top of page
Поиск

Jadygöýlik barada.


“Jady” sözüniň asyl manysy - sebäbi gizlin we inçeden inçe bolan zat diýmekdir.

Jadygöýlik bolsa - jynlara çokunup, olary ulanmakdyr.

Biziň halkymyzda bu zat dogalamak, doga okatdyrmak, doga içirmek, düwme düwmek diýip tanalýar.

Jynlara çokunmagyň manysy - olara ybadat etmek, olaryň şirk we küfr bolan buýruklaryny ýerine ýetirmek. Jynlar hem öz nobatynda olaryň isleglerini berjaý edýärler.

Jadylygyň iň esasy we uly täsiri adamyň ruhuna ugrukdyrylandyr. Düşünjeleri üýtgeder, göwünlere deger, ahlagy harap eder. Är-aýalyň arabaglanyşygyny bozar, maşgala ojagyny ýykar, goňşularyň arasyna çöp atar, jemgyýeti uly pitneler bilen ýüzbe-ýüz edip taşlar. Ynha, şonuň üçinem dinimiz jadygöýlügi gadagan edýär, jadygöýleriň ýaman niýetli adamlardygyny we bu dünýäde-de, ahyretde-de perişan boljakdygyny öňünden habar berýär. Bu hakynda Kurany-Kerimde:

"Jadygöý bolsa hiç ýerde rowaçlyk gazanmaz."

(Taha 69)

وَلَا يُفۡلِحُ ٱلسَّاحِرُ حَيۡثُ أَتَىٰ ٦٩

Ýagny, jadygöý nirä barsa, onuň her bir baran ýeri fitne-fesatdyr, onda şatlykdan nam-nyşan galmaz. Munuň şeýledigini hiç hili şübhe ýokdur. Är-aýaly biri-birinden aýran, maşgala ojagyny ýykan, goňşulary, dostlary biri-birine düşman eden, jemgyýetiň şahslarynyň arasyndaky agzybirligi we jebisligi bozan adam ýaman niýetli we erbet ruhludyr. Allah şunuň ýaly adamlara hiç wagt bagtlylyk nesip etmez tä toba edýänçä. Jadygöýüň jadylygynyň günä bolşy ýaly, musulmanlaryň bir işiň we meseläniň çözgüdi üçin jadygöýe ýüz tutmasy-da günädir.

Jadygöýler jynlara ybadat bilen takarrub (ýakynlaşma, golaýlaşma) edýänçäler jynlar olaryň isleglerini ýerine ýetirmezler. (Meselem) Allaha sögmek, pygambere lagnat aýtmak, dini peseltmek, şeýtanlaryň adyna janly aýtmak, hatda aýtmaga diliň öwrülmeýän zatlary: Kuranyň sahypalaryna nejasat degirmek, öz buşugyňa täret kylmak, pişigi gark edip öldürmek we başga-da nirde hapysa, kirli, nejis işleri etmek. Şular ýaly zatlary jadygöý etmese, jynlar oňa hiçem hyzmat etmezler. Bu barada Kuranda şeýle diýilýär:

"(Allah) olaryň (ynsanlaryň we jynlaryň) hemmesini (huzurynda) jemlejek gününde (olara): «Eý‚ jyn kowumy! Ynsanlaryň köpüsini (özüňize tabyn) edindiňiz!» (diýer). Olaryň (jynlaryň) ynsanlardan (bolan) dostlary hem: «Eý‚ Perwerdigärimiz! Biz, käbirimiz olaryň käbirinden peýdalandyk we bize berlen wagtyň soňuna gelip ýetdik» diýerler. (Onda Allah): «Allahyň islän wagty geçýänçä, siziň içinde ebedi galjak ýeriňiz dowzahdyr» diýer. Takyk, seniň Perwerdigäriň hikmet eýesidir, (ähli zady) bilýändir."

