Kureýşiň wekili Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) öňünde.
Обновлено: 17 окт. 2020 г.
Bismilläh:

Bu iki edermen, batyr (Hamza bin Abdulmuttalybyň we Omar bin Hattabyň -Allah olardan razy bolsun-) Yslama girmeginden soňra, (tümlük) bulutlary açylyp, müşrikler (şirk edýänler) musulmanlara garşy duzak gurmak we azap bermek gaplatlaryndan (betpällerinden) oýanyp başlady, Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) bilen bar islän zadyny artygy bilen berip edýän çakylygyndan saklanmagy üçin ylalaşmaga synanşdylar. Ol naçarlar onuň (Sallallahu aleýhi we sellem) çakylygynyň öňünde üstüne gün dogýan zadyň barysynyň siňegiň ganatyna deň bolmaýanyny bilmeýärdiler, (şeýdip) islän zatlary başa barmady.
Yshak aýtdy: Ýezid bin ziýad maňa Muhammet bin Kab El-Kurozyýdan aýtdy: Utbe bin Robyga (Ol kethudady) bir gün Kureýşiň meýdanynda wagty we Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) ýeke oturka aýtdy: “Eý, Kureýş magşary (köpçüligi)! Nähili görýäňiz, men Muhammediň ýanyna baryp, esli zatlary hödürläýin, belkem-de käbirini kabul eder, oňa islänini bereli, olam bizden saklansyn (yslama çagyrmasyny bes etsin)” Bu waka Hamza (Allah ondan razy bolsun) Yslama girenini we Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) ýoldaşlarynyň köpelýänini, artýanyny bilenlerinde bolupdy. Aýtdylar: “Hawa, Eý Ebu Welid (Welidiň kakasy)! Tur onuň ýanyna, onuň bilen gepleş” Utbe turup, Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) ýanyna baryp oturdy-da: “Eý, doganymyň ogly! Seniň bizde nähili beýik orunyň we arkaň bardygyny bilýärsiň, sen bize gaty uly zat getirdiň, ol sebäpli jemgyýetlerini böldüň, onuň bilen paýhaslaryny däliretdiň, onuň bilen ilählerini (ybadat edýänlerini) we dinlerini aýypladyň we olaryň öten ata-babalaryny kapyrlykda aýypladyň. Maňa gulak as! Saňa käbir zatlary hödürlejek, seret, belkemde käbirini kabul edersiň” diýdi. Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy: “Aýt! Eý, Ebu Welid, diňleýärin” Utbe: “Eý, doganymyň Ogly! Egerde bu getiren zadyň arkasyndan mal-mülk isleýän bolsaň, saňa mal-mülklerimizden iň baýymyz bolýançaň jemläris. Egerde bu getiren zadyň arkasyndan at-abraý isleýän bolsaň, seni özümize kethudamyz edeli we sensiz hiç zat çözmäli. Egerde bu getiren zadyň arkasyndan patyşalyk isleýän bolsaň, üstümize patyşa edeli. Egerde bu gelýän jyn bolsa, ondan dynyp bilmeýän bolsaň, saňa tebib tapaly, seni bu keselden dyndyrýançak mal-mülkümizden sarp edeli” diýip gepini gutarýança Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) diňledi, soňra aýtdy: “Eý, Ebu Welid! Tamamladyňmy?” Aýtdy: “Hawa” Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy: “Maňa gulak as” Utbe: “Asaryn” diýdi. Aýtdy: “Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-şepagatly) Allahyň ady bilen 1. Ha, Mim. 2. (Bu) Kuran (Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-şepagatly) Allahdan inderilendir. 3. Bilyän kowum üçin aýatlary arapça okalmak arkaly doly beýan edilen kitapdyr. 4. Bu kitap (Jenneti) buşlaýjy we (dowzahy) duýduryjy kitapdyr. Emma olaryň (kapyrlaryň) köpüsi gulak asman (mundan) ýüz öwürdiler. 5. Olar: «Seniň bizi çagyrýan zatlaryňa ýüreklerimiz ýapyk, gulaklarymyzda bolsa agyrlyk bar. Biziň we siziň aramyza perde çekildi. Şoňa görä sen (islän) zadyňy et, biz hem (islän) zadymyzy edýäris» diýdiler.” (Fussylet1-5) Şeýdip Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) oňa okap berdi. Haçanda ony diňlände ümsüm bolup, iki elini yzyna goýup olara daýanyp diňledi, soňra Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) süräny sežde aýata deňeç okady we sežde etdi, soňra aýtdy: “Eý, Ebu Welid! Eşiden zadyňy, eşitdiň, ine bu inede ol”
Utbe egindeşlerine tarap ugrady, olar bir-birlerine: “Allahdan kasam içýäris, Ebu Welid giden ýüzünden başga ýüz bilen size dolandy” Ýanlarynda oturdy, aýtdylar: “Eý, Ebu Welid! Nämeler bolup geçdi?” diýdiler. Aýtdy: “Yzymda bolan zady aýtsam, şeýle bir söz eşitdim, Allaha kasam bolsun! Olar ýaly hiç eşitmändim. Allaha kasam bolsun! Ol goşgy däl, jadam däl, jädygöýligem däl. Eý, Kureýş magşary! Maňa gulak asyn, onuň çözgüdini menden alyň! Ol kişä we çagyrýan zadyna degmäň, ondan çetleşiň, Allaha kasam bolsun! Ondan eşiden sözümiň dabarasy dag aşar, egerde (beýleki) Araplar ony öldürse islegiňiz ýerine düşer, egerde Araba ýaýrasa, onuň mülki siziň mülküňiz, onuň beýikligi siziň beýikligiňiz we ol sebäpli adamlaryň iň bagtlysy bolarsyňyz” Aýtdylar: “Eý, Ebu Welid! Allaha kasam bolsun, dili bilen senem jadylapdyr” Aýtdy: “Bu meniň ol baradaky pikirim, isläniňizi ediň!”
Çeşme: El-Rahykul-Mektum