Hajet hutbasy
Hajet hutbasy
Manysy:
Hamdy-senalar Allahadyr, Oňa hamdy-senalar aýdýarys, Ondan kömek, dogry ýol soraýarys, bizi bagyşlamagyny dileýäris, nebislermiziň şerinden we amallarymyzyň ýaramazyndan Allaha sygynýarys. Kimi Allah dogry ýola gönükdirse, onuň azaşdyryjysy ýokdur we kimi Allah azaşdyrsa onuň gönükdirijisi ýokdur. Hiç bir şärigi bolmadyk Allahdan başga (ybadata hakly) hiç bir ilähiň ýokdygyna şaýatlyk edýärin we Muhammediň Onuň guludygyna we Resulydygyna şaýatlyk edýärin.
“Eý, iman getirenler! Allahdan Oňa mynasyp görnüşde (çyn ýürekden) gorkuň we diňe musulman ýagdaýdan başga halda jan bermäň!"(Ali-Imran 102)
“Eý, ynsanlar! Sizi ýeke-täk bir jandan (Adam atadan) ýaradan, ondan hem aýalyny (How enäni) ýaradyp, ol ikisinden bolsa, ençeme erkekleri we aýallary köpelden Robbuňyzdan gorkuň! Onuň (Allahyň ady) bilen biri-biriňizden soran wagtyňyz, Allaha (hormat goýmazlykdan) we öz araňyzdaky garyndaşlyk gatnaşyklaryny (saklamazlykdan) gorkuň! Takyk, Allah siziň üstüňizden gözegçilik edip durandyr."(Nisa 1)
“Eý, iman getirenler! Allahdan gorkuň we dogry sözläň! (Eger şeýle etseňiz) Allah siziň işleriňizi ugruna eder we günäleriňizi geçer. Kim Allaha we Onuň ilçisine tabyn bolsa, ol örän uly üstünlige ýeter."(Ahzab 70-71)
Sözleriň iň ýagşysy Allahyň Kitabydyr, ýollaryň iň dogrusy Muhammediň (Sallallahu aleýhi we sellem) ýoludyr, işleriň erbedi muhdesätdir (dine täze girizilen zatlardyr), ähli muhdesät bidgatdyr, ähli bidgat azaşmaklykdyr we ähli azaşmaklyk bolsa oda elter
Şeýh El-Elbäni: “(Bu) Hajet hutbasy, ony Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) sahabalaryna öwrederdi, ony her hutbadan öň, hasam jumga hutbasyndan öň okamak dindendir... Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) şahadat aýdanda hutbada öz hormatly adyny agzany bellidir, ýöne öz-özüne salawat aýdanlygy barada sahyh hadys bilmeýärin. (ýagny, Hajet hutbada salawat aýdylanok).([1])
Şeýh El-Elbäni: “...(nestehdiýhi) sözi hadysyň gelen ýollarynda agzalmadyk, asly bolmadyk artyk sözdür, muny hutbaçylardan köp eşidýänim üçin duýduryp geçmegi makul bildim.”([2])
([1]) El-Ejwibe En-Näfiga 96-97, Hutbe El-Haje 6-7-30, Temäm El-Minne 334-335. ([2]) En-Nesyýha 88.