top of page
Поиск

Halka, ýüp (alaja) we ş.m. zatlary bela-betere garşy maksat bilen dakynmak şirkdir.


Halka - demirden (zynjyr), altyndan, kümüşden we şulara meňzeş zatlardan ýasalýan aýlaw görnüşli asynma.

Ýüp - köplenç biri-birine dürli reňkler bilen örülip ýasalýar, meselem: alajalar.

we ş.m. zatlar - Meselem: ýüzärlik, doga-tumarlar, gözmonjuklar, dagdan agajy, dürli haýwanlaryň süňkleri, mysal üçin: goçyň şahy, doňuzyň dişi, başga-da medalýon, talisman hökmünde dakylýan zatlar.

Öňki döwürdäki araplar bu asynmalary çagalaryna, ulaglaryna, öý-işiklerine dürli sebäpler üçin dakynýan ekenler:

1 - Bela-beterden goranmak üçin.

2 - Başa inen bela-beteri aýyrmak (dep etmek) üçin.

3 - Kesellerden, hassalykdan goranmak üçin.

4 - Şowlulyk, üstünlik getirmek üçin.

Haçanda pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) olara iberilende bu ynançlaryň batyldygyny olara beýan edip, şirk bolýanlygyny duýdurýar. Şeýle hem, ähli haýyr ýeke Allahdandygyny we ähli şeri ýeke Allah dep edýändigini olara düşündirýär.

Ylmyň we alymlaryň azlygy sebäpli, ýa ýoklugy sebäpli, gynansak-da, ýokardaky agzalan asynmalar we ynançlar biziň halkymyzda hem giňden ýaýrandyr. Howlulardaky goçuň şahy, öýlerdäki ýüzärlikler, çagalaryň boýnundaky we elindäki gözmonjuklar, ulaglardan asylynýan dürli alajalar, söwda-satyk dükanlardaky doga-tumarlar we başga-da "sungat döredijiliginiň eserleri" halkyň durmuşynyň aýrylmasyz bir bölegi bolup galdy. Emma bu ynançlar we asynmalar nadanlyk bolup, Yslam dinine ters gelýän amallardyr. Ondan beter, bu amallar iň uly günä bolan şirkiň bir görnüşidir. Sebäbi bu zatlary dakynmaklyk ynsanyň kalbynyň Allahdan başgasy bilen baglanmagyny aňladýandyr, Allahdan gaýry bir zatdan haýry umyt etmegi aňladýar, bu hem şirkiň hut özidir. Egerde biri dakynan zadynyň özi peýda berip, zyýandan goraýar diýip ynanç etse, ýa-da dakynan zadynda Allahdan gaýrylara (başgalara) sygynmak, medet dilemek ýazgylary bar bolsa, bu uly şirk bolar. Egerde biri dakynan zady özi peýda bermän, hakyky peýda-zyýan beriji Allah, ýöne bu bir sebäp diýip ynanç etse, bu kiçi şirkdir. Emma sebäpler üç görnüşdir:


1) Şerigadyň ykrar eden sebäpleri, mysal üçin: Kuran okamaklygyň şypa bolmagy, şu aýatda aýdylşy ýaly:

"Biz Kurandan möminler üçin şypa hem-de rahmet bolan zatlary (aýatlary) inderýäris"

(Isra 82)

وَنُنَزِّلُ مِنَ ٱلۡقُرۡءَانِ مَا هُوَ شِفَآءٞ وَرَحۡمَةٞ لِّلۡمُؤۡمِنِينَ


Ýa-da ary balyň şypa bolmagy, bu aýatdaky ýaly:

"Soň (Allah bal arysyna şeýle wahyý etdi): «Miweleriň her dürlüsinden iý, Perwerdigäriň ýollarynda boýun egip ýöre!». Olaryň garynlaryndan dürli reňkli şerbet (bal) çykar. Onda ynsanlar üçin şypa bardyr. Takyk, munda, oýlanýan kowum üçin aýat (ybrat) bardyr."

