top of page
Поиск

Hajathana degişli dogalar



1. Aly (Razyýallahu anhu): Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:

"Jynlardan adamoglunyň owradyna (hajathana girende) perde bolýan zat "Bismilläh"sözüdir."([1])

2. Zeýd ibn Erkam (Razyýallahu anhu): Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:

“Bu hajathanalara (şeýtanlar) gelim-gidimlidir, şonuň üçin kim aýak ýoluna gitse şeýle diýsin: Auzu billähi minel hubsi wel hobäis.”([2])

"أَعُوْذُ بِاللَّهِ مِنَ الْخُبُثِ، وَالْخَبَائِث"

Manysy: Erkek we urkaçy şeýtanlardan Allaha sygynýaryn.


3. Enes (Razyýallahu anhu): Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) hajathana girende şeýle diýerdi:

“Allahumme inniý auzu bike minel hubsi wel hobäis.”([3])

"اللَّهُمَّ إنِّي أَعُوْذُ بِكَ مِنَ الْخُبُثِ، وَالْخَبَائِث"

Manysy: Eý Allah! Takyk, erkek we urkaçy şeýtanlardan Saňa sygynýaryn.

Şeýh El-Elbäni: “...bu we beýleki hadyslarda daşyňdan aýtmaly diýip zat ýokdur (ýagny, içiňden aýtmaly).”([4])


Hajathanadan çykaňda aýdylýan doga


1. Aişe (Razyýallahu anhä): Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýak ýolundan çykanda: “Gufroneke” diýerdi.([5])

"غُفْرَانَكَ"

Manysy: Bagyşla.

([1]) Irwä 50. ([2]) Sahyh Ebu Dawud 6. ([3]) Muhatasar Buhary 94. ([4]) Temämul minne 58. ([5]) Sahyh Ebu Dawud 30.

6 просмотров0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page