Namazyň kesgitlemesi, fazly (aýratynlygy), bäş wagt namazyň parzlygy, wajyplygy.

1) Kesgitlemesi: arapça namaza "solätun" diýilýär, onuň dil taýdan manysy - doga-dileg diýmekdir.
Dindäki manysy - tekbir bilen başlaýan, salam bilen gutarýan belli sözleri we amallary öz içine alýan ybadatdyr. Giňişleýin indiki baplarda agzalar in şä Allah.
2) Fazly (aýratynlygy): Kelimeden (Lä ilähe illallah Muhammed Resulullah şaýatlygyndan) soň Yslamyň rükünleriniň (sütünleriniň) iň hökmanysydyr (ýagny, şaýatlykdan soň iň ilkinji ýerine ýetirilmeli rükündir), has dogrusy namaz Yslamyň diregidir, Allah ony Muhammet Pygamberine Magraj gijesinde ýedi asmanyň ýokarsynda parz edendir, bu onuň musulmanyň durmuşyndaky ähmiýetine delalat edýändir, Pygamberimiz bir kynçylyga duşanda namaza howlugar ekeni, namaza iterýän we onuň fazly barada köp hadyslar bardyr, olaryň käbirleri: "Bäş wagt namaz, jumgadan jumga, Remezandan Remezan uly günäler edilmedik bolsa (galan günäleri) ýuwýançydyrlar."(Muslim) (Ýagny, eger ynsan jumga namaza barsa, onuň öňki jumgadan bäri eden kiçi günäleri bagyşlanjak ekeni, edil şolar ýaly Remezan aýynda agyz beklese, onuň geçen ýyldaky Remezandan bäri eden kiçi günäleri bagyşlanjak ekeni.)
"Eger biriňiziň gapysynda derýa bolsa, günde onda bäş gezek suwa düşünse ol kişide kir-hapa galar öýdýärsiňizmi? - aýtdylar: “Onda kir-hapa galmaz” - Ol: “Bu bäş wagt namazyň mysalydyr, Allah olar sebäpli günäleri geçýändir.”" (Buhary we Muslim)
3) Parzlygy, wajyplygy: Onuň parzlygy Kitap (Kuran), Sünnet, şeksiz, anyk Ijmag bilen tassyklanandyr, Kurandan aýatlar: "Namazy berjaý ediň." (Bakara 43)
"(Eý, Muhammet!) Iman getiren bendelerime aýt: «Aluw-satuw we dostluk-ýakynlyk bolmaýan gün gelmezden öň namazy doly okasynlar" (Ibrahim 31)
Sünnetden hadyslar: Magraj gijesi baradaky hadysda şeýle diýilýär: "Ol (san taýdan) bäşdir, ol (sogap taýdan) ellidir." (Buhary)
Pygamberimizden haçanda Yslamyň parzlary soralanda şeýle diýýär: "Bir gije-gündizde (okalmaly) bäş wagt namaz." sorag berýän kişi: "Boýnumda bulardan başgasy barmy?" diýdi, Ol:"Ýok, diňe goşmaça okajak diýäýmeseň" (Buhary we Muslim)
Namaz ýetişen musulman adama parzdyr, kapyra, ýetişmedige we däli kişä parz däldir, hadysda şeýle diýilýär: "Üç kişiden galam galdyrylandyr (soraga çekilmez): Ukudaky kişi tä oýanýança, däli kişi tä akly gelýänçä, çaga tä ýetişýänçä." (Ebu Dawud, Nesäi, Ibn Mäje we Ahmet)
Ýöne ýedi ýaşlary dolanda çagalara namazy buýurmalydyr, on ýaşabam okamasalar (ýeňiljek urgy bilen) urmalydyr, kim namazyň (parzlygyny) inkär etse, ýa taşlasa ol kişi kapyr bolup, Yslam dininden çykar, hadysda aýdylşy ýaly: "Biziň we olaryň (kapyrlaryň) arasyndaky äht (parh, tapawut, çyzyk) namazdyr, kim ony taşlasa şeksiz kapyr bolar." (Muslim)