(Nahl 69)

ثُمَّ كُلِي مِن كُلِّ ٱلثَّمَرَٰتِ فَٱسۡلُكِي سُبُلَ رَبِّكِ ذُلُلٗاۚ يَخۡرُجُ مِنۢ بُطُونِهَا شَرَابٞ مُّخۡتَلِفٌ أَلۡوَٰنُهُۥ فِيهِ شِفَآءٞ لِّلنَّاسِۚ إِنَّ فِي ذَٰلِكَ لَأٓيَةٗ لِّقَوۡمٖ يَتَفَكَّرُونَ ٦٩


Ýa-da Sünnetde gelen göz-gulakdan okalýan dogalar, mysal üçin:

Resulallah (Sallallahu aleýhi we sellem) Hasan we Huseýne şu dogany okar eken:

"U-yýzukumä bikelimätillähit tämmeti min kulli şeýtonin we hämmetin we kulli aýnin lämmetin"

(Buhary)

أُعِيذُكُمَا بِكَلِمَاتِ اللَّهِ التَّامَّةِ مِنْ كُلِّ شَيْطَانٍ وَهَامَّةٍ وَمِنْ كُلِّ عَيْنٍ لامَّةٍ

Manysy:

"Her bir şeytanyñ we ýylan içýanyñ şerinden, her bir degiji gözden siz üçin Allahdan pena dileýärin"


2) Tejribe üstünde bilnen sebäpler, mysal üçin: dermanlar, operasiýa (içkesme).


3) Şerigatda-da tejribede-de görülmedik sebäpler, mysal üçin: asynmalar, dakynmalar.

Şeýlelik bilen, asynmalar, dakynmalar hiç bir peýdanyň gelmegine ýa zyýanyň ýok bolmagyna sebäp bolup bilýän däldirler. Sebäp däl zady sebäp tutunmak hem şirkdir, çünki Allah Kuranda şeýle diýýär:

"Kasam bolsun! Olara: «Asmanlary we ýeri kim ýaratdy?» diýip sorasaň, «Elbetde, Allah» diýip aýdarlar. Sen (olara) aýt: «Hany aýdyň! Allahdan başga çagyran zatlaryňyz, eger-de Allah maňa zyýan bermek islese, Onuň berýän zyýanyny aradan aýryp bilerlermi?». Ýa-da (Allah) maňa rahmet nazaryny aýlamak islese, olar Allahyň rahmetini saklap bilerlermi? (Eý, Muhammet! Sen olara) aýt: «Maňa Allah (goldaýjy hökmünde) ýeterlikdir. Bil baglamak isleýänler diňe Oňa bil baglarlar»"

(Zumer 38)

وَلَئِن سَأَلۡتَهُم مَّنۡ خَلَقَ ٱلسَّمَٰوَٰتِ وَٱلۡأَرۡضَ لَيَقُولُنَّ ٱللَّهُۚ قُلۡ أَفَرَءَيۡتُم مَّا تَدۡعُونَ مِن دُونِ ٱللَّهِ إِنۡ أَرَادَنِيَ ٱللَّهُ بِضُرٍّ هَلۡ هُنَّ كَٰشِفَٰتُ ضُرِّهِۦٓ أَوۡ أَرَادَنِي بِرَحۡمَةٍ هَلۡ هُنَّ مُمۡسِكَٰتُ رَحۡمَتِهِۦۚ قُلۡ حَسۡبِيَ ٱللَّهُۖ عَلَيۡهِ يَتَوَكَّلُ ٱلۡمُتَوَكِّلُونَ ٣٨


Ýagny, bu aýatda olaryň ilähleri haýyr getirmekde ýa şeri dep etmekde hiç hili sebäp bolup bilmejegi nygtalýar. Olar hem hut şol ynanjy göterendikleri üçin müşrik kapyr boldular. Ýagny, Allahyň sebäp etmedik zadyny sebäp hasaplap, ondan haýra garaşmaklary olary şirk ählinden kyldy.

Ukbe ibn Amir atly sahabanyň (Allah ondan razy bolsun) habar beren hadysynda pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýýär:

"Kim doga-tumar dakynsa, Allah (onuň işini) tamamlamasyn, bitirmesin, kim balykgulak (çaňňalyk) dakynsa, Allah oňa dynçlyk bermesin."

