Istigfar - magfyret (bagyşlanma) dilemek.
Istigfar - magfyret (bagyşlanma) dilemek.
Kudsi hadysda Allah Tagala aýdýar: “Eý adamogly! Her haçan Maňa doga edip, Menden umyt etseň, senden bolan zatlary (günäleri) Men bagyşlaryn, (olara) ünsem bermerin. Eý adamogly! Eger günäleriň asmanyň bulutlaryna ýeten bolsa, soňam Menden bagyşlanma sorasaň Men seni bagyşlaryn, (günäleriňe) ünsem bermerin. Eý adamogly! Egerde Meniň (huzuryma) ýeriň (zeminiň ululygyna) barabar günäler bilen gelip, soňra Maňa hiç bir zady şärik goşmaýan halyňda duşsaň, Men hem seni (şol) ýeriň (ululygyna) barabar magfyret (bagyşlanma) bilen garşylaryn.” (Tirmizi).
Istigfaryň ähmiýeti:
Ynsan Allaha ybadat edende, adamlar bilen gatnaşygynda kämil däldir, birkemsiz däldir, hökman ýalňyşlyk ýa säwlik göýberýändir. Şeýdip, ynsanyň amallary kemter bolýar, şul kemterligiň ýerini doldurmak üçin Yslam dininde istigfar buýrulan, ýagny, bagyşlanma dilemek.
Istigfar Kuranyň birnäçe ýerinde agzalandyr:
Bu aýatlarda Allah adamlary istigfar etmeklige höweslendirýär:
“Allahdan bagyşlanma soraň! Takyk, Allah Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.” (Bakara 199).
“Robbuňyzdan bagyşlanmagyňyzy diläň, soň Oňa toba ediň!” (Hud 3).
“Indi Oňa ýüzleniň hem-de Ondan günäňiziň geçilmegini diläň!” (Fussylet 6).
Bu aýatda bolsa Allah istigfar edýänleri öwüp, olary taryplaýar:
“(Olar) sabyrly, dogruçyl, (Allaha) boýun egýän, haýyr-sahawat edýän we säher wagtlarynda (Allahdan) bagyşlanma soraýan (möminlerdir).” (Ali Imran 17).
Istigfaryň miweleri we peýdalary:
1) Istigfar ynsanyň günälerini ýuwar, derejesini artdyrar.
Aýatda Allah Tagala aýdýar: “Kim erbetlik etse ýa-da (günä iş etmek bilen) özüne zulum etse, soň hem Allahdan bagyşlanma sorasa, Allahyň Bagyşlaýjydygyny we Rehim-şepagatlydygyny görer.” (Nisa 110).
Kudsi hadysda Allah aýdýar: “Eý bendelerim! Siz gije-gündiz hata edýärsiňiz, Men bolsa ähli günäleri bagyşlaýaryn, şonuň üçin Menden bagyşlanma diläň, Menem sizi bagyşlaýyn.” (Muslim).
Allah Tagala her gijäniň soňky üçünji böleginde Öz bendelerini şeýle diýip çagyrýar: “...kim Menden bagyşlanma dileýär? Men ony bagyşlaýyn...” (Buhary we Muslim).
2) Istigfar adamy pes derejeden uly derejä galdyrar, kemçiliklerini ýapar.
Hadysda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýýär: “Takyk, Allah azze we jelle jennetde salyh guluň derejesini beýgelder, aýdar: Eý Robbym! Nirden maňa beýle? (Allah) aýdar: seniň perzendiň seniň üçin istigfary sebäpli.” (Ahmet).
Istigfar bela-beterleriň aýrylmagyna sebäpdir, Allah Tagala Ýunus Pygamber hakynda şeýle diýýär: “(Ýunus özüne) käýinip durka, ony bir balyk ýuwdup goýberdi. Egerde ol (Allahy ýatlap), tesbih etmedik bolsady, gaýtadan direldiljek günlerine çenli balygyň garnynda bolardy.” (Saffat 143-144).
