Näziat süresiniň tefsiri.
“1. (Janlary) sogrup alýanlara! 2. Ýuwaşjadan çekýänlere! 3. Ýüzüp-ýüzüp gidýänlere! 4. Ýaryşyp öňe geçýänlere! 5. Işlerini tertipli ýöredýänlere kasam bolsun! 6. Ine, ol (kyýamat) güni (ýeri) güýçli sarsdyrjak (üfleme) bolar. 7. Soň onuň yzyndan gelen (ikinji gezek sura üfleme) bolar. 8. Ol gün ýürekler (gorkudan ýaňa) gürsüldärler. 9. Gözler (nazarlar) ýere egler. 10, 11, 12. (Inkär edenler ýaňsylap): «Biz çüýrän süňk bolanymyzdan soň, öňki ýagdaýymyza getirilerismi? Bu biziň üçin zyýanly bir gaýdyp gelişdir» diýerler. 13. Emma ol iş (kyn däl), ýekeje bir seslenmeden ybaratdyr. 14. Olar şol bada (ölümden) oýanarlar (we magşar meýdanynda jemlenerler).”
“1. (Janlary) sogrup alýanlara!” - Ýagny, kapyrlaryň janlaryny (sogrup alýan) perişdeler, ýagny, güýç bilen sogrup alýan.
“2. Ýuwaşjadan çekýänlere!” Ýagny, möminleriň janlaryny ýuwaşjadan alýan perişdeler, edil daňylgy düwüni açan ýaly, ýagny ýüp düwüniň haýsam bolsa bir tarapyny çekseň düwün ýeňillik bilen çalt açylar. Möminleriň janlaryny alýan perişdeler ýumşaklyk bilen edil ýaňky düwüniň çözülşi ýaly, möminleriň janlaryny alýarlar. Bu zatlaryň sebäbi kapyrlaryň janlaryny alýan perişdeler haçanda kapyryň ruhuna çyk diýip çagyranda iň erbet, iň ýaramaz sözler bilen çagyrar, kapyryň ruhuna perişdeler aýdarlar: "Eý, ýaramaz jesetdäki ýaramaz jan, Allahyň gazabyna çyk". Emma ruh çykmak islemez, gaçar, ruh onuň bedeninde bölek-bölek bolar, tä ony güýç bilen tutýançalar, soňra ony jesetden goparyp çykararlar. Onuň jesedi çykarşyň güýjünden ýaňa param-parça bolar. Emma möminleriň ruhlary - Allah sizi we meni olardan etsin - haçanda perişdeler olary almana inenlerinde buşluk sözüni aýdarlar: "Eý, ýagşy jesetdäki ýagşy jan, Allahyň razylygyna çyk" we şuňa meňzeş özüniň öwrenşen jesedinden çykmaga ýeňillik berýän sözleri aýdarlar, şeýdip, ýeňillik bilen ruh çykar. (Ahmet we Hakim). Şonuň üçin, Pygamberimiz (Sallalahu aleýhi we sellem) şeýle diýýär: "Kim Allah bilen duşmaklygy gowy görse, Allah hem onuň bilen duşmaklygy gowy görer. Kim Allah bilen duşmaklygy halamasa, Allah hem onuň bilen duşmaklygy halamaz." Aişe enemiz şeýle diýýär: "Eý, Allahyň Resuly! Biz ölümi halamaýarys ahyryn" Pygamberimiz aýtdy: "Onuň (gürrüňi) däl, ýöne haçan möminiň (başyna) ölüm gelse, oňa Allahyň razylygy we hormaty buşlanylar, oňa öňündäkiden başga hiç zat gowy görünmez, şonuň üçin Allah bilen duşmaklygy gowy görer, Allah hem onuň bilen duşmaklygy gowy görer." (Buhary). Çünki, ol pursatda ol häzirki dünýäden has gowy dünýä özüniň göçüp barýanyny görer, edil biziň birimize palçykly jaýdan gowy mäkäm, goragly, köşge göç diýlende begenşimiz ýaly ol hem begener. Allah bilen duşuşýanyna begener, emma kapyr (Allaha sygynýarys) tersine haçanda Allahyň gazaby we azaby bilen buşlananda ölmekligi halamaz, Allah bilen duşmaklygy halamaz, Allah hem onuň bilen duşmaklygy halamaz.
“3. Ýüzüp-ýüzüp gidýänlere.” - Ýagny, olar Allahyň emri bilen ýüzýän perişdelerdir, suwda ýüzýäniň çalasyn hereketi ýaly çalasyn hereket ederler, şu aýatda Allah Tagala gün, aý, gije, gündiz barada şeýle diýýär: "Olaryň hersi bir pelekde (orbitasynda) ýüzerler (aýlanarlar)." (Ýäsin 40). Ýagny, olaryň her biri Allahyň emri bilen Allahyň islegine görä ýüzerler. Perişdeler jyndan has güýçlidirler, jynlar bolsa adamlardan has güýçlidirler, Süleýman pygamber baradaky şu aýata seret: "(Soň Süleýman): «Eý, emeldarlar! Olar boýun sunup gelmezlerinden öň, siziň haýsyňyz maňa (ol) hökümdaryň tagtyny getirip bilersiňiz» diýdi. Jynlaryň biri: «Men ony ýeriňden turmankaň saňa getirerin. Men muňa güýji ýetjek ynamdardyryn» diýdi. Özünde kitapdan bir ylym bolan başga biri: «Men ony saňa göz açyp-ýummasy salymda getirerin» diýdi." (Neml 38-40). Ýagny, gözüňi ýumsaň, entäk şol gözüňi açmankaň getirerin. Süleýman "tagtyň öz ýanyna ýerleşdirilendigini görende" ýagny şol pursatda: «Bu Perwerdigärimiň «şükür edermikä ýa-da gadyr bilmezlik edermikä» diýip meni synamak üçin eden ýagşylyklarynyň biridir." Alymlar aýtdylar: Hökümdaryň tagtyny Ýemenden göterip gelenler perişdelerdir, ýogsa Süleýman şam ýurdundady, şonda-da perişdeler tagty bir pursatda getirdiler. Şeýlelik bilen, perişdeleriň güýç-kuwwady jynlaryň güýç-kuwwadyndan näçe esse köpdür. Jynlaryň güýç-kuwwady adamlaryňkydan köpdür, sebäbi adamlardan hiç kim Sebe halkynyň hökümdarynyň tagtyny Ýemenden Şama gysga wagtda getirip bilmez, diýmek, perişdeler Allahyň emri bilen pelekde ýüzüp ýörýän ekenler.
“4. Ýaryşyp öňe geçýänlere.” - Bu hem perişdeler hakynda, ýagny, olar Allahyň emirlerini ýerine ýetirmekde ýaryşýarlar, şonuň üçin perişdeler Allahyň emirlerini ýerine ýetirmekde adamlary öňürtileýändirler, olardan has başarjaňdyrlar, ot perişdeleri barada aýatda şeýle diýilýär: "Onuň başynda Allahyň özlerine beren emrine garşy gelmeýän we emir edilen zady berjaý edýän rehimsiz, ýowuz perişdeler bardyr." (Tahrim 6). Başga aýatda şeýle diýýär: "Onuň ýanyndakylar (perişdeler) bolsa Oňa gulluk etmekden ulumsylyk etmezler hem-de gaçmazlar. Olar gowşaklyk görkezmezden gije-gündiz (arman-ýadaman) tesbih ederler." (Enbiýa 19-20). Perişdeler Allahyň buýruklaryny howlugyp berjaý edýändirler, emirlerden hiç boýun towlamazlar, Allahyň emirlerini ýerine ýetirmek üçin olaryň ýeterlik güýç-kuwwady bardyr.