(Ahmed, Ibn Hybban, Beýhaky)

"من تعلق تميمة فلا أتم الله له، ومن تعلق ودعة فلا ودع الله له"


(Kim doga-tumar dakynsa) ýagny, eline ýa boýnuna ýa bedeniniň başga ýerine dakynsa, ýa başga birine daksa, meselem, çagasyna daksa we şol dakynan zadyna kalby bagly bolup haýyr islese,

(Allah onuň işini tamamlamasyn, bitirmesin) ýagny, şol asynmany dakmak arkaly näme maksat islän bolsa, Allah ony şol maksadyna ýetirmesin.

(kim balykgulak (çaňňalyk) dakynsa) bu hem şol döwürde dakylýan zatlaryň biri. Möhüm bellemeli zat: diňe şu agzalan zatlary (doga-tumar, balykgulak, çaňňalyk) dakynmak gadagan bolman, eýsem, beladan gorasyn ýa haýyr getirsin ýa şu zatlara sebäp bolsun ynanjy bilen ähli dakynmalary we asynmalary hem dakmak gadagandyr. Bu zatlaryň aýratyn agzalyp geçilmeginiň sebäbi iň meşhur, giňden ýaýran asynmalar bolany üçindir.

(Allah oňa dynçlyk bermesin) mälim bolşy ýaly, pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) bütin adamzadyň içinde iň rehimli, ýumşak häsiýetli, ýüregi ýuka, şepagatly, mylaýym, hoş gylykly, mylakatlysydyr. Şu aýatlarda bellenilşi ýaly:

"Takyk, size öz içiňizden şeýle bir pygamber (Muhammet) geldi. Siziň kynçylyga duçar bolmagyňyz oňa agyr degýär. (Siziň iman getirmegiňizi çyn ýürekden isleýär). Çünki ol möminler üçin Mähirlidir, Rehim-şepagatlydyr."

(Toba 128)

لَقَدۡ جَآءَكُمۡ رَسُولٞ مِّنۡ أَنفُسِكُمۡ عَزِيزٌ عَلَيۡهِ مَا عَنِتُّمۡ حَرِيصٌ عَلَيۡكُم بِٱلۡمُؤۡمِنِينَ رَءُوفٞ رَّحِيمٞ ١٢٨


"(Eý, Muhammet!) Biz seni älemlere rahmet (bolmagyňdan) başga (maksat bilen) ibermedik."

(Enbiya 107)

وَمَآ أَرۡسَلۡنَٰكَ إِلَّا رَحۡمَةٗ لِّلۡعَٰلَمِينَ ١٠٧


"Takyk, sen beýik (kämil) ahlaga eýesiň."

(Nun 4)

وَإِنَّكَ لَعَلَىٰ خُلُقٍ عَظِيمٖ ٤


Ýöne şonda-da, şular ýaly bet doga edýär, ýagny: “Allah oňa dynçlyk bermesin” diýýär. Bu ýeke bir ýagdaýy aňladýar: Ol hem şol pygylyň, ýagny, doga-tumar we ş.m. zatlary asynmaklygyň näderejede ýowuz etmiş bolup, näderejede elhenç bir günädigini aňladýar. Sebäbi bu amal şirkdir, şirk hem Allaha edilen zulumdyr. Şol sebäpli hem musulman adam ýeke Allaha sygynyp, şirk batgasyna girmän we pygamberimiziň betdogasyna duçar bolman bu zatlardan daşda bolmalydyr.


Başga bir hadysda Ebu Beşir El-Ensary atly sahaba (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýýär:

"Pygamberimiz bilen bilelikde sapardadyk, şonda ol ilçi iberip: (Düýeleriň boýnunda kesilmedik (ýüpden örülen) bir hem asynma goýmazlygy emir etdi).”

(Buhary we Muslim)

عن أبي بشير الأنصاري رضي الله عنه

"أنه كان مع رسول الله صلى الله عليه وسلم في بعض أسفاره، فأرسل رسولا أن لا يبقين في رقبة بعير قلادة من وتر، أو قلادة إلا قطعت"


Ymam Mälik şeýle diýdi:

"Buny gözden goramaklyk üçin dakardylar"

(Muwatta)


Ýagny, olar düýeleriň, atlaryň boýnundan dürli asynmalar (doga-tumar, monjuk, alaja) asyp, gözden-dilden goraýar diýip ynanç edýän ekenler. pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) bu ynanjyň batyldygy sebäpli olary haýwanlaryň boýnundan kesilip aýrylmagyny buýurýar.


