Jumga namazy.
Bu bapdaky meseleler:
Birinji mesele: Jumganyň hökümi we delili:
Jumga namazy erkekler üçin parz aýndyr (her kime parzdyr), şu delillere görä: "Eý, iman edenler! Siz juma gününde (juma) namazyna çagyrylan badyňyza Allahy ýatlamaga (namaza) howlugyň, söwda-satyk (işleriňizi) taşlaň! Eger biler bolsaňyz, bu siziň üçin (has) haýyrlydyr!" (Jumga 9)
"Her bir ýaşy ýetene jumga gitmek wajypdyr." (Nesäi, Albany sahyh diýdi)
"Adamlar jumgany terk etmelerini bes etsinler, ýa Allah olaryň kalplaryny möhürlär, soňra olar gapyl bolarlar." (Muslim)
Newewi aýtdy: "Hadysyň berýän manysy - jumga her (erkek) kişä parzdyr." (Sahyh Muslimiň şerhi)
"Jumga jemagat bolup her musulmana wajyp bolan borçdyr." (Ebu Dawud, Albany sahyh diýdi)
Ikinji mesele: Kime wajyp?
Jumga namazy her erkek, azat, akly bar, ýaşy ýeten, başarýan, oturumly (ýolagçy däl) musulmana wajypdyr. Aýala, gula, dälä (akylsyza), çaga, hassa, ýolagça wajyp däldir, hadysda agzalşy ýaly:"Jumga jemagat bolup her musulmana wajyp bolan borçdyr, diňe dört kişiden galanlara (wajyp däldir): gula, aýala, çaga, hassa." (Ebu Dawud, Albany sahyh diýdi)
Ýolagçy kişä jumga wajyp däldir, çünki, Pygamberimiz saparlarynda jumga okamaýan ekeni, haçanda Arafa güni jumga gününe gabat gelende jumga okaman öýle bilen ikindini goşup okapdyr. Emma jumga okalýan ýurda ýolagçy gelse, jumga gatnaşmak onuň üçin has haýyrlydyr. Eger jumga gul, aýal, çaga, hassa, ýolagçy kişiler gatnaşsalar olaryň namazlary dürs bolup, öýle namazyň ýeri tutulýandyr.
Üçünji mesele: Wagty:
Jumganyň wagty öýläniň wagtydyr, günüň çür depeden gyşaranyndan soň tä zatlaryň kölegesi boýlary ýaly bolýança, Enes ibn Mälik Pygamberimiziň jumgany gün gyşaryp başlanda okanyny habar berýär(Buhary). Şeýle hem, Pygamberimiziň sahabalary hem şeýle ederdiler(Fethulbäri). Şeýlelik bilen, kim jumga namazynyň wagty çykmazyndan öň bir rekagadyna ýetişse, jumga ýetişdigidir, emma ýetişmese öýle edip okamalydyr, öň agzap geçen hadysymyzdaky ýaly: "...Kim namazyň bir rekagatyna ýetişse namaza ýetişdigidir."
Dördünji mesele: Hutba.
Hutba jumganyň rükünlerinden bir rükündir, onsyz jumga dürs bolmaz, çünki, Pygamberimiz hutbany hiç taşlamazdy, eldymama hutba aýdardy. Hutba iki bölümden ybaratdyr, jumga namazyň dürs bolmagy üçin namazdan öň hutba aýdylmagy şertdir.
Bäşinji mesele: Hutbanyň sünnetleri.