Başga aýatda onuň tesbihini wasplaýar: “(Ony balygyň garnyna taşlanymyzdan) soň bolsa tümlügiň içinde: «Senden başga (ybadata laýyk) iläh ýokdur. Sen ähli nogsanlyklardan päksiň! Takyk, men haksyzlyk (özüme zulum) edenlerden boldum» diýip ýalbardy.” (Enbiýa 87).
Ýagny, Yunus aleýhisselämiň tesbihi istigfar ekeni, Allah şol sebäpli ony beladan halas edýär.
3) Istigfar hemme taraplaýyn rysgalyň artmagyna, mal-mülkiň bol bolmagyna, perzentleriň köpelmegine sebäpdir.
Aýatlarda şeýle diýilýär: “Men (olara şeýle) diýdim: «Robbuňyzdan bagyşlanma diläň! Takyk, Ol köp Bagyşlaýjydyr! (Şonda) Ol asmandan size bol edip ýagyş (bereket) ýagdyrar. Siziň mal-mülküňizi we perzentleriňizi köpelder, size bag-bakjalar, derýalar (akdyryp) berer.” (Nuh 10-12).
“(Siziň) belli bir wagta çenli (ajalyňyz ýetýänçä) gözel durmuşda ýaşamagyňyz üçin hem-de her ýagşylyk edene ýagşylygyny (gaýtaryp) bermegi (üçin), Robbuňyzdan bagyşlanmagyňyzy diläň, soň Oňa toba ediň! Eger ýüz öwürseňiz, elbetde, men siziň başyňyza injek uly günüň (kyýamatyň) azabyndan gorkýaryn.” (Hud 3).
4) Istigfar adamyň kalbyny saplar, ýüregini agaldar, gursagyny giňelder, çünki, günäler adamyň kalbynda ýaramaz yz goýýar, ýüreginde gara nokatlary döredýär, istigfar bolsa ol günäleri ýuwýar we kalpda galan ýaramaz yzlary, gara nokatlary aýryp, günäleriň kirlerini arassalaýar.
Hadysda Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýdýar: “Haçanda mömin günä iş edende kalbynda gara hapalyk dörär, eger ol (günäsinden) el çekip, bagyşlanma sorap, toba etse, onuň kalby ýylmanar (ýalpyldar), eger ýene gaýtalasa, tä kalbyny (kir) basyp gidýänçä (gara hapalyklar) artar, ynha şu Allahyň agzan posudyr: “Ýok! Olar eden etmişleri zerarly kalplary pos (gubar) tutan kişilerdir.”(Mutaffifin 14)” (Ahmet we Tirmizi).
Başga hadysda Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýdýar: “Kalbym örtülýär (ýagny, käwagt Allahy zikr etmek ýatdan çykýar), şonuň üçin günde 100 gezek Allaha istigfar edýärin.”(Muslim).
5) Istigfar beden kuwwatlygyň artmagyna sebäpdir.
Allah Tagala şu aýatda Hud Pygamberiň sözüni getirýär: “Eý, kowumym! Robbuňyzdan (günäleriňiziň) geçilmegini soraň, soň Oňa toba ediň! Size asmandan bol ýagyş (bereket) ibersin hem-de siziň güýjüňize güýç goşsun! Günäkär bolup ýüz öwürmäň!» diýdi.” (Hud 52).
6) Istigfar Allahyň razylygyny we söýgüsini gazandyrýar, bunuň özi ýeterlik nygmatdyr.
Allah Tagala aýdýar: “Takyk, Allah çyn toba edýänleri we özlerini (günälerden) päk tutýanlary söýýändir.” (Bakara 222).
7) Istigfar alada-gaýgylaryň aýrylmagyna sebäpdir.
Hadysda Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýdýar: “Kim köp istigfar etse, Allah oňa her aladanyň çözgüdini berer, her gaýgydan çykalga tapar, garaşmaýan ýerinden rysgalyny berer.”(Ahmet).