top of page
Поиск

Miswak we fytrat sünnetleri

Miswak we fytrat sünnetleri.



Miswak - nahardan soň we başga wagtlar agyzda we dişlerde galýan zatlary, yslary arassalamak üçin ulanylýan çöp.

Bu bapda birnäçe meseleler bar:


Birinji mesele: Onuň (miswagyň) hökümi:

Miswak ulanmak hemme wagtlarda sünnetdir, hatda agyz bekli kişi hem günüň başynda bolsun, ýa soňunda ulanyp biler, çünki, Pygamberimiz ony ulanmaklyga mutlak (belli wagt kesgitlemän) höweslendirendir, şu hadyslardaky ýaly: “Miswak (ulanmakda) agzyň päkligi, Robbuň razylygy bardyr” (Buhary, Nesäi)

"Ymmatyma muşakgat (kynçylyk) bolmasa-dy, olara her namazda miswagy (ulanmaklygy) buýrardym." (Muttefekun aleýhi)


Ikinji mesele: Haçan (Miswagy ulanmak) has möhüm bolýar?

Täret alnanda, ukudan turulanda, agzyň ysy üýtgände, Kuran okalanda, namazdan öň, metjitde, öýe girilende, Mikdam ibn Şureýhiň kakasy Aişe enemizden şeýle diýip soraýar: "Öýe girende Pygamberimiz ilkinji näme edýärdi?" - Ol:"Miswak (ulanýardy)" - diýdi.

Şeýle hem, köp wagtlap dymmakdan soň, ýa dişler saralanda miswagy ulanmak möhüm bolýar, ýokardaky hadyslara görä. Pygamberimiz gije turan wagty agzyny miswak bilen süýkärdi (arassalardy). Musulman adam ybadata başlamanka iň arassa, päk halynda bolmalydyr.


Üçünji mesele: Miswak nähili bolmaly?

Miswagyň pytramaýan, agza şikes ýetirmeýän, ýumşak çöpden bolmagy sünnetdir. Pygamberimiz "erok" agajynyň çöpini miswak edip ulanýardy. Miswagy çep we sag el bilen ulanmak rugsatdyr, haýsysyny ulansa-da tapawudy ýokdur.

Eger täret alyp durka miswak tapmasa, barmaklaryny ulansa-da bolar, bu barada Aly habar berendir, haçanda Pygamberimiziň täret kylşynyň waspyny gürrüň berende. (Ahmet, Ibn Hajar “Sahyh” diýdi)


Dördünji mesele: Miswagyň peýdalary:

Onuň iň möhüm peýdasynyň biri -hadysda gelşi ýaly- ol dünýäde agyz päkligi, ahyretde Allah razylygydyr, şonuň üçin musulman bu sünnete endik etmelidir, ony taşlamaly däldir, çünki onuň gowy peýdalary bardyr, käbir musulmanlar aýlap miswak ulanmazlar, muny ýa ylymsyzlykdan ýa ýaltalykdan ulanmaýarlar, olar köp peýdalardan we uly sogaplardan galýarlar, aslynda bu Pygamberimiziň sünneti bolup, ony muşakgat bolmasa parz edip buýurjak ekeni.

Miswagyň başga peýdalary: dişleri kuwwatlandyrýar, diş etini berkidýär, sesi arassa çykarýar, adamy şähdaçyk edýär (bulardan başgada ençeme peýdalary bar, Ibn Koýýym ýatlap geçen).


Bäşinji mesele: Fytrat sünnetleri:

Başgaça aýdanmyzda - ynsanyň ýaradylyş aýratynlyklary, çünki bu sünnetleri edýän kişi ýaradylyş waspa eýe bolar, ol waspda Allah adamzady ýaradandyr we ol waspy halaýandyr, sebäbi bu sünnetler ýerine ýetirilse ynsan iň gözel syratda, iň ajaýyp keşpde bolar.

Ebu Hureýranyň habar beren hadysynda, Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýýär: "Bäş zat fytratdandyr: hytan (sünnet etmek), istihdad (etegi syrmak), goltugyň (tüýlerini) ýolmak, dyrnaklary almak, murty gysgaltmak." (Muttefekun aleýhi)

1 - Hytan - erkegiň owradynyň ujuny ýapyp duran hamy kesmekdir, emma aýallaryň hytany - sokulýan ýeriniň ýokarsyndaky artykmaç hamyny kesmekdir. Aýtdylar: bu horazyň adatyna meňzeş. Hytanyň hökümi: erkekler üçin wajyp, parz, aýallar üçin sünnet.

