top of page
Поиск

Iýmek edepleri


Iýmekligiň edepleri bardyr, olary berjaý etjek bolmaly:


1 - Iýip başlaňda bismilläh diýmek, Omar ibn Ebi Seleme gürrüň berýär: “Çaga wagtym (bir gün) Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) otagyndadym, elim (saçagyň) her ýerine baryp gaýtýardy, şonda Pygamberimiz aýtdy: "Eý oglanjyk! Bismilläh diý, sag (eliň) bilen iý, öz öňüňden iý." (Şol günden bäri) şolar ýaly iýip-içýärin." (Buhary we Muslim)


2 - Sag eliň bilen iýmek, ýokarky hadysdaky ýaly.


3 - Adam öz öňünden iýmegi, ýokarky hadysdaky ýaly, emma eger ýanynda oturanlar ezýet çekmeýän bolsalar, halamazlyk etmeseler, onda töwerendäki zatlardan iýse zyýany ýokdur, Enesiň habar beren hadysynda haçanda Pygamberimizi dikinçi nahara çagyranda, Enes şeýle diýýär: "Onuň (Pygamberimiziň) jamyň töwereklerinden kädini yzarlaýanyny gördüm."(Buhary) Ýa eger ýeke özi iýýän bolsa, ýa saçakda her dürli nahar bolup, öňünde ýok zady alsa zyýany ýokdur, eger hiç kime ezýet bermese.


4 - Soňunda hamd aýtmak, Ebu Umame aýtdy: "Haçanda Pygamberimiziň öňünden saçak alnanda şeýle diýerdi: “Elhamdu lillähi hamden kesiýron, toýýiben, mubäraken fiýhi goýri muweddag we lä mustagnä anhu Robbunä." (Buhary) Başga hadysda şeýle diýýär: ''Takyk Allah her iýen zadyna, her içen zadyna Allaha hamd aýdýan gulundan razydyr''(Muslim)


5 - Suprada iýmek. Enes Ibn Mälik aýtdy: ''Pygamberimiz stoluň üstünde ýa-da tabakdan iýen däldir, ýuka çörek hem onuň üçin bişirilen däldir” aýtdy: Katada aýtdym: onda nämäniň üstünde iýýärdiler, aýtdy: “Şu supranyň üstünde''. (Buhary)


6 - Söýenip iýmekligiň mekruhlygy. Aýişe enemiz aýtdy: ''Eý Allahyň Resuly Allah meni saňa pida etsin! Söýenip iýäý, saňa ýeňil bolar''. Tas maňlaýy ýere degýänçä kellesini egdi we aýtdy: ''Ýok, gaýtym guluň iýşi ýaly iýjek we guluň oturşy ýaly oturjak'' (Bagawy) Ebu Juhaýfäniň Pygamberden hadysy: “Takyk men söýenip iýmeýärin.” (Buhary)


7 - Iýesi gelmeýän nahary aýyplamazlyk. Ebu Hureýra aýtdy: ''Allahyň Resuly hiç haçan nahary aýyplan däldir, işdäsi alsa iýerdi ýogsa-da goýardy'' (Buhary we Muslim)


8 - Jamyň gyralaryndan iýmeklik we jamyň ortasyndan iýmekligiň mekruhlygy. Haçan-da Pygamberimize bir jam çorba getirlende şeýle diýdi: “Gyralaryndan iýiň, ortasyndan iýmäň, çünki bereket onuň ortasyna düşýär”

(Ahmet)


9 - Üç barmak bilen iýmek we iýip bolanyndan soň olary ýalamak. Kaab Ibn Mälik şeýle diýdi: “Pygamberimiz üç barmagy bilen iýerdi, tä olary ýalaýança elini süpürmezdi.” (Muslim)


10 - Gaçyran ýa pytradan naharyny alyp iýmek. Hadysda şeýle diýilýär: ''Eger biriňiziň lukmasy gaçsa, ondan hapany aýryp iýsin, ony şeýtana goýmasyn.” (Muslim) 11 - Iýen jamyny süpürip ýalamak. Enes aýtdy: “(Pygamberimiz) bize jamy boşatmagy buýrupdy” ýagny süpürmegimizi we galan gaçan goýmazlygymyzy, başga habarda şeýle diýýär: “Pygambermiz bize barmaklarymyzy we jamy ýalamaklygymyzy buýurdy we aýtdy niresinde bereket bardygyny siz bilmersiňiz” (Muslim)


13 просмотров0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Hajathana edepleri. Bu bapda birnäçe meseleler bar: Birinji mesele: Istinja we istijmar, biri beýlekisiniň ýerini tutmagy: Istinja – Daş...

bottom of page