Jynaza namazy we onuň hökümleri.
Arap dilinde "jenaza" sözi ölene we "jinaza" sözi ölüni göterilýän zada aýdylýar (ýagny tabyda), käwagt ikisem bir manyda ulanylýar.
Ynsan öz ölümini ýatlap, bu dünýädäki soňuny unutmaly däldir, şonuň üçin salyh amallar edip, günälerden toba edip, nähaklyklardan halallaşyp ahyrete "azyk" edinmelidir.
Hassa kişini zyýarat edip, oňa tobany, wesýeti ýatlatmaly, eger ölümi golaýlaşsa, kelimäni çöwürtmeli, kybla bakdyrmaly, ölenden soň gözlerini ýummak, ýapmak, jaýlamaga howlukmak sünnetdir.
Bu bapdaky meseleler:
Birinji mesele: Öliniň ýuwulşy we onuň hökümi.
1) Ölini ýuwmak wajypdyr, Pygamberimiz muny emir edendir, haçanda hajdaky adam ýogalanda şeýle buýurýar: "Ony suw hem sidr (lotos) bilen ýuwuň." (Muttefekun aleýh)
Gyzy Zeýneb ýogalanda hem şeýle diýdi: "Ony üç ýa bäş ýa ýedi gezek ýuwuň!" (Muttefekun aleýh)
Ölini ýuwmak ijmag bilen kifäýe parzydyr.
2) Ýuwulşy: Ölüleri ýuwmaga adyl, emin, ýuwmagyň hökümlerini bilýän kişi saýlanmalydyr, ýuwmak üçin "wasyý" (öliniň özüni ýuwmaklygy tabşyran kişisi) kişi öňe geçirilmelidir, soňra iň golaýlary, ýakynlary, meselem: kakasy, atasy, ogly eger ýuwmaklygyň hökümlerini bilýän bolsalar, eger bilmeseler, bilýän kişi ýuwmalydyr, erkegi erkek, aýaly aýal ýuwmalydyr, ýöne adamsy aýalyny we aýaly adamsyny ýuwup biler, eger ýedi ýaşa ýetmedik çaga bolsa, ony erkegem, aýalam ýuwup biler, musulman erkege ýa aýala kapyry ýuwmak, jaýlamak, tabytyny götermek, onuň üçin namaz okamak rugsat däldir, hatda ejesi-kakasy hem bolsa.
Ýuwulýan suw tämiz we rugsatly (ýagny, ogurlyk däl, basyp alnan däl) bolmagy şertdir, ýapyk ýerde ýuwulyp, ýuwmaga dahyly bolmadyk kişi ol ýerde bolmaly däldir.
Ýuwulyş şekli: Ýuwulýan krowadyň üstüne goýup, owradyny ýapmaly, soňra eşiklerini çykarmaly, gözler düşmez ýaly ýapyk ýerde bolmaly, soňra ýuwýan öleniň oturar derejä golaý hala deňeç kellesini galdyrmalyda, soňra elini garnynyň üstünden (çalaja basyp aşaklygyna elini gezdirmeli (ýagny, garnynda zat bolsa çykar ýaly), soňra iki çykalgalary arassalamaly, iki deşikden çykan nejasatlary ellerine mata dolap aýyrmaly, soňra gusuly niýet edip: “Bismilläh” diýmeli, edil namaza täret alnyşy ýaly täret aldyrmaly, meger agyz-burny çaýkamak hökman däldir, agyz-burna mesh etmek ýeterlikdir, soňra kellesini we sakalyny sidr ýa sabynlanan suw bilen ýuwmaly, sag taraplaryny soňra çep taraplaryny ýuwmaly, soňra bedeniniň galan ýerlerini ýuwmaly, ýuwanda eline mata dolamak mustahabdyr, eger bir gezek bilen öli tämizlense bir gezek ýuwmak wajypdyr, üç gezek ýuwmak mustahabdyr, iň soňky gezekde kamfara bilen ýuwmak mustahabdyr, soňra ölüni guratmaly, soňra bedeninden aýyrmaly zatlary aýyrmaly, meselem: dyrnaklary, (haram) tüýleri, eger öli aýal bolsa, onuň saçyny bogmaly we arka tarapyndan goýbermeli, eger ölini ýuwmaga suw tapylmasa ýa bedeni ýanyp, bölüm-bölüm bolsa, onda gum bilen teýim etmeli, ölini ýuwana suwa düşmek mustahabdyr.