“5. Işlerini tertipli ýöredýänlere kasam bolsun!” - Bu hem perişdeler hakynda, ýagny perişdeler özlerine Allahyň tabşyran işlerini ýerine ýetirýärler, meselem: Jibril, ol wahýy Allahdan alyp, ilçilere-pygamberlere getirýär, Isrofil, sur çalýan perişde, ol kyýamat güni sur çaljakdyr, adamlaram gorkup jan berjekdirler, soňra ýene çaljakdyr, bu gezek adamlar gaýtadan direljekdirler, şeýle hem, ol perişde Arşy göteriji perişdelerdendir, Mikail, ýagmyr-ýagyş, ösümlik işlerini ýöredýän perişde, Melekul-Mewt (manysy ölüm perişde) jan alýan perişde, Mälik - Jähenneme (seredýän) perişde, Rydwan - Jennete (seredýän) perişde, adamyň sagynda, çepinde oturan perişde - amallary (ýazýan) perişde, bularyň her biri Allahyň tabşyran işini ýöredýändirler. Aýatlardaky wasplar perişdeleriň ýöredýän işlerine görä agzalan wasplardyr, Allah olar bilen ant içýär, çünki olar iň haýyrly barlyklardandyrlar, Allah Tagala derejesi, mertebesi öz başyna beýik bolan barlyklardan başgasy bilen kasam içýär, meselem perişdeler ýa-da Özüniň aýatlary (alamatlary) bolan zatlardan kasam içýär. Soňra aýdýar:
“6. Ine, ol (kyýamat) güni (ýeri) güýçli sarsdyrjak (üfleme) bolar. 7. Soň onuň yzyndan gelen (ikinji gezek sura üfleme) bolar.” - Ýagny, Allah Tagala Pygamberimize ýüzlenip: "Eý, Muhammet adamlara bu ähmiýetli güni ýatlat!" - diýýär.
“6. Ine, ol (kyýamat) güni (ýeri) güýçli sarsdyrjak (üfleme) bolar. 7. Soň onuň yzyndan gelen (ikinji gezek sura üfleme) bolar.” - Ýagny, ol gün iki sapar sur çalynjak. Birinji sur çalnanda adamlar hopugarlar, soňra Allahyň isläninden galany soňkusyna çenli öler, ikinji sur çalnanda adamlar gabyrlaryndan çykyp täzeden direlerler. Adamlar gabyrlardan bir gezekde çykarlar, Allah aýtdy:"Emma ol iş (kyn däl), ýekeje bir seslenmeden ybaratdyr. Olar şol bada (ölümden) oýanarlar (we magşar meýdanynda jemlenerler)." (Naziýat 13-14) Haçanda ol (kyýamat) güni (ýeri) güýçli sarsdyran (üfleme) bolup, soň onuň yzyndan ikinji gezek sura üfleme bolanda, şu ýagdaýda adamlar ikä bölünerler:
“8. Ol gün ýürekler (gorkudan ýaňa) gürsüldärler. 9. Gözler (nazarlar) ýere egler. 10, 11, 12. (Inkär edenler ýaňsylap): «Biz çüýrän süňk bolanymyzdan soň, öňki ýagdaýymyza getirilerismi? Bu biziň üçin zyýanly bir gaýdyp gelişdir» diýerler.” - Bu kapyrlaryň kalplarydyr, "gürsüldär", ýagny, güýçli gorky bilen gorkarlar. “9. Gözler (nazarlar) ýere egler.” - Olaryň gözleri har-zelil bolup, başlaryny galdyryp bilmezler, ýere bakarlar - Allaha sygynýarys - sebäbi olar özleriniň nähili pes bolanlaryny bilerler, şu aýatdaky ýaly: "Dowzah oduna taşlanan mahaly olaryň göwnüçökgünlikden ýaňa kellelerini öňe egip, gözleriniň gyýtagy bilen assyrynlykda seretjekdiklerini görersiň." (Şura 45).
“13. Emma ol iş (kyn däl), ýekeje bir seslenmeden ybaratdyr. 14. Olar şol bada (ölümden) oýanarlar (we magşar meýdanynda jemlenerler).” - Ýagny, ol seslenme Allah tarapyn bolar, şol esasynda ýeriň teýinden ýeriň ýüzüne adamlar edil bir adamyň ýerden galşy ýaly goparlar, şu aýatdaky ýaly: "(Şol wagt) diňe elhenç bir ses bolar. Şonda olaryň hemmesi dessine biziň huzurymyzda häzir bolarlar." (Ýäsin 53). Bu ýeke bir sözden soň, hemme barlyklar gabyrlardan diri hallarynda çykarlar, soňra Allahyň öňüne sylag-jezalaryny almaklary üçin gelerler, şonuň üçin aýdýar: “13. Emma ol iş (kyn däl), ýekeje bir seslenmeden ybaratdyr. 14. Olar şol bada (ölümden) oýanarlar (we magşar meýdanynda jemlenerler).” - Ýene bir aýatda aýdylşy ýaly: "Kyýamatyň (gopmagy baradaky) emir göz açyp-ýummasy salymda ýa-da has-da çalt bolup geçer." (Kamar 50). Ýagny, Allah Tagala bir zat islese oňa diňe bir gezek "Bol" diýer, ol hem bolar, bir pursat hem Allahyň sözünden gijä galmaz. (göz açyp-ýummasy salymda bolup geçer) - Allah bir zady etmekden hiç hili ejiz däldir. Allahyň ýeke bir sözi esasynda hemme barlyklaryň gabyrlaryndan çykmaklygy Allahyň hemme zada Kadyrdygyna aýan delildir, şu aýatda gelşi ýaly: "Ne asmanlarda, ne-de ýerde Allahy ejizledip biljek hiç zat ýokdur. Takyk, Ol (ähli zady) bilýändir, (ähli zada) güýji ýetýändir." (Fatyr 44) “13. Emma ol iş (kyn däl), ýekeje bir seslenmeden ybaratdyr. 14. Olar şol bada (ölümden) oýanarlar (we magşar meýdanynda jemlenerler)”
“15. (Eý, Muhammet!) Saňa Musanyň habary geldimi? 16. Perwerdigäri oňa mukaddes Tuwa jülgesinde (şeýle) seslenende: 17. «Fyrgawnyň (ýanyna) git, sebäbi ol örän azdy. 18. Oňa: «Sen özüňi päklemek isleýärsiňmi?! 19. Seni Perwerdigäriňden gorkar ýaly Oňa eltýän ýola gönükdireýinmi?» diý. 20. Şeýdip, oňa iň uly aýaty (mugjyzany) görkezdi. 21. Emma (Fyrgawn Musany) ýalan hasaplady we garşy çykdy. 22. Soň hem yzyna öwrülip, bahymdan ýöräp gitdi. 23. (Öz adamlaryny) ýygnady we olara: 24. «Men siziň iň uly Perwerdigäriňiz!» (diýip) ýüzlendi. 25. Allah ony (hemmelere göz üçin) dünýäde we ahyretde azaba sezewar etdi. 26. Takyk, munda (Allahdan) gorkýan üçin ybrat bardyr.”
