top of page
Поиск

Gusul

Gusul.

Mundaky meseleler:

Birinji mesele: Gusulyň manysy, hökümi we delili:

1) Gusulyň manysy: Dil taýdan - bedeni bütinleýin ýuwmak.

Din taýdan - bedeniň hemme ýerine suw degirmek, ýagny, arassa suw bilen bütin bedeni Allaha ybadat hökmünde belli waspda ýuwmak.

2) Onuň hökümi - eger gusul bozulsa gusul almak parzdyr, aýatda şeýle diýilýär: "Eger ini hapa bolsaňyz, ýuwnuň!" (Mäide 6)

Gusulyň waspyny beýan edýän ençeme sahabalardan gelen hadyslara görä gusulyň hökümi parzdyr, bu barada ýene geler in şä Allah.

3) Gusuly bozýan zatlar:

a) (Oýaka) Döl çykýan ýerden onuň çykmagy, ýöne pürkülip, lezzet esasynda erkekden ýa aýaldan çykmagy şertdir, delilleri: "Eger ini hapa bolsaňyz, ýuwnuň!" (Mäide 6)

"Eger suw (döl) dökseň, ýuwun." (Ebu Dawud)

Emma ukyda wagty döken bolsa, lezzetli bolmagy şert däldir, çünki, ukudaky adam ony duýman biler.

Başga hadysda Pygamberimizden şeýle soraýarlar: "Eger aýal şeýtanlasa), gusul almaly bolýarmy?" - Ol: "Hawa, eger suwy (döli) görse." diýdi.(Muslim) Bu zatlaryň hemmesi ijmagdyr (biragyzdan ylalaşylan meseleler).

b) (Erkek) owradynyň kellesiniň hemmesini ýa käbirini (aýal) owradyna salmak, dökmeklik emele gelmese-de. Hadysda şeýle diýilýär: "Eger (erkek) (aýalyň) dört agzalarynyň arasynda otursa we owrat beýleki owrada degse gusul (almak) parz bolar." (Muslim)

Ýöne bu ýagdaýda gusul 10 ýaşa ýeten oglana we 9 ýaşa ýeten gyza parz bolar. (ýagny, ol ýaşdan kiçi bolsalar parz bolmaýar).

ç) Kapyryň Yslamy kabul etmesi, eger murted bolanam bolsa([1]). Çünki, Pygamberimiz Kaýs ibn Asym atly birine Yslama girende ýuwunmaklygy buýurýar.(Ebu Dawud, Nesäi we Tirmizi)

d) Aýbaşy ýa nifas (çaga dogandan soň gelýän) ganynyň kesilmegi. Aişe enemiz Pygamberimiziň Fatma bint Ebi Hubeýş atly zenana şeýle diýenini habar berýär: "Aýbaşy ýagdaý gelse, namazy okama, eger gitse suwa düşünip namazy okaber." (Buhary we Muslim)

Nifas ijmag bilen aýbaşy ýalydyr.

e) Ölüm, haçanda Pygamberimiziň gyzy Zeýneb ýogalanda aýallara ýüzlenip: "Ony ýuwuň!" diýip buýurdy. (Buhary we Muslim)

Haçanda haj edip ýören ölende Pygamberimiz şeýle diýdi: "Ony suw we sidr (agajy) (lotos) bilen ýuwuň." (Buhary we Muslim)

Ölüni ýuwmak özbaşdak ybadatdyr, ýagny, ony ýuwmagyň maksady gusulsyzlyk sebäpli däldir.

Ikinji mesele: Gusuly nähili almagyň görnüşi:

Gusul alnyşyň iki görnüşi bar: bitiş görnüşi (ýagny, gusulyň şul görnüşini ýerine ýetirseň gusulyň bitýär), kämil görnüşi (ýagny, gusulyň bu görnüşini ýerine ýetirseň gusulyň hem bitýär hem (sogapda) kämil bolýar).

Bitiş görnüşi: gusuly niýet edip, bedeniň hemme ýerine suw degirmek, Meýmuna enemiz şeýle diýýär: "Pygamberimize gusul üçin suw goýup, ony perdeledim (ýagny, tuty ýa şoňa meňzeş zat bilen ýapdym), soň ol eline suw akydyp, bir ýa iki gezek ýuwdy - Suleýman (hadysyň habarçylarynyň birisi) aýtdy: üç gezek diýdimi diýmedimi bilmedim. - soňra sag eli bilen çep eline (suwy) akytdy, soň owradyny ýuwdy, soň elini ýere ýa diwara süýkedi, soňra agyz-burnuny çaýkap ýüzüni we ellerini ýuwdy, soň bedenine akytdy, soň eňilip aýaklaryny ýuwdy, soň men oňa (süpürinmäge) mata uzatdym, ol eli bilen gerek däl diýip görkezdi." (Buhary we Muslim)