Ikinji mesele: Kim ýuwmaly?
Iň gowusy - ýuwmaklygyň sünnetini bilýän, adyl, emin kişi ýuwmalydyr, hasam eger garydaşlaryndan bolsa, çünki, Pygamberimizi ýuwan onuň garyndaşlarydy, meselem: Ali we başgalar(Ibn Mäje we Albany: “Sahyh” diýdi), emma ýuwmaklyga iň mynasyp kişi "wasyý" kişidir (öliniň özüni ýuwmaklygy tabşyran (wesýet eden) kişisi), soňra kakasy, soňra atasy, soňra iň ýakyn garyndaşlary.
Erkegi erkek, aýaly aýal ýuwmagy wajypdyr, emma adamsy aýalyny ýa aýaly adamsyny ýuwmagy rugsatdyr, Aişe enemiziň habar berişi ýaly: "Eger geçen zada ýene gabatlaşyp bilsedim, onda Pygamberimizi aýallaryndan başgasy ýuwmazdy." (Ebu Dawud, Ibn Mäje we Albany: “Hasan” diýdi)
Pygamberimiz Aişe enemize aýtdy: "Eger menden öň ölseň seni ýuwardym we jaýlardym." (Ibn Mäje)
Haçanda Ebu Bekr ýogalanda ony aýaly Esma bint Umeýýis ýuwdy(Mälik).
Söweşde şehit bolan ýuwulmaýar, çünki Pygamberimiz: “Uhud söweşinde wepat bolanlary eşiklerinde jaýlamagy buýrupdy, olary ýuwman, (jynaza) namazlaryny okaman.” (Buhary)
Şeýle hem, olara kepen geýdirmän, namazlaryny okaman, eşikli hallarynda jaýlamaly, hadysda aýdylşy ýaly.
Sykt bolsa - ýagny, ejesiniň garnyndan düşen çaga, gyz bolsun, ýa ogul, eger dört aýlyk bolsa ýuwulmaly, kepene dolanmaly, jynazasy okalyp, jaýlanmaly.
Üçünji mesele: Kepene dolamagyň hökümi we şekli:
Kepene dolamak wajypdyr, çünki Pygamberimiz haja başlany öz ulag haýwany üstünden ýykyp, boýnuny omuryp ýogalan kişini: “Iki sany köýnege kepenläň” diýdi(Muttefekun aleýh). Kepen bedeniň hemme ýerini örtmegi wajypdyr, eger doly örtmäge ýeterlik kepen tapylmasa, kellesini ýapmaly, aýagyna bolsa ysly gamyş goýmaly, Habbab atly sahaba Musab ibn Umeýriň kepenlemegini gürrüň berýär: "Pygamberimiz onuň kellesini örtmegimizi, we aýaklaryna ysly gamyşdan goýmagymyzy buýurdy." (Muttefekun aleýh)
Ýöne hajda ýogalan erkek kişiniň kellesi örtülmeli däldir, çünki Pygamberimiz şeýle diýdi: "onuň kellesini örtmäň!" (Muttefekun aleýh)
Kepen matasy bedeni ýapýan, adamyň derisini aýdyň edip durjak derejede dar, aňyrsy görünýän bolmaly däldir, kepenlik mata ölä we yzyndakylara agram bolmaz ýaly özüne laýyk mata bolmaly, erkegiň kepeni sünnete görä pagtadan, ak, üç bölekden ybarat bolmaly, kepeni ilki ýere ýazyp onuň üstüne ölüni ýatyrmaly, ýokarky bölegini alyp, çep tarapyndan saga geçirmeli, soňra sag tarapyndan çepe geçirmeli, şeýdip birinji soň ikinji soň üçünjini etmeli, artyk galanyny kellesiniň ýanynda goýup daňmaly, eger ondanam artyk galsa aýagynyň ýanynda goýup, şolar ýaly edip daňmaly, beýle etmek kepeni mäkämlär, Aişe enemiz şeýle diýýär: "Pygamberimiziň kepeni - Ýemenden gelen üç sany täze ak matady, ondan köýnegem selle hem ýokdy, oňa ýuwaşlykdan salyndy." (Muttefekun aleýh)
Hadysda şeýle diýdi: "Eşikleriňiziň agyny geýiň, çünki, ol iň haýyrly eşikleriňizdir we ölüleriňize hem şondan kepenläň" (Ebu Dawud, Tirmizi, Ibn Mäje we Albany: “Sahyh” diýdi)
Aýalyň kepeni - bäş matadan ybarat bolmaly, pagtadan bolan, uzyn köýnek, ýapynja, iki sany dolanýan mata bolmaly.
