Mesä, sellä, gipse mesh çekmek.
Mesä, sellä, gipse mesh çekmek.
Mesi - deriden ýa şoňa meňzeş zatdan ýasalan aýaga geýilýän zat. Agzaljak hökümler diňe mesä degişli bolman hemme aýaga geýilýän zatlara degişlidir.
Birinji mesele: Mesä mesh çekmegiň hökümi we delili:
Mesä mesh etmek ähli-sünnetde biragyzdan jaizdyr, ol Allahyň rugsadydyr, bendelerine beren ýeňilligidir, olara muşakgat kynçylyk döreden däldir. Mesä mesh etmegiň delilleri sünnetde mutewätirdir (ençeme hadyslar bar bolup, olaryň dürs bolmazlygy mümkin däldir), ol amaly Pygamberimiz edendir, buýurandyr.
Ymam Ahmed aýtdy: "Mesh babatynda kalbymda hiç zat ýokdur, çünki, ol barada Pygamberimizden 40 sany hadys bardyr." (Mugnyý we Nasbur-roýe)
Manysy - kalbymda mesh çekmekligiň rugsatdygyna hiç hili şek-şübhe ýok.
Hasan Basry aýtdy: "Allahyň Resulynyň 70 sany sahabasy onuň mesä mesh çekenini gürrüň berdiler." (Ibn Ebi Şeýbe, Neýlil-ewtor)
Ol hadyslaryň biri Jerir ibn Abdullahyň hadysy: "Pygamberimiziň buşuganyny, soňra täret alyp mesisine mesh çekenini gördüm." (Muslim)
Agmaş Ibrahimiň şeýle diýenini gürrüň berýär: "Bu hadysy olar gowy görerdiler, çünki, Jerir "Mäide" süresi inip bolandan soň Yslama giripdi - ýagny - täret aýaty inip bolansoň (ýagny hadysyň mensuh däldigini aňladýar).
Ähli-sünnetiň alymlary ýolagçy halda-da, ýolagçy däl halda-da, hajat barka-da, hajat ýokka-da mesh etmekligiň rugsatdygyna biragyzdan ylalaşdylar.
Mesiden başga-da islendik aýaga geýilýän zatlara mesh çekmek bolýandyr, meselem joraba, ýa dolaga, ýa çokaýa, çünki, ynsan edil mesä mätäç bolşy ýaly by zatlara-da mätäçdir, ýagny, hemmesiniňem sebäbi birdir, hakykatda jorap geýmek mesi geýmekden has giň ýaýrandyr, şonuň üçin (aýagy topuklar bilen) örtýän bolsa oňa mesh çekmek rugsatdyr.
Ikinji mesele: Mesh çekmekligiň şertleri:
1) Mesini ýa başga geýilýän zady täretli halda geýmeklik, Mugyýra şeýle diýýär: "Pygamberimiz bilen sapardadym, onuň mesisini çykarjak bolamda şeýle diýdi: "Olary çykarma, çünki men olary täretli (aýaklaryma) geýipdim." soňra olara mesh çekdi." (Buhary we Muslim)
2) Aýagyň parz ýerini ýapmagy, ýagny, aýagyň niresiniň (täretde) ýuwulmasy parz bolsa, şol ýerini jorap ýa mesi ýapmalydyr.
3) Geýilýän zat halal bolmaly, gaňyrlyp zorluk bilen alnan, ogurlanan zada mesh dürs bolmaýar, ýa-da erkekler ýüpek geýip mesh etse dürs bolmaýar, çünki ýüpek geýmek günädir, günäli zada mesh rugsat däldir.
4) Geýilýän zat tämiz bolmaly, nejasat zada mesh dürs däldir, meselem eşegiň derisinden ýasalan zady geýmek.
5) Şerigatdaky kesgitlenen möhletde mesh etmek, ýolagçy däliň möhleti - bir gije-gündiz, ýolagçynyň möhleti - üç gije-gündiz.
Bu şertleri alymlar Pygamberiň hadyslaryndan, umumy kadalardan netije edip çykarandyrlar, mesh çekmek isleýän olary hökman ýerine ýetirmelidir.
Ýuka joraplara ýa az-owlak ýyrtyk joraplara mesh etmegiň zyýany ýokdur, bu baradaky hadyslara görä, şeýle hem, muşakgat bolmazlygy üçin.
Üçünji mesele: Mesh çekmekligiň waspy, görnüşi.
Mesh çekilýän ýer - ynsanyň gadamynyň ýokarsydyr, oňa eliňi süpürmek, syrmak ýetik bolar, gadamyň ýokarsynyň, üstüniň köp bölegine eliňi degirmek ýeterlikdir, Mugyýra ibn Şugbe Pygamberimiziň mesh edişini beýan edip şeýle diýýär: "Pygamberimiziň mesisine mesh çekenini gördüm, ýagny, mesiniň üstüne." (Tirmizi)
Mesiniň aşagyna ýa yzyna mesh çekmek dürs bolmaz, beýle etmek sünnet däldir, Ali şeýle diýýär: "Eger din pikirlere görä (düzülen) bolsa, onda mesh edemizde mesiniň ýokarky däl-de, aşakgy bölegine mesh etmeli bolardy, emma Pygamberimiziň mesisiniň ýokarky bölegine, mesisiniň üstüne mesh edenini gördüm." (Ebu Dawud we Beýhaky)
Eger hem üstüne hem aşagyna mesh etse mesh dürs bolar, ýöne halanylmaz.