Aişe enemiziň hadysy: "Soňra hamyna suw bardy öýdýänçä elleri bilen saçyny darady, soň üç gezek suw akytdy, soňra bedeniniň galan ýerlerini ýuwdy." (Buhary we Muslim)

Kämil görnüşi: Ellerini ýuwmak, soňra owradyny we degen kirleri ýuwmaly, soňra namaza täret alşy ýaly täret almaly, soňra ellerini saçlarynyň düýbüne degirip, hamyna suw barýança saçyny suwly elleri bilen daramaly, soňra üç gezek üstüne (kellesine) suw akytmaly, soňra bedeniniň galan ýerlerine suw guýmaly, (bu agzalanlar) Aişe enemiziň habar beren hadysyna görädir. (Buhary we Muslim)

Ini hapalananda aýal-maşgala saçyny çözüp ýuwmagy parz däldir, emma aýbaşy ýagdaýdan soň gusul alanda parzdyr, Umm Seleme şeýle diýýär: "Aýtdym: Eý Allahyň Resuly! Men saçymy örüp goýýan aýal, inim hapalananda ony çözeýinmi? - Ol:"Ýok, kelläňe üç gezek suw sepeleseň ýeterlik bolar, soňra üstüňe suw akydynyp, tämizlenersiň. - diýdi." (Muslim)

Üçünji mesele: Gusulsyz kişä gadagan zatlar:

1) Metjitde oturmak, galmak, emma metjitden geçip gitmek rugsatdyr, aýatdaky ýaly: "Eger iniňiz hapa bolsa, ötüp geçiji bolmasaňyz, gusul almazdan (metjide golaýlaşmaň)." (Nisa 43)

Emma eger gusulsyz bolup täret alsa, metjitde bolmak rugsatdyr, çünki, Pygamberimiziň döwründe birnäçe sahabalar şeýdip galýan ekenler, şeýle hem täret iki tämizlenişiň biridir, ol azda-kände hapany ýeňilleşdirýär.

2) Kurany ellemek, aýatdaky ýaly: "Oňa (Kurana) meger tämiz bolanlar (el) degrip bilerler."(Wakyga 79)

Hadysda şeýle diýilýär: Kurany täzizden başga ellemez” (Mälik, Darakutnyý, Beýhaky, Häkim we Albany: “Sahyh” diýdi”

3) Kuran okamak, ini hapa bolan kişä tä ýuwunýança Kuran okamak gadagandyr, Alinyň hadysy: "Pygamberimizi Kuran okamakdan hiç zat saklamazdy, megerem ini hapalyk." (Ahmet we Tirmizi)

Okamaklygyň gadaganlygy ynsany tiziräk gusul almaklyga iterer.

4) Namaz.

5) Towaf (Käbäniň daşyndan aýlanmak).

Dördünji mesele: Mustahab([2]) gusullar:

1) Her (är-aýal) gatnaşygyndan öň gusul almak, Ebu Rafyg şeýle diýýär: "Pygamberimiz bir gije bu (aýalynyň) ýanynda-da bu (aýalynyň) ýanynda-da suwa düşdi, menem: Eý Allahyň Resuly! Bir gezek (ýuwunsaň) bolmazmy? - diýdim, ol:"Bu iň gowusy, iň tämizi, iň arassasydyr." (Ebu Dawud we Ibn Mäje)

2) Juma namazy üçin gusul almak, hadysda şeýle diýilýär: "Biriňiz juma namazyna gelmek (islese) suwa düşsün." (Buhary)

Bu gusul mustahab gusullaryň iň güýçlisidir, iň hökmanydyr.

3) Iki baýramlardan (oraza we gurban) öň gusul almak.

4) Haja ýa umra başlamazdan öň gusul almak, Pygamberimiz başlamazdan öň gusul alar ekeni.

5) Ölini ýuwan kişiniň gusul almagy, hadysda şeýle diýilýär: "Kim ölini ýuwan bolsa, gusul alsyn."(Ibn Mäje)

([1]) Murted - musulman bolandan soň imandan ýüz öwrüp kapyr bolmak. ([2]) Fykh ylmynda sünnet, mustahab, nefil sözleriniň kesgitlemesi - ol şeýle bir amal, ony ýerine ýetiren kişi sogap almaga hakly bolar, emma ony ýerine ýetirmedik kişi günä-de gazanmaz, sogabam.

6 просмотров0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page