Çaganyň kepeni bir mata bolmaly, üç sany bolsa-da zyýany ýok, kiçi gyz çaganyň kepeni - bir köýnek, iki dolanýan mata bolmaly.
Dördünji mesele: Öli üçin okalýan namazyň hökümi we delili.
Öli üçin namaz okamak kifäýe parzdyr, eger käbirleri okasa galanlaryň boýnundan gaçýandyr, delili:“Bergisi bolup, ýogalan bir kişi hakynda şeýle diýýär: "Ýoldaşyňyz üçin namaz okaň!"” (Muslim)
Başga hadysda Nejaşyň (Efiopiýaň häkiminiň) ölen gününde şeýle diýýär:
"Siziň bir doganyňyz ýogaldy, turuň, onuň üçin namaz okaň!" (Muslim)
Bäşinji mesele: Şertleri, rükünleri, sünnetleri.
1) Şertleri: niýet, ýetişenlik, kybla bakmaklyk, owraty ýapmak, nejasatdan päklenmek, ölüniň - eger ýurtda bolsa - namaz okaýanlaryň ýanyna getirilmegi, ölüniň we namaz okaýanyň musulman bolmagy, olaryň tämiz bolmagy, eger uzurly bolsalar, gum bilen bolsa-da bolýar.
2) Rükünleri: Başarýan üçin dik durmak, çünki, islendik namazda dik durmak rükün bolşy ýaly bu namazda-da şeýledir, 4 gezek tekbir aýtmak, çünki, (Pygamberimiz Nejaşa namaz okanda 4 gezek tekbir aýtdy), Fatiha süresini okamak, şu hadysyň umumy manysyna görä: "Ummul Kuran (Fatiha) okamadygyň namazy ýokdur"(Muslim),Pygamberimize salawat aýtmak, öli üçin doga etmek hadysdaky ýaly: "Ölä namaz okanyňyzda onuň üçin çyn ýürekden doga ediň!"(Ebu Dawud), salam bermek, şu hadysyň umumy manysyna görä: "(Namaz) salam bilen tamamlanýandyr.", rükünleri tertibe görä ýerine ýetirmek, birini beýlekisinden öň etmeli däldir.
3) Sünnetleri: tekbir aýdylanda elleri galdyrmak, namazda Kuran okamazdan öň istiaza etmek (Auzu billähi mineşşeýtanirrojiým), özi we musulmanlar üçin doga etmek, içinden okamak.
Altynjy mesele: Wagty, fazly we okalşy:
1) Wagty: Eger öli öz ýurdunda bolsa, ýagny jynaza durjaklaryň ýanynda bolsa, onda ony ilki ýuwmaly, kepenlemeli, taýynlamaly soň jynazasyny okamaly, emma eger öli bir ýurtda bolsa, jynaza durjaklaram başga ýurtda bolsa, onuň öli habary eşidilensoň göni okabermelidir.
