top of page
Поиск

Hajathana edepleri.

Hajathana edepleri.

Bu bapda birnäçe meseleler bar:


Birinji mesele: Istinja we istijmar, biri beýlekisiniň ýerini tutmagy:

Istinja – Daş çykylanyndan soň öň ýada yz çykyş ýollaryny suw bilen arassalamak.

Istijmar - Daş çykylanyndan soň olary daş ýaly tämiz, rugsat bolan, arassalaýjy zatlar bilen süpürmek.

Bularyň birisi beýlekisiniň ýerini tutar (ýagny, ikisinem etmek rugsat). Enesiň Pygamberimizden habar berişi ýaly: "Allahyň resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) hajathana girerdi, men we men ýaly bir oglan onuň naýzasyny göterip oňa deri gabynda suw getirip bererdik, ol bolsa suw bilen istinja ederdi." (Muslim)

Aişe enemiz şu hadysy Pygamberden habar berýär: "Egerde biriňiz aýak ýoluna gitse, üç sany daş bilen arassalansyn, şol ýeterlik bolar." (Ahmet, Darokutnyý)

Ýöne ikisini hem etmek has gowusydyr (ýagny, hem istijmary hem istinjany).

Istijmar daş ýaly her bir tämiz, rugsat bolan, arassalaýjy zat bilen bitýär, meselem: salfetka, kagyz, (kesek), agaç, çünki Pygamberimiz daş bilen istijmar eder ekeni, şonuň üçin, her bir arassalaýjy zat ulanmak rugsatdyr, ýöne üçden az süpürmek bilen istijmar bitmez, Selmanyň habar berişi ýaly: "Sag elimiz bilen istinja etmegi, üçden az daş bilen istinja etmegi, tezek ýa süňk bilen istinja etmegi bize (Pygamberimiz) gadagan etdi." (Muslim)


Ikinji mesele: Hajat bitirlip durka kybla tarap bakmak, ýa kybla tarap arkaňy öwürmek:

Perdesiz boş meýdanda hajat bitirlip durka, kybla tarap bakmak, ýa arkaňy öwürmek rugsat däldir, Ebu Eýýubyň habar beren hadysynda aýdylşy ýaly: "Allahyň resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy: “Eger aýak ýoluna çyksaňyz kybla tarap bakmaň we kybla tarap arkaňyzy öwürmäň, ýa günbatara ýa-da gündogara([1]) tarap öwrülip bilersiňiz.Ebu Eýýub aýtdy: “Şama gelenmizde ol ýerdäki hajathanalar kybla tarap bakdyrlyp gurulypdyr, Allahdan bagyşlanma diläp, (kybladan başga tarapa) öwrülip oturýardyk." (Buhary we Muslim)

Emma (hajathana) binanyň içinde bolsa, ýa bolmasa kybla bilen arasynda perde bolsa zyýany ýokdur, Ibn Omaryň habaryna görä: "Pygamberimiziň Şama bakyp, kybla arkasyny öwrüp hajatyny bitirip duranyny gördüm." (Buhary we Muslim)

Şeýle hem Merwan Esfar şeýle gürrüň berýär: "Ibn Omar kybla tarap düýesini dyza çökerip, soňra oturyp oňa tarap buşugyp başlady, şonda aýtdym: “Eý Ebu Abdurrahman! Bu gadagan dälmidir?” Ol: "Ol (ýagny, kybla bakyp buşukmak) boş meýdanda gadagandyr, emma seniň bilen kyblanyň arasynda perde bolsa, onda zyýany ýok." diýdi” (Ebu Dawud, Tirmizi, Elbäny “Sahyh” diýdi)

Iň gowusy - muny taşlamakdyr, hatda binanyň içinde bolsa-da.


Üçünji mesele: Hajathana girjek (kişi) üçin sünnet bolan amallar:

Hajathana girjek kişiniň "Bismilläh, Allahumme inni auzu bike minel hubsi wel habäis" diýmegi we gutarandan soň, çykandan soň "Gufroneke" diýmegi, girende çep aýagy bilen, çykanda sag aýagy bilen çykmagy, tä ýere ýakynlaşýança owradyny açmazlyk, bu zatlaryň hemmesi sünnetdir.

Eger açyk meýdanda bolsa, tä göze görünmeýänçä daşlaşmak has gowusydyr, bu zatlaryň hemmesiniň delilleri: Jäbir aýtdy: "Allahyň Resuly bilen sapara çykypdyk, Allahyň Resuly tä görünmän ýitirim bolýança meýdan etmezdi." (Ebu Dawud, Ibn Mäje, Sahyh Ibn Mäje)

Alynyň Allahyň resulyndan hadysy: "Jynlardan adamoglunyň owradyna (hajathana girende) perde bolýan zat "Bismilläh" sözüdir." (Tirmizi, Ibn Mäje, Elbäni “Sahyh” diýdi)

Enes aýtdy: "Pygamberimiz haçanda hajathana girende şeýle diýerdi: “Allahumme inni auzu bike minel hubsi wel habais.”" (Buhary we Muslim)

Aişe enemiz aýtdy: "Hajathanadan (Pygamberimiz) çykanda şeýle diýerdi: “Gufroneke”" (Ebu Dawud, Tirmizi, Elbäni “Hasan” diýdi)

