top of page
Поиск

Muhammet Allahyň Resulydygyna şaýatlyk etmek



“Muhammet Allahyň Resuly” şaýatlygyň talap edýän zatlary bar, olardan:


Birinji: Onuň (Sallallahu aleýhi we sellem) habar beren zadyna ynanmak, şeýle ynanmaly ynsanda onuň (Sallallahu aleýhi we sellem) habar beren zadynda şeklenme bolmazlygy, tersine (ynsan öz) gürleýän zadyna ynanşyndanam beter (onuň habaryna) kalbynda ynam bolmaly, edil Azze we Jelle Kuranda aýdyşy ýaly: “Takyk, bu (wada berlen zat) siziň gepleýşiňiziň (hakykat bolşy) ýaly, hakykatdyr.”(Zaryýat 23) Sebäbi ynsan öz gürleýän zadyna şeklenmeýär, edil şolar ýalyda Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) gürlän zadyna şeklenmeýäris we onuň hakdygyny bilýäris, ýöne welin biz bilen onuň arasynda giden bir boşluk bar, ol bolsa sened, sebäbi Nebiý (Sallallahu aleýhi we sellem) öňümizde däl, ýöne hadys Resuldan (Sallallahu aleýhi we sellem) säbit bolsa (Resuldandygy (Sallallahu aleýhi we sellem) belli bolsa) oňa ynanmak bize wajyp bolar, ondan çykýan delili bileli ýada bilmäli tapawudy ýok. Käte hadyslar gelýär manysyny bilýäris ýöne delil çykyşyny bilmeýäris, bize ynanmak wajyp bolýar.


Ikinji: Onuň (Sallallahu aleýhi we sellem) buýrugyna boýun bolmak. Oňa boýun bolmakda ikirjeňlenmeýäris Allahyň şu sözi üçin: “Allah we Onuň Resuly bir zat hakda höküm çykaranyndan soň, hiç bir mömin erkegiň we zenanyň ony öz isleglerine görä saýlamak haklary ýokdur.”(Ahzab 36) Şonuň üçin käbiri oňa Allahdan we Resulyndan buýruk gelse: “Bu buýruk wajypmy([1]) ýada mustahabmy([2])” diýip soraşdyryp başlaýar, ine bu ýalňyş, edil köp kişiniň edişi ýaly. Bu soragy zyňmak we beýle soragy getirmezlik wajyp, sebäbi sahabalar -Allah olardan razy bolsun- Nebiý olara bir zat buýursa: “Eý, Allahyň Resuly! Bu buýruk wajypmy ýada buýruk mustahabmy ýada başga zatmy?” diýip soramaýardylar, tersine oňa boýun bolýardylar we oňa ynanýardylar soramazdan. Muny sorama, saňa galany boýun bolmak, sen Muhammet Allahyň Resulydygyna şaýatlyk edýäň, onuň saňa buýranyna boýun bol!


Üçünji: Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) gadagan eden zadyndan ikirjeňlenmän çetleşmek, daşlaşmak. “Bu Kuranda ýok” diýilmeýär (beýle diýen) heläk bolar, sebäbi biz aýdýarys Sünnetde gelen zada Kuran oňa eýermegi buýurdy. Nebiý (Sallallahu aleýhi we sellem) şu “Bu Kuranda ýok” diýýänden we şuňa meňzeşlerden häzirläp, ägälendirip aýtdy: “Oňa menden buýruk barsa: “Bilemok, Allahyň Kitabynda bolana eýereris” diýer”(Ebu Dawud 4605) Ýagny, Onda (Kuranda) bolmadyga eýermeris (diýdigi). Biz şeýle diýýäris: “Allahyň Resulyndan gelen her zat Kuranda geldi, sebäbi Allah tagala şeýle diýýär: “Oňa (Muhammede) eýeriň” (Agraf 158) Bu bolsa onuň ähli aýdanynda umumydyr.