2) Fazly: Hadysda şeýle diýýär: "Kim tä namaz okalýança jynaza gatnaşsa, oňa kyýrat beriler, kim tä jaýlanýança gatnaşsa oňa iki sany kyýrat beriler” Soradylar: “Kyýrat näme?” Aýtdy:"Edil iki sany äpet dag ýaly (sogapdyr)." (Muttefekun aleýh)
3) Okalşy: Eger erkek bolsa onuň baş ujunda ymam ýa ýeke özi okaýan durup okamaly, eger aýal bolsa, onda ortasynda durmaly, çünki Pygamberimiz şeýle ederdi, Enesiň habar beren hadysynda(Ebu Dawud, Tirmizi, Ibn Mäje we Albany: “Sahyh” diýdi), soňra yhram tekbiri aýtmaly, tekbirden soň tagawwuz etmeli, soň “Bismillähirrahmanirrahyým” diýmeli, soňra Fatihany içinden aýtmaly, namazy agşam okaýan bolsalaram, soňra tekbir aýdyp Pygamberimize edil teşehhuddäki ýaly salawat aýtmaly, soňra tekbir aýtmaly, Pygamberimizden gelen dogalar bilen öli üçin doga etmeli, meselem:"Allahummagfir lihaýýinä, we meýýitinä we şähidinä we goo-ibinä, we sogiýrinä we kebiýrinä, we zekerinä we unsänä, Allahumme men ehýeýtehu minnä fe ehýihi aläl isläm, we men teweffeýtehu minnä feteweffehu aläl iýmän."(Ebu Dawud, Tirmizi we Häkim)
"Allahummegfir lehu werhamhu we aafihi, wagfu anhu, we ekrim nezlehu, we wessig medhalehu, wegsilhu bilmäi wesselji welberod, we nakkihi minez zunub wel hotoýä, kemä ýunekkos-sewbul-ebýezi mined-denes, we ebdilhu däron hoýron, we ehlen hoýron min ehlihi, we zewjen hoýron min zewjih, we edhilhul jenneh, we egizhu min azabil kobr ew azabin när." (Muslim)
Eger ýaş çaga bolsa, şuny okamaly: "Allahummej-alhu selefen liwälideýhi, we fereton we ejron."(Abdurrazzak)
soňra tekbir aýtmaly, soň biraz durmaly, eger nesip edenden doga etse ol has gowudyr, meselem: "Allahumme lä tahrimnä ejrohu we lä teftinä bagdehu." (Mälik, Abdurrazzak we Ibn Hibbän)
soňra bir gezek sagyna salam bermeli, eger iki gezek berse-de zyýany ýokdur, kim namaza gijräk gelse, ymama uýmaly, soňra sypdyran ýerini ymam salam berenden soň okamaly, eger ymam bilen okamagy sypdyrsa, ýöne öli jaýlanmazyndan öň gelse, mazarystanda sypdyran namazyny okap biler, çünki Pygamberimiz metjidi süpürýän aýalyň jynazasyny mazarystanda okandyr, başga ýurtdaky biriniň ölüm habary gelenden soň okamalydyr, hatda bir aýdan soňam okamak rugsatdyr, wagtyndan öň düşen çaga eger dört aýlyk bolsa onuň üçin jynaza okalar, eger dört aýdan kiçi bolsa oňa jynaza okalmaz.
Ýedinji mesele: Jynazany (tabyty) göterip ýöräp gitmek.
Ölüni gabyra çenli ugratmak sünnetdir, hadysdaky ýaly: "Kim tä namaz okalýança jynaza gatnaşsa, oňa kyýrat beriler, kim tä jaýlanýança gatnaşsa oňa iki sany kyýrat beriler" Soradylar: “Kyýrat näme?” Aýtdy: "Edil iki sany äpet dag ýaly (sogapdyr)." (Muttefekun aleýh)
Haçanda musulman adam başga bir musulmanyň ýogalanyny eşidende onuň tabytyny göterişmäne, jynazasyna durmana, ony jaýlamana howlukmalydyr, hadysda şeýle diýýär: "Musulmanyň musulmana bäş sany borjy bardyr: salamyny gaýtarmak, hassany zyýarat etmek, jynazalara gatnaşmak (ugratmak)...." (Buhary)
Eger hiç kim onuň jynazasyna çykmasa onda başarana çykmak hasam hökman bolýar, tabyty ulagda ýa haýwanyň üstünde götermegiň zyýany ýokdur, hasam eger mazarystan daş bolsa, jynaza gatnaşýan kişi tabyty göterişmelidir.
Diňe ölüler üçin bolan mazarystanda jaýlamak sünnetdir, çünki, Pygamberimiz Bakyýg atly mazarystanda jaýlar ekeni, ondan başga mazarystanda jaýlandygy barada hiç maglumat ýokdur.
Ölüni ýuwmaklyga, kepenlemäge, namazyna durmana, jaýlamaga howlukmak sünnetdir, hadysda aýdylşy ýaly: "Biriňiz ýogalsa ony saklamaň, ony tiziräk gabyryna eltiň!" (Tabarani, Ibn Hajar hasan diýdi).
Käbir adamlaryň gijä goýmagy, bir ýerden başga ýere äkitmegi, jaýlamak üçin hepdäniň belli gününe garaşmagy sünnete tersdir.
Şeýle hem, jynazany bahymrak ýöräp göterip gitmek hem sünnetdir, hadysda gelşi ýaly: "Jynazany (ölüni) bahymrak alyp gidiň, eger salyh bolsa, onuň haýryna bolar, eger beýle bolmasa, boýnuňyzdan şeri aýyrdygyňyz bolar." (Muttefekun aleýh)
Ýöne gatam howlugyp ýöremeli däl, gorgundan (atyň çapyş hereketiniň görnüşinden) pes bolmaly, käbir alymlaryň aýtmagyna görä.