Soňra Allah Tagala Muhammet Pygamberimizden (Sallalahu aleýhi we sellem) öň bolup geçen halklar barada gürrüň berýär.
“15. (Eý, Muhammet!) Saňa Musanyň habary geldimi?” - Bu ýüzlenme Pygamberimize gönükdirilen diýsek, hem ýüzlenilmesi dürs bolan her kişä gönükdirilen diýsek, ýalňyş bolmaz, ýagny: Eý, Muhammet! Saňa gelip ýetdimi? Eý, ynsan! Saňa gelip ýetdimi Musanyň habary? Musa - Imran atly kişiniň ogly, Ysraýyl ogullarynyň iň üstün Pygamberi, ol "Ulul azm" diýlip atlandyrylýan bäş sany iň üstün Pygamberleriň birisidir, olar: Muhammet (Sallalahu aleýhi we sellem) Ybraýym, Musa, Ysa, Nuh (Aleýhim essalatu we seläm), bu bäş Pygamberler Kuranyň iki ýerinde bilelikde agzalýarlar:
Birinjisi: "Pygamberlerden we senden, Nuhdan, Ybraýymdan, Musadan we Merýem ogly Ysadan ähti-peýman aldyk." (Ahzap 7).
Ikinjisi: "Biziň: «Dini dogry saklaň we topar-topar bolup bölünişmäň!» diýip, Nuha ündew eden zadymyzy, saňa wahyý eden zatlarymyzy, Ybraýyma, Musa we Ysa ündänlerimizi Allah size din (hökmünde) berdi." (Şura 13)
Musanyň habary Kuranda iň köp agzalan habardyr, çünki Musa ýahudylaryň Pygamberi, ýahudylar bolsa Pygamberimiziň (Sallalahu aleýhi we sellem) döwründe Medinede we onuň töwereginde gaty köpdüler, şonuň üçin, Musanyň kyssalary bize gürrüň berlen iň köp, iň giň Pygamberleriň kyssasy.
“Saňa Musanyň habary geldimi?”- kyssany bu sözler bilen başlamakdan maksat - diňleýjini bolup geçen zatlara gyzyklandyrmak.
“16. Perwerdigäri oňa mukaddes Tuwa jülgesinde (şeýle) seslenipdi.” Allah Tagala ony seslenip çagyrypdy, ýagny hakykatdanam Musa Allahyň sesini eşiden, şu aýatdaky ýaly: "Biz oňy Tur (dagynyň) sag tarapyndan çagyrfyk we ony syrdaş derejesinde Özümize ýakynlaşdyrdyk."(Merýem 52). (Mukaddes jülge) - ýagny, dag depe. Jülge diýmek - suw akýan ýer diýmekdir. Ol ýeri Allah Tagala Musanyň wahyý alany üçin mukaddes diýip atlandyrdy, Tuwa bolsa jülgäniň ady.
“17. Fyrawnyň (ýanyna) git, sebäbi ol örän azdy.” - Fyrawn Müsüriň patyşasydy, ol öz halkyna men siziň iň beýik hudaýyňyz diýýärdi, menden başga hudaýyňyz ýok diýýärdi: "Fyrawn: «Eý, emeldarlar! Men siziň üçin menden başga hudaýyň bardygyny bilýän däldirin." (Kasas 38). Şeýdip, Fyrawn özi şolar ýaly bolmasa-da, özüni şeýle saýýardy. Ol Allahyň hakyny inkär edýärdi, Allah bolsa Musa Pygamberini Fyrawnyň ýanyna gitmekligini emir edýär. Şeýdip, Musa ilçilik wezipesi tabşyrylýar. Allah Tagala haçanda Musany Fyrawnyň ýanyna iberende onuň sebäbini hem beýan edýär, ýagny, onuň sebäbi Firawnyň azmaklygy, Taha süresinde şeýle diýýär: "Ikiňiz hem Fyrawnyň ýanyna gidiň, çünki ol örän azdy." (Taha 43). Bu aýat bilen şu aýatyň "(Fyrawnyň (ýanyna) git, sebäbi ol örän azdy)" biri-birine gapma-garşylygy ýokdur, çünki Allah Tagala Musany goýberýär, soňra Musa Pygamber Allahdan öz dogany Haruny ýany bilen goýberip bilegini pugtalandyrmagyny dileýär, şeýdip, Allah Haruny Musanyň ýanynda iberýär, şunuň bilen Musa we Harun ikisem Fyrawnyň ýanyna ugradylýar. (sebäbi ol örän azdy) - ýagny, hetdinden aşdy, çünki aýatyň arapçasynda (tugýan) diýip gelýär, onuň manysy artykmaç hereket etmek, şu aýatda gelşi ýaly: "Takyk, (Nuhuň döwründe) suwlar artan joşan wagty, sizi (ata-babalaryňyzy) howpsuz gämide Biz ýüzdüripdik." (Hakka 11). Tagut diýmek hem "tugýan" sözünden gelip çykyp, hetden aşmaklygy aňladýar.
“18. Oňa: «Sen özüňi päklemek isleýärsiňmi?!” - Bu sorag berme gyzyklandyrmak üçindir, ýagny, Fyrawn özüniň şerli, ýaramaz halyndan päklenmegi üçin ony gyzyklandyrmak, aýatda "Tezekkä"diýip gelýär, onuň asyl manysy ösmek, artmak, şeýle hem, ol söz Yslam, Tewhyd manylarynda ulanylýar, (şeýle hem zekat manyda ulanylýar), şu aýatdaky ýaly: "Muşrikleriň waý hallaryna! Olar zekat bermeýärler. Ahyreti inkär edýänler hem şolardyr." (Fussylet 6-7). Emma bu aýatda bolsa, päklenmegi aňladýar: "Öz janyny (maddy hem ruhy hapalardan) päklän kişi halas bolar!" (Şems 9).