Ýene bir Abdullah ibn Mesuddan (Allah ondan razy bolsun) habar berlen hadysda pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýýär:

"Takyk, rukýeler, doga-tumarlar, tiwele şirkdir".

(Ebu Dawud)

"إن الرقى والتمائم والتولة شرك"


(rukýeler) bu barada giňişleýin geler in şä Allah.

(doga-tumarlar) bu barada hem agzap geçdik.


Başga bir hadysda:

"Kim doga-tumar dakynsa şirk etdigi bolar" diýýär.

(Ahmed)

"من تعلق تميمة فقد أشرك"


Diýmek, şu hadyslar doga-tumar we ş.m. zatlary dakynmaklygyň şirk bolýanlygyna açyk-aýdyň delildir. Şirkiň ulusymy ýa kiçisi, bu mesele ynanjyna baglydyr. Egerde dakynan zadynyň özi peýda berip, zyýandan goraýar diýip ynanç etse, ýa-da dakynan zadynda jynlara sygynmaklyk ýa olardan medet soramaklyk bolsa, ýagny, şirki ýazgylar bolsa, bu uly şirk bolar. Egerde dakynan zady özi peýda bermän, hakyky peýda-zyýan beriji Allah, ýöne bu bir sebäp diýip ynanç etse, bu kiçi şirkdir.

(tiwele) bir kişide başga birine şirki ýollar bilen söýgi döretmek. Buňa biziň halkymyzda dogalamak, doga bermek diýilýär. Meselem, aşyk bolan gyzyň seni halamasa, ony dogalap, özüňi halatdyrmak ýa-da aýalyň adamsyny özünden başgasy diýmez ýaly, başga hiç kime bakmaz ýaly dogalamagy. Hakykatda bu bir jadygöýlikdir. Bu işi palçylar, jadygöýler we şolara meňzeş şarlatanlar jynlara sygynyp, şirki ýollar bilen doga ýasaýarlar. Hatda käbirleri Kuranyň aýatlaryny aýbaşy gana ýa başga nejasatlara garyp, dogalanmaly adamyň naharyna atyp berýärler. Allah biziň hemmämizi olaryň şerinden gorasyn. By amalyñ hökmi uly şirk bolup, dinden çykarýan pygyldyr.


Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) Ruweýfig atly sahaba (Allah ondan razy bolsun) ýüzlenip şeýle diýýär:

"Eý Ruweýfig! Umyt ki, seniň ömrüň uzak bolar, (şonuň üçin) adamlara habar et: kim sakalyny örse (daňsa) ýa kiriş (ok ýaýyň ýüpi) asynsa, tezege ya-da süňke synja kylsa Muhammet ol kişiden päkdir (gatnaşygy ýokdur)"

(Ahmed, Ebu Dawud)

"يا رويفع لعل الحياة ستطول، بك فأخبر الناس أن من عقد لحيته، أو تقلد وترا، أو استنجى برجيع دابة أو عظم، فإن محمدا بريء منه"


(kim sakalyny örse (daňsa)) öňki döwürde araplar sakallaryny öwünmek, ulumsylyk üçin daňýan ekenler.

(kiriş asynsa) kiriş: ýüňden ýasalan ok ýaýyň ýüp bölegi. Araplar ony mallarynyň boýnundan gözden-dilden goraýar ynanjy bilen dakar ekenler.

(päkdir) ýagny, şu zatlary eden adama dahyly ýokdur, gatnaşygy ýokdur.

Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) bu agzalan zatlaryň uly günädigini duýdurýar.


