top of page
Поиск

Mollanyň görnüşleri.


Hamdy-senalar Allaha mahsus, salam we salawat Muhammede, maşgalasyna we ýoldaşlaryna bolsun.

Bu mowzugyň adynyň has takyky “Adamlaryň gözünde dindar bolup görünýänleriň görnüşleri” bolmaly-dy.

Döwrümizde, ýagny din bisowatlygynyň ýaýran wagtynda din barada gürleýänler hasam köpeldi, şu sebäpli dogrusynyň gyşygyndan saýgarylmagy üçin, bu makalany ýazmagy makul bildim.

Adamlara din öwredýänleriň (Adamlaryň gözünde dindar bolup görünýänleriň) ençeme görnüşi bar, olar, gysgaça aýtsak, şulardan ybarat:

1- Ýaşlygyny, kesp-kär döwrüni şpanaçylykda geçirip, tapdan galyp kesp edip bilmän, dindarsyrap, diniň üsti bilen gazanç etjek bolýan. Bu barada gep açmagyň geregi ýok, sizem şu haty okanyňyzda bu synpdakylara degişli tanaýanlaryňyz aňyňyza gelen bolsa gerek.

2- Din ady bilen şeýtana, jynlara ybadat edip, olaryň islegini ýaýradýanlar, bularyň içinde ene-atalaryndan bu käri alyp geleni-de bar, ýokarky agzan toparymyzdan soň başlanlary-da bar. Bularyň esasy edýän işleri: Doga ady bilen jady, jynlaryň, şeýtanlaryň atlaryny ýazyp, oňa herhili özüne çekiji atlaram dakyp: Meselem: agzybirlik dogasy, bereket dogasy, rysgal dogasy, söýgi dogasy, çileden açýan doga we ş.m atlar bilen jadyny ýazyp adamlara berýärler. Bular ýazgylaryna, käte Allahyň adyny-da, käte aýatdan bir parçany-da goşup, galanyny jadydan doldurýarlar. Bu ýazgynyň esasy alamaty - içi san we harp ýazylgy tablisa we jady dilinden düşnüksiz sözler ýazylmagy. Bular käte adama, ýazgydan başga, bu zatlary okap berýärler we baranlardan Allahyň bagyşlamajak uly şirki ýa-da uly günäleri etmeklerini talap edýärler, Meselem: Gara towugy, gara kepderini plan jynyň adyna çalmagy, ýa planyň ýoluna sadaka bermegi soraýarlar, käbir baran zenan bilen zyna etmekdenem çekinmeýäni bar. Beýle jadyny öwreden we öwrenen kişi kapyrdyr, buny bilsin ýada bilmesin tapawudy ýok, Allah Tagala Kuranda aýtdy: “...ýöne Şeýtanlar (jynlar) adamlara jady öwredenleri üçin kapyr boldular” yzyndanam şeýle diýdi: “Ol ikisi: “Biz synag üçin inderildik, (jady öwrenip) kapyr bolma” diýmezden hiç kime (jady) öwretmezdiler”(Bakara 102)

3- Bu görnüşi diniň, ýagny Allahyň we Resulynyň gönükdirmelerine görä däl-de, mundan başganyň, ýagny başlygynyň, aýalynyň/äriniň, mollasynyň, şular ýalylaryň islegine görä gürleýär, hatda dinde aýdyň zatlaram adamlardan bukup, tersini aýdyp göýberýär. Meselem: Gabyra ybadat edýänleri sorasaň, şonuň ýalňyşdygyny bilýärem, ýöne ýalňyş diýip aýtmaýar, namaz okamazlygyň uly hatadygyny bilýär, ýöne soralsa çykalga gözleýär, aragyň, süýthorlugyň, zenanyň örtünmezliginiň, aýdym-sazyň haramdygyny bilýär, ýöne muny aýdyp bilmeýär. Muňa gysgaça aýdyljak zat: Allahyň razylygyny adamlaryň razylygyna çalşyp, Allahyň gazabyndaky kişi diýler.