(Engam 128)

وَيَوۡمَ يَحۡشُرُهُمۡ جَمِيعٗا يَٰمَعۡشَرَ ٱلۡجِنِّ قَدِ ٱسۡتَكۡثَرۡتُم مِّنَ ٱلۡإِنسِۖ وَقَالَ أَوۡلِيَآؤُهُم مِّنَ ٱلۡإِنسِ رَبَّنَا ٱسۡتَمۡتَعَ بَعۡضُنَا بِبَعۡضٖ وَبَلَغۡنَآ أَجَلَنَا ٱلَّذِيٓ أَجَّلۡتَ لَنَاۚ قَالَ ٱلنَّارُ مَثۡوَىٰكُمۡ خَٰلِدِينَ فِيهَآ إِلَّا مَا شَآءَ ٱللَّهُۗ إِنَّ رَبَّكَ حَكِيمٌ عَلِيمٞ ١٢٨

(«Eý‚ jyn kowumy! Ynsanlaryň köpüsini (özüňize tabyn) edindiňiz!») ýagny, özüňize ybadat etdirdiňiz, şirk, küfr, pis, hapa işleri etdirtdiňiz.

(Biz, käbirimiz olaryň käbirinden peýdalandyk) ýagny, olara öz isleglerimizi etdirtdik, maşgala ojagyny ýykdyrdyk, jemgyýetiň jebisligini bozduk, garyndaşlary, dostlary, goňşylary biri-birine duşman etdik. Bu zatlary näme üçin etdiler? Şu aýatda jogaby bardyr:

"Olar ony (jadyny) satyn alanyň ahyretden nesibesiniň ýokdugyny bilýärdiler. Özlerine derek satan zatlary nähili erbet zatdyr! Eger (olar) muňa göz ýetirsediler, (beýle etmezdiler)!"

(Bakara 102)

وَلَقَدۡ عَلِمُواْ لَمَنِ ٱشۡتَرَىٰهُ مَا لَهُۥ فِي ٱلۡأٓخِرَةِ مِنۡ خَلَٰقٖۚ وَلَبِئۡسَ مَا شَرَوۡاْ بِهِۦٓ أَنفُسَهُمۡۚ لَوۡ كَانُواْ يَعۡلَمُونَ ١٠٢

((jadyny) satyn alanyň) ýagny, olar imanyň, tewhydyň, yslamyň ýerine dünýe bähbidini satyn aldylar, mal-mülk diýip öz Perwerdigärlerine şärik goşmakdan çekinmediler.

Hakykatdanam, käbir jadygöýler bar, olaryň öýünde, gapysynda gije-gündüz adamlar nobata durup, daş ýerlerden gelýänlerem kändir. Bular şeýtanlara sygnyp, dürli düwümler düwüp, samyrdap arwah-jynlaryň adyny tutup, üflemek-çüflemek arkaly şirki ýollar bilen halkyň gözüni baglaýandyrlar.

Kuranda Allah Taala şeýle diýýär:

"Olar jibte (butlara, jadygöýlere) we taguta ynanýarlar."

(Nisa 51)

Omar aýtdy:

“"Jibt" - jadygöýlik, Tagut - şeýtan.”

(Nisa 51)

يُؤۡمِنُونَ بِٱلۡجِبۡتِ وَٱلطَّٰغُوتِ

Jäbir aýtdy:

“Tagutlar - jadygöýlerdir, olaryň diýarlaryna şeýtan gelerdi.”

Ýagny, tagut sözi her bir Allahdan gaýra ybadat edene aýdylýar. Jadygöý hem olaryň biridir.

Allah bize öňki ymmatlaryň, ýahudy-hristianlaryň jadygöýlige iman edendiklerini habar berýär. Bundan maksat, bizi şolar ýaly zatlardan häzirlemekdir, duýdurmakdyr. Başga bir aýatda şeýle diýýär:

"Olar (ýahudylar) Süleýmanyň hökümdarlyk (döwründe) şeýtanlaryň okap beren zatlaryna (jadylaryna) tabyn boldular. Süleýman (hiç haçan jady edip) kapyr bolmady. Emma şeýtanlar (ynsanlara) jadygöýligi hem-de Harut we Marut (atly iki perişdä) Babylda inderilen zady öwredip, kapyr boldular. Emma olaryň (Harut we Marut) ikisi: «Biz diňe synag üçin iberildik, siz (ýalňyş ynanyp) kapyr bolmaň!» diýmezden, (jady ylmyny) hiç kime öwretmeýärdiler. Olar (jadygöýler) olaryň ikisinden är-aýalyň arasyny açýan zady öwrendiler. Emma olar (jadygöýler) Allahdan bidin ol (jady) bilen hiç kime zyýan berip bilmezler. Olar özlerine peýdasy bolmadyk, diňe zyýany bolan zatlary öwrenýärdiler.