Musulmanlaryň dünýeleriniň we dinleriniň abat bolmagyny doga etmek, baştutanlar üçin rowaçlyk, üstünlik dilemek sünnetdir, çünki Pygamberimiz jumga güni hutba edende barmagy bilen yşarat edip, doga ederdi, adamlaram yzyndan ämin diýerlerdi. Şeýle hem, hem hutbany aýdýan hem namazda ymam bolýan kişiniň bir adam bolmagy sünnetdir, hutba edende başardygyndan sesini beýgeltmegi hem sünnetdir, dik durup hutba etmegi hem sünnetdir, aýatda aýdylşy ýaly: "Olar (sen hutbada) dik durkaň..." (Jumga 11)
Jäbir ibn Semure şeýle diýdi: "Allahyň Resuly dik durup hutba aýdardy, soň oturardy, soň turup hutba aýdardy, kim saňa onuň oturyp hutba aýdanyny gürrüň berse ol ýalan sözlär." (Muslim)
Hutba aýdýançy münberde ýa beýik ýerde dik durmagy sünnetdir, çünki Pygamberimiz münberinde hutba aýdardy. Sebäbi beýik ýerde aýtmak eşitdirmek üçin, wagyz etmek üçin has laýykdyr.
Iki hutbanyň arasynda biraz oturmak hem sünnetdir, ibn Omar şeýle habar berdi: "Pygamberimiz iki gezek hutba aýdardy, olaryň arasyny oturup bölerdi." (Muttefekun aleýh)
Hutbany gysga okamak sünnetdir, ikinji bölegi bolsa birinjiden gysga bolmalydyr, Ammaryň habar beren hadysyna görä: "Adamyň namazy uzaldyp, hutbany gysgaltmagy onuň fykhynyň (ylmynyň) alamatydyr, şonuň üçin namazy uzaldyp, hutbany gysgaldyň." (Muslim)
Hutba aýdýan kişi gelende adamlara salam bermegi sünnetdir, Jäbiriň aýtmagyna görä: "Pygamberimiz haçanda münbere münende salam bererdi."
Azançy aýdyp bolýança münberde oturmak hem sünnetdir, ibn Omaryň habaryna görä: "Pygamberimiz münbere münenden soň tä azançy aýdyp bolýança oturardy, soň turup hutba aýdardy."
Hutba aýdýan kişiniň hasasyna daýanmagy we öňüne bakmagy sünnetdir, çünki Pygamberimiz şeýle eder ekeni.
Altynjy mesele: Jumgada etmesi haram bolan zatlar.
Ymam hutba aýdyp durka gürlemek, gürleşmek haramdyr, hadyslardaky ýaly: "Kim jumga gününde ymam hutba aýdyp durka gürlese, ol edil üstünde ýük bolan eşek ýalydyr." (Muslim)
"Eger ýoldaşyňa ymam hutba aýdyp durka dym diýseň "lagw" etdigiňdir." (Muttefekun aleýh) Ýagny: lagw diýmek - boş batyl gürrüň etmek diýmek.
Şeýle hem, hutba wagtynda adamlaryň üstlerinden ätlemek haramdyr, haçanda Pygamberimiz beýle eden adamy görende şeýle diýdi: "Otur, ezýet berip bildiň." (Ebu Dawud, Nesäi, Häkim, Albany sahyh diýdi)
Beýle etmek namaz okaýanlar üçin ezýetdir, olary hutbadan güýmemekdir, ýöne ymam barmaly ýerini ýetmek üçin geçip gitse rugsatdyr. Iki adamyň arasyny açyp bölmek mekruhdyr, hadysda aýdylşy ýaly: “Kim jumga güni suwa düşse...soňra (metjide) gidip, iki (adamyň) arasyny açyp bölmese, nesip edenden namaz okasa...onuň iki jumga aralygyndaky (günäleri) bagyşlanar.” (Buhary)
Ýedinji mesele: Nädeňde jumga ýetişdigiň bolýar?
Eger ymam bilen bir rekagat okasaň jumga namaza ýetişdigiňdir, Ebu Hureýranyň habar beren hadysyna görä: "Kim jumga namazynyň bir rekagatyna ýetişse jumga namaza ýetişdigidir." (Ibn Mäje, Albany: “Sahyh” diýdi)
Eger bir rekagatdan azyna ýetişse öýle namazy okamalydyr.