Tabyty göterýänler agraslyk, arkaýynlyk bilen, seslerini galdyrman, ýöremelidir, çünki, Pygamberimiz beýle eden däldir, kim beýle etse, sünnete ters geler.
Tabyt bilen çykmaklyk aýallara rugsat däldir, Umm Atyýýe atly aýal sahabanyň aýtmagyna görä:"Jynazaň yzyna düşmeklik bize gadagan edildi." (Buhary we Muslim)
Jynazany götermek, gabyra çenli ugratmak diňe erkeklere mahsusdyr. Tä tabyt gabra goýulýança ugradýançy ýerde oturmaly däl (ýagny tabyty ýere goýman äkimelidir), çünki tabyty ýerde goýmakmekruhdyr, çünki Pygamberimiz goýlança oturmaklygy gadagan etdi. (Buhary we Muslim)
Sekizinji mesele: Ölüni jaýlamak, gabryň bolmaly sypaty, sünneti:
Gabry çuň hem giň gazmak, içinde lähet etmek sünnetdir, lähet - gabryň içinde gapdal tarapdan kybla bakdyryp gazylýan çukur, muňa içki jaý diýilýär, eger lähet etmek mümkin bolmasa, şakk etmelidir, şakk - gabryň ortasyndan gazylan çukur, ýöne lähet has haýyrlydyr, hadysdaky ýaly: "Lähet biz üçin, şakk bizden başgalar üçin." (Tirmizi we Albany: “Sahyh” diýdi).
Lähetde öli kişini sag gapdalyna ýatyryp, ýüzüni kybla bakdyrmalydyr, läheti kerpiç we palçyk bilen ýapmaly, soňra onuň üstüne gum sepmeli, gabry bir tirsek beýikliginde ýerden galdyrmaly, edil ürküjiň şeklinde, çünki Pygamberimiziň we onuň iki egindeşiniň (Ebu Bekr we Omaryň) gabry şeýledir. (Şerh mumtig). Şeýle hem, onuň gabyrdygy belli bolup, üstünde ýaramazlyklar edilmez ýaly.
Gabryň çäklerini kesgitlemek üçin, tanalmagy üçin daş goýup çykmak rugsatdyr, emma bina salmak, suwag etmek onuň üstünde oturmak haramdyr. Eger tanamak üçin belgi hökmünde ýazgy goýulsa zyýany ýokdur, ýöne öte geçmeli dälir, ondan artyk hiç zat ýazmaly däldir, Jäbiriň hadysyndaky ýaly:"Pygamberimiz gabry suwamagy, üstünde oturmagy, üstüne bina salmagy gadagan edendir."(Muslim), Tirmizi goşdy: "üstüne ýazgy goýmagy (hem gadagan etdi)."
Şeýle hem beýle etmek, şirke eltýän, gabyrlara çokundyrýan ýollaryň biridir, olara köp aldanyp azaşýanlar köpdür.
Gabyrlary ýagtylandyrmak hem haramdyr, çünki bu kapyrlara meňzemekdir, puly boş ýere harçlamakdyr, şeýle-de gabyrlaryň üstünden metjit gurmak, namaz okamak hem haramdyr, hadysdaky ýaly: "Ýahudy we hristianlara Allahyň lagnaty (näleti) bolsun, Pygamberleriniň gabyrlaryny metjit edindiler." (Buhary we Muslim)
Gabryň üstünde ýaramaz işleri etmek haramdyr meslem: üstünden ýöremek, köwüşli üstünden basyp üstünde oturmak, Ebu Hureýranyň hadysynda agzalşy ýaly: "Biriňiziň közüň üstünde oturup, eşikleri ýanyp derisine çenli ýetmegi gabryň üstünde oturmagyndan has haýyrlydyr." (Muslim)
Şeýle hem, gabyrlara aýak basmagy hem Pygamberimiz gadagan edendir. (Tirmizi)
Jaýlanyp bolansoň, öli üçin doga etmeklik sünnetdir, çünki Pygamberimiz haçanda ölüni jaýlap bolanyndan soň, onuň başynda durup doga ederdi: "Doganyňyz üçin bagyşlanma soraň, oňa durumlylyk diläň, çünki ol şu wagt soraga çekilýär." (Ebu Dawud)
Emma gabryň başynda Fatiha okamak, ýa başga süreleri okamak ýaramaz bidgatdyr (dine täze girizilen zatdyr), çünki, Pygamberimiz sahabalar beýle eden däldirler, başga hadysda şeýle diýýär: "Biziň emrimiz bolmadyk zady amal edeniň amaly retdir (kabul däldir)." (Muttefekun aleýh)
Dokuzynjy mesele: Gynanç bildirmegiň hökümi we sypaty:
Gynanç bildirmek - başyna synag gelen kişä goldaw bermek, gapdalynda durup, ajysyny çekişmek, sabyr, çydamlylyk baradaky dogalary, zikrleri ýatlatmak.