Dördünji: Ynsanlardan biriniň sözüni Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) sözünden öňe geçirmezlik. Şuňa görä -musulmanlaryň ymamlaryndan (alymlaryndan) bir ymamy- planynyň sözüni Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) sözünden öňe geçirmek dogry däl, sebäbi saňada we ymamada Resula (Sallallahu aleýhi we sellem) eýermek hökman. Egerde birine delil getirip: “Allahyň Resuly aýtdy” diýseň, olam: “ýöne Ymam plany “Şeýle şeýle” diýdi” diýse, ine bu gaty uly ýalňyş, Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) sözüne garşy ýaradylanlardan kim bolsa bolubersin biriniň sözi bilen garşy çykmak bir kişä-de halal bolmaz. Abdullah bin Abbasdan (Razyýallahu anhumä) aýdyldy: Ol aýdan: “Siziň üstüňize Asmandan daş ýagmagy golaýlady, size: “Allahyň Resuly aýtdy” diýärin we sizem: “Ebu Bekr we Omar aýtdy” diýýäňizmi?!”


Bäşinji: Allahyň dininde Resulyň (Sallallahu aleýhi we sellem) getirmedik zadyny oňa goşmazlyk, bidgat etmezlik. Ol akydada (ynançda) bolsun, sözde bolsun ýada amalda bolsun tapawudy ýok. Şuňa görä ähli bidgatçylar “Muhammet Allahyň Resuly” saýatlygyny doly berjaý etmedikleridir, sebäbi olar onuň (Resulyň (Sallallahu aleýhi we sellem)) dininde bolmadyk zady artdyrdylar we Resul (Sallallahu aleýhi we sellem) bilen edepli bolmadylar.


Altynjy: Onuň (Sallallahu aleýhi we sellem) hakyndan onda (dinde) bolmadyk zady tapmazlyk. Şuňa görä pygamber mewlidini belleýänler “Muhammet Allahyň Resuly” şaýatlygyny doly berjäý etmekden kemdirler, sebäbi ony doly berjäý etmek onuň dinine ol dinden bolmadyk zady goşmazlygy talap edýändir.


Ýedinji: Nebiýde (Sallallahu aleýhi we sellem) rububiýýeden (Allaha mahsus bolan zatlardan) hiç birisiniň ýokdugyna ynanmak, ýagny, ol çagyrylmaýar, kynçylykda ondan kömek soralmaýar, diňe onuň diri wagtynda onuň başarýan zady talap edilse bolýardy, ol Allahyň guly we resuly: “Aýt (Eý, Muahmmet!): “Öz nebsime peýda bermek we zyýan dep etmek meniň elimde däldir diňe Allahyň isläni (bolar)”(Agraf 188) Şunuň bilen Allahyň Resulyny (Sallallahu aleýhi we sellem) çagyrýanlaryň azaşandygyny, olaryň dinlerinde azaşandyklaryny we akyllarynda kemdiklerini bileris. Nebiý (Sallallahu aleýhi we sellem) özüne haýyr, peýda bermek we özünden zyýany, beläny dep etmek, ýok etmek elinde däl, nädip başgasyna başarsyn?! Şonuň üçin Allah oňa şeýle diýmegi buýurdy: “Aýt: «Meniň size ne zyýan bermäge, ne-de (bir uly peýda berjek) dogry ýola salmaga güýjüm ýeter». Aýt: «Takyk, (eger maňa azap bermek islese) meni Allahyň (jezasyndan) hiç kim halas edip bilmez! Men Ondan başga sygnara ýer tapmaryn!”(Jyn 21-22) Ýagny, ol (Sallallahu aleýhi we sellem) egerde Allah oňa bir zat etmek islese ynsanlardan birisem Allahyň oňa islän zadyny saklap başarmaz, ol zada böwet bolup bilmez. Egerde şeýle bolsa, Allahyň Resulyny (Sallallahu aleýhi we sellem) kynçylykda çagyrmak açyk, aýdyň azaşmaklyk ekeni, ol şirkdir (ýagny, Resuly Allah bilen şärik, deň, taý tutmakdyr). Egerde ynsan Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) gabryna gam-gussaly gelip: “Eý, Allahyň Resuly! Maňa kömek et! Men gam-gussa halda” diýse, ol müşrikdir, (şirkem) uly şirkdir, sebäbi Allahyň Resulyny (Sallallahu aleýhi we sellem) çagyrdy, ondan doga-dileg etdi, ölüni saňa kömek etmegi üçin ýada ýardam bermegi üçin çagyrmak, ondan doga-dileg etmek şirkdir, sebäbi ol (ölen) muna başarýan däldir, ol jesed, hatda ruh gabyrda jesede birigýän bolsada, ýöne şonda-da ol jesed, bu bolsa onuň gabyrda barzah ýaşaýşyna görädir, diridigine ters däldir, ol ýaşaýyş dünýä ýaşaýyşyna meňzeş däldir.