“19. Seni Perwerdigäriňden gorkar ýaly Oňa eltýän ýola gönükdireýinmi?» diý.” - Ýagny, Allaha eltýän, Onuň dinine gönükdireýinmi? “gorkar ýaly” - ýagny, özüňiň ylmyň esasynda Allahdan gorkar ýaly, (arap dilinde gorkmaklyk sözi birnäçe sanydyr: howf, hoşýe). Howf diýmek - gorkmak diýmek, emma hoşýe diýmek - ylym esasynda bir zatdan gorkmak. Eger ylym bolman bir zatdan gorkulsa, oňa (arap dilinde) hoşýe diýilmeýär, diňe howf diýilýär, ynha hoşýe bilen howfuň tapawudy şuldyr. (Bu aýatyň arapçasynda hoşýe sözi ulanylýar, howf sözi däl. Aýatyň manysy: Men saňa Allahyň dinini öwredeýinmi ylym esasynda Allahdan gorkmagyň üçin). "Onuň bendeleriniň arasynda diňe (hakyky) alymlar Allahdan çyn ýürekden gorkýandyrlar." (Fatyr 28). Şu aýatda-da "gorkýandyrlar" sözüniň arapçasynda hoşýe sözi ulanylýar, ýagny, alymlar Allahdan ylym esasynda gorkýandyrlar, emma ýönekeý gorky, çekinmeklikdir, ynsan şol gorkýan zadyny bilmän hem gorkup biler. Meselem: garaňky gijede adamyň gözüne bir zat görnüp, ol ynsan gorkup biler, ýöne ol diňe hakykat däl hyýaly bir zatdan gorkudyr, bu gorky güman esasynda, emma ylym esasyndaky gorky hoşýedir. Musa Pygamber Allahyň buýurşy ýaly Fyrgawnyň ýanyna gidip, aýtmaly zatlary aýdýar:
“18. Oňa: «Sen özüňi päklemek isleýärsiňmi?! 19. Seni Perwerdigäriňden gorkar ýaly Oňa eltýän ýola gönükdireýinmi?» diý.” Aslynda adamlar tä bir aýat (gudrat, alamat) görýänçäler, bir adamyň Resuldygyny kabul etmeýärler, oňa iman etmeýärler, şonuň üçin Allah Tagala her Resulyna özüniň dogruçyllygyny aňladýan aýat (gudrat, alamat) berendir. Indiki aýatda şeýle diýýär:
“20. Şeýdip, oňa iň uly aýaty (mugjyzany) görkezdi.” - Ýagny, iň uly aýaty Musa görkezdi, ol nähili aýat (gudrat), ol agaç bölekden ýasalýan, mälim bolan hasa, haçanda Musa ony ýere goýanda ol hasa hereket edýän ýylana öwrülýär, soňra eline alanda gaýtadan hasa öwrülýär, bu Allahyň aýatydyr (gudratydyr), ýagny, maddy bir zadyň ýere goýlanda hereket edýän ýylana öwrülmegi (gudratdyr), soňam ýene ýerden galdyrylanda şol pursatyň özünde öňki halyna, ýagny, hasa öwrülýär. Şeýle hem, Allah Tagala Musa Pygambere ýene bir gudrat berendir, haçanda Musa elini goltugyna salanda hiç hili tegmilsiz (aýypsyz) ap-ak bolup çykýar ekeni, ol aklyk pis keseliň aklygy ýaly däldir, başga aklykdyr, ol Allahyň gudrat eden aklygydyr, edil şu iki gudrat bilen, hasa we el bilen, Allahyň Musany ibermeginiň sebäbi onuň döwründe jadygöýlik giňden ýaýran ekeni, şonuň üçin, Allah Tagala Musa garşy çykan jadygöýleri ýeňer ýaly gudrat bilen iberdi. Alymlar aýtdylar: Ysanyň (Aleýhisseläm) döwründe tebipçilik giňden ýaýran ekeni, şonuň üçin Ysa tebipleriň edip bilmejek zadyny getirdi. Ol zat -Ysanyň her bir sypalan hassasy şypa tapýan ekeni, haçanda onuň ýanyna hassa kişi gelende, ony eli bilen sypalar ekeni, soňra ol Allahyň rugsady bilen gowlaşar ekeni, şu aýatda aýdylşy ýaly: "(Şeýle-de) men Allahyň rugsady bilen dogabitdi köri we pis kesellini sagaldyp, ölüleri direlderin." (Äli Imran 49). Aslynda pis keseliň demrany ýokdur, ýöne Allahyň rugsady bilen pis keselli şypa tapýan ekeni, dogabitdi gözi ýok bolup doglan hem şypa tapýan ekeni. Bulardan has beterini edýän ekeni, ýagny, Allahyň rugsady bilen ölüleri direldýän ekeni, onuň ýanyna öli getirilende oňa geplär ekeni, ol hem direlýär ekeni. mundan-da has beterini edýän ekeni, ölüleri Allahyň rugsady bilen gabyrlaryndan çykarýan ekeni, ýagny, gabryň üstünde durup ony çagyrýan ekeni, ol hem gabyrdan direlip çykýan ekeni. Bu tebipçiligiň hiç haçan ýetip bilmejek derejesidir. Şonuň üçin, hem Ysa berlen aýat (gudrat) şol döwürdäki adamlaryň halyna aňrybaş derejede mynasyp ekeni. Alymlar aýtdylar: Muhammet bolsa, Allahyň Resuly(Sallalahu aleýhi we sellem), dile çeperçilikde öwünýän araplaryň arasyna iberilýär, araplar dile çeperçiligi, dilewarlygy adamyň iň beýik häsiýeti hasaplardylar, Muhammet Pygamber (Sallalahu aleýhi we sellem) Beýik Kurany getirýär, ol Kuran dilewarlygyň patyşalaryny ejizledýär, oňa meňzeş bir zat getirmeklikden ejiz gelýärler, şu aýatda aýdylşy ýaly: "(Eý, Muhammet!) Aýt: «Eger ynsanlar we jynlar bu Kuranyň meňzeşini getirmek üçin jemlenseler hem, meňzeşini getirip bilmezler. Hatda olar (bileleşip) biri-birlerine ýardam berseler hem (muny başaryp bilmezler)." (Isra 88). Ýagny, bir-birlerine ýardam etseler-de meňzeşini getirip başarmazlar. Şeýlelik bilen aýdýarys, Musa (Aleýhisseläm) Fyrawna beýik aýatlary görkezdi, ýöne ol olardan peýdalanmady: "(Ýöne) iman etmeýän kowuma aýat-deliller hem-de duýduryşlar peýda bermez." (Ýunus 101). "Sen diňe Kurana eýerýän, görmese hem, Rahmandan (Allahdan) gorkýan (adama) duýduryp bilersiň!" (Ýäsin 11). Kalplary hidaýata taýyn däl kişilere näçe aýat-deliller getirseňem dogry ýola gelmezler, Allaha sygynýarys, şonuň üçin indiki aýatda şeýle diýilýär:
“21. Emma (Fyrgawn Musany) ýalan hasaplady we garşy çykdy.” - Ýagny, Musanyň getiren habaryny ýalan hasaplap, oňa garşy çykdy, Musa sen Resul dälsiň diýdi, ondan beter: "Fyrgawn: «Size iberilen bu pygamberiňiz, takyk, bir däli» diýdi." (Şuara 27) Şeýdip, Musanyň emrine gulak asmady, onuň şerigadyna eýermedi.
“22. Soň hem yzyna öwrülip, bahymdan ýöräp gitdi.” - Ýagny, yzyna öwrülip, çalt-çaltdan ýöredi.
“23. Soň (öz adamlaryny) ýygnady.” - Ýagny, adamlary jemläp uly ses bilen aýtdy, batly ses bilen aýtdy, munuň sebäbi Musanyň yzyna düşmesinler diýip etdi.
“24. Olara: «Men siziň iň uly Perwerdigäriňiz!» diýdi.” – “Iň uly Perwerdigäriňiz” - ýagny, menden ýokarda hiç kim ýok, sebäbi aýatda "El-Eglä" diýilýär, onuň manysy iň beýik. Serediň bu adam nähili ulumsylyk edýär, özi hakykatda şolar ýaly däl bolsa-da, özüni şeýle hasaplaýar, derýalar, baýlyklar bilen öwnüp şeýle diýýär: "Fyrawn kowumyna ýüzlenip: «Eý, kowumym! Müsüriň mülki (emlägi) we töwereginden akyp duran akar suwlar meniňki dälmi eýsem? Henizem görmeýärsiňizmi? Ýa-da men hor we sözüni düşündirip bilmeýän şu (peltek Musadan) hem has haýyrsyz görünýänmi?" (Zuhruf 51-52). Emma soňunda näme boldy? Allah Tagala ony şol öwnen suwlary bilen gark etdi we Müsüriň mülkini Allah Tagala Fyrawnyň ejiz gören Ysraýyl ogullaryna miras edip berdi.
