top of page
Поиск

Halamadyk düýşüňi görseň näme etmeli?

Halamadyk düýşüňi görseň näme etmeli?


1. Ebu Seleme (Razyýallahu anhu): Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:

“(Gowy) düýşler Allahdandyr, erbet düýşler şeýtandan, eger biriňiz halamadyk zadyny düýşünde görse turanda çepine üç gezek tüýkürsin, onuň şerinden Allahdan pena dilesin, şeýdip, ol düýş oňa hiç zyýan ýetirip bilmez in şä Allah.”([1])


2. Jäbir (Razyýallahu anhu): Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:

“Eger biriňiz halamaýan düýşüni görse, üç gezek çepine tüýkürsin, üç gezek Allaha şeýtandan sygynsyn we ýatan gapdalyny üýtgetsin.”([2])


3. Ebu Hureýra (Razyýallahu anhu): Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:

“Eger biriňiz halaýan düýşüni görse, islese ony gürrüň beribersin, eger halamaýan düýşüni gören bolsa hiç kime gürrüň bermesin we turup namaz okasyn.”([3])


4. Ebu Hureýra (Razyýallahu anhu): Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:

“Eger biriňiz halaýan düýşüni görse ony agzabersin we ýorubersin, eger ýaramaz düýş görse ony agzamasyn we ýormasyn.”([4])

Jemläp aýdamyzda ýaramaz düýş gören şeýle etmeli:

1. Çepine üç gezek tüýkürmeli.

2. Şeýtandan we düýşüň şeriňden üç gezek Allaha sygynmaly.

3. Ýatan tarapyny çalyşmaly.

4. Turup namaz okamaly.

5. Ýormaly däl.

6. Hiç kime gürrüň bermeli däl.

([1]) Muhtasar Buhary 2634, Muhtasar Muslim 1517,1516. ([2]) Muhtasar Muslim 1518, Sahyh Kelim Taýýib 40. ([3]) Sahyha 1341. ([4]) Sahyha 1340.

6 просмотров0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page