Jumga hutbasy: Käbir adamlaryň namaza ýeňil-ýelpaý garamaklygy.
Şerigat eden zadyny mäkämlän, döreden zadyny sünnälän, bendelerine çäkleri çäklän, olara dini buýruklary beren, din we dünýä meselelerinden mätäç zatlarynyň hemmesini beýan eden Allaha hamdy-sena bolsun, Ol päkdir, Ol nähili Merhemetli Rob we Hikmetli Iläh.
Şärigi bolmadyk, ýeke Allahdan başga hak ilähiň ýokdugyna şaýatlyk edýärin, ähli mülk we ähli hamdy-senalar Onuňkydyr, Ol hemme zada kadyrdyr we Muhammediň Allahyň guly we Resulydygyna şaýatlyk edýärin, ol buşlaýjy, duýduryjy we ýagty saçýan çyragdyr, Allahyň salawaty we salamy oňa, maşgalasyna, sahabalaryna we olara ýygşylyk bilen kyýamat gününe çenli eýerenlere bolsun.
Soňra:
Eý adamlar! Allah Tagaladan gorkuň, biliň Allah size parzlary parz edendir, olary (berjaý etmän) ýitiräýmäň, çäkleri çyzandyr, olardan aşaýmaň.
Parzlary siziň beýik maksatlara, Jennet bakjalarynda belent derejelere ýetmegiňiz üçin, olar sebäpli Oduň azabyndan, heläkçiliginden nejat tapmagyňyz üçin parz edendir.
Size bäş wagt namazy parz edip, olary doly berjaý etmekligi, olara garaşyk etmekligi size buýrandyr, şonuň üçin, size buýrulşy ýaly ýerine ýetiriň, namazlary şertleri, rükünleri, wäjipleri bilen berjaý edip, mustahaplary (goşmaça söz we amallary) bilen dolduryň, namazlara sowuksala garamaň, ýogsa ýitgi çekenlerden bolarsyňyz.
Eý Adamlar! Köp musulmanlar namazlaryna sowuksala garaýarlar, okamaly wagty okamaýarlar.
Öýle namazynyň wagty günüň gyşarmasyndan (başlaýar), ýagny, günüň asmanyň ortasyndan agan (wagty öýle namaz girýär), onuň alamaty - günüň kölegesiniň gysgalygyndan soň, kölegäniň uzalyp artyp başlamagy. Öýläniň wagty günüň şol agmasyndan başlap tä ikindi girýänçä dowam eder, Ikindi wagty gün agansoň her zadyň kölegesi öz (uzynlygyna) barabar bolanda başlaýar, ikindiň ygtyýar wagty (ýagny, ýagdaýy bolan şol wagtdan gijikdirmeli däl) günüň saralmagy bilen gutarýar, we zeruryýet wagty (ýagny, gijikdirmäne dini sebäbi bolan şol wagta ikindini gijikdirip biler) günüň batmasy bilen gutarýar. Soň gün batandan soň agşam namazy girýär, onuň wagty gyzyl şapagyň ýitip gitmesine çenlidir, ýagny, gün batandan başlap bir ýarym sagat töweregi dowam edýär, soň ýassy namazyň wagty girip, gijäniň ýarysyna çenli dowam edýär. Bu dört namazyň wagtlary yzly-yzyna, arasy bölünmesiz gelýär, ýagny, birisiniň wagty çyksa beýlekisiniň wagty girýär.
Ertir namazyň wagty dogry daň atansoň başlaýar, ýagny, gözýetimde günüň dogmasyny aňladýan giňligine ýaýran aklyk bolýar, ynha şol dogry daňyň atanyny aňladýar. Ertir namazyň wagty beýleki namazlaryň wagty bilen seplenen däldir, ol aýrydyr, (ýagny) Ýassy namaz bilen ertiriň aralygy - gijäniň ýarysyndan daň atýança aralygy, öýle namazy bilen ertiriň aralygy - gün dogansoň gün gyşarýança aralygy, Allah Tagala aýtdy: "Gün (günortandan) agandan, tä gijäniň garaňkylygyna çenli (öýle, ikindi agşam, ýassy) namazy doly berjaý et" (Isra 78).
Aýat dört wagt namazlaryň: öýle, ikindi, agşam, ýassynyň wagtlaryny içine alýar, soň arasyny bölüp aýtdy: "... we ertir Kuranyny (namazyny) oka!"
Bu aýatda Allah ertir namazyny ertir Kurany diýip atlandyrdy, sebäbi ertir namazda Kuran uzak okalýar: "Çünki ertir (bilen namazda okalýan Kuran) şaýatlydyr."(Isra 78).