Dördünji mesele: Meshiň müddeti:
Oturumly (ýolagçy däl) adam, ýa sapary (namazyny) gysgaldyp bilmejek derejede gysga ýolagçy bir gije-gündiziň dowamynda mesh edip biler, emma sapary (namazyny) gysgaldyp biljek derejede uzyn bolan ýolagçy üç gije-gündiziň dowamynda mesh edip biler, Alinyň hadysyndaky ýaly: "Pygamberimiz (meshiň müddetini) oturumly üçin bir gije-gündiz etdi, ýolagçy üçin üç gije-gündiz." (Muslim)
Bäşinji mesele: Meshi bozýan zatlar:
1) Gusuly bozýan zady etse mesh hem bozulýandyr, Safwan ibn Assal şeýle diýýär: "Pygamberimiz saparda bolup ýolagçy bolamyzda, üç gije-gündizläp mesilerimizi - eger gusulymyz bozulmasa - çykarmazlygy buýurdy." (Ahmet, Nesäi we Tirmizi)
2) Eger aýagyň (ýuwulmasy) parz ýeri açylsa, onuň üstünden mesh etmek dürs bolmaýar.
3) Mesini ýa joraby çykarmak meshi bozar, ýagny onuň üstünden mesh edip bilmez. Tapawudy ýok bir mesini, ýa bir joraby çykarsyn, ýa ikisinem çykarsyn mesh bozulýar köp alymlaryň sözüne görä.
4) Mesh etmekligiň müddeti gutaran bolsa, mesh etmek dürs bolmaýar, çünki, mesh etmeklige şerigat belli möhlet kesgitländir, ol möhleti uzaltmak rugsat däldir, agzalan hadyslara görä.
Altynjy mesele: Meshiň müddeti haçan başlaýar?
Bir gije-gündiziň dowamynda mesh edip başarýan kişi şol bir gije-gündizi haçandan başlap hasaplamaly? Haçan hasap ýöräp başlaýar?
Meshiň müddeti - ilkinji meshden başlaýar, ýagny, mysal üçin: bir adam ertir namaza turdy, täret alyp mesisini geýdi, gün dogandan soň bolsa täretini bozdy, soň täretini almady, soňra öýle namazynyň öň-ýany täret aldy, täret alanda-da mesh etdi, ynha şu wagtda müddet başlady, şu wagtdan başlap bir günläp mesh edip biler. Käbir alymlar aýtdy: Meshiň wagty gün doganda täret bozulanda başlady.
Ýedinji mesele: Gipse, sellä, aýallaryň ýaglygyna mesh etmegi.
Gips, ýa şoňa meňzeş döwük-ýenjik sebäpli saralyp dakylýan zatlaryň, meselem: bint, ýelmenýän saralmalar, bu zatlaryň üstüne mesh etmek rugsatdyr, ýöne saramaklyk hökman bolan ýerlerden artykmaç ýerlere saralan bolsa, ol ýerlere mesh dürs bolmaz, artykmaç ýerini aýyrmak hökmandyr.
Saralmalara mesh etmek rugsatdyr, tapawudy ýok uly täret bozulsa-da ýa kiçi täret bozulsa-da, şeýle hem bu saralmalara mesh etmegiň belli kesgitlenen müddeti ýokdur, tä şypa tapyp, aýyrýança mesh edip biler, munuň delili: saralmalara mesh etmek zerurýetdir, zerurýet bolan zady mätäçlik çekilende ediler, şonuň üçin kiçi täret bilen uly täretiň tapawudy ýokdur.
Şeýle hem, sellä ýa islendik başa dolanyp, saralýan zada mesh etmek rugsatdyr, munuň delili: Mugyýra ibn Şugbe şeýle diýdi: "Pygamberimiz sellesine, maňlaý saçyna we mesisine mesh ederdi." (Muslim)
Başga hadysda şeýle diýilýär: "(Pygamberimiz) mesisine we baş gabyna mesh çekerdi." (Muslim) - ýagny, sellesine.
Munuň kesgitlenen müddeti ýokdur, ýöne ätiýaçlykdan mesä mesh çekilşi ýaly etse has gowy bolar, ýagny täretli halyna geýip, oturumly bolsa bir gün, ýolagçy bolsa üç gün mesh etse iň gowusy bolar.
Eger aýal-maşgala baş gabyny geýip-çykarmak kyn düşýän bolsa ýa kellesinde ýarawsyzlyk bar bolsa şol baş gaba mesh etmek rugsatdyr, emma baş gabyny geýip-çykarmakda kynçylyk bolmasa onda mesh etmezlik has gowusydyr. Eger saçyna hyna ýa şoňa meňzeş boýaglar çalynan bolsa mesh etmek rugsatdyr, çünki, Pygamberimiz şeýle edipdir, başga-da aýtsak, baş tämizligi babatynda bu ymmata (dinimiz) ýeňillik döredendir.