldan Allaha sygynýarys!
“31. Elbetde takwalara utuş bardyr. 32-33-34. (Olara) bag-bakjalar, üzüm baglary, göwüsleri tegelenip gabaryp başlan, ýaşy deň (dilberler, meý-şerbet) doly käseler berler. 35. Olar ol ýerde boş we ýalan söz eşitmezler. 36. (Ine, bular) Perwerdigäriňden sylag hökmünde ýeterlik peşgeşdir.”
Allah şu sözlerinden soň takwalaryň nähili nygmatdadygyny agzaýar. Çünki, Kuran-Kerim ikitaraplaýyn beýan edýändir: azap agzalsa, sogabam agzalýar, haýyr eýeleri agzalsa, şer eýeleri hem agzalýar, hak agzalsa, batyl hem agzalýar, ýagny, iki tarapy hem beýan edýär, munuň sebäbi - ynsan Robbuna ýönelende gorky bilen umyt arasynda bolmaly, eger-de onuň umydy agdyklyk etse, Allahyň hilesinden arkaýyn bolar, eger gorkusy agdyklyk etse, Allahyň rehmetinden näumyt bolar, ikisem uly günädir, ikisem şerdir. Ymam Ahmet ibn Hanbel aýtdy: "Ynsan öz Robbuna bolan ybadatynda umyt bilen gorky arasynda bolmalydyr, haýsam bolsa birisi agdyklyk etse, eýesi heläk bolar."Şonuň üçin, Kuran-Kerim ikisinem agzap geçýär, diňe şol bir haly gaýtalap köp sözlülik bolmazlygy üçin, şeýle hem haçanda ynsan Kuran okanda gorky hem umyt içinde bolmagy üçin. Iki tarapy agzap geçmeklik Kurany Kerimiň çeper sözlügindendir.
“31. Elbetde takwalara utuş bardyr.” Takwalar - olar Allahyň jezasyndan özlerini goran kişilerdir, ýagny, Allahyň buýruklaryny ýerine ýetirip, gadagan eden zatlaryndan daş duran kişilerdir. Allah Tagala käwagt özünden gorkmagy, käwagt hasap gününden gorkmagy, käwagt otdan gorkmagy buýurýar. "(Azapdan) halas bolmagyňyz üçin Allahdan gorkuň! (Eý, möminler!) Siz kapyrlar üçin taýýarlanylan ol otdan gorkuň!" (Äli Imran130-131) Allah Tagala hem Özünden hem otdan gorkmagy buýurýar. Başga aýatda: "Allahyň (huzuryna) gaýdyp barjak, (ol) günden gorkuň!"diýýär. (Bakara 281). Bu aýatda bolsa hasap gününden gorkmagy buýurýar, bularyň hemmesiniň bir manysy bardyr - ynsan Robbunyň haram eden zatlaryndan goranyp, oňa ytagat edip günälerden saklanmagy. Şeýlelik bilen, takwalar - Allahyň emirlerini ýerine ýetirip, gadagan eden zatlaryndan daşda duranlardyr, olara (utuş bardyr), ýagny, olar utuş mekanyna we zamanyna eýedirler. Olar hem öz ýerlerini we wagtlaryny utan kişilerdir.
“32. (Olara) bag-bakjalar, üzüm baglary (berler).” Bu utuşyň bir görnüşidir. “Bag-bakjalar” - ýagny, uly we köp agaçly, her dürli bagly bossanlyklar. “Üzüm baglary” - aslynda üzüm bagy hem bag-bakjalyga girýändir, ony diňe aýratyn agzap geçendir.
“33. Göwüsleri tegelenip gabaryp başlan, ýaşy deň (dilberler berler).” - Ýagny, göwüsleri sallanman, ökje ýaly çykyp duran, bu göwsüň owadanlygynyň iň kämil görnüşidir. “Ýaşy deň” - olaryň ýaşlary deň bolar, dünýädäki aýallaryň ýaş-garry tapawut edişi ýaly, bir-birlerinden tapawut etmezler. Sebäbi biri beýlekisinden ýaşy uly bolsa aralaryndaky deň agramlyk ýiter. Birisi beýlekisinden pes bolany üçin gynanar. Şonuň üçinem olaryň ýaşy deňdir.
“34. (Meý-şerbet) doly käseler berler.” - Ýagny, doldurylan käseler, ol käseler meý-çakyr içginiň käseleridir, ýöne meý-çakyrdan başga içgilere bolmagam mümkin, sebäbi Jennetde ondan başga hem içgiler bardyr, şu aýatda aýdylşy ýaly: "Ol ýerde durky üýtgemeýän suwly derýalar, tagamy üýtgemeýän süýtli derýalar, içýänlere lezzet berýän meý-şerbetli derýalar we süzülen arassa (we datly) baldan derýalar bardyr." (Muhammed 15)
“35. Olar ol ýerde boş we ýalan söz eşitmezler.” - Ýagny, Jennetde olar haýyrsyz gürrüňler, boş gepler eşitmezler. “ýalan söz eşitmezler” - ýagny, çyn däl söz eşitmezler, özleri hem ýalan sözlemezler, biri-birlerini hem ýalana çykarmazlar, sebäbi olar tagtlaryň üstünde ýüzbe-ýüz oturarlar, Allah hem olaryň köňüllerindäki kinäni sogrup çykaryp, olary dogan-gardaş edendir.
