“Lä ilähe illallah” sözüniň manysy.

"Lä ilähe illallah" - bu şaýatlyk dinimiziň aslydyr. Sözleriň iň haýyrlysy, iň peýdalysy, iň sogaplysydyr .
"La ilähe illallah " Islam dininiň iň esasy rukunidir , imanyň iň möhüm bölegidir .
"La ilähe illallah " Jenneti gazanmagyň ýoludur, Dowzahdan halas edýän sözdür.
Allahu Tagala "La ilähe illallah" üçin ähli barlyklary ýaratdy, kitaplary inderdi we pygamberleri iberdi. Şonuň üçin dilde aýdylyp, manysyna düşünmezlik bolýän däldir. Sebäbi Allahu Tagala Kurany Kerimde şeýle diýýär:
"Bilgin (ýagny, öwren) Allahdan başga ybadata hakly hiç bir zat ýokdyr"([1])
فَٱعۡلَمۡ أَنَّهُۥ لَآ إِلَٰهَ إِلَّا ٱللَّهُ
Başga-da Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýýär: "Kim-de kim Allahdan başga ybadata hakly hiç zat ýokdygyny bilip (ýagny, ylymy bar bolup) dünýeden ötse, ol Jennete girer"([2])
قَالَ رَسُولُ اللّهِ صلى الله عليه وسلم:
"مَنْ مَاتَ وَهُوَ يَعْلَمُ أَنَّهُ لاَ إِلٰهَ إِلاَّ الله دَخَلَ الْجَنَّةَ".
Kelemeýi şahadat dört arap sözlerinden ybaratdyr:
1) "Lä" - "ýok" diýmekdir.
2) "iläh" - "ybadat edilýän zat" diýmekdir. Islendik bir zada ybadat edilse oňa (iläh) diýilýär.
3) "illa" - "başga" diýmekdir.
4) "Allah" - älem-jahany ýokdan bar eden, ýeke-täk ybadata laýyk ýeke-täk Robbumyzdyr.
Emma, aslynda bu söz "Lä ilähe hakkun illallah" bolmaly, ýagny, Allahdan başga ybadat edilmäge hakly hiç bir zat ýokdyr. Şu aýatda aýdylyşy ýaly: "Allah hak ilähdir, ondan başga ybadat edilýän zatlar batyldyr"([3])
ذَٰلِكَ بِأَنَّ ٱللَّهَ هُوَ ٱلۡحَقُّ وَأَنَّ مَا يَدۡعُونَ مِن دُونِهِۦ هُوَ ٱلۡبَٰطِلُ وَأَنَّ ٱللَّهَ هُوَ ٱلۡعَلِيُّ ٱلۡكَبِيرُ ٦٢
Ýogsa, "hakkun" sözini aýyrsak, şeýle many çykýar: "Allahdan başga ybadat edilýän ýok" bu hem beýle däldir, sebäbi gynansakda Allahdan başga ybadat edilýän zatlar kän, (Allah saklasyn!)
Onda näme üçin "hakkun" sözüni goşamzok? Ýagny, "Lä ilähe hakkun illallah" diýemzok?