Şu zatlary aýdyp goldaw bermek sünnetdir, ýa-da köşeşdirýän sözleri, ajyny gowşadýan dine ters gelmeýän kelamy aýtmak hem rugsatdyr. Usame ibn Zeýd şeýle diýdi: "Pygamberimiziň ýanyndadyk, onuň ýanyna gyzlarynyň birisi (adam) iberip, onuň çagasy ýa ogly ölüm (ýagdaýdadygyny) habar berip, (Pygamberimizi) çagyrýar, şonda Pygamberimiz şeýle diýdi: "Onuň ýanyna dolanyp bar, şuny habar ber: Allahyň bereni hem alany hem Onuňkydyr, hemme zat belli wagta çenli Onuň elindedir, oňa sogabyny umyt edip sabyr et diýip buýur." (Buhary we Muslim).
Köşeşdirmek üçin aýtmaly sözleriň iň gowusy şu sözlerdir, gynanç bildirende, goldaw berende adamlaryň arasynda ýaýran, dinde bolmadyk zatlardan daşda bolmalydyr, meselem:
1. Gynanç bildirmek üçin mahsus mekana gelip, ýagtylyk gurnap, oturgyçlary getirip üýşmek.
2. Ölüniň yzyndakylaryň gynanç üçin gelenlere nahar taýynlap bermegi, Jerir ibn Bejli atly sahabs şeýle diýýär: "Öliň yzyndan jemlenip jaýlanandan soň tagam bişirmegi niýaha([1])hasaplaýardyk." (Ibn Mäje we Albany: “Sahyh” diýdi)
3. Gaýta-gaýta gynanç bildirmek üçin barmak, emma aslynda gynanç bir sapar bildiriler, emma köp gelmekden maksat - sabyrlandyrmak, Allahyň takdyryna razy bolmagy ündemek bolsa zyýany ýokdur. Emma bu maksat ýok bolsa, gelip-gidip ýörmeli däldir, çünki, Pygamberimiz, sahabalar beýle eden däldirler.
Ölüniň garyndaşlary we goňşulary ölüniň maşgalasy üçin nahar etmelidirler, ynha bu sünnetdir, hadysdaky ýaly: "Jagferiň maşgalasy üçin nahar ediň, olary (nahardan) güýmeýän zat başlaryna geldi." (Ebu Dawud, Tirmizi we Ibn Mäje.).
Emma göz ýaş etmek, aglamak, gynanmak haram däldir, çünki bu adamyň erkindäki zat däldir, Pygamberimiz aglapdy, haçanda ogly Ybraýym ýogalanda: "Gözlere ýaş geler, kalp gynanar, (ýöne şonda-da) Robbumuzy razy etjek zatdan başgasyny aýtmaly däldiris..."(Buhary)
Ýöne bu zatlar nägilelik görkezip, takatsyzlygy bildirip, şikaýat hökmünde bolmaly däldir, niýaha etmek, gaty ses bilen aglamak, ýaňaklara urup, ýakalary ýyrtmak haramdyr, hadysdaky ýaly: "Ýaňaklary dyrnakçylaýan, ýakalary ýyrtýan, nadanlyk döwrüniň dogalary aýdýan bizden däldir." (Buhary we Muslim)
Meselem: waý, ýa weýle, we ş.m.
Başga hadysda şeýle diýýär: "Şeýle gygyryp aglaýçy aýal ölüminden öň toba etmese, kyýamat gününde garaýagdan eşikli we gotur, gijewilik sowutly halynda gopar." (Muslim)
([1]) Niýaha diýmek- Başa gelen ölüme nägilelik görkezmek.