Ýene bir hadysda pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýýär:

"Kim bir zat asynsa, oňa tabşyrylar"

(Ahmed, Tirmizi)

"من تعلق شيئا وُكل إليه"


Ýagny, haýyr getirer ýa şeri dep eder diýip dakynan zadyna daýansa, oňa tabşyrylar. Ýagny, ynsan eger hiç zat başarmaýan zada umydyny baglap, ondan haýyr islese, şol isleýän haýry daýanan zatlaryna tabşyrylar. Ýagny, Allah ol ynsana haýyr bermän (sebäbi ynsan ýeke Allahdan umyt etmedi), şol daýanan zatlaryna haýyr bermekligi tabşyrar we ol daýanan zatlary oňa haýyr berip bilermi?! Ol daýanan zatlary mahlukatlaryň hem iň pesi, iň ejizi, iň ujypsyzy, iň ähmiýetsizi, iň bahasyzy dälmi eýsem?! Ynsan öz şanlylygyny, şowlulygyny, üstünligini, bela-beterlere sezewar bolmazlygyny, dürli hassalyklardan sap bolmagyny, görüner-görünmez şerlerden aman bolmagyny nädip bir bölek ýüpe ýa monjuga baglap bilýär?! Eýsem bu zatlaryň hemmesi Allahyň elinde dälmi?! Eýsem ynsan amallarynda, sözlerinde, gelejeginde, äpet-zyýanlara duçar bolmazlykda kalbyny ýeke Allaha bolan umyt bilen doldurmaly dälmi?! Onuň şatlygy, begenji, daýanjy, guwanjy ýeke Allaha bolmaly dälmi?! Çünki, haçanda ynsan kalbyndan ýaradylanlary ýok edip, ýeke Allaha bil baglasa, onuň üstüne ýedi asman bilen ýer gaçsa-da Allah oňa çykalga tapyp berjekdir. Sebäbi ol ynsan Beýik bolan, gudraty güýçli bolan, älemleriň ýaradyjysy bolan Allaha daýanandyr. Şular ýaly Perwerdigärimiz barka nädip ejiz, pes, hiç zady başarmaýan närselere gyzyldan gymmat kalbyňy baglajak?

Ondan daşary hem aýtsak, dürli sypatda we synpda ýasalan gözmonjuklar, alajalar, doga-tumarlar, talisman-medalýonlar nadan-ylymsyzlykdan peýdalanyp, halky din ady bilen aldawa salyp, öz gazançlaryny, düşewüntlerini artdyrmak üçin ulanylýan serişdelerdir. Hatda bu zatlary milli gymmatlyklarymyzyň arasyna salyp, türkmen halkynyň mirasy saýyp, olara uly baha berýärler. Şübhesiz, Yslama ters gelýän ähli zatlarda hiç-hili gymmatlyk, baha ýokdur.


Bu babyň soňunda ýene möhüm belläp geçmeli zat - Kurany-Kerimiň aýatlaryny doga-tumar edip dakynmaklyk hakynda;

1 - Kurany-Kerimiň bize inderilmeginden maksat onuň aýatlaryny boýnumyzdan asyp ýörmän, onuň hökümlerini, buýruklaryny amala aşyrmaklykdyr.

2 - Dogry, Kuran ähli zada şypadyr, ýöne pygamberimizden (Sallallahu aleýhi we sellem) Kuranyň aýatlaryndan doga-tumar ýasap, boýunlardan asmaklyk hakynda hiç bir maglumat gelen däldir. Beýle etmekligi hiç kime buýuranam däldir. Iň haýyrly ýol hem pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi wesellem) ýoludyr.

3 - Gaýtym, ýokarda agzap geçen hadysymyzda "Kim bir zat asynsa" diýip gelýär. "bir zat" sözi umumylygy aňladýar, ýagny, tapawudy ýok, islendik bir zat asynsa, onuň içine Kuranyň aýatlary hem girýär. Ýagny, kim bir zat asynsa, Kuranyň aýatlary hem bolsa - rugsat däldir.

4 - Eger adamlara Kuranyň aýatlaryny doga-tumar edip asynmagy rugsat edilse, bu soňy bilen başga zatlary hem asynmaklyga elter. Her kim bu rugsady bahana edip, aýat däl zatlary hem dakynyp başlarlar, çünki, şeýtan öz hilelerini şonuň bilen başlaýar.

5 - Aýatlary asynyp ýörmeklik Kuranyň mukaddesligine ters geler, sebäbi, ony asynýan kişi, aýratynam çagalar bolsa, hapa zatlardan we hapa ýerlerden köplenç goranyp bilmez.

Şeýlelik bilen, dinimizde hiç hili asynmalar rugsat däldir.

3 просмотра0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page