Sebäbi araplar agzalmasyzdan manysy düşnükli bolýan sözi, sözlemden pozýan ekenler, edil şu hadysdaky ýaly: "Täretsiz namaz bolmaz" şu ýerde ýatda bir söz bar, ol hem "dürs" sözi, ýagny: "Täretsiz namaz dürs bolmaz" başga-da şuňa menzeş aýat-hadyslar kändir. Käbirleri kelemeýi şahadaty "Allahdan başga Ýaradyjy, rysk beriji ýok" - diýip düşündirýärler. Hakykatdanam, Allahdan başga Ýaradyjy, rysk beriji ýok ýöne «Lä ilähe illallah» sözüniň manysy bu däldir. Sebäbi araplar Allahdan başga ýaradyjy, rysk beriji bar diýenokdylar, şu aýatdaky ýaly:
“Aýt olara, Ey, Muhammet asmandan kim size rysk ýagdyrýar ýa-da gulaklary we gözleri kim ýaradyp, gözegçilik edýär we öliden dirini, diriden ölini kim çykarýar we älem-jahany kim dolandyrýar? Aýdarlar: Allah, aýt onda (Ony ybadatda birlemezlikden) gorkmaýaňyzmy?!”([4])
قُلۡ مَن يَرۡزُقُكُم مِّنَ ٱلسَّمَآءِ وَٱلۡأَرۡضِ أَمَّن يَمۡلِكُ ٱلسَّمۡعَ وَٱلۡأَبۡصَٰرَ وَمَن يُخۡرِجُ ٱلۡحَيَّ مِنَ ٱلۡمَيِّتِ وَيُخۡرِجُ ٱلۡمَيِّتَ مِنَ ٱلۡحَيِّ وَمَن يُدَبِّرُ ٱلۡأَمۡرَۚ فَسَيَقُولُونَ ٱللَّهُۚ فَقُلۡ أَفَلَا تَتَّقُونَ ٣١
Olar şonça zatlary ykrar etseler hem Yslama girmediler. Ýogsa, olar Allaha hem ybadat ederdiler. Şu aýatda agzalyşy ýaly:
"Allah bilen bilelikde hiç zyýan ýa peýda berip bilmejek zatlara ybadat edip, "olar Allahyň öňünde biziň şepagatçylarymyzdyr" diýerler"([5])
وَيَعۡبُدُونَ مِن دُونِ ٱللَّهِ مَا لَا يَضُرُّهُمۡ وَلَا يَنفَعُهُمۡ وَيَقُولُونَ هَٰٓؤُلَآءِ شُفَعَٰٓؤُنَا عِندَ ٱللَّهِۚ
Allahdan başga birinden dileg-doga ederdiler, Ondan başgasynyň adyna damak çalardylar, Ondan başgasynyň adyna kasam içerdiler, Ondan başga biri haýyr berip, şeri dep eder diýip ygtykad (ynam) ederdiler. Ata-babalarymyzyň dininden aýrylmarys diýerdiler şu aýatdaky ýaly: "Haçanda olara: Allahyň inderenine eýeriň, diýilse, ýok ata-babalarymyza eýereris diýdiler, näme eger şeýtan olaryň ata-babalaryny jähennemiň azabyna çagyrsadamy!?"([6])
وَإِذَا قِيلَ لَهُمُ ٱتَّبِعُواْ مَآ أَنزَلَ ٱللَّهُ قَالُواْ بَلۡ نَتَّبِعُ مَا وَجَدۡنَا عَلَيۡهِ ءَابَآءَنَآۚ أَوَلَوۡ كَانَ ٱلشَّيۡطَٰنُ يَدۡعُوهُمۡ إِلَىٰ عَذَابِ ٱلسَّعِيرِ ٢١
Ynha şu agzalan zatlar üçin olar musulman bolmadylar. Gynansakda, arap müşrikleri kelemeýi şahadatyň hakyky manysyna häzirki köp musulmanlardan dogry we dürs şekilinde düşünipdirler, sebäbi Resulallah (Sallallahu aleýhi we sellem) olary 13 ýyllap diňe şol söze çagyrypdy: "Lä ilähe illallah" diýiň halas bolarsyňyz" diýip. Ýöne olar diýmekden ýüz öwürdirler. Eger diýäyseler, Allahdan başga ybadat etmeli zatlaryny taşlamaly bolardylar, şonuň üçin şeýle diýdiler:
"Näme, hemme ilähleri bir iläh etdimi bu!?"([7])
أَجَعَلَ ٱلۡأٓلِهَةَ إِلَٰهٗا وَٰحِدًاۖ إِنَّ هَٰذَا لَشَيۡءٌ عُجَابٞ ٥
"Lä ilähe illallah" sözüniň manysy "Allahdan başga ybadata hakly, mynasyp hiç bir zat ýok" diýmekdir, muny Kurany Kerimde ençeme aýatlar tassyklaýar, olardan käbirleri:
"Her bir ymmata "Allaha ybadat edip, ondan başga ybadat edilýän zatlardan daşda duruň" diýip ilçi iberendiris"([8])
وَلَقَدۡ بَعَثۡنَا فِي كُلِّ أُمَّةٖ رَّسُولًا أَنِ ٱعۡبُدُواْ ٱللَّهَ وَٱجۡتَنِبُواْ ٱلطَّٰغُوتَۖ
"Siziň ybadat edýän zatlaryňyzdan men päkdirin. Diňe ýeke-täk meni ýaradandan başgasyndan"([9])
وَإِذۡ قَالَ إِبۡرَٰهِيمُ لِأَبِيهِ وَقَوۡمِهِۦٓ إِنَّنِي بَرَآءٞ مِّمَّا تَعۡبُدُونَ ٢٦ إِلَّا ٱلَّذِي فَطَرَنِي فَإِنَّهُۥ سَيَهۡدِينِ ٢٧
(Siziň ybadat edýän zatlaryňyzdan men päkdirin) – bu sözlem (lä ilähe) sözüniň manysyny berýär, emma yzyndaky sözlem :
“diňe ýeke-täk meni ýaradandan başgasyndan" – (illa Allah) sözüniň manysyny berýär.
" Robbuň: “Allahdan başgasyna ybadat etmäň” diýip emir etdi"([10])
۞وَقَضَىٰ رَبُّكَ أَلَّا تَعۡبُدُوٓاْ إِلَّآ إِيَّاهُ
Ybadat sözüni köp agzadyk welin, ybadat sözi näme diýmek?
Ybadat sözüniň dil taýdan manysy: boýun egmek, tabyn bolmak, diýen edijilik, gulak asyjylyk, kaýyllyk, razylaşyjylyk diýmekligi aňladýar.
Dindäki manysy: öz içine köp zatlary alyp Allahyň her söýýän we razy bolýan zadyna ybadat diýilýär. Ol Allahyň söýýän we razy bolýan zatlary sözler hem bolup bilýär, amallar hem bolup bilýär, ol sözler we amallar aýdyň, aýan hem bolup bilýär, gizlin hem bolup bilýär. Şeýlelikde ybadat 5-e bölünýär:
1) Kalp ybadaty.
Mysal üçin Yhlas (sapniýetlilik), ýeke-täk ýaradyjy we rysk beriji Allah, ýeke-täk ybadata hakly Allah diýip ygtykad etmek, gorky, umyt, söýgi, töwekgellik we başgalar.
2) Dil bilen edilýän ybadatlar.
Mysal üçin, kelemeýi şahadaty aýtmaklyk, Kuran okamaklyk, doga-dileg etmeklik, dine çagyrmak, zikir etmeklik we başgalar.
3) Beden bilen edilýän ybadatlar.
Mysal üçin: sežde etmek, rukug etmek, agyz beklemek, haj zyýaratyny etmek, damak çalmak.
4) Mal-mülk bilen edilýän ybadat.
Mysal üçin zekat bermek, sadaka bermek.
5) Gadagan edilen zatlary taşlamak hem ybadatdyr.
Ýöne Allahyň gadagan edeni üçin taşlamalydyr. Eger biri puly ýok bolany üçin aragy taşlasa onda oňa ybadat diýilmeýär, oňa taşlany üçin hem sogap ýazylmaýar. Hökmany suratda Allahdan gorkysy bolany üçin taşlamalydyr.