4- Öz nebsine, özüne çagyrýan. Bu Kurandanam gürrüň beren bolar, Hadysdanam, Pygamberem (Sallallahu aleýhi we sellem) söýýänsirar. Özüne her hili (pir, ahun, weli we ş.m) adam dakdyrar ýa-da adamlar beýle atlary daksa garşy bolmaz, haçanda bir zat diýse: “Seniň bu diýýäniň Allahyň, Resulynyň diýýänlerine gabat gelýärmi, hany deliliň” diýip sorasaň, göni at dakmak bilen bolar. Öz sözüne hiç kimiň garşy çykmazlygyny owadanlap, din ady bilen ündär, göýä özüni pygamberdir öýder, bolmasa Kuran okasa-da, Hadys okasa-da, dinde “a” harpyndan şermendedir, köp gürrüň berýän zatlaram ertekidir. Diýýän zady, Allahyň sözüne, Muhammet Pygamberiň (Sallallahu aleýhi we sellem) sözüne garşy gelse, öz sözüni almagy talap eder. Bu kişiniň waspynda bolan ýehudylar barada Allahyň Kuranda aýdanyny aýdýarys: “Töwratyň (hökümini ynsanlara ýetirmegi we onuň hökümlerini berjaý etmek garamatyny) göterip (kabul edip), soň bu (garamaty) göterip (ýerine ýetirip) bilmedikleriň mysaly, (birnäçe jilt) kitap göterýän eşek ýalydyr.”(Juma 5) Ýagny, Kuran we Hadys okabam, oňa amal etmeýän, edil arkasyny kitap ýüklenen eşek ýaly, eşegem arkasyndaky kitapdan peýdalanmaýşy ýalydyr.

Başga aýatda, Hristiýanlar we Ýehudylar öz dini başlarynyň Allaha we Pygamberine (Sallallahu aleýhi we sellem) garşy söz diýse-de boýun bolandyklary üçin, olara öz dini başlaryny Iläh tutundylar diýip aýatda Allah aýtdy: “(Ýahudylar) ahbarlaryny (ruhanylaryny)‚ nasranylar hem ruhbanlaryny (monahlaryny) Allahdan başga Iläh edindiler.”(Tewbe 31).

Özleri köplenç ýalňyş ynançlaryny halkdan gizläp, ony aýlap owadanlap aýtmakçy bolýandyrlar. Olardan käbiri:

A - Adamlara Kuran okamagy we sahyh hadyslar, sahyh buharyny we sahyh muslimi we beýleki sahyh kitaplary okamagy gadagan ederler ýöne owadanlap: “Aý olary okamaň, siz düşünmersiňiz, eýle-beýle...” Haý nadan, seniň gepiň düşnükli-de, Allahyň we Resulynyň sözleri düşnüksizmi?! Gör bu nadanyň Allaha we Resulyna (Sallallahu aleýhi we sellem) ýöňkeýän kemçiligini! Wallahi ýalan sözlediň. Sen bunuň arkasynda, adamlaryň seniň batyl ynanjyňy bilmeklerinden gorkup tapanja gepiň. Hatda öz batyl ynanjyňy gizlemek üçin Allaha we Resulyna (Sallallahu aleýhi we sellem) aýyp ýüklemekdenem çekinmediň. Bunuň batyl ynanjy ine şundan ybarat: Muhammet Pygamberiň (Sallallahu aleýhi we sellem) getiren zady, buňa we pirlerine degişli däl. Ine bunuň batyl ynanjy şu, munam açyk-aýdyň aýdyp bilenok, häzir adamlara muny gönüläp aýdaýsa, dinine gabaňjaň Türkmen halkynyň ýeňsesine şapbat çaljagyna gözi ýetip durandyr.

B- Özlerine halk içinde gol bermek diýen at bilen, diňe ýurt baştutanyna berilýän kasamy, beýgady alýarlar.

5- Syýasy maksatlaryna ýetjek bolup dini we dinde bisowat musulmanlary ulanýanlar. Bu toparlaryň käbiri azaşan musulmanlar tarapyndan düzülenem bolsa, käbiri diniň duşmanlary tarapyndan düzülen, hem olar tarapyndan dolandyrylýar.

6- Allaha we Resulyna (Sallallahu aleýhi we sellem) çagyrýanlar, ähli zatdan ýokarda Allahyň we Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) sözüni goýýanlar, bu ugurda käýeýänçiniň käýenjine, töhmetçiniň töhmetine gulak asman, hem hak, dogry bilen ýaşaýar, hem haky, dogrynt aýdýar. Allahyň we Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) sözünden öňe öz alymynyň, şeýhiniň, sözüni geçirmeýän, delil bilen ýaşaýan, din öwrense delilini talap edýän, sahabalaryň yzyna eýerýän, hiç bir soňky çykan toparlara goşulmaýan kişi. Pygamberiň (Sallallahu aleýhi we sellem) ündeýşi ýaly Kuran we Sünnete (sahyh hadyslara) azy dişleri bilen ýapyşýandyr.

Ine şular bilen sözümi jemlemekçi, wesollallahu aleýhi wesellem, we ala älihi we sohbihi ejmegyýn.

69 просмотров0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page