top of page
Поиск

Howp namazy.


Iki uzur sebäpli namazyň asyl okalşy üýtgedilip bilner diýipdik, ýagny, sapar we hassalyk sebäpli, ynha bu hem üçünji uzurdyr, ýagny gorky, howp sebäpli hem namazyň asyl okalyş düzgünini üýtgetmek rugsatdyr.

Bu bapdaky meseleler:

Birinji mesele: Gorky, howp namazyň hökümi, meşruglygynyň (dindenliginiň) delili, şertleri:

1) Hökümi: Howp namazyny her rugsat bolan söweşde okamak meşrugdyr (dindendir), mysal üçin, kapyrlara, haryjylara, (musulmanlar bilen) uruşýanlara garşy bolan söweş, aýatda aýdylşy ýaly: "Siz sapara çykan wagtyňyz kapyrlaryň size ýamanlyk etmeginden heder etseňiz, namazy gysgaldyp (okamagyňyzda) hiç hili günä ýokdur."(Nisa 101)

Duşman hüjüm eder howpy bolanda, ýa yza çekilmeli bolanda bu namaz okalýandyr. Duşmanyň içine şular girýändir: adam, howpy abanyp duran ýyrtyjy haýwan, kişiniň malyna maşgalasyna kast etmek isleýän, zalym algydar we ş.m.

2) Meşruglynyň delili:

Kurandan: "(Eý, Muhammet!) Sen möminleriň içinde bolup, olara (söweş meýdanynda) namaz okatjak bolsaň, olaryň bir bölegi seniň bilen namaza dursun, ýaraglaryny hem (ýanlaryna) alsynlar. Bular sežde edip (birinji rekagaty okap) bolansoňlar yzyňyzda garaşsynlar. (Soň) namaz okamadyk beýleki topar gelip, seniň bilen namaz okasynlar. Olar ätiýaçly bolsunlar hem-de ýaraglaryny ýanlaryna alsynlar." (Nisa 102)

Sünnetden: Pygamberimiz okar ekeni.

Ijmag: Sahabalar bu namazy okamalylygyna ylalaşdylar.

3) Şertleri: Howp namazynyň iki şerti bardyr:

Birinji şert: Söweşmeklik rugsat bolan duşman, meselem kapyrlar, haryjylar, uruşýanlar.

Ikinji şert: Musulmanlar namaz okap durkalar duşmanyň hüjüm etmek howpy bolmagy.

Ikinji mesele: Howp namazynyň okalşy:

Onuň birnäçe okalyş görnüşi bardyr, olaryň birini Sehl ibn Ebi Hasme Ensary atly sahaba habar berendir, bu görnüş Kuranda agzalan görnüşe iň meňzeşidir, onda namaz we söweş üçin ätiýaçlyk bardyr, şeýle hem, duşmandan ar almakdyr. Bu namazy Pygamberimiz: "Zätu Er-Rikag" söweşinde okapdy, onuň okalşyny Sehl şeýle gürrüň berendir: "Musulmanlardan bir topar Pygamberimiz bilen namaza durdy, bir topary bolsa duşmana tarap bakyp durdylar, namaza duran topar bilen bir rekagat okady, soňra dik durmasyna dowam etdi, yzyndakylar bolsa (ikinji rekagaty) özleri okadylar, soňra duşmana tarap bakyp durdylar, soň beýleki topar geldi, olar bilen galan ikinji rekagaty okady, soňra oturmaklygyny dowam etdi, yzyndakylar (ikinji rekagaty) özleri okadylar, soňra olar bilen bilelikde salam berdi."(Muslim)

2 просмотра0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page