Gadagan edilen zatlaryň içine şular girýär:
1) Şirkiň ähli görnüşi
2) Bidgatyň ähli görnüşi
3) Günäleriň ähli görnüşi
Şeýlelik bilen, şu ybadatlaryň haýsysy hem bolsa birini Allahdan başgasyna sarp etmeli däldiris, Allah Tagala şeýle diýýär:
"Allaha ybadat ediň we oňa hiç bir zady şärik goşmaň"([11])
۞وَٱعۡبُدُواْ ٱللَّهَ وَلَا تُشۡرِكُواْ بِهِۦ شَيۡٔ
Islendik bir ybadat Allahyň dergähinde kabul bolmaklygy üçin hökmany suratda iki sany şert bolmalydyr:
1) Yhlas (sapniýetlilik) ýagny, şol ybadaty edeňde Allahyň razylygyndan başga zat islemezlik.
2) Sünnete laýyk gelmeklik, ýagny ybadaty Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) öwredişi ýaly hiç hili uýtgetmän, oňa hiç zat goşman, ondan hiç zat kemeltmän berjaý etmeklikdir.
Allah Tagala şeýle diýýär:
"Siziň haýsyňyz gözel amal edýändigiňizi synag etmek üçin, ölümi we ýaşaýyş ýaradan"([12])
ٱلَّذِي خَلَقَ ٱلۡمَوۡتَ وَٱلۡحَيَوٰةَ لِيَبۡلُوَكُمۡ أَيُّكُمۡ أَحۡسَنُ عَمَلٗاۚ
Fudeýl ibn Iýýad -Rahmetullahi aleýhi- "gözel amal" nähili amal diýlip soralanda, şeýle diýýär: "Ýalňyz Allahyň razylygy üçin bolup, sünnete laýyk gelen amal gözel amaldyr".
Ynsan öz Robbi bolan Allaha ybadat edende şu üç zat jemlenmelidir:
1) Umyt - ýagny, şu amalym kabul bolup, Allah maňa sogap berer diýip umyt etmeklik.
2) Gorky- gadaganlyklary edäýmäýin diýip, elmydama Allah seni görüp durandygyny unutmazlyk.
3) Söýgi - ýagny, ybadat edeňde ýa-da gadagan edilen zatlary taşlaňda söýgi bilen etmeklik. “Näme muny buýurdy, näme üçin bu zady gadagan etdi” diýip närazylyk görkezmezlik.
Eger bir amala ybadat diýjek bolsak, şol amaly Allahu Tagala ýa-da Resulallah (Sallallahu aleýhi we sellem) buýran bolmalydyr. Sebäbi, ybadat Allaha golaýlaşdyrýan zatdyr. Islendik amala ýa-da söze ybadat diýip bilmeris.
Ýöne bellemeli zat, käbir aslynda ybadat bolmadyk amallar niýet sebäpli ybadata öwrülip biler. Mysal üçin iýip-içmeklik, aslynda bu ybadat däl, ýöne namaz okamak üçin bedenimi kuwwatlandyrjak diýip niýet etse, eýýäm ol ybadata öwrüler ýa-da işlemeklik, gazanç etmeklik Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) haramdan gaçyp, diňe halal ýollar bilen gazanç et diýen buýrugy sebäpli işleýän diýse, eýýäm bu ybadat bolup sogap gazanar.
Tersine alsak hem edil şolar ýaly: iýmeklik aslynda halal, eger biri günä iş üçin bedenini kuwwatlandyrjak diýse, eýýäm iýmeklik oňa günä bolýar.
Şeýlelik bilen musulman doganlar, ybadatyň nämedigine düşünen bolsak, onuň hiç birini hem Allahdan başgasyna sarp etmek bolýan däldir.
([1]) (Muhammet 19)
([2]) (Müslim)
([3]) (Haj 62)
([4]) (Ýunus 31)
([5]) (Ýunus 18)
([6]) (Lukman 21)
([7]) (Sad 5)
([8]) (Nahl 36)
([9]) (Zuhruf 26-27)
([10]) (Isra 23)
([11]) (Nisa 36)
([12]) (Tebärek 2)