“25. Allah ony (hemmelere göz üçin) dünýäde we ahyretde azaba sezewar etdi.” - Ýagny, Allah Tagala oňa güýç-kuwwat, gudrat eýesiniň jezasyny görkezdi we ol jeza iki dünýä jezasydyr, ol hem öz zamanynda hem kyýamata çenli (adamlara) ybrat boldy. Allahyň kitabyny okan her kişi Allahyň Fyrawna näme edendigini bilen kişi ondan ybrat alyp, şoňa görä-de hereket eder, ybrat alar. Nähili Allah Tagala ony heläk etdi, ýogsa onuň mülki, hökümdarlygy, azgynlygy bardy, şonda-da muny etmeklik Allaha örän ýeňildir.
“26. Takyk, munda (Allahdan) gorkýanlar üçin ybrat bardyr.” - Munda, ýagny, Musanyň Fyrawna iberilşi, onuň bilen gepleşigi, Fyrawnyň Musa Pygamberi sylamazlygy we boýun egmezlikden tekepbirlik etmekligi, ýagny, şu zatlarda Allahdan gorkýan adam üçin, iň soňunda emele gelen netijäni pikirlenýän kişi üçin ybrat bardyr, beýle kişi ol ybrat alar.
Musanyň kyssasynda ybratlar köpdür. Eger-de biri aýatlardan kyssany jemläp, soňra her wakanyň netijesini beýan etse, örän gowy bolar, ýagny, aýatlaryň hemmesini jemläp, kyssanyň hemmesini getirse. Sebäbi käbir sürelerdäki bar aýatlar beýleki sürelerde ýok, eger şolary jemläp, meselem şeýle diýse: bu beýik kyssadan şul ybratlar alynýar diýip getirse, mysal üçin: Fyrawna nädip iberýär, nädip Musa bilen Haruna Allah: "Oňa ýumşak sözleri aýdyň" diýdi." (Taha 44). Ýagny, Allah Tagala Fyrawn nähili ulumsy pis adam bolsa-da, Allah Tagala oňa ýumşak sözi aýtmaklygy buýurýar, soňra netijesi nähili boldy. Nädip Musa (Aleýhisseläm) Müsürden gorkuly halynda çykdy, edil Muhammet Pygamberimiziň (Sallalahu aleýhi we sellem) Mekgeden howsalaly ýagdaýda çykyp gaýdyşy ýaly. Ahyryndaky netije bolsa Pygamberimiziň we Musanyň haýryna boldy, ýöne Pygamberimiziň duşmanlaryna Allah Tagala Pygamberiň we sahabalaryň elleri bilen azap berýär, emma Musanyň (duşmanyna) Allah Tagala özi azap berýär. Bu zatlarda ynsan üçin özüni we kalbyny düzetmek üçin ýeterlik ybratlar bardyr.
“27. (Eý, kyýamaty inkär edýänler!) Sizi ýaratmak kynmy ýa-da asmany? (Allah) ony (asmany) bina eýledi. 28. Ony (diregsiz) galdyrdy we ony göni etdi. 29. Gijesini örtüp, gündizini çykardy. 30. Ondan soň ýeri düşäp (ýaşamaga taýýar görnüşde) düzledi. 31. Ondan suw we otluk (meýdanlary) çykardy. 32. Daglary hem mäkäm ornaşdyrdy. 33. (Bulary) siziň we mallaryňyzyň peýdalanmagy üçin (döretdi).”
“27. (Eý, kyýamaty inkär edýänler!) Sizi ýaratmak kynmy ýa-da asmany?” - Bu soragdan maksat gaýtadan direldilmegiň mümkindigini bildirmekdir, sebäbi müşrikler gaýtadan direlşi inkär edip, Pygamberimizi ýalanladylar: "Ol: «Çüýräp giden bu süňkleri kim direldip biler?» diýýär." (Ýäsin 78). Allah bolsa şeýle diýýär: "(Eý, kyýamaty inkär edýänler!) Sizi ýaratmak kynmy ýa-da asmany?" Bunuň jogaby hemme kişä mälimdir, elbetde asmany ýaratmak, şu aýatda aýdylşy ýaly: "Elbetde, asmanlaryň we ýeriň ýaradylmagy ynsanlaryň ýaradylmagyndan has uly (işdir). Emma ynsanlaryň köpüsi muny bilmeýärler." (Gafir 57). “(Allah) ony (asmany) bina eýledi” - bu sözlemiň mundan öňki sözlem bilen baglanyşygy ýokdur, şonuň üçin, okaýjy şu sözlemden soň biraz säginmelidir "Sizi ýaratmak kynmy ýa-da asmany?", soňra täzeden başlap: "(Allah) ony (asmany) bina eýledi" diýip okamaly. Bu täze sözlem asmanyň beýikliginiň beýanydyr. Başga bir aýatda Allah Tagala asmany berk bina edenini aýdýar: "Biz asmany mäkäm (görnüşde) bina etdik." -ýagny berk görnüşde "Ony giňelden hem Bizdiris!" (Zäriýät 47).
“28. Ony (diregsiz) galdyrdy we ony göni etdi.” Allah Tagala asmany diregsiz ýerden galdyrandyr, şu aýatdaky ýaly: "Görýärsiňiz, Allah asmanlary sütünsiz galdyrdy." (Ragd 2). “we ony göni etdi” - şeýle hem, Allah Tagala ony göni edip ýaradandyr, ony doly, kämil edip döredendir, ynsanyň ýaradylşy hakynda (Allahyň) aýdyşy ýaly: "Eý, ynsan! Seni ol Keremli Perwerdigäriňe garşy aldan zat näme? Seni ýaradan, saňa dolulygyna şekil beren we saňa deňagramly bir ýaradylyş beren, seni Öz isleýşi ýaly ýaradan (Ol dälmi eýsem)?" (Infitar 6-8). "Saňa deňagramly bir ýaradylyş beren" - ýagny, Allah Tagala ynsany şu hili ýaradyşy ýaly, asmany hem göni edip ýaradandyr.
“29. Gijesini örtüp, gündizini çykardy.” – “Gijesini örtüp” - ýagny, garaňkyladyp, şonuň üçin, gije garaňky bolýar, aýatda Allah Tagala şeýle diýýär: "Biz gijäni we gündizi (gudratymyzy görkezýän) iki alamat edip goýduk. Gijäniň alamatyny (Aýy dynç almagyňyz üçin) öçürdik. Gündiziň alamatyny (Güni)...aýdyňlyk edip goýduk." (Isra 12). “gündizini çykardy” - ol gündiz gündogardan dogýan, günbatardan batýan gün bilen aýan bolýandyr.