Şonuň üçin, musulman namazynyň az bölegini bolsa-da (wagtyndan) öň okamaly däldir, az bölegini bolsa-da (wagtyndan) giç okamaly däldir. (Eger az bölegi şeýle bolsa) namazy bütinleýin ýaltanyp, sowuksala bolup, dünýäni ahyretden üstün tutup gijikdirýänleriň (haly) nähili-kä?! Nädip düşeklerinde ukudan lezzetlenýärler, nädip güýmenjelerden keýp alýarlar, edil bu dünýä (işleri üçin) ýaradylan ýaly, olar hamala Kuran okamaýan ýaly, olar hamala Allah Tagalanyň sözüni okamaýan ýaly: "Okan namazlaryndan özleri gapyl bolanlaryň waý hallaryna!" (Mägun 4-5).
Hamala şu aýatam okamaýan ýaly olar: "Bularyň yzyndan namazlaryny taşlap, nebisleriniň isleglerine eýeren nesil geldi. Takyk, olar (özleriniň azgynçylyklarynyň) jezasyny çekerler. Emma (ýürekden) toba edip, iman getiren we ýagşy işleri eden kişiler jennete girerler we olara hiç hili zulum edilmez." (Merýem 59-60).
Namazlara üns bermeýäne, sowuksala garaýana azap wadasy baradaky hadyslar hamala olara ýetmedik ýaly (özlerini alyp barýarlar).
Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy: "Kim ikindi namazyny geçirse, edil (bütin) malyny we maşgalasyny ýitirdigi ýalydyr." (Muttefekun aleýhi)
Ýagny, edil oňa maşgala, çaga ýitgisi degen ýalydyr.
Subhanallah! Bu nähili möhüm zat! Ikindi namazy geçiren nähili ýitgi çekjek ekeni?! "edil (bütin) malyny we maşgalasyny ýitirdigi ýalydyr." Ýagny, öýlenen halyndan soň sallah halyna öwrülýär, baý halyndan soň garyp hala, ynha Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýdi, ol bolsa öz howaýy-isleginden gürlemez.
Şu ýagdaýy göz öňüňize getiriň: aramyzdaky biriniň mal-mülki, maşgalasy bar, olaryň içinde şadyýan gezip ýör, soň onuň başyna bela gelýär, ol sebäpli hemme mal-mülki zaýalanýar, maşgalasy aýrylýar, ynha haly şular ýaly adama beýleki adamlar nähili gatnaşar?
Olaryň oňa nebsi agyrar, belasy üçin ony köşeşdirerler, her hili gynanç bildirerler. Ýöne gynansak-da, köp adam ikindi we beýleki namazlaryny geçirýärler, emma oňa gynanmaýarlar, beýle bolýan zada ünsem bermeýärler. Ýogsa, onuň musulman doganlary onuň halyny görüp durlar, şonda-da oňa nebisleri agyrmaýar, ony Allahyň azabyndan gorkuzmaýarlar, ýogsa eger olar Allahyň wajyp eden zatlaryny berjaý etmeseler, ol azap olaryň hemmesini gurşap alar.
Şeýle hem, köp namaz okaýanlar owrat ýerlerini örtmeklige ýeňil-ýelpaý garaýarlar, Allah Tagala aýtdy: "Eý‚ Adam ogullary! Her (namaz wagty) metjide (gideniňizde) tämiz we gelşikli geýimleriňizi geýiň!" (Agraf 31).
Alymlar owrat ýerleri kesgitläp aýtdylar: erkegiň owraty - göbek bilen dyz aralygy, ýetişen zenanyň owraty - ýüzünden başga bedeniň hemme ýeri, emma (şeýle wagt namazdan başga wagtda) seretmeklik taýdan ýüz owratdyr, ýöne namazda owrat däldir. Egerde adamsyndan ýa mahramyndan başga biri namazda zenany görýän bolsa onda ýüzüni ýapmagam wajyp bolar, ynha bu ýagdaýda başgalaryň gözi düşmezligi üçin zenana ýüzüni ýapmak wajyp bolar, namazyň (şerti bolany) üçin däl.
Allahyň bendeleri Allahdan gorkuň! Namazda rugsatly, tämiz, bedeni aýdyň etmeýän eşik bilen örtüniň! Bu zatlara sowuksala garamakdan häzir boluň! Zynat, artykmaç bezeg eýeleri inçe, ýuka ýa aňyrsy görünýän eşikleri geýýärler, ol eşikler bedeni örtmeýär, sebäbi bedeniň reňki aňyrsynda görünip dur, şeýle hem, olaryň üstlerinde dyzlaryna ýetmeýän balakdan başga zat ýok, ol hem köýnegiň aňyrsyndan budyň reňkini mälim edýär, ynha bular örtünmek wajybyny berjaý etmeýärler, örtünmek aslynda namazyň şertidir, olara owratlaryny ýapar ýaly balaklaryny göbekden dyza çenli uzaltmak wajypdyr.