(Bakara 102)

وَٱتَّبَعُواْ مَا تَتۡلُواْ ٱلشَّيَٰطِينُ عَلَىٰ مُلۡكِ سُلَيۡمَٰنَۖ وَمَا كَفَرَ سُلَيۡمَٰنُ وَلَٰكِنَّ ٱلشَّيَٰطِينَ كَفَرُواْ يُعَلِّمُونَ ٱلنَّاسَ ٱلسِّحۡرَ وَمَآ أُنزِلَ عَلَى ٱلۡمَلَكَيۡنِ بِبَابِلَ هَٰرُوتَ وَمَٰرُوتَۚ وَمَا يُعَلِّمَانِ مِنۡ أَحَدٍ حَتَّىٰ يَقُولَآ إِنَّمَا نَحۡنُ فِتۡنَةٞ فَلَا تَكۡفُرۡۖ فَيَتَعَلَّمُونَ مِنۡهُمَا مَا يُفَرِّقُونَ بِهِۦ بَيۡنَ ٱلۡمَرۡءِ وَزَوۡجِهِۦۚ وَمَا هُم بِضَآرِّينَ بِهِۦ مِنۡ أَحَدٍ إِلَّا بِإِذۡنِ ٱللَّهِۚ وَيَتَعَلَّمُونَ مَا يَضُرُّهُمۡ وَلَا يَنفَعُهُمۡۚ وَلَقَدۡ عَلِمُواْ لَمَنِ ٱشۡتَرَىٰهُ مَا لَهُۥ فِي ٱلۡأٓخِرَةِ مِنۡ خَلَٰقٖۚ وَلَبِئۡسَ مَا شَرَوۡاْ بِهِۦٓ أَنفُسَهُمۡۚ لَوۡ كَانُواْ يَعۡلَمُونَ ١٠٢

Şeýlelik bilen, jadygöýler, palçylar, bilgiçler öz dinlerini, ar-namyslaryny satyp, barlyklaryň iň hapysa, kirli, nejisidirler. Musulman adam elmydama olardan daş bolup, Allaha sygnyp gezmelidir, şu aýatda aýdylşy ýaly:

"Aýt (eý, Muhammet!): «Men säheriň Perwerdigärine sygnyp, (Onuň) ýaradan zatlarynyň şerinden, tümlük bürän wagty gijäniň şerinden, düwünlere (üfläp jady edýän) jadygöýleriň şerinden, göriplik edýän wagty göribiň şerinden pena soraýarin!».

(Felak süresi)

قُلۡ أَعُوذُ بِرَبِّ ٱلۡفَلَقِ ١ مِن شَرِّ مَا خَلَقَ ٢ وَمِن شَرِّ غَاسِقٍ إِذَا وَقَبَ ٣ وَمِن شَرِّ ٱلنَّفَّٰثَٰتِ فِي ٱلۡعُقَدِ ٤ وَمِن شَرِّ حَاسِدٍ إِذَا حَسَدَ ٥

Ebu Hureýra (Allah ondan razy bolsun) Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýenini habar berdi:

"Ýedi heläk ediji zatlardan daşda boluň! Aýtdylar: Eý Allahyň Resuly! Olar haýsylar? Aýtdy: Allaha şirk goşmak, jadygöýlik, Allahyň haram eden janyny haksyz öldürmek, süýthorlukdan iýmek, ýetimiň malyny iýmek, çozuş wagty yza gaçmak we azat, päk mumin aýallara töhmet atmak."

(Buhary we Muslim)

"اجتنبوا السبع الموبقات. قالوا: يا رسول الله، وما هن؟ قال: الشرك بالله، والسحر، وقتل النفس التي حرم الله إلا بالحق، وأكل الربا، وأكل مال اليتيم، والتولي يوم الزحف، وقذف المحصنات الغافلات المؤمنات"

Jadygöýlik etmek şirkdir,çünki, ol şeýtan-jynlara ybadat etmekdir. Beýle zady öwretmek ýa öwrenmek hem şirkdir.

38 просмотров0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page