“30. Ondan soň ýeri düşäp (ýaşamaga taýýar görnüşde) düzledi.” - “Ondan soň” - ýagny, asmanlaryň we ýeriň ýaradylşyndan soň (ýaşamaga taýýar görnüşde) düzledi). Indiki aýatda (nähili) düzlänini beýan edýär:
“31. Ondan suw we otluk (meýdanlary) çykardy.” - Ýer asmandan öň ýaradylandyr, şu aýatdaky ýaly: "Olara aýt: «Takyk, siz ýeri iki günde ýaradana kapyr bolup, Oňa şärik goşýarsyňyzmy?» Ol (Allah) älemleriň Perwerdigäridir. Allah ýerde berk, äpet daglary ýerleşdirdi. Ol ýerde (daglarda) bereketi hasyl etdi we (ýene-de) Ol, takyk, dört günüň içinde ýerde isleýänler üçin deň hatarda nygmatlar taýýar etdi. Soň duman bolup duran asmana (tarap) ýöneldi. Oňa (asmana) we ýere: «Öz islegiňiz bilen ýa-da mejbury (ýagdaýda) geliň» diýdi. Ikisi hem: «Öz islegimiz bilen (Saňa tabyn bolup) geldik» diýdiler. Şeýdip, olary iki günde ýedi gat asman edip ýaratdy." (Fussylet 9-12). Şeýlelik bilen, ýer asmandan öň ýaradylýar, ýöne onuň düzlenmegi, ondan suwy we otluk meýdanlaryň çykarylmagy asmanlaryň ýaradylşyndan soň bolup geçýär.
“32. Daglary hem mäkäm ornaşdyrdy.” - Ýagny, ýaradylanlary ýer titretmez ýaly ýeri tutup duran berk daglary ýerleşdirdi.
“33. (Bulary) siziň we mallaryňyzyň peýdalanmagy üçin (döretdi).” - Ýagny, biziň ir-iýmişlerimiz üçin, şeýle hem, mal-dowarlarymyz (düýe, sygyr, goýun, geçi) üçin peýda edip ýaratdy. Bu aýatlarda Allah Tagala özüniň çäksiz gudratyny aňladýan nygmatlaryny öz bendelerine ýatladýar, mundan soň bendeleriň hökmany duş geljek zatlaryny agzap şeýle diýýär:
“34. Emma (hemme zady derbi-dagyn edýän) ol äpet hadysa gelen wagtynda! 35. Ol gün ynsan nämä tagalla edendigine göz ýetirer. 36. (Şonda) Dowzahy görjek kişiler üçin (ol) äşgär görkeziler. 37-38-39. Kim azyp we (ahyreti unudyp), dünýä lezzetini saýlan bolsa, onuň barjak ýeri Dowzah bolar. 40-41. Emma kim Perwerdigäriniň (öňüne çykyp) huzurynda (hasap bermekden) gorkan we nebsi (erbet) arzuwlara uýmakdan saklan bolsa, onuň barjak ýeri Jennetdir.”
“34. Emma (hemme zady derbi-dagyn edýän) ol äpet hadysa gelen wagtynda!” - Bu kyýamadyň gopmagydyr, ol güni (derbi-dagyn edýän) diýip wasplandyrmagyň sebäbi - her bir zady derbi-dagyn etjekdir. “Äpet hadysa” - ýagny, hadysalaryň iň äpeti.
“35. Ol gün ynsan nämä tagalla edendigine göz ýetirer.” - Uly äpet boljak güni ynsan öz eden zatlaryny ýatlar, olary ýazylgy halynda tapyp, özi okar, şu aýatda aýdylşy ýaly: "Kyýamat güni onuň üçin (eden işleri öňünde) açylyp goýuljak bir kitap çykararys. (Oňa): «Kitabyňy oka! Bu gün hasaba çekiji hökmünde özüň özüň üçin ýeterlikdir!» (diýler)." (Isra 13-14). Ol günde haçanda ynsan amal depderini okanda, tagalla eden zatlary, ýagny, hemme eden amallary ýadyna düşer, emma biziň günlerimizde biz köp amallarymyzy ýatdan çykarandyrys. Biz köp amal edendiris, olaryň käbirleri ýagşy, käbirleri erbet, käbirleri boş, ýöne olary biz ýatdan çykarandyrys, kyýamat gününde bolsa amallarymyz kitap görnüşinde berler. Oka kitabyňy diýler, hasaba çekiji hökmünde öz özüň ýeterlikdir. Şonda kapyr kişi aýdar: «Käşgä, men toprak bolsadym» (Nebe 40).
“36. (Şonda) Dowzahy görjek kişiler üçin (ol) äşgär görkeziler.” - “äşgär görkeziler” - ýagny, aýan ediler. Kyýamat güni Jähennem 70 müň ýüp bilen süýrelip getiriler, her ýüpünde ony süýreýän 1000 sany perişde bolar.(Muslim) Olar boýuntyryk dakylgy ýagdaýda Dowzahyň dar bir ýerine oklananlarynda, şol ýerde ölümi çagyrarlar. Allaha sygynýarys! Bu zatlara seredip, görüp duran kişiniň ýüregi agzyna geler, hatda çagalaryň saçy agarar.
“37-38. Kim azyp we (ahyreti unudyp), dünýä lezzetini saýlan bolsa.” - Bu iki wasp ot eýeleriniň waspy, azmak - hetden aşmaklyk, dünýäni ahyretden öňe geçirip, ynsanyň bar maksady bu dünýä bolmak. Ynsanyň hetdi bolsa şu aýatda agzalandyr: "Men jynlary we ynsanlary özüme ybadat etmeklerinden başga zat üçin ýaratmadym." (Zariýat 56). Kim şul hetdini aşsa, Allaha ybadat etmese, ol azgyndyr, sebäbi ol hetdinden aşandyr. Sen mahluksyň, sen Allaha ybadat üçin gelensiň, haýwanlar ýaly iýip lezzetlenmek üçin ýaradylan dälsiň, şonuň üçin, Allaha ybadat et, eger muny etmeseň azdygyň bolar, ynha şuňa azmaklyk diýilýär, ýagny, ynsanyň Allaha ybadat etmezligi. “dünýä lezzetini saýlan bolsa” - dünýä ýaşaýşyny saýlap almaklyk bilen azmaklyk waspy biri-birine baglanşyklydyr. Allaha ybadat etmeýän azgyn kişi dünýä ýaşaýşyny saýlan kişidir, sebäbi şol dünýä ony Allaha tagat etmekden alyp galýar, Allaha tagat etmekden güýmeýär, ertir namazynyň azany aýdylanda namaza derek ukyny saýlap alýar, haçanda oňa Allahy ýatla diýlende, onuň ýerine boş güýmenjeleri saýlap alýar we ş.m.
“39. Onuň barjak ýeri Dowzah bolar.” - Ýeri, ýagny, galjak ýeri, düşjek ýeri, Jähennem galmaga nähili erbet ýerdir.
“40-41. Emma kim Perwerdigäriniň (öňüne çykyp) huzurynda (hasap bermekden) gorkan we nebsi (erbet) arzuwlara uýmakdan saklan bolsa, onuň barjak ýeri Jennetdir.” - Ýagny, Allahyň öňünde durjagyny bilip gorksa, çünki ynsana Allah kyýamat gününde eden günälerini boýun aldyrar. Ynsan muny etdim, ony etdim diýer, sahyhda gelşi ýaly, haçanda ynsan boýun alanda Allah aýdar: "Dünýäde (günäňi) bukupdym bü gün bolsa seniň üçin ony bagyşlaýaryn." (Buhary we Muslim). Ynha, bu adam Allahyň huzuryna çykmaklykdan gorkan kişidir. “we nebsi (erbet) arzuwlara uýmakdan saklan bolsa” - ýagny, nebsiň arzuwlaryndan goran bolsa, nebis erbetligi buýrujydyr, ynsana diňe şer emir eder, ýöne bu nebsiň tersi bolan başga nebis hem bardyr, arkaýynlaşan nebis. Ynsanyň üç sany nebsi bardyr: arkaýynlaşan, buýrujy, ýazgaryjy. Bulary hemmesi Kuranda (agzalandyr).