“36. (Ine, bular) Perwerdigäriňden sylag hökmünde ýeterlik peşgeşdir.” Olaryň dünýäde ýagşy eden işleri üçin we Allahyň haram eden zatlaryndan saklananlary üçin Allah Tagala olara bu sylagy berjekdir. “ýeterlik peşgeşdir” - ol sylag doly we kämildir([4]).Ýagny, şol ýeke käse ýeterlikdir, başgasyna mätäç bolmazlar, sebäbi ol aňrybaş lezzetli we ýokumlydyr.
“37. Ol asmanlaryň, ýeriň we olaryň arasyndaky (barlyklaryň) Perwerdigäridir. (Ol) Rahmandyr .(Ol gün Onuň ýanynda) gepläp biljek (hiç kim) ýokdur. 38. Ol gün Ruh we perişdeler hatar-hatar düzülerler. Rahmanyň (Allahyň) rugsat bereninden hem-de dogryny aýdandan başga hiç kim geplemez. 39. Ine, bu hakykatlygy anyk bolan gündür. Indi islän (adam) Perwerdigärine barýan ýoly tutsun! 40. Biz golaýlaşýan bir azaby habar berip, size duýdurdyk. Ol gün geler, adam diňe öz eden işlerine sereder. Kapyr (adam): «Käşgä, men toprak bolsadym» diýer.”
“37. Ol asmanlaryň, ýeriň we olaryň arasyndaky (barlyklaryň) Perwerdigäridir. (Ol) Rahmandyr” - Allah Tagala hemme zadyň Perwerdigäridir, aýatda şeýle diýýär: "(Eý, Muhammet!) Sen: «Maňa Öz mukaddes eden şu şäheriň (Mekgäniň) Perwerdigärine we ähli zat Özüne degişli bolana ybadat etmegim emir edildi." (Neml 91)
Ol Allah ýedi gat asmanyň, ýeriň Perwerdigäridir, Sünnetde Pygamberimizden (Sallalahu aleýhi we sellem) anyk habar berilşi ýaly, ýerem ýedidir.(Buhary we Muslim). “we olaryň arasyndaky (barlyklaryň) Perwerdigäridir” - ýagny, Allah asmanlar we ýeriň arasyndaky äpet barlyklaryň hemmesiniň Perwerdigäridir, meselem: gara we ak bulutlaryň, asman toplumlaryň Perwerdigäridir, şeýle hem, biziň bilýän we ýeke Allahyň bilýän zatlarynyň hemmesiniň Perwerdigäri Allahdyr. “Ol gün Onuň ýanynda) gepläp biljek (hiç kim) ýokdur” - ýagny, Allahyň rugsady bolman hiç kim gepläp bilmez, gürlemek elinde bolmaz.
“38. Ol gün Ruh - ýagny, Jibril - we perişdeler hatar-hatar düzülerler...” - Ýagny, hataryň yzyndan hatar bolup düzülerler, şu hadysda aýdylşy ýaly: "Iň peski asmanyň perişdeleri inip, barlyklary gurşap alarlar, soňra ikinji asmanyň perişdeleri olaryň yzlarynda (bolarlar), soňra üçünji, dördünji, bäşinji." (Hakim)
Şeýdip, olar näçe hatara düzülerler, olaryň sanyny olary Ýaradandan başga hiç kim bilmez. “38. Ol gün Ruh we perişdeler hatar-hatar düzülerler. Rahmanyň (Allahyň) rugsat bereninden hem-de dogryny aýdandan başga hiç kim geplemez.” - Ýagny, perişdelerem, başgalaram geplemezler, şu aýatda aýdylşy ýaly: "Rahman (Allah) üçin sesler pessaýlaşýandyr. Pyşyrdydan başga zat eşitmersiň." (Toha 108). “Rahmanyň (Allahyň) rugsat bereninden” - gürlemäge rugsat bereninden başga hiç kim gürlemez, rugsat berlen rugsat berilşi ýaly gürlär. “hem-de dogryny aýdandan başga hiç kim geplemez” - ýagny, Allahyň razy boljak dogry sözi aýdandan başga hiç kim geplemez, bu şepagat edýänlere degişlidir, ýagny, Allah birine başga biri üçin şepagat etmekligi rugsat berse, diňe rugsat berlene görä şoňa şepagat edip biler.