Sekizinji: Onuň sözlerini sylamak, ýagny Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) sözlerini sylamaklyk, onuň (Sallallahu aleýhi we sellem) hadyslaryny mynasyp däl ýerde goýmazlyk, sebäbi bu kiçeltmekligiň bir görnüşidir. Başgada onuň (Sallallahu aleýhi we sellem) gabrynda sesleri galdyrmazlyk. Möminleriň Emiri Omar bin Hattab (Razyýallahu anhu) Taifden gelen iki kişini eşitdi, olar Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) metjidinde seslerini gadyrypdylar, şonda aýtdy: “Egerde siz ikiňiz Taif ilinden bolmadyk bolsadyňyz, ikiňizi urup gowuja agyrdardym”(Buhary 458) Sebäbi Allah Tagala aýdýar: “Eý, iman edenler! Sesleriňizi Nebiýniň sesinden ýokary gataltmaň! (Öz araňyzda) biri-biriňiz bilen gygyryp gürleşýän ýaly, oňa (Nebiýe) gygyryp gürlemäň! (Eger gygyryp ýüzlenseňiz), eden amallaryňyz puja çykar, siz hem (ony) duýman galarsyňyz.” (Hujorat 2)

Haçabda bu aýat inende sahabalardan bir kişi bardy, oňa Säbit bin Kaýs (Razyýallahu anhu) diýilýärdi, Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) öňünde hutba aýdýanlardandy, ol batly, belent seslidi. Haçanda bu aýat inende öýünde galdy, çykmady gije-gündiz aglaýardy (Razyýallahu anhu). Olar Kuran Kerimiň derejesini, gadryny bilýänlerdi. Şonda Nebiý (Sallallahu aleýhi we sellem) ony gözledi, sebäbi Resulyň (Sallallahu aleýhi we sellem) sahabalarynyň görünmeýänini gözlemek, ol barada soramak onuň adatyndandy, ine bu onuň gözel dolandyryjylygyndandy. Ony sorap başlady, aýtdylar: “Eý, Allahyň Resuly! Allah bu aýaty indereninden bäri ol öýünde gije-gündiz aglaýar” Aýtdy: “Gidiň meniň ýanyma ýagyryň” Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) ýanyna geldi, Nebiý: “Näme zat seni agladýar?” diýdip sorady, aýtdy: “Men belt, batly sesli we bu aýat meniň üçin inendir diýip gorkýaryn, sebäbi Allah Tagala: “eden amallaryňyz puja çykar, siz hem (ony) duýman galarsyňyz” diýýär” Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy: “Öwülip ýaşamagyňa, şehit bolup öldürilmegiňe we Jennete girmegiňe razy dälmisiň?!”(Ibn Hibbän) Allahu Ekber! Her bir Allahdan gorkan aman bolar. Ol öýünde Allahdan (Azze we Jelle) gorkup oturdy ýöne welin Allah ony aman etdi. Şonuň üçin Säbit bin Kaýs Jennet eýesidigine şaýatlyk etmek bize wajypdyr, sebäbi Nebiý (Sallallahu aleýhi we sellem) muny habar berdi. Ol kişi durmuşyndan öwülýän boldy we musulmanlar bilen Kezzap Museýlimä garşy söweşdi. Bu gazwa bolsa taryhda belli gazwadyr, Allah ondan razy bolsun Şehit edilip öldürildi we Jennete-de girer. Allah! Bizi Jennet ehlinden eýle, eý Älemleriň Robby!


([1]) Wajyp, muny eden sogap alar, etmedik günä alar we kyýamatda ol üçin azap çekmäge mynasyp bolar ([2]) Mustahab, muny eden sogap alar, etmedik günä almaz.

11 просмотров0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page