top of page
Поиск

Hiç bir ybadat 2 şertsiz kabul edilmez.

Musulman doganym! “Goý, Allah Tagala seni we meni Kuran we Sünnetden berk ýapyşmaga gönükdirsin” Allah Tagala ybadat edýäniň hiç bir ybadatyny kabul etmez, diňe esasy 2 şert tapylmasa. Olar:

1- Ybadat diňe Allah üçin edilen bolmagy. Ybadat eduwjy ybadatyny Allahdan başga zat üçin etmedik bolmagy.

Allah Tagala aýtdy:

“(Eý, Muhammet!) Elbetde, Biz saňa bu kitaby hak (we hikmet) bilen inderdik. Sen dini ýalňyz Oňa (Allaha) degişli edip, (diňe Allahdan) sogabyňy isläp Allaha ybadat et! Habardar bol, (Şirkden, riýadan) päk hakyky din diňe Allahyňkydyr.”

(Zumer 2-3)

قال تعالى: إِنَّآ أَنزَلۡنَآ إِلَيۡكَ ٱلۡكِتَٰبَ بِٱلۡحَقِّ فَٱعۡبُدِ ٱللَّهَ مُخۡلِصٗا لَّهُ ٱلدِّينَ ٢ أَلَا لِلَّهِ ٱلدِّينُ ٱلۡخَالِصُۚ

Allah Tagala aýtdy:

“Aýt: «Maňa dini ýalňyz Oňa degişli bilip, diňe ondan sogabyny islemek bilen (çyn ýürekden) ybadat etmeklik emir edildi.”

(Zumer 11)

قال تعالى: قُلۡ إِنِّيٓ أُمِرۡتُ أَنۡ أَعۡبُدَ ٱللَّهَ مُخۡلِصٗا لَّهُ ٱلدِّينَ

Allah Tagala aýtdy:

“Aýt: «Men dinimi diňe Allaha baglap, diňe ondan sogabyny islemek bilen ybadat edýärin»”

(Zumer 14)

قال تعالى: قُلِ ٱللَّهَ أَعۡبُدُ مُخۡلِصٗا لَّهُۥ دِينِي

2-Edilen ybadat Allahyň resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) getirşi ýaly bolmak.

Aişe (Razyýallahu anha): “Allahyň resuly (Sallallahu aleýhi we sellem):

“Kim şu dinimizde bolmadyk zady oňa goşsa([1]), ol gaýtarylar (kabul edilmez) diýendir” diýip, habar berdi”.

(Buhary we Muslim(

عن أم المؤمنين أم عبد الله عائشة رضي الله عنها قالت: قال رسول الله (صلى الله عليه وسلم):

"من أحدث في أمرنا هذا ما ليس منه فهو رد"

Muslimiň rowaýatynda:

”Kim dinimizde bolmadyk iş etse (amal etse) ol (amal) kabul edilmez”

وفي رواية لمسلم: "من عمل عملاً ليس عليه أمرنا فهو رد"

([1]) Ýagny Pyagmberiň getiren ybadatyndan başga ybadatlar etse kabul edilmez.


kuran we hadys


71 просмотр0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page