Ibn Omar aýtdy: "Pygamberimiz haçanda hajatyny bitirmek islände, ýere ýakynlaşýança eşigini çykarmazdy." (Ebu Dawud, Tirmizi, Elbäni “Sahyh” diýdi)


Dördünji mesele: Hajatyny bitirmek isleýän kişä haram bolan zatlar:

Ýata suwa (akar däl suwa) buşukmak haramdyr, Jäbir aýtdy: "(Pygamberimiz) ýata suwa buşukmaklygy gadagan etdi." (Muslim)

Buşugyp duran wagty, owradyny sag eli bilen ellemek, ýa istinja alyp duran wagty, sag elini ulanmak gadagandyr, şu hadysda aýdylşy ýaly: "Buşugyp durka biriňizem owradyny sag eli bilen ellemesin, sag eli bilen istinjada etmesin." (Buhary we Muslim)

Ýol-ýörelgelerde, kölege ýerlerde, köpçülik bag-bostanlyklarynda, miweli agajyň aşagynda, suw çeşmelerinde kiçi ýa uly meýdan etmek haramdyr, Muazyň Allahyň resulyndan habar beren hadysynda aýdylşy ýaly: "Üç sany nälet etdiriji ýerden goranyň - (suw) çeşmelerinde, ýoluň ortasynda, kölege ýerlerde meýdan etmek." (Tirmizi, Ibn Mäje)

Ebu Hureýranyň Allahyň resulyndan habar beren hadysy: “"Iki sany nälet etdirijiden goranyň!” Aýtdylar: Eý Allahyň Resuly! Iki sany nälet etdiriji nämedir?” Aýtdy: "Adamlaryň ýolunda ýa kölege ýerlerinde meýdan edýän (kişidir).” (Muslim)

Tezek, süňk, ir-iýmit bilen istijmar etmek haramdyr, Jäbir şeýle diýdi: "Pygamberimiz tezek we süňk bilen süpürinmegi gadagan etdi." (Muslim)

Musulmanlaryň gabyrystanlarynda-da hajat bitirilmez, hadysda şeýle diýilýär: "Gabyrystanyň ortasynda hajatymy bitirýänmi ýa bazaryň ortasynda, maňa parhy ýokdur." (Ibn Mäje, Elbäni “Sahyh” diýdi) (ýagny, bazarda hajat bitirmekligiň bilen gabyrystanda bitirmekligiň tapawudy ýokdur).


Bäşinji mesele: Hajat bitirýän kişiniň halanylmaýan işleri:

Ýele tarap bakyp hajat bitirmek mekruh (halanylmaýar), çünki peşew yzyna gaýdyp degmegi mümkin, şeýle hem, gürleşmegem mekruh (halanylmaýar): “Haçanda Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) buşugyp durka, geçip barýan biri oňa salam berýär, Pygamberimiz bolsa onuň salamyny gaýtarmady” (Muslim)

Çukur, deşik ýaly ýerlere buşukmak mekruh (halanylmaýar), Katadanyň Abdullah ibn Serjesden habar beren hadysynda: “Allahyň resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) hine buşukmagy gadagan etdi”Katadadan soradylar: “Näme üçin hine (gadagan etdi)?” Aýtdy: "Aýdýarlar - ol jynlaryň öýi." (Ebu Dawud, Nesäi)

Başga-da, hinde haýwan bolup oňa ezýet bermegi mümkin, ýa jynyň öýi bolup ezýet bermegi mümkin.”

Allah (sözi) ýazylan zat bilen hajathana zerur bolmasa-da girmek mekruh (halanylmaýar), hadysda şeýle diýilýär: “Haçanda Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) hajathana girende ýüzügini çykarardy.”([2]) (Ebu Dawud, Tirmizi, Nesäi, Ibn Mäje, Ebu Dawud “Munker” diýdi, Elbäni “Zayf” diýdi)

Ýöne zerur halatda, mätäçlik bolan wagty girmek rugsatdyr, meselem: Allahyň ady ýazylgy bolan pullar bilen girmek rugsat, çünki, olary daşynda goýup girse, ogurlanmagy ýa ýatdan çykarylmagy ähtimaldyr.

Emma Kuran bilen girmek haramdyr, çünki, ol Allahyň kelamydyr, iň gadyrly kelamdyr, hajathana onuň bilen girmek ony (Kurany) peseltmek saýylýar. Emma mundan beter zyýan bolmagyndan gorksa onda girmek rugsat. (Has dogrusynam Allah bilýär).

([1]) Sebäbi Medine Şäherinde daş çykmakçy bolýan kişi, ýüzüni gündogara ýada günbatara öwürmeli, çünki, eger demirgazyga baksa kybla arkasyny öwürdigi bolar, eger günorta baksa kybla tarap bakdygy bolar. Ýagny hadysdan maksat, daş çykylanda kybla tarap bakmazlyk. ([2]) Ýöne bu hadys sahyh däl, ýagny, Pygamberimiziň şeýle edenligi anyk däldir, emma hajathana iň gowusy Allah sözi bolan ýazgylar bilen girmezlik.

8 просмотров0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page