Erkekleriň hytanynyň hikmeti - şol artykmaç hamda ýygnalýan nejasatdan owrady arassalamak, onuň peýdalary-da kändir.

Aýallaryň hytanynyň hikmeti - olaryň şöhwetlerini (jynsy isleglerini) azaltmak.

Çaganyň ýedilenji güni hytan etmek mustahabdyr (sünnetdir), çünki Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) Hasan bilen Huseýne ýedilenji günlerinde hytan edýär, sebäbi bu çalt gutuluşmalaryna ýardam berer, çaga iň kämil şekilde ulalmagy üçin.

2 - Istihdad - etegi syrmak, ynsanyň owradynyň töwerindäki tüýleri syrmak, onuň üçin demir ulanylýar, ýagny, päki, şol sebäpli muňa istihdad (ýiteltmek, çalmak) diýilýär. Bu amal Pygamberimiziň ündän amallaryndandyr, ol mustahabdyr (sünnetdir), bu amala üns bermek hökmandyr, etegi syrmak - arassaçylyk we gözelligiň alamatydyr, ol tüýleri diňe syrmak bilen däl, eýsem başga gurallar bilen aýyrmak rugsatdyr.

3 - Goltugyň tüýlerini ýolmak, ýagny aýyrmak, ol tüýleri ýolmak, syrmak arkaly aýyrmak sünnetdir, çünki, bu arassaçylykdyr, tüýleriň döredýän ýakymsyz ysyny kesmekdir.

4 - Dyrnaklary almak - olary ösdürmän gyrkmak gözellik berer, aşagynda ýygnalan kirlerden arassalar, bu Pygamber düzgünini käbir musulmanlar bozup başladylar, dyrnaklaryny ösdürip ýa-da bir barmagynyň dyrnagyny ösdürip şeýtanyň bezegine geçip, Allahyň duşmanlaryna meňzeýärler.

5 - Murty kiçeltmek, ýagny, aňrybaş derejede gysgaltmak, munda owadanlyk, arassaçylyk, kapyrlara meňzemezlik bardyr.

Murty kiçeltmegi, sakaly goýbermekligi, ony ösdürmekligi, ony gadyrlamagy ündeýän sahyh hadyslar bardyr, çünki, bu gözellik, erkekligiň nyşanydyr, emma köp adamlar munuň tersini edýärler: murtlaryny goýberip, sakallaryny syrýarlar ýa gysgaltýarlar, bu bolsa sünnete tersdir, sakal goýbermegiň parzlygyny aňladýan hadyslaryň käbiri: "Murtlary gysgaldyň, sakallary göýberiň, mejuslara çapraz geliň (ýagny, olara meňzemäň)." (Muslim)

"Muşriklere çapraz geliň (olara meňzemäň) sakallary goýberip, murtlary kiçeldiň." (Buhary we Muslim)

Musulman adama bu Pygamber ýoly bilen ýöremek, duşmanlara çapraz gelmek, aýallardan tapawutly bolup, olara meňzemezlik parzdyr.

Ynha bu hanyf dinimizdir, bu amallary bize buýurandyr, çünki, munda tämizlik, gözellik, arassaçylyk, bardyr, musulman adam hemişe Robbuna boýup bolup, Pygamberiň sünnetine eýerip, nadanlara, kapyrlara meňzemekden daşda bolup, iň gözel şeklinde bolmalydyr. Bu bäşiniň üstüne şulary goşmak mümkindir: miswak, agzy, burny çaýkamak, dyrnagyň üstki bölegini arassalamak, istinja, çünki, Aişe enemiziň Allahyň resulyndan (Sallallahu aleýhi we sellem) habar beren hadysynda şeýle diýilýär: "On zat fytratdandyr: murty kiçeltmek, sakaly goýbermek, miswak, suw bilen (burny) çaýkamak, dyrnaklary gysgaltmak, dyrnaklaryň üstki bölegini arassalamak, goltugy ýolmak, etegi syrmak, istinja." - hadysy habar berijileriň birisi bolan Musab ibn Şeýbe şeýle diýdi: "onunjyny ýatdan çykardym, agyz çaýkamak bolsa gerek." (Muslim)


Altynjy mesele:

Etegi syrmak, murty kiçeltmek, dyrnaklary almak, goltugy ýolmak bu zatlaryň hemmesini wagtly-wagtynda edip durmak. Ýagny, ynsan bu zatlary 40 günden köp gijä goýmaly däldir, Enesiň habaryna görä: "Murty kiçeltmekde, dyrnaklary almakda, goltugy ýolmakda, etegi syrmakda bize wagt kesgitlenildi, olary 40 günden köpe gijä goýmaly däl." (Muslim)

4 просмотра0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page