Поиск

Kuran okamaklygyň aýratynlygy

Kuran okamaklygyň aýratynlygy


1. Osman ibn Affan (Razyýallahu anhu): Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:

“Siziň iň haýyrlyňyz – Kurany öwrenen we öwreden.”([1])


2. Ukbe ibn Amir (Razyýallahu anhu): Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:

“...biriňiziň ir bilen metjide gidip Allahyň kitabyndan iki aýat öwrenmegi onuň üçin iki düýeden haýyrlydyr, üçüsi üçden we sanlary ýalydyr.”([2])


3. Ibn Mesud (Razyýallahu anhu): Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:

“Kim Allahyň kitabyndan bir harp okasa oňa bir sogap berler, bir sogap hem on esse köpeldiler, elif läm mim bir harp diýemok, elif bir harp, läm bir harp, mim bir harp.”([3])


4. Abdullah ibn Amr (Razyýallahu anhu): Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:

“Kurana ýoldaşlyk edene (ýagny, onuň buýruklaryna görä ýaşana we ony ýatdan bilene) (jennete girip barýarka) aýdylar: oka we (jennetde dereje taýdan) gal, dünýäde tertil (ýatdan, howlukman, gowy edip) okaýşyň ýaly oka, seniň ýeriň – okajak iň soňky aýatyň ýanyndadyr.”([4])

([1]) Sahyha 1172. ([2]) Sahyh Tergyb 1418. ([3]) Sahyh Tirmizi 2910. ([4]) Sahyh Tergyb 1426, Sahyha 2240.

10 просмотров0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M