1) Arkaýynlaşan: "Eý arkaýynlaşan nebis! Sen Perwerdigäriňden razy bolan halyňda, Onuň hem senden razy bolan halynda Perwerdigäriňe dolan! Sen Meniň (yhlasly) bendelerimiň hataryna goşulyp, Jennetime gir!" (Fejr 27-30).
2) Ýamanlygy buýrujy: "Men nebsimi aklamaýaryn. Çünki nebis elmydama ýamanlygy buýrujydyr. Diňe Perwerdigärimiň merhemet eden (bendesi ýaman işleriň ugruna gitmez)."(Ýusuf 53).
3) Öz-özüni ýazgaryjy: "Özüni ýazgaryp (puşman edýän) nebse kasam bolsun!" (Kyýamat 2).
Hakykatdanam, ynsan bu üç nebsiň bardygyny duýýandyr, käwagt haýyr işleri söýüp amal eder, ynha bu arkaýynlaşan nebisdir. Käwagt bolsa şer işlere meýil eder, ynha bu ýamanlygy buýrujy nebisdir. Ondan soň öz-özüni ýazgaryjy nebis gelýär, eden işlerini ýazgarýar, eden günä işine ökünýär, ýa-da eden ýagşy işine ökünip ýazgarýar. Käbir adamlaryň nebsi ýagşy işleri edeni üçin we ýagşy adamlar bilen ýoldaş bolany üçin öz-özüni ýazgarar we aýdar: Nädip meniň ýaşaýşyma, meniň isleg-arzuwlaryma, güýmenjelerime päsgel bolýanlar bilen dost bolýaryn we ş.m. Ýazgaryjy nebis käwagt ýamanlygy buýrujy nebsi ýazgarýar, käwagt arkaýynlaşan nebsi ýazgarýar, hakykatda ol iki nebsiň arasynda bolup, ýamanlyk edende, ýamanlygy buýrujy nebsi ýazgarýar, şeýdip ynsan (eden işine) puşman edýär. Haçanda haýyr iş edende arkaýynlaşan nebsi ýazgarýar. “onuň barjak ýeri Jennet bolar” - öz nebsini erbetliklerden alyp galan kişiniň barjak ýeri Jennetdir. Jennet Allahyň öz söýgüli gullary üçin taýynlap goýan eşret ýurdudyr, ol ýerde gözüň görmedik, gulagyň eşitmedik, adamyň oý-pikirine gelmedik zatlar bardyr, şu aýatda aýdylşy ýaly: "Hiç kim olaryň eden ýagşy işlerini sylaglamak üçin (Jennetde) gözlerini nurlandyrjak niçeme gizlenen nygmatlary bilýän däldir."(Sežde 17). Kuranda şeýle gelendir we Kudsy-hadysda bolsa şeýle gelýär: "Ýagşy bendelerim üçin gözüň görmedik, gulagyň eşitmedik, adamyň oý-pikirine gelmedik zatlary taýynladym." (Buhary we Muslim). Ynha, bu Jenneti ynsan ölmezinden öň duýjakdyr. Haçanda ajaly gelende perişdeler hem: "Eý, arkaýynlaşan nebis Allahyň razylygyna çyk" diýip çagyranda, nebis Jennet bilen buşlanar, şu aýatdaky ýaly: "Perişdeler päk (ýagşy) haldakalar janlaryny alan kişilere: «Salam size" - jan berenlerinde - "eden işleriňiz sebäpli, Jennete giriň!» diýerler." (Nahl 32). Şeýdip, Jennet bilen buşlanýar, onuň ruhy razy halynda aňsat, ýeňil çykýar, hadysda gelşi ýaly: "Kim Allah bilen duşmaklygy gowy görse, Allah hem onuň bilen duşmaklygy gowy görer. Kim Allah bilen duşmaklygy halamasa, Allah hem onuň bilen duşmaklygy halamaz." Aýşe enemiz şeýle diýýär: "Eý, Allahyň Resuly biz ölümi halamaýarys ahyryn". Pygamberimiz aýtdy: "Onuň (gürrüňi) däl, - ýagny, adamyň häsiýetine laýyklykda hemmämiz ölümi halamaýarys, - ýöne, haçanda mömine öljek mahaly buşlanýan zatlar buşlananda, Allah bilen duşuşmagy gowy görer, ölmegi gowy görer we oňa (ölüm) aňsat bolar." (Buhary). Emma haçanda kapyr öljek wagty halamaýan zady bilen buşlananda Allah bilen duşmaklygy halamaz, onuň jany gaçyp bütin jesedinde bölek-bölek bolar, edil öl saçdan çişiň çykarylşy ýaly kapyryň ruhuny çykaryp alýançalar onuň ruhy jesetde gaçyp ýörer. Çiş diýilýän zat - egirmeçilere belli zat - haçanda öl saçyň üstünde süýrelende ol saçy pytradar, güýçli çeker, kapyryň ruhy edil şolar ýaly bolar. Allaha sygynýarys! Onuň ruhy jesetde param-parça bolar, sebabi ol azap bilen buşlanany üçin gorkar. Şeýlelik bilen, Jennetde gözüň görmedik, gulagyň eşitmedik, adamyň oý-pikirine gelmedik zatlar bardyr, ynsan ölmezinden öň buşlanan zatlaryny duýup başarmagy mümkindir, Enes ibn Nadr (Uhud dagynyň ýanynda söweşde wagt) aýtdy: "Eý! Sad bin Muaz! Allaha kasam bolsun, men Uhud (dagynyň) däl-de Jennetiň ysyny alýaryn, başgalar däl."(Buhary). Munuň manysy dadynma alynmagy däldir, megerem, hakyky alynmakdyr. Ibn El Koýýim (Allah oňa rehmet etsin) aýtdy: "Käbir adamlar dünýäde halynda ahyrete ýetip bilýändir". (Enes ibn Nadyr) soňra ýöräp söweşip başlady, soňra öldürildi. Şeýlelik bilen, Jennetde gözüň görmedik, gulagyň eşitmedik, adamyň oý-pikirine gelmedik zatlar bardyr.
“42. Senden: «Haçan gelip ýeter?» diýip (kyýamat) sagadyny soraýarlar. 43. Sen ony nireden biljek? 44. Onuň anyk wagtyny (diňe) Perwerdigäriň bilýändir. 45. Sen diňe ondan (kyýamatdan) gorkýanlara duýduryjysyň. 46. Olar ony (kyýamaty) gören wagtlary (dünýäde) diňe bir agşam ýa-da bir säher wagty ýaşandyrys öýderler!”
“42. Senden: «Haçan gelip ýeter?» diýip (kyýamat) sagadyny soraýarlar.” Ýagny, adamlar soraýarlar beýleki aýatda aýdylşy ýaly: "Adamlar senden kyýamatyň haçan boljakdygyny sorarlar. Sen (olara): «Ol hakdaky maglumat diňe Allahyň ýanyndadyr» diýip aýt." (Ahzab 63). Adamlaryň kyýamat haçan diýip sorag bermekleri ikä bölünýär:
1) Inkär, mümkin dällik bildirmek üçin berilýän sorag, bu hili sorag bermek küfürdir, bu hili sorag beren müşriklerdir, olar Pygamberimizden kyýamatyň haçandygyny sorap, onuň gelmegini howlukdyrdylar, şu aýatda Allah olar barada şeýle diýdi: "Oňa (kyýamata) ynanmaýanlar ol (kyýamatyň) tizräk gopmagyny isleýärler. Iman edenler bolsa ondan (kyýamatdan) gorkýarlar we onuň takyk (gopjakdygyny) bilýärler." (Şura 18).
