top of page
Поиск

Kusuf namazy.


Bu bapdaky meseleler:

Birinji mesele: Kusufyň kesgitlemesi we onuň hikmeti:

Kusuf - günüň ýa aýyň adatdan daşary sebäbe görä tutulmagy diýmekdir, kusuf we husuf bir manyny aňladýandyr. Allahyň güni ýa aýy tutmagynyň sebäbi - bendeleri Allaha dolanar ýaly olary gorkuzmakdyr, hadysda aýdylşy ýaly: "Elbet-de, gün we aý Allahyň aýatlaryndan (alamatlaryndan) bir aýatdyr, biriniň öleni ýa dogulany sebäpli tutulýan däldir, meger, Allah öz bendelerini gorkuzýandyr." (Buhary we Muslim)

Ikinji mesele: Kusuf namazynyň hökümi we delili:

Kusuf namazy täkitlenen sünnetdir, çünki Pygamberimiz ony buýurdy, ol namazy okamak üçin gorky halynda çykdy, onuň bendeler üçin gorkuzmaklykdygyny habar berdi.(Fethulbäri we Essolät libkoýýym)

Üçünji mesele: Wagty:

Tutulyp başlandan tä tutulma gutarýança onuň wagtydyr, hadysda aýdylşy ýaly: "Şoňa meňzeş (ýagny, tutulma) zat görseňiz, tä açylýança (aýdyň bolýança) namaz okaň." (Muslim)

Dördünji mesele: Okalşy we okamaly süreler:

Okalşy - Iki rekagat bolup, birinjide daşyndan fatihany we uzyn bir süre okamaly, tapawudy ýok, gündiz tutulsyn ýa gije, soňra uzak wagtlap rukug etmeli, soňra rukugdan galyp, semigallahu limen hamideh, robbenä welekel hamd diýmeli, ýöne sežde etmeli däl, fatiha soňra ýene uzyn süräni okamaly, ýöne birinjiden gysga bolmaly, soňra rukug etmeli, soňra galmaly, soňra iki gezek uzak wagtlap sežde etmeli, soňra ikinji rekagaty edil birinji ýaly okamaly, ýöne hemme zatlarda gysgarak okamaly, soňra teşehhude oturmaly, soň salam bermeli, Jäbiriň habar bermegine görä: "Gaty yssy günleriň birinde Pygamberimiziň döwründe gün tutuldy, sahabalar bilen namaza uzak wagtlap durdy, hatda tas ýykylypdylar, soňra uzak wagtlap rukug etdi, soňra uzak wagtlap dik durdy, soňra uzak wagtlap rukug etdi, soňra iki gezek sežde etdi, soňra turup edil şolar ýaly etdi, şeýdip dört rekagat we dört seždeli namaz boldy." (Muslim)

Ymamyň adamlara kusuf namazyndan soň wagyz etmegi, olary gaflatdan we dünýä aldanmakdan alyp galmagy, dogalary, tobalary köp etmeklerini buýurmagy sünnetdir, Pygamberimiz şeýle edendir, kusuf namazyndan soň hutba edip şeýle diýdi: "Elbet-de, gün we aý Allahyň aýatlaryndan (alamatlaryndan) bir aýatdyr, biriniň öleni ýa dogulany sebäpli tutulýan däldir, haçanda beýle bolany görseňiz Allaha doga edip tekbir aýdyň, namaz okap sadaka beriň." (Buhary)

Eger namaz gün ýa aý açylmagyndan öň okap bolunsa, täzeden okalmaz, meger, Allahy zikr edip köp doga etmeli, hadysdaky ýaly: "Tä açylýança doga ediň!"

Eger açylmazdan öň namazy tamamlap salam berse, doga bilen meşgul bolmalydyr, eger okap durka açylsa namazy bozman gysga okamalydyr.

1 просмотр0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page