“39. Ine, bu hakykatlygy anyk bolan gündür...” - Ýagny, size habar beren günümiz hak gündir, hak diýmek batylyň tersidir, ýagny, ol gün hak durnukly bolar, adalat höküm sürer, ol günde ne mal-baýlyk, ne-de perzendiň peýdasy deger, diňe sagdyn kalp bilen gelen gutular. “39. Ine, bu hakykatlygy anyk bolan gündür. Indi islän (adam) Perwerdigärine barýan ýoly tutsun!” - Ýagny, kim Allaha dolanynda, Allaha gaýdyp gelende, Allahyň razylygyna gabat gelýän ýagşy işler etsin. “Indi islän (adam) Perwerdigärine barýan ýoly tutsun!” Başga bir aýat bu aýaty kesgitleýär: "Dogry ýoly tapmak isleýänler üçin (öwüt-ündewdir). (Emma bu dogry ýolda bolmagy) tä älemleriň Perwerdigäri bolan Allah isleýänçä siz islemersiňiz." (Tekwir 28-29). Ýagny, ýol saýlamakda biz öz ygtyýarymyzdadyrys, hiç kim bize güýç bilen etdirýän däldir, ýöne biziň ol islegimiz, ygtyýarymyz Allahyň eradasyndan çykýan däldir: "... siz islemersiňiz, tä älemleriň Perwerdigäri bolan Allah isleýänçä." Allah Öz kitabynda ynsan şuny bilmekligi üçin beýan edendir, ýagny, ynsan diňe özüne daýanyp, hemme zat meniň elimde diýip pikir etmeli däldir, tersine, şuny bilmelidir: onuň islegi Allahyň islegine baglydyr, şonuň üçin Allahdan dogry ýoly diläp ýalbarmalydyr, "men azat, islänimi islejek, islänimi etjek" diýmeli däldir, hawa, dogry, ýagdaý şeýledir, ýöne sen Allahyň islegine baglysyň.
“40. Biz golaýlaşýan bir azaby habar berip, size duýdurdyk...” - Golaýlaşýan azapdan, ýagny kyýamat gününden sizi gorkuzdyk, kyýamat güni bolsa golaýdyr, dünýä millionlarça ýyllap dowam etse-de kyýamat güni golaýdyr: "Olar ony (kyýamaty) gören wagtlary (dünýäde) diňe bir agşam ýa-da bir säher wagty ýaşandyrys öýderler!" (Naziýat 46). Allahyň bize duýduran azaby golaýdyr, ynsan bilen onuň arasynda diňe ölümi bardyr. Ynsan haçan öljegini bilmeýär, belkem ertire çyksa agşama ýetmez, agşama çyksa ertire ýetmez. Şonuň üçin, bize düşen borç (ýagşy) işlerimizde berk durmalydyrys, pursat barka elden gidirmeli däldir.
“40. Biz golaýlaşýan bir azaby habar berip, size duýdurdyk. Ol gün geler, adam diňe öz eden işlerine sereder...” – “adam” - ýagny, her bir adam, eden işlerine sereder, eden işleri öňünde durar, hasap depderi oňa berler we aýdylar: "(Oňa): «Kitabyňy oka! Bu gün hasaba çekiji hökmünde özüň özüň üçin ýeterlikdir!» (diýler)." (Isro 14) Ol günüň aýylgançlygyndan we azabyndan ýaňa kapyr kişi şeýle diýer: «Käşgä, men toprak bolsadym». Ýagny, käşgä dogulmasadym, ýa käşgä gaýtadan direlmesedim, ýa Allahyň haýwanlar bilen arasyndaky çözgüdini görende, ýagny, Allahyň haýwanlara "topraga öwrüliň" diýenini we olaryňam topraga öwürlenini görüp, şol haýwanlar ýaly bolmagyny arzuw eder. "Toprak bolsadym" sözi 3 manyny aňladyp biler:
1) Käşgä toprak bolsadym, ýagny, ýaradylmasym, sebäbi ynsan toprakdan ýaradyldy.
2) Käşgä toprak bolsadym, ýagny, gaýtadan direldilmesedim, ýagny gabryň içinde toprak bolup ýatsadym.
3) Haçanda Allah Tagala haýwanlaryň arasynda hökmüni tamamlansoň, olara şeýle diýer: "Topraga öwrüliň" olaram topraga öwrüler, kapyr hem edil şu haýwanlar ýaly, topraga öwrüläýsedim diýer. Ýöne has dogrusyny Allah biler. Nebe süresi şu ýerde gutarýar, bu sürede ynsanyň imany ynanjy berkemegi üçin gerekli wagyzlar, hikmetler bardyr. Allah Tagala bize we size öz kitabynyň üsti bilen haýyr bersin we ony kalplarymyza wagyz ündew etsin, gursaklarymyz üçin şyfa etsin, elbetde Allah Kerem we Sahylyk eýesidir. Şeýh Muhammed bin Solyh El-Useýmiýn -Allah oňa rehim etsin-
([1]) Şu taýda şeýh arap dil kadasyny agzaýar. ([2]) Iýjaz - arap diliniň çepersözlik ylmyna degişlidir, onuň gysgaça tarypy - gürrüňde düşnükli bolan sözleri sözlemi uzaltmazlyk maksady bilen agzamazlyk. ([3]) Şu taýda şeýh istisnä munkotygy düşündiren, bu arap diliniň kadasyndan bir kada, terjime edilsede düşündirip bolmasy kyn kada. ([4]) Şu taýda şeýh dil kadasy barada agzaýar.