Sekizinji mesele: Jumganyň nefili.
Jumga namazyndan öň sünnet (rotibe) namazy ýokdur, emma nefil namazy rugsatdyr, çünki Pygamberimiz ony ündändir, ýokarda agzan hadysymyzda aýdylşy ýaly: "Kim jumga güni suwa düşse...soňra (metjide) gidip, iki (adamyň) arasyny açyp bölmese, nesip edenden namaz okasa..."
Nefili sahabalaram okaýan ekenler, şeýle hem ol sogaply namazdyr, emma kim nefili okamasa oňa käýemeli däldir.
Jumgadan soň okalýan sünnet namaz 2 ýa 4 ýa 6 rekagatdyr, Pygamberimiz şeýle buýrar ekeni, özi hem: “Jumgadan soň iki rekagat okar ekeni”(Muslim). Başga hadyslarda şeýle diýýär: "Biriňiz jumgany okanyndan soň, yzyndan dört rekagat okasyn." (Muslim)
"Biriňiz jumgadan soň namaz okamakçy bolsa, dört rekagat okasyn." (Muslim)
Emma 6 rekagada delil: “Haçanda ibn Omar Mekkede wagty jumgany okanyndan soň öňe geçip iki rekagat okardy, soň ýene öňe geçip dört rekagat okardy, emma Medinede wagty jumgadan soň öýüne gaýdardy, soň iki rekagat okardy, metjitde okamazdy, haçanda munuň sebäbi soralanda şeýle diýdi: "Pygamberimiz şeýle ederdi." (Ebu Dawud)
Şeýlelik bilen jumgadan soň okalýan sünnet namazyň iň azy iki rekagat iň köpi bolsa alty rekagatdyr, käbir alymlar şeýle diýdiler: “Eger metjitde okasa dört okamalydyr, eger öýünde okasa iki okamalydyr.” (Zädul-Me-ad)
Dokuzynjy mesele: Jumga namazyň okalşy:
Jumga iki rekagat bolup, daşyňdan (uly ses bilen) okalýan namazdyr, sebäbi Pygamberimiz şeýle eder ekeni, diýmek sünnetdir, alymlar muňa biragyzdan ylalaşandyrlar. Birinji rekagatda Fatihadan soň "Jumga" süresini, ikinjide "Munafyklar"(Muslim) süresini okamak sünnetdir, ýa birinjide "Agla" ikinjide "Goşiýe"(Muslim) sürelerini okamak sünnetdir.
Onunjy mesele: Jumganyň sünnetleri:
1) Uly sogaba eýe bolmak üçin ir metjide gitmek sünnetdir, Ebu Hureýranyň habar beren hadysynda Pygamberimiz şeýle diýýär: "Kim jumga güni ini hapalyk gusulyny alsa, soňra (metjide) birinji sagatda gitse, ol edil düýäni gurban eden ýaly bolar, kim ikinji sagadynda gitse, ol edil sygyry gurban eden ýaly bolar, kim üçünji sagadynda gitse, ol edil şahly goçy gurban eden ýaly bolar, kim dördünji sagadynda gitse, ol edil towugy gurban eden ýaly bolar, kim bäşinji sagadynda gitse, ol edil ýumurtgany gurban eden ýaly bolar, haçanda ymam çykanda perişdeler gelip zikri diňlärler." (Muslim)
Başga hadysda şeýle diýýär: "Kim jumga güni suwa düşse we ýuwunsa, ir bilen ir-gözin (metjide) gitse, (ymama) golaýlaşyp, (hutba) gulak asyp diňlese, onuň her äden ädimi üçin bir ýylyň namaz we roza sogaby beriler." (Tirmizi)
2) Suwa düşmek, ýokardaky hadysda aýdylşy ýaly: "Kim jumga güni ini hapalykdan gusul alşy ýaly gusul alsa..."
Elmydama suwa düşmekligi endik edinmelidir, ony taşlamaly däldir, bu aýratynam ýakymsyz ysly adamlara degişlidir.
3) Arassalanmak, atyrlanmak, bedenden aýyrmaly zatlary aýyrmak, meselem: dyrnaklar we ş.m
Arassalanmak gusuldan artyk amaldyr, ýakymsyz yslary döredýän tüýleri aýyrmak, dyrnaklary almak, etegi syrmak, goltugy ütmek, murty gysgaltmak, ýakyly ys çalynmak bularyň hemmesi sünnetdir. Hadysda Pygamberimiz şeýle diýýär: "Jumga güni suwa düşen, başardygyndan tämizlenen, (öz ýakymly ys berýän) ýagyndan çalynan ýa atyryndan sepinen kişi...." (Buhary) Ibn Hajar (şu hadysy açyklanda) aýtdy: “"tämizlenen" sözünden maksat - arassalanmagy gowy ýerine ýetirmekdir...ýagny, etegi syrmak, murty gysgaltmak, dyrnaklary almak.” (Fethulbäri)
4) Iň gowy eşikleri geýmek sünnetdir, Ibn Omaryň hadysynda gelşi ýaly: "Omar ibn Hattab metjidiň gapysynyň ýanynda ýapynja edip geýilýän eşigi görüp şeýle diýdi: “Eý Allahyň Resuly! muny satyn alsaň, ony jumga güni geýseň, ýa wekiliýet (myhmanlar) gelende geýseň.”" (Buhary)
Jumgada iň gözel geýimleri geýmelidigine bu hadys delildir, Buharynyň aýtmagyna görä: "Bap: Iň gözel tapan eşigini geýmek." Ibn Hajar şeýle diýdi: "(Bu) Hadysyň bu netijäni aňladýan ýeri - Pygamberimiziň Omaryň aýdanlaryny ykrar etmegi, ýagny jumgada owadanlanmagyň ykrary."(Fethulbäri)
Başga hadysda şeýle diýýär: "Biriňiziň jumga üçin iş köýneklerinden daşary iki köýnek (ýagny içki we daşgy eşik) satyn almagy (has gowudyr)." (Ebu Dawud, Ibn Mäje, Albany: “Sahyh” diýdi)
5) Jumga gününiň gijesinde we gündizinde Pygamberimize salawat aýtmaklygy köpeltmek sünnetdir, hadysdaky ýaly: "Jumga gününde maňa salawat aýtmagy köpeldiň!" (Ebu Dawud, Nesäi, Ibn Mäje, Häkim, Albany: “Sahyh” diýdi)
6) Jumga gününiň ertir namazynda birinji rekagadynda "Sežde" ikinjisinde "Ynsan" sürelerini okamak sünnetdir, çünki, Pygamberimiz hemişe şeýle okar eken(Buhary). Şeýle hem gündiz "Kehf" süresini okamak sünnetdir, hadysdaky ýaly: "Kim jumga güni kehf süresini okasa onuň aýagynyň aşagyndan asmanyň bulutlaryna çenli nur saçar, kyýamat gününde ol (nur) ýagtylanar, şeýle hem, onuň iki jumga arasyndaky (günäleri) bagyşlanar." (Häkim, Albany: “Sahyh” diýdi)
7) Metjide giren kişi iki rekagat metjit namaz okaman oturmaly däldir, bu sünnetdir, çünki Pygamberimiz şeýle buýrandyr (Buhary), emma ymam hutba aýdyp duran bolsa ýeňiljek okamalydyr, ýagny uzaltman.
8) Köp doga etmek hem sünnetdir, doganyň kabul bolýan sagatlaryny sypdyrman dileg etmek, hadysdaky ýaly: "Jumga gününde bir sagat bardyr, ol sagatda namaza durup, Allahdan bir zat dilän her musulman bendäniň dilegini Allah berjekdir." (Buhary we Muslim)