2) Kyýamata taýynlyk görmek üçin onuň haçan gopjakdygyny soramak, beýle soramagyň zyýany ýokdur, bir adam Pygamberimizden şeýle diýip soraýar: “Eý Allahyň Resuly kyýamat haçan?” Aýtdy: “Onuň üçin näme taýynladym?” Aýtdy: “Allah we Resulyna söýgi (taýynladym)” Aýtdy:“Adam söýýäni bilen bile bolar.” (Buhary we Muslim) Adamlar Pygamberimizden kyýamat barada soraýarlar, ýöne sorag bermekde niýetleri tapawut edýändir, şonda-da niýetleri nähili bolanda-da, soraglary nähili bolanda-da kyýamatyň haçandygyny diňe Allah biler, şonuň üçin indiki aýatda şeýle diýýär:
“43. Sen ony nireden biljek?” - Ýagny, sen kyýamatyň haçandygyny aýtmagyň mümkin däldir, çünki onuň ylmyny ýeke Allah biler, başga aýatdaky ýaly: "Sen (olara): «Ol hakdaky maglumat diňe Allahyň ýanyndadyr» diýip aýt." (Ahzab 63). Perişdeleriň iň ylymlysy bolan Jibril Pygamberimizden kyýamat barada maňa habar ber diýip soranda şeýle jogap berdi: "Soralýan (kişi, ýagny Pygamberimiz) sorag berýänden (ýagny Jibrilden) (bu meselede) (artykmaç) ylymly däldir."(Buhary we Muslim). Ýagny, eger saňa näbelli bolsa, maňa-da näbellidir, şeýlelik bilen, iň ylymly ynsan we iň ylymly perişde kyýamatyň haçan gopjakdygy barada hiç zat bilmeýän bolsalar olardan galanlar barada näme pikir edýärsiň?! Şunluk bilen bilýäris: käbir adamlaryň kyýamat plan günde plan sagatda gopjak diýip ýaýradýan gepleri ýalandyr, ýalandygyna göz ýetirýäris, çünki, Allahdan başga ony bilýän ýokdur.
“45. Sen diňe ondan (kyýamatdan) gorkýanlara duýduryjysyň.” - Ýagny, sen onuň haçandygyny bilmeýärsiň, ýöne sen "gorkýanlara" (möminlere) ol gün hakynda duýduryjysyň, emma ony inkär edene, ony mümkin däl saýana, ony ýalan hasaplana duýduryşyň peýdasy degmez: "(Ýöne) iman etmeýän kowuma aýat-deliller hem-de duýduryşlar peýda bermez." (Ýunus 101). Şonuň üçin, sen haçan ölerin, nirde ölerin diýip sorama! Sebäbi iru-giç ol bolup geçjekdir, näçe ýaşasaňam saňa ol zaman gysga bolup görüner şu aýatdaky ýaly: “46. Olar ony (kyýamaty) gören wagtlary (dünýäde) diňe bir agşam ýa-da bir säher wagty ýaşandyrys öýderler!” Dogry bermeli sorag we seniň jogabyň taýyn bolmaly sorag - haýsy halda ölerin? Meniň göz öňümde tutýanym - baý bolupmy ýa garyp, güýçli bolupmy, ýa ejiz, nesilli bolupmy ýa nesilsiz, bu zatlar däldir, meniň göz öňümde tutýanym - amal taýdan haýsy halda ölerin? Eger özüňe bular ýaly soragy berýän bolsaň, hökman taýynlanmalysyň, çünki, haçan ajalyň ýetjegini sen bilmersiň, gidende ulagyna münüp, gelende (beýlekileriň) gerdeninde göterilip gelen näçe kişiler bardyr, öýden çykanda maňa günortanlygymy ýa agşamlygymy taýynlaň diýip, ony iýip bilmän giden näçe kişiler bardyr, köýneginiň iligini özi ötürip, çözende bolsa özi däl-de (öli ýuwýan) çözen näçe kişiler bardyr, bu zatlar duýdansyz bolup geçip, görüp ýören zatlarymyzdyr. Şu wagtdan pikirlen, nähili halda ölersiň? Şonuň üçin kän toba etmelisiň, çünki her bir gaýgy-gamyň dermany, her aladanyň çözgüdi toba etmeklikdir, hatda käbir alymlar aýtdylar: biri senden fetwa sorasa (dini sorag berip höküm islese) ilki toba et, çünki günäler adam bilen dogry ýoluň arasyna böwet bolýar, bu Allahyň şu aýatyndan netije edip çykarylýar: "Biz bu kitaby saňa ynsanlaryň arasynda Allahyň saňa görkezişi (buýruşy) ýaly höküm etmegiň üçin, hak (we hikmet) bilen inderdik. Sen haýynlaryň goraýjysy bolma! Allahdan (günäleriňi geçmegi üçin) bagyşlanma sora! Takyk, Allah Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr." (Nisa 103-106). Bu netije çykarma örän ýerliklidir, muny şu aýatdanam çykarsa bolar: "Dogry ýola girenleriň bolsa (Allah) dogry ýoldaky (tutanýerliligini has-da) artdyrar we olara takwalyklarynyň (sylagyny) berer."(Muhammed 17). Toba etmek, bagyşlanma dilemek - dogry ýoldur, şonuň üçin size köp toba etmekligiňizi, (Allahyň sizi görüp duranyny elmydama) duýmagyňyzy, özüňizi hasaba çekip durmagyňyzy wesýet edýärin, birden duýdansyz ölüme sezewar bolanymyzda taýyn halda bolarymyz ýaly, Allah biziň soňumyzy haýyrly etsin.
“46. Olar ony (kyýamaty) gören wagtlary (dünýäde) diňe bir agşam ýa-da bir säher wagty ýaşandyrys öýderler!” (Arapça aşiýýe diýip gelýär), onuň manysy: agşam diýmek, araplar aşiýýe diýip - günortan bilen günüň batýan wagty aralygyna aýdýarlar, duha hem säher wagty diýmek, duha - gün dogandan başlap tä günortana çenli dowam edýär. Şeýlelik bilen, aýatdan çykýan netije - olar kyýamaty görenlerinde dünýäde edil ýarym gün ýaşandyrys öýderler, muny şuwagdam duýýarys, meselem eger sorag bersek näçe ýyl ýaşadyk, ol ýyllary ýyllar ýaly duýýarysmy ýa bir gün ýaly duýýarys? Şeksiz, olary bir gün ýaly duýýarys, ynsan üç zadyň arasyndadyr: geçen günler, ol geçmişdir, gelejek günleri, ol günlere ynsanyň ýetjegi belli däldir, häzirki zaman, ynsan ynha şuňa üns bermelidir, sebäbi ynsan geçen zady düzedip bilmeýär, gelejekdäki günlere ýetjegini bilmez, emma häzirki wagty bolsa, ynsan şondan soraga çekiler, Allah biziň soňumyzy haýyrly etsin, ahyrymyzy öwgä mynasyp eýlesin, soňumyzy bagtly etsin, elbetde Ol sahylyk, kerem eýesidir.
Şeýh Muhammed bin Solyh El-Useýmiýn -Allah oňa rehmet etsin-