top of page
Поиск

Istiska namazy.

Bu bapdaky meseleler:

Birinji mesele: Kesgitlemesi, hökümi we delilleri:

1) Kesgitlemesi: istiska - bendeleriň mätäç bolan wagty Allahdan belli şekilde ýagmyr, ýagyş ýagdyrmaklygyny soramakdyr. Bu haçanda ýerler guranda, ýagyş tutulanda (okalýan namaz), çünki Allahdan başga ýagmyr ýagdyrýan ýokdur.

2) Hökümi: istiska namazy täkitlenen sünnetdir, Abdullah ibn Zeýdiň habar bermegine görä: "Pygamberimiz ýagmyr diläp, kybla tarap bakdy, ýokarky eşigini (ýagny eşigiň üstünden geýilýän geýimini) çöwürip, iki rekagat namaz okady, (Kuran okanda) daşyndan okady." (Buhary we Muslim)

Ikinji mesele: Onuň sebäbi:

Ýagny, istiska namazyny näme sebäpden okamaly? Haçanda guraklyk, ýagny, ýagyş tutulanda okamaly, çünki, Pygamberimiz şonda okar ekeni.

Üçünji mesele: Wagty we okalşy:

Istiska namazynyň wagty we okalşy edil baýram namazy ýalydyr, ibn Abbasyň habar bermegine görä:"Pygamberimiz baýram namazy ýaly edip iki rekagat namaz okady." (Nesäi we Tirmizi)

Şeýle hem, edil baýram namaz ýaly giň meýdanda okamaklyk, hutbadan öň daşyndan okamaklyk, tekbir sanlary we okalýan süreler hem edil baýram namazdaky ýaly okalmagy mustahabdyr. Namazda, münberde ýagmyr diläp, doga etmelidir. Hatda jumga güni ymam münberde ýagmyr dilese hem bolýandyr, çünki Pygamberimiz şeýle edendir(Buhary we Muslim).

Dördünji mesele: Istiska namazy üçin çykmaklyk.

Haçanda ymam çykanda adamlara wagyz etmelidir, toba etmelerini buýurmalydyr, biri-birlerine eden nähäklyklaryny halallaşmagy tabşyrmalydyr, birek-biregi ýigrenmegi, özara dawalary taşlatdyrmalydyr, çünki, bu zatlar Allahyň haýyrdan mahrum etmegine sebäp bolýan zatlardyr, şeýle hem, günäler guraklygyň sebäbidir, takwalyk bolsa, berekediň sebäbidir, aýatda Allah şeýle diýýär: "Eger şol ýurtlaryň ilaty iman getirip‚ (Allaha) takwalyk eden bolsalar ‚ onda, elbetde‚ Biz üstlerine asmandan‚ ýerden ençe bereket we bolçulyk gapylaryny açardyk. Ýöne olar Pygamberleri ýalançy hasapladylar. Biz hem eden erbetlikleri sebäpli, olara jeza berdik." (Agraf 96)

Namaza çykylanda arassalanmaly, ýöne atyrlanmaly däl, bezegli eşikler geýmeli däl, çünki, ol ümsümlik, boýun egme günüdir, ol namaza musulman çykanda pespäl, boýun egip, kiçelip, ýalbaryp çykmalydyr, ibn Abbas şeýle diýýär: "Pygamberimiz istiska namaza kiçelip, pespäl halynda, boýun egip, ýalbaryp çykdy." (Tirmizi we Ibn Mäje)

Bäşinji mesele: Ondaky hutba.

Namazdan soň bir bölümli hutba aýtmak sünnetdir, ol hutba giňden, köp zatlary öz içine almaly, meselem: toba etmeklik, köp sadaka bermeklik, Allaha dönmeklik, günäleri taşlamak.

Hutbada köp istigfar (bagyşlanma) dilemelidir, ony buýurýan aýatlary okamaly, ýagmyr diläp Allahdan doga etmeli, meselem: (Allahumme egisnä)(Buhary we Muslim), (Allahumme eskinä goýsen mugyýsen, meriý'en meriý'gan, aajilen goýro äjilin, näfigan goýro zoorrin.) (Ebu Dawud we Albany: “Sahyh” diýdi)

(meriý'en)-iň manysy - ýeňil, ýagşy, (meriý'gan)-yň manysy - önümli, hasylly.

Başga doga: (Allahumme ente Allahu lä ilähe illä ente, entel goniýýu we nahnul fukoro, enzil aleýnäl goýs, wejgal mä enzelte lenä kuwweten we belägan ilä hyýn.) (Ebu Dawud we Albany: “Hasan” diýdi)

Bu dogalary edende elleri galdyrmalydyr, çünki Pygamberimiz şeýle ederdi, hatda goltugynyň ak ýeri görünip giderdi, adamlar hem ellerini götermeli, çünki, jumganyň hutbasynda istiska dogasyny aýdanda Pygamberimiziň yzyndan sahabalaram galdyrar ekenler, şeýle hem, Pygamberimize salawat kän aýtmaly, çünki bu doganyň kabul bolmagyna sebäpdir.

Altynjy mesele: Istiska namazynda etmeli sünnetler:

1) Pygamberimizden gelen dogalary känräk etmek, doganyň soňunda kybla bakmak, eşiginiçöwürmek, sagyny çepe, çepini saga geçirmeli, edil şolar ýaly ýapynjany etmeli, çünki, Pygamberimiz adamlara arkasyny öwrüp, kybla bakyp doga ederdi, soňra eşigini çöwürmek(Muttefekun aleýh). Aýtdylar: Eşigi süýşürmegiň (çöwürmegiň) sebäbi - ýagdaýyň häzirkiden gowulanmagy barada ýagşy guman etmek.

2) Istiska namazyna hemmeleriň çykmagy sünnetdir, hatda aýallar we çagalar.

3) Namaza pespäl bolup, boýun egip, kiçelip çykmak sünnetdir, çünki Pygamberimiz şeýle çykandyr(Tirmizi).

4) Ýagyş ýagyp başlanda onuň aşagynda durmak sünnetdir we şeýle diýmelidir: (Allahumme soýýiben näfigan). Soýýib - bol bolup ýagýan.

(Mutyrnä bifazlillähi we rahmetihi).

5) Eger ýagyş sil bolup ýagsa, zyýanly öýdülse, şeýle diýmek sünnetdir: (Allahumme hawaleýnä we lä aleýnä, Allahumme aläz zurobi wel äkämi, we butunil ewdiýe we menäbitiş şejer) (Muttefekun aleýh)

Zurob - kiçi daglar, äkäm- bir ýerde üýşen daşlar.

4 просмотра0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page