Ýene-de käbir adamlaryň ýeňil-ýelpaý garaýan zady - namazdaky huşug, huşug - kalbyň bilen ünsli bolup, agzalaryň bilen rahat bolmak. Kalbyň bilen ünsli okamak barada ýatsak, köp adamlar namaza girdikleri olaryň kalplary saga-sola, oý-pikirlere girip ugraýar, geň-täsin zat - namaza girmezden öň bu zatlar barada pikir etmeýärdi, bundan has beter geň zat - köplenç bu zatlar asla peýdasyz zatlar, ol zatlar onuň dinine-de, dünýäsine-de degişli däl, ýöne şeýtan onuň namazyny zaýalajak bolup oňa bu pikirleri etdirýär, şonuň üçin, ol namazdan çykar, emma kalby nurlanmaýar, gözi aýdyň bolmaýar, gursagy giňemeýär, imany güýçlenmeýär, sebäbi namaz onuň üçin bir awtomatik enjamyň hereketleri ýaly hereketlerdir.
Hakykatdanam, bu iňňän düýpli beladyr, ýaýran keseldir, diňe ýönekeý adamlaryň arasynda däl, eýsem, alym we ybadathon adamlarda hem bardyr, diňe Allahyň isläninde ýokdur.
Ýöne Allaha hamdy-sena bolsun her keseliň dermany bardyr, eger ynsan beýle zady duýsa daşlanyp kowlan şeýtanyň şerinden Allaha sygynsyn, özüniň Allahyň azze we jelle öňündedigini, gözleriň hyýanatçylykly seredişini we ýürekleriň pynhan işlerini bilýäniň öňündedigini ýadyna düşürsin.
Şonuň üçin, namazda aýdýan we edýän zatlary barada pikirlensin, umyt, Allah onuň (gerekmejek pikirlerini) gidirer.
Agzalaryň bilen rahat bolmak barada aýtsak, namaz okaýanlaryň köpüsi agzalary bilen rahat durmaýarlar, elleri bilen ýa aýaklary bilen ýa gözleri bilen, ýa kellesi bilen güýmener, elini gymyldadyp sagadyna bakyp alar, sakalyny oýnar, aýagyny öňe-yza süýşürer, gözüni asmana galdyrar, aslynda gözleri asmana namazda galdyrmak Allah bilen edeplilige ters geler, şonuň üçin haramdyr, beýle etmäň diýip, Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) güýçli duýduryş berendir, bu barada gatyrak kelam aýdandyr, ol şeýle diýdi: "Namazda gözlerini asmana bakdyrýan kowumlar (adamlar) näme edýärler?! – bu barada gatyrak aýdyp şeýdip diýdi - ýa (beýle) etmelerini bes ederler, ýa olaryň gözleri kör bolar." (Buhary).
Şonuň üçin, Allahdan gorkuň – Eý, Allahyň bendeleri! Allahyň jezasyna duçar bolmakdan häzir boluň!
Namazyň peýdasy üçin edilen hereketleriň zyýany ýokdur, tersine, olary etmek gerekdir, şonuň üçin, Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) haçanda Ibn Abbas – Allah ondan we kakasyndan razy bolsun – onuň çepine geçip namaza duranda, Pygamberimiz onuň başyndan tutup, sag tarapyna geçirdi. Şeýlelik bilen, eger namaz okaýan hatary deňemek üçin, ýa golaýlaşmak üçin, ýa öňündäki hatara goşulmak üçin hereket etse, ýa doganyny hataryň arasyny ýapmak üçin çekse, bu zatlaryň hemmesi rugsatdyr, has dogrusy etmeli işlerdir, sebäbi bu zatlar namazyň kämilligidir.
Eý Musulman! Bu aýdylan zatlar babatynda öz namazyňda Allah gork! Namazy ybadat edinip oka, adat edip däl.
Robbuň üçin namazda huşugly bol! Kalbyňy oýa tutup, agzalaryňy rahat sakla! Allah Tagala aýdýar: “Möminler (bagtyýarlyga ýetip) halas bolarlar. Olar namazlaryna huşugly (pespällik, doly edeplilik bilen) durýandyrlar.” (Muminun 1-2).
Allah meni we sizi Özüne ybadat etmekde, Onuň üçin sapniýet bolmakda, Resulyna eýermekde üs

tünlik bersin. We bizi gyşarmalardan, pitnelerden gorasyn, elbetde Ol sahylyk we kerem eýesi, Merhemetli we Rehimdardyr.
Şeýh Muhammet